«...Men bilýän, bu hat saňa gowuşmaz. Şonuň üçinem sen muny hiç haçan okamarsyň ― diýen ýaly umytsyz sözler bilen başlanýan ekeni. ― «Olar ýaly bolsa ýazmak nämä gerek boldy» diýip soramagyň mümkin. Dogry, ýazmanam bilerdim, ýöne uzak ýola ugramazdan öňürti içimi egisäýeýin, ýükümi ýeňledäýeýin diýdim.
Allaham, il-günem şaýatdyr, men garaşdym. Ýöne saňa däl-de, saňa beren sözümiň üstünde durmak üçin, her hili ýagdaýda-da wadaňa wepaly bolup bolýandygyny subut etmek üçin, Hudaýyň haky üçin garaşdym. Galyberse-de, Aýbaharyň: «Sen garaş. Ol hökman geler, sebäbi ol seniň üçin meni taşlap gitdi, talagymy berdi» diýen sözi üçin garaşdym. Her geleniňde hernäçe gaýtawul berenem bolsam, «Gelme, meni unut» diýenem bolsam, haýsydyr bir inçe umyt bilen men saňa garaşdym. Sebäbi şonça gezek: «Gelme» diýip «käkeledigim»: «Gelgin, men sensiz oňup bilmen» diýdigimdi ahyry. Edil iki agyz sözüm üçin ömürlik gaýyp bolarsyň öýtmändim. Gelersiň, ýalbararsyň, öýkämi ýazarsyň, Aýbahar bilen bolan «nikaly», «talakly» meseläňizi aýdyňlaşdyrarsyň, subut edersiň öýdüpdim. Emma ol tamam çykmady. Sen agyr synagdan geçip bilmediň. Öň ýeke meniň üstümden ätlän bolsaň, Aýbahar ikimiziňem üstümizden ätläp, okan ýeriňde indi üçünji biri bilenem ýaşaşyp ýörendigiň, hatda Aýbaharyňky ýaly raýatlyk nikasy bilen däl-de, ZAGS arkaly ýazlyşandygyňyzam men daş gulakdam eşitdim. Emma men şonda-da garaşdym. Ýöne ýene-de seniň üçin däl-de, garaşyp bolýandygyny subut etmek üçin garaşdym. Onam kimdir birine däl-de, saý-sebäp bilen haçanam bolsa geläýeniňde-de, seniň hut özüňe subut etmek üçin, biwepalygyňy ýüzüňe basmak üçin garaşdym. Eden işiňe puşman edeniňi, ýalňyşyňa düşünendigiňi gözüm bilen görmek üçin garaşdym. Eger-de sen ýurtdan çykyp gitmäge derek, gelniň bilen adam şekilli nikaňy bozup gelenem bolsaň, men seni kabul ederdim. Emma sen onam etmediň. Ýöne gün köp, aý köp, ýyl köp, wagtyň geçmegi bilen men ejizledim. Aýralyga şondan artyk döz gelibilmedim. Garaşmanyňam, göwnüňi aldamanyňam çeni bar ekeni. Men indi hüýr gyzlaryň hataryna geçdim. Garradym. Indiden soň men kimiň öňünde nämäni subut edeýin? Boý halyňa iki aýally birine garaşyp ömrüňi ötürip bolýandygynymy? Telpegi agan üçinem özüňi pida edip bolýandygynymy? Ine, indi seredip otyryn welin, men hut şeýle hem edipdirin. Ýalňyşypdyryn. Onda-da bijaý ýalňyşypdyryn. Halys bolmajagyna göz ýetireniňden soň panynyň ýüzüne tüýküräge-de, bakyýa bakan göç uraýanyňdan ýagşysy ýok bolaýmasa diýen pikire geldim. Çünki binamyslyk edip gezip ýörseň, adam pahyr ýene bir gezek şeýtanyň ugruna gitmegiň we seniň ýaly wadaňdan dänmegiň mümkin. Men ýöne hiç haçan, hiç kime syr bildirmedim. Içime saldym. Bu bolsa meni içgussa etdi. Düşege ýykdy. Soňabaka-ha özümiň ýerdedigimi ýa gökdedigimi, ölüdigimi ýa diridigimem bilip bilmedim. Halys egbarladym. Şondan soň-a asla seniň gelmezligiňi, görünmezligiňi isledim. Sebäbi meni şol halda görmegiňi islemedim.
Men, elbetde, garaşanymy minnet edemok. Ol meniň borjumdy, men şony berjaýam etdim, ýöne berjaý edilen her bir işiň öz netijesi bolmaly. Meniň ömrüm bolsa şonsuz geçdi. Bakjam bagbansyz gurady. Güllerim suwsuz soldy. Baharym sowuldy. Gül ömrümi hazan urdy, mizan çaldy. Miwesiz agaja, hasylsyz daragta öwrüldim. Indi men kime gerek? Nämä gerek? Wepalylygyň nusgasyny görkezjek bolup gazanan zadym näme?
Gury geçen günlerim, boş geçen gijelerim, umuman, köýen ömrüm, tebigatyň öňündäki bergi-borçlarymy berjaý edip bilmändigim üçin kim günäkär? Özümmi? Senmi? Ýa başga birimi? Şeýle bolsa, onda ol kim? Kim bolaýanlygynda-da, kimdigi bilnip jezalandyrylaýanda-da netije bolarmy? Ýok! Bolmaz! Şundan soň sen bir ýerden gara beräýeniňde-de ikimiz üçin-ä peýdasy ýok.
Şeýle-de bolsa, men seniň meni gözläp, özüm gidenimden soňam bolsa gelmegiňi isleýän. Goý, iller takat edip garaşybilseň, garaşylýan adamyň ir-u-giç gelýändigini, garaşmaklygyň netijesiz däldigini bilsinler. Garaşmaklygyň mukaddesdigine ynansynlar. Şol düşünjeden, goý, hiç kimiň göwni geçmesin. Ýüregi sowaşmasyn. Umydy öçmesin! Garaşman gidipdir, namartlapdyr diýip, goý, meni günäkärlesinler. Men şoňa-da razy.
Elbetde, men entegem garaşyp bilerdim. Garaşmalydymam. Haçanam bolsa, bir zaman geljekdigiňe ynanýardymam. Ýöne seniň başky salan ýaraň maňa agyr degdi. Ol meni ömürlik maýyp etdi. Hernäçe çytraşsamam bolmady. Men ony mundan artyk çekip bilemok. Ýadadym. Onsoňam bir gezek köýen ömrüň tozap ýatan küli indiden soň kime gerek? Şonuň, hatda, saňa-da gerek däldigine men ynanýan.
Ýap-ýaňyja Hapbyny gördüm. Görgüli henizem daşymda «hozanak» bolup ýör. Ýöne, nädeýin, meniň oňa nebsim agyrmakdan başga edibiljek kömegim ýok. ― Ol sen däl.
...Howwa, men seni gowy görüpdim. Söýüpdim. Onda-da üýtgeşik, ýiti söýgi bilen söýüpdim. Oňa söz ýok. Çünki men saňa gadymky aşyklar ýaly ygrarynda durmaklygy başarýan, mert ýigitlerdensiň öýdüpdim. Bu zamanda seýrek duş gelýän şeýle gerçegiň öz maňlaýymdan çykandygy üçin Allahdan müň mertebe razy bolupdym. Synamy seniň üçin tagtyrowan etmekligi özüme bagt saýypdym.
Seni şeýle gowy görenim üçinem senden öň söz aýdan ýigitleriň öňünde goýan «on ýyllyk» şertimi seniň öňüňde goýmandym. Hatda, agzamandymam. Çünki meniň saňa çaltrak gowuşasym, çaltrak nikalaşyp, toý tutup, ýaşaşyp başlasym gelýärdi.
Emma nämäni güýçli höwes etseň, şo-da senden daşlaşmak bilen bolýan ekeni.
Wagtynda hasyl bolmadyk umyt bolsa, öçýär, arzuw könelişýär, öz ähmiýetini ýitirýär. Ideg-yssywat görmese, gür gara baglaram guraýar, güller solýar. Gözbaşyndan yzygiderli nem syzyp durmasa, iň bir dury, iň bir arassa, durnagöz çeşmelerem köräp, akabasy gurap gidýär.
Özüniňem şolar ýaly ýagdaýa düşendigini adam pahyr töweregindäkilerdenem öň özi duýar ekeni. Çünki daşyň çolarýar, bazaryň sowulýar, deň-duşlaryň öý-işik bolýar, ösňeýär, sen bolsaň, gün-günden saralyp, solup gidip otyrsyň. Bir güni görseňem, sen eýýäm hatardan üzülip galypsyň.
Herki zat ezelde kysmata ýazylandyr. Meniň şu ýagdaýa düşenimi eşidip ýa şu haty okap gynanma.
Galyberse-de, haýsy sebäbe görä bolanam bolsa, belki, seniňki dogrudyr. Belki, köne ýörelgä eýerip, men ýalňyşandyryn. Belki, meniňki ýaly wepalylyk, bu günki gün ýoň bolan ýeňles söýginiň alnyna ýaraşýanam däldir. Süňňüne sygyşmaýan bolmagam mümkin. Belki, geregem ýokdur. Eger-de şeýle bolsa, goý, meniň bu ýalňyşym özüm ýaly wepasyzlyga öwrenişip ýetişmedik gyzlar üçin sapak bolsun. Goý, olar meniň ýalňyşymy gaýtalamasynlar. Wepaly boljak bolup, ömürlerini köýdürmesinler. Özlerini göre-bile oda atmasynlar.
