AÝAL

Aýal!
Tañryñ emri bilen döräliñ bäri,
Haýranlar galdyryp gelýäñ erkegi.
Yşk derdin berýänem, berýänem däri,
Özüñ. Bagly saña nesliñ ertesi.

Aýal!
Uçýañ peri bolup ertekilerde,
Durmuşda-da uçýañ, näzik - ýeñil sen.
Uçmaklyk ukyby ýok erkeklerde,
Erkekleriñ gödekligi bu bilseñ!

Aýal!
Beýik batyl Gomerden başlap,
Şygyrýet gapyñda, sen baky tema.
Gör, näçe ýazyldy saña bagyşlap,
Ýene ýazlar, dowam eder Waspnama.

Aýal!
Käte señ keşbiñde arwah dogulýar,
Bir lakma öwürýär ýigidi - ärin.
Gowşat gysajyñy, erkek bogulýar,
Durmuş, duşup görenimsoñ bilýärin.

Aýal!
Sen adam oglunyñ enesi, ýary,
Gaçybatalgasy özün atmaga.
Dowamat daragty guramaz ýaly,
Beýik bagban esewanlyk etmäge.

■ AÝALY AÝAÑ!

Bu ýowuz durmuşda
Aýaly aýañ!
Aýamagynyza
Mätäçdir aýal.

Aýañ gödek gepden,
Ýalan töhmetden,
Aýañ bilin bükjek
Gara zähmetden.

Aýal aýalmasa,
Betbagtlyk getir:
Göýdük çaga dogrup,
Nesili ýitir!

■ HALALLYK

(Geçmişden bir parça)

Jeñ meýdany.
Duşman ýeñsä çekildi,
Ýeñilaýak atlar gerek ýetmäge.
Arman, soñky pursat serdar, ýykyldy,
Oba äkitdiler
halas etmäge.
Tebip başyn ýaýkap,
Diýdi: "Iş çatak
Men çykardan çuñda kemanyñ oky.
Bir päkize gelin tapyp getiriñ,
Belki şondan medet...
Çagyryñ haky!"

Gerçegiñ üstünden ätledi gelin:
"Men halal men, özüñ bilýäñ, Ýaradan!"
Bu ne gudrat!
Tebip gygyrdy: "Geliñ,
Görüñ, ynha, ok çykaýdy ýaradan".

■ GELNIME

Doglanda dokuzy düzüw doglan sen,
Täsin çemen gözellikden boglan sen.
"Bäş günlük" däl, ömrüm boýy eglen sen,
Tursam sen ýok - bir ýalan düýş görmäýin!

Inkär etme eneleriñ mekdebin,
Öñkiñdenem uz görkezsin edebiñ.
Ula-kiçä ýarap dursun edeniñ,
Sendsn çykan bimakul iş görmäýin!

Goñşy arasynda gatnasyn tabak,
Gujagyña gonsun posalak bäbek.
Giñ bol, sähel zada çytma gaş-gabak,
Etegiñde hiç haçan daş görmäýin!

Men seniñ, sen meniñ arkamda dag deý,
Durup başaraly, duşsa kyn ýagdaý,
Gatyşyp ýaşaly bal bilen ýag deý,
Men zerarly gözüñde ýaş görmäýin!

Hemra ŞIROW.

http://kitapcy.com/news/2020-02-16-10558

Edebiýat, wagt tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir