Eger bir ýaman söz sypsa dilimden,
Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.
Çünki bu dünýäde gören-eşdenmi
Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.
Sen — Hudaý, isleseň, islemeseňem,
Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende.
Emma mundan beýläk sežde kylmaga
Jinnek ýalam takat galmandy mende.
Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni
Hak söz üçin tyg urdular bedenme.
Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy
Meni şol günlere duçar edenňe?
Kisäm kör-köpüksiz,
ýat dilde gepläp,
Kömek sorap, ýada boldum hemşeri.
Bir gögele oglan on sekiz ýaşly
Huzuryňda durmanmydym kemşerip?
Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga
Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.
Niredediň şonda, Gudraty güýçli,
Nirededi on müň sany perişdäň?
Men soňra kem-kemden içgä imrindim,
Höwes etdim zährimarly bokala.
(Elbetde, şol günleň ajysy hakda
Ýazyp bordy kitap ýa-da makala).
Emma men ýazmadym,
elim degmedi,
Ile diýmäge-de barmady dilim.
Ýeri,
diýdimem-dä,
peýdasy näme?
Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.
Dogry, içen wagtym teselli tapýan,
Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.
Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,
It çeýnesin, garga çoksun meýdimem!
Barybir, ynamsyz ömür sürenden
Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir.
…Her niçigem bolsa, unutmaryn men,
Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň?!
Çary ÝEGENMYRADOW
MYNAJAT
-
Paris
3 years ago
- Mynajat name
-
Pegas
3 years ago
- @Paris, mynajat - ýekelikde Hudaýa ýalbaryp, doga okap edilýän dileg, orsça "молитва", iňlisçe "prayer".
-
Xyivenia
3 years ago
- Sagbolun Sapa aga yetireninize,okap bereniňze
13.02.2021ý 9:28
-
Paris
3 years ago
- Sagbol
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @pegas inlische bilyanmi
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @pegas saol kop yetirenine
-
Paris
3 years ago
- Leila goumt
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @paris Alla shukur ozun nali
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Gowy goşgy eken++
-
A93
3 years ago
- Ine, goşgy
-
Bayramsoltan
3 years ago
- Ay Sapa munynyza molitva dalde narazychylyk bolyar.
-
Bayramsoltan
3 years ago
- Ay Sapa munynyza molitva dalde narazychylyk bolyar.
DonMaxx 3 years ago- Hm bah Çaryśka