Eý, *** hanym,
Diňle meniň arzy-halym!
Indi meniň ýok takatym,
Meniň sözüm kabul eýle!

Eger-de sen bolsaň ýarym,
Saňa gurban bolsun janym.
Sensiň meniň bar hyýalym,
Meniň duýgym kabul eýle!

Senden başlar söýgi ýolum,
Seniň bilen ötgeý ömrüm.
Urup durka bu ýüregim,
Meniň söýgüm kabul eýle!

Hantöre diýr bar imanym,
Budur meniň hal-ahwalym.
Şol gyza ýetir ýa Allahym,
Meň dilegim kabul eýle!

Bu meniň ilkinji we ýeketäk goşgym. Muny men iki ýyl ozal üç günläp redaktirläp ýazdym. Meniň goşgy ýazýan adatym ýok, käwagt fantastik hekaýalar ýazyşdyrýan. Häzirki wagtda ,,BS älemi" atly eserler franşizasyny döretmek meýilnamam bar.

Soňy!

Edebiýat, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir