Ey ýaranlar,musulmanlar,
Ýyglamaýan gülen barmy?
Ýalançy pany dünýäge
Giden gaýdyp gelen barmy?
Pelek, kimlerni şat etdiñ,
Kimni gamdan azat etdiñ,
Bir niçelerni mat etdiñ,
Senden razy bolan barmy?
Kimse wepa tohmun eker,
Kimse ajal zahmyn çeker,
Kimni gamdan azat eder,
Sargarmaýan solan barmy?
Bildim bu dünýä çaglygyn,
Gam gafratda oýaglygyn,
Hassa bolmaýan saglygyñ
Ganymatyny bilen barmy?
Bu dünýä iki pyrakdyr,
Biri gara, biri akdyr,
Menzil iki, ýol yrakdyr,
Anyñ pikrin kylan barmy?
Şeýdaýy diýer,geler,geçer,
Bu güzere gonan göçer
Ýigitlik çyragy öçer,
Bu sözümde ýalan barmy?
Gülen barmy?
-
Xyivenia
3 years ago
- Sagbolun Perhat aga
-
loveee_@
3 years ago
- gowy goshgy eken
-
Xyivenia
3 years ago
- Menem haladym su gosgyny sondan paylasdym
-
Xyivenia
3 years ago
- Menem haladym su gosgyny sondan paylasdym
-
loveee_@
3 years ago
- sagbol paylashanyn un
-
Yylgyn
3 years ago
- +++++++
#Ailara
-
Wonderfull
3 years ago
- +++++
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- +++like gou
-
Zulfikarow
3 years ago
- Takmynan 30-33 ýaşda ýazylaýjak depresiw goşgylaryň biri. Takmynan şol ýaşlarda pany dünýäň hakyky ýüzü açylýar we tutuş dünýe diňe hasrat çekmek üçin döredilen türme ýaly bolup göze görünýär. Soň soňlar, eger adam öz ösmesini dowam etse Pelegiň ikinji ýüzi hem açylýar: Dünýe nähili elhenç bolsada bar zady Allah ýöredýär, hiç bir zat Hudaýdan bidin gymyldanok. Eger daş töweregiň dowzah bolup görünsede, bu zatlaryň barsy Hudaýa zerur. Eger adam öz ykbalyny Allaha tabşyrsa, bar zat şonuň elindedigine ynansa, özini bolsa ýöne bir ýele gaýyp ýören gaýyjak ýaly kabul etse. Ýüregiň hem ýeňleýär, bolýan zatlara hem känbir ýüregiň gyýylanok. Bu ýagdaýlardan soň 3-nji basgançak daş töwerekdäki ähli zat bilen öz bitewilligiňi duýmak. Adamlaryň we haýwanlaryň barsy, ruhyň derejesinde bitewi. Biziň bar tapawudymyz ýöne bir ýüzleýje dünýädäki tapawut. Hakykatda bolsa baýlyk bilen garyplyk ýok, adam bilen haýwan ýok, ösümlik bilen haýwan ýok. Biziň barymyz deň we her bir zatda Hudaýyň bölejigi ýaşaýar.
Magtymguly we başga şoňa meňzeş informasyýany kabul eden adamlar barada aýdaňda. Informasyýany kabul eden diýip Pygamberleri hem sanap geçseň bolýar. Asman güýçleri ýerde gezip ýören bir görgülini saýlaýarlar we şoň üsti bilen adamlara informasyýa bermäge synaşýrlar. Magtymfuly hem şeýle adamlaryň biri. Öziçe mini Pygamber diýseň hem bolýar. Onsoň şeýle adamlar öz üstlerinden geçýän informasyýa çenden aşa buýsanmaz ýaly, men hiç kimiň bilmeýän zatlaryny bilýän diýmez ýaly. Şeýle adamlary azajyk kemsitmeli bolýar. Ykbalyny agyrlaşdyrmaly bolýar.
-
Zulfikarow
3 years ago
- Hemişe Pygamberleriň we beýik adamlaryň çagalary çenden aşa buýsanç bilen dünýä inmeli we ol buýsanjy asyrlaryň içi bilen alyp gaýtmaly. Hamala men plan Pygamberiň nesli we şoňa meňzeş. Buýsanç diýen zat welin uly günä, şol sebäpden informasyýany kim beren bolsa, şol hem informasyýany kabul edeniň tohumyny kesmeli bolýar.
Perhat Sabirovv 3 years ago- Ýalançy pany dünýäge
Giden gaýdyp gelen barmy?
Örän gowy setirler jigim