Göwni ýetmezçilk edip pyňkyrmaň
Bir adam öz söýýän işini etse
Gaýta gollow berip kömek et oňa
Bile begen arzuwlaryna ýetse
Her kim munda ýuwaş ýuwaş galmaly
Üstilige birden ýeten adam ýok
Dogry gowşak gelýändir meň setirlem
,,Men şahyr ""diýip döşime kakamok
Isläňokmy goý okama goşgymy
Adama zorlyk ýok islän okasyn
Ýüregi gije deý gara adamlar
Köpçilikde tanatmasyn ýakasyn
Öňem aýtdym men ýenede aýtýaryn
Köki daşa degen hoz däl entek men
Okan zadyň goşgydygny bilmeseň
Bagşla welin dos onda tentek sen
Göwni ýetmezçilik etme
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Sag bol loveee kä bir adamlara degişşli
-
loveee_@
3 years ago
- özüň düzdüňmi goshgyny
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Howwa
-
loveee_@
3 years ago
- hmm
-
wagt
3 years ago
- Şygryýetiñ bahasy şeýle arzanmyka, şeýle biarzymyka...
Şygyr ýazmak indi her öñýeteniñ güýmenjesine öwrüläýdimikä...
-
wagt
3 years ago
- Edilen tankydy belliklerden degerli netije çykarman, gaýtam okyjylaryña samsyklaç jogaplar bilen gaýtargy berseñ, bu bir ömür bagyşlanýan ýoly (şygryýeti) söýýändigiñe şübhäm bar, men size pyñkyrmandym, siziñ şahsyñyz bilen işim ýok, siziñ gowşak goşgyñyz barada aýdypdym...
-
wagt
3 years ago
- "Isläňokmy goý okama goşgymy
Adama zorlyk ýok islän okasyn
Ýüregi gije deý gara adamlar
Köpçilikde tanatmasyn ýakasyn.."
O nämüçin okamaly däl? O nämüçin okyjylar okan zadyna pikirini ýazmaly däl? O nämüçin okan zadyna pikirini galdyran okyjy siziñ gözüñizde "ýüregi gije deý gara" adama öwrülýär?..
Bu setirlerden soñ kimiñ tentekdigine okyjylar baha bersin ))
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Sen tankydyňy bildirip bilersiň ýöne goşgy diýip ýazylan zada goşgy däl diýýäň.oňa nähili düşinmeli
-
wagt
3 years ago
- Şahyrlarymyzyñ ýekesinde şular ýaly samsyklaç goşgy barmyka, bar bolsa, menem onda özüme zor salyp, siziñ bu sanawajynyza "goşgy" diýeýin... Oñ ü.n "bagyşla dos.." diýmegiñ zerurlugy yok, gaytam men diýeýin :))
-
Pegas
3 years ago
- "Sen tankydyňy bildirip bilersiň ýöne goşgy diýip ýazylan zada goşgy däl diýýäň.oňa nähili düşinmeli"
Sen goşgy diýip ýazansyň, oňa şübhämiz ýok, Kakabaýew. Ýöne awtoryň ony goşgy diýip ýazany bilen, ol hökman goşgy bolaýanok. Hemem esere gutarnykly bahany awtoryň özi däl-de, okyjy, özem sowatly okyjy berýär. Awtor goşgusyny däl, goşgy awtoryny goramaly. Hemem tankydy bellikleri ýokuş görme. Bizi ýaşuly ýazyjy-şahyrlardan wagtynda gös-göni uranlary hem bolupdy bir setir üçin. Unutma: "Polat otda taplanýar".
