Gelip ýetdi ýigitleriň baýramy,
Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gün.
A söýgüliň bilen keserli bolsaň,
Şugun hökman çözulmeli şol düwün.
Näme üçin beýle?!
Çünki köpsanly ýigit,
Ajap-ajap alada e sowgatlara garaşyar.
Gymmatly sowgatlaryň
Deregine bolsa,
Söýgi hakda ýazylan
Sms tutýar.
Mundan öňem ýazýaňyza sms
Mähriňize çoýup, söýýärin diýip.
Geçen ýyl jorap sowgat etdiler,
Üşäýme! Alada etýärin diýip.
A-how ejemiz bar, jorap geýdirjek,
Yssy sözler bilen bizi ýylatjak.
Özüňüzä bir sowgady gysganyp,
Başarsaňyz yzyňyzdan ylgatjak.
Söýgülisi bilen aýlanyp bilmän
Agşam dosty bilen aýlanýar käsi,
Ellerinde söýgülüsiniň eli däl
Kola bar, çigitden doly jübüsi.
Sowgat alyp söýgülüler gününde
Ajapdan has ajap, gymmatdan gymmat
Hatda şugün biz ýigtleriň gününde,
Öýde gelnimize etýäris hyzmat.
Özleri-hä jaňam edenak!
O hiç, biz etsegem almajaklary belli.
23-nji fewral ähli gyzlaryň
"Telefonlaryny öçürýän güni"
Menä haýran galýan gelin-gyzlara
Sowgat alyp bermelimiş diýenak
Wah garaşyň 8-nji mart gelsin
Bereniňizden başgada sowgat ýok.
Haý her näme diysegem ajap durmuşyň
Göwher gaşy bolýar gyzlar, gelinler.
Berenleri bilen oňuşaýmasak
Başga alac galmaýar bize ýigitler
Isa Hojamerdanow
"23-nji fewrala degişme" goşgy
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Näme üçin beyle?!
Çünki köpsanly ýigit
Ajap-ajap sowgatlara garaşýar.
Ýalňyş ýazypdyryn bagyşlan
-
Yazmamedow_Mekan
3 years ago
- seň aýdyşyň ýaly soňky bendi gyzlar üçin halamazça däl eken
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Yylgyn sag bol
-
@durdyyevv05
3 years ago
- Biza sovgat almadyk Hehe :D
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @durdyyevv05 8-nji mart ba güllarsiniz
-
Yylgyn
3 years ago
- 8nji martama gapjyk boşayan guni bolmaly Yagşy Goşunovyn aydyşy yaly
#Ailara
-
Yylgyn
3 years ago
- Natanyş adam siz gyzmy adynyz bn yylynz aydayyn kyn gormesnz
#Ailara
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Yylgyn howwa şumatdam ejeme näme alarkam diýip alada edip ýörün.
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Yylgyn howwa gyz
-
LUKMAN_GYZ
3 years ago
- +++++++++++++
-
Yylgyn
3 years ago
- Haaa oki Natanyş adam
#Ailara
-
Yylgyn
3 years ago
- Şuvagta duhi bn plitka şokolay padarka bermek moda ag'da Natanyş adam bellige alarn diysen
#Ailara
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Lukman gyz sag bol
-
Yylgyn
3 years ago
- *şokolat bolmaly sorry
#Ailara
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Yylgyn sag bol
-
Nätänyş adam
3 years ago
- @Yylgyn bellige alaryn
-
LUKMAN_GYZ
3 years ago
- nätnanyş adam:nezastoooo
Yylgyn 3 years ago- ++++ in sonky bendini has haladm
#Ailara