— Eý, akyldar, adam üçin iň gowy häsiýet nämedir?
— Dymyp oturmak.
— Eger, ol bolmasa näme?
— Eger, ol bolmasa, adam üçin edep ýagşydyr.
— Eger, ol hem bolmasa näme?
— Ýakymly, mylaýym häsiýetli bolmak. Adamlar bilen güler ýüzli gatnaşyk etmek, dost-duşman bilen ylalaşykly ýaşamak.
— Bu häsiýet hem bolmasa näme etmeli?
— Meniň pentlerimi ýatlaýyň:
Ajy bolsa-da, hakykaty aýt!
Syryňy duşman bilmesin diýseň, ony dostuňa-da aýtma!
Eger haýsydyr bir kişiniň bilimi bolup, oňa laýyk akyly bolmasa, onda ol saňa zyýan getirer.
Gam-gussa batmajak bolsaň, göriplik etme!
Göwnüňe degilmesin diýseň, özüňe rowa görmedik zadyňy ile-de rowa görme!
Hemişe ahmyrly bolmajak bolsaň, nebsiň öňüňe düşmesin!
Her näçe ýokuş degse-de, hakykata gulak asmak gerek.
Döwletli kişi bolaýyn diýseň, gözüň hemişe dokmäde bolsun!
Adalatlylaryň hatarynda bolmak isleseň, tabynlygyňdaky adamlara ýagşylyk et!
Asylly adam saýylaýyn diýseň, nebisjeň bolma!
Diliň uzyn bolsun diýseň, eliňi gysga saklagyn!
Nowşirwan adylyň pentleri
-
Paris
3 years ago
- Loveeee naliiii
-
loveee_@
3 years ago
- gowy
-
Paris
3 years ago
- Hi ha hi senden kim sorady goumy diyip
-
loveee_@
3 years ago
- eyy normalnyja bol
-
BeZZaT.
3 years ago
- Love dogryda okaman baha berme
-
loveee_@
3 years ago
- Love dogryda okaman baha berme
düshünmedim
-
Paris
3 years ago
- Mena normalny
Dusunmez yaly name bar sutayda lovee
-
yashalym
3 years ago
- Bizem yashalymlar kanagatlanarly
-
kondidant_98
3 years ago
- Gam-gussa batmajak bolsaň, göriplik etme!
goriplik etmesenem gam gussa batsan name?
loveee_@ 3 years ago- dogry aytya++++++