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Men şahyrlarmyzyň diýýän şahyrlaň ýaly 4 setire giden many ýerleşdirip bilýän bolsam bolmajakmy.men entek o şahyrlaň bolonok diýip aýyran goşgularyna men iň gowy goşgym diýýänimem gaty bärden gaýdar ýöne men seň goşgy diýip ýazýanyň goşgy dälä diýen söziňi birhiilek göördimlaý
-
sammy.kakabay
3 years ago
- pegas seň diýýäniň gaty dogry men goşgylaryma özim baha beremok maňa siziň pikiriňiz gerek okajy tankyt etmeli hökman etmeli goşgyň goşgy däl diýilenden bu goşgyňa gowşak has gowrak zat ýazjak bol diýseler gowy bolmazmy
-
Pegas
3 years ago
- Goşgy ýazmak, hakyky manysynda, ejirlerine döz gelip bolmajak agyr işdir. Goşgy seni bütinleý özüne baglap goýýar. Hakyky goşgy ynsandan ähli güýjüni, ähli ukyp-başarnygyny tijemegi, zehin goruny orta goýmagy, ruhy taýdan ölüp-direlmegi talap edýär. Hakyky goşgy ruhuňy, aňyňy, ähli barlygyňy terezä goýup ýazylan goşgulardyr. Hakyky goşgy uzak oýlanmalardan, ruhy ejirlerden, agyr synaglardan soň döreýär. Goşgy ýazýanlar goşgynyň şeýle bimöçber agyr azaplardan döreýändigini duýmalydyrlar. Goşgy ýazylanda öz wyždanlarynyň öňünde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar.
Sende şu ýagdaýlar bolup gördümi, Kakabaýew?
-
wagt
3 years ago
- Ýüzgörmezeklik bilen edilen tankyt siziñ peýdañyzadyr. Eger taplan"mak, kämilleşmek isleseñ, "gowy goşgy eken..", "super", "daş!", "maladis!", "yazyp dur!", "yetirip dur!", "plyus", "like" yaly döredijiligiñe hiç hili peydasy yok, gaytam seni badyhowalygyñ we körzehinligiñ batgasyna ömürboýy batyrjak boş sözlerden gaça dur.
-
loveee_@
3 years ago
- pegas seň diýýäniň gaty dogry men goşgylaryma özim baha beremok maňa siziň pikiriňiz gerek okajy tankyt etmeli hökman etmeli goşgyň goşgy däl diýilenden bu goşgyňa gowşak has gowrak zat ýazjak bol diýseler gowy bolmazmy
hawa sen aytyanyňam dogry yöne azajygam bolsa goshgy düzüp bilýäniňe begenmelimika diýýän menä
-
sammy.kakabay
3 years ago
- ählisi däl
-
Pegas
3 years ago
- Tankydyň süýjüsi ýokdur hiç ýerde-de)) Rast, şahyrlyk ýoluna baş urduňmy, onda her söze, her urga taýyn boluber. @wagt agzadan gaty görme, ol saňa diňe ýagşylyk isleýär. Biziňem halypalarymyz bu oglan.
"Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy"
- diýmeýärmi näme Gurbannazar Ezizow...
-
sammy.kakabay
3 years ago
- Ok pegas
-
loveee_@
3 years ago
- hawa ýöne @wagt agza ýaly eden ýalňyşlyklaryňyzy aýtsa, soň sho yalnyşlygy gaýtalamaz ýaly gowy
-
sammy.kakabay
3 years ago
- wagt like goýmak okajyň özine bagly men like goýulýa diýip geldi geçe goşgulary ýazyp bilmen men seň tankydyň üçinem sende gaty göremok sen bilen aramyzda ýigrenç döretjegem bolomok ýöne goşgylaryň goşgy däl diýen söziňe wapşe sen ýazmasana diýen manyda düşindimlaý
-
A93
3 years ago
- Goşgy näzik bolmaly ahyryn. Gabat gelen zada goşgy bilen jogap bermeli däl. Goşgyny söz bilen aýdyp bilmeýän zatlaryňdan döretmeli.
-
yashalym
3 years ago
- Ruhy beýik dilewardyr
Sen bilmersiñ il bilmese
Herne işiñ ugry bardyr
Dilin çeýnär "dil" bilmese
Ol öñýeten özün öwdi
Gahry joşup burnun döwdi
Haraý istäp başyn egdi
Tekge bermez hil bolmasa
loveee_@ 3 years ago- ha gowy goshgy eken +++