Belki, hemme zat dogrudyram-da, muňa meniň bagtlydyr öýdüp ýören şor maňlaýym günäkärdir? Belki-de, Allahyň owal-ebetde adamzada beren möhleti tamamlanandyr-da, kyýamat golaýlaşyp gelýändir? Bilemok! O zatlara akyl ýetirerden men ejiz.
Bir bilýän zadym bar ― o-da seniň şu dünýede barlygyň. Aýatda diridigiň. Bagtlymysyň ýa ýok, ol maňa mälim däl, belki, bagtly bolaýadyň-da... ― Wagtyň geçmegi bilen öçüşipdirmi ýa ýazylanda gowy düşmänmi, garaz, hatyň şu ýeri biraz bulaşypdyr. Düşnüksizräk... Soňy bolsa, şeýleräk jümleler bilen tamamlanýar. ― Hoş, meniň ezizim!.. Men saňa-da, seniň önüp-ösjekleriňe-de ak ýürekden bagtly durmuş arzuw edýän. Goý, meniňki ýaly agyr ykbaly Allahym olara görkezmesin. Ýene bir etjek haýyşym: meniň keç ykbalym, köýen ömrüm barada olaryň ýanynda, asla hiç kimiň ýanynda-da gürrüň gozgama. Bu hatam hiç kime görkezme. Okatma. Okabam berme. Goý, meniň pajygaly taryhymy eşidip, hiç kim gama batmasyn. Gynanmasyn. Hiç kim meniň täze dona salnan köne ýama ýaly, bu günki ajaýyp zamananyň synasyna gelişmeýän ömrüme öýkünjek bolup, bagtyny bulaşdyrmasyn. Gaýtalajak bolmasyn. Olaryň gulaklaryna, goý, hemişe ýagşy sözler, diňe bagtly adamlar baradaky beýanatlar eşidilip dursun. Iň soňky sözüm budur ki: sen öz eden öňki-soňky hereketleriň, hususan-da, Leningradda ikinji gezek öýlenmegiň bilen maňa ýeke bir biwepalyk etmediň-de, ýaş kalbymdaky ýaňy bir şineläp gelýän arzuw-isleglerimi öldürdiň. Men bir güldüm, gülüňem ýagşysydym, gyzylydym ― gyzylyňam ýitisidim, seniň bilen ýetişdiren bakjama şugla saçjakdym, emma soldum. Onda-da wagtyndan ir soldum. Tiz soldum. Alnyňdan Gün bolup dogjakdym. Emma tümlüge düşdüm. «Daň ýyldyzy» bolup dogjakdym, «lowurdap» asmana galjakdym, dünýe-äleme şugla saçjakdym, her gün Günüň dogup gelýändigini külli adamzada buşlajakdym, emma «Ömrüzaýa» öwrüldim. Dogşum ýaly, ýaşmak bilen boldum. Bir tapawutly ýerim ― men indi onuň ýaly ertesi ir säher Gündogardan «Daň ýyldyzy» bolup dogmaryn...
Niýetim bu haty öňkim ýaly merkezi poçta ýollajakdym. Ýöne o ýere gatnamaňy bir wagtlar bes eden bolmagyň ahmaldygyny göz öňüne tutup, o pikirimden el çekdim.
Onsoňam, bakyýa bosagasynda, ajalyň agzynda duran bir ejiz biçäräniň janhowluna aýdan bu samramalaryny belki sen eşitmeseň has gowy bolar diýip oýlandym.
Hoş, meniň ezizim! Bize indi görüşme ýok! Didar kyýamata galdy... O-da nesip etse... Hoşlaşyk hatyny ýazan: iň soňky pursatda-da «seňki» diýmäge het edip bilmedik: S...».
Juma HUDAÝGULY,
“Ömrüzaýa” romanyndan bölek
ÖMRÜZAÝA...
-
soho
3 years ago
- bah, bu romany okamaly etdin:ay
-
Pegas
3 years ago
- @soho, okaň hökman. Gmail poçtaň bar bolsa ýaz, ugradyp bereýin.
-
Black Wolf
3 years ago
- Ooo sayt acylypdyra
-
Ýolagçy.
3 years ago
- Seniň hem ömrüň kül bolmaly!
-
soho
3 years ago
- @Pegas, pochta yok :-(, kitaphanadan alaryn nesip bolsa.
-
wagt
3 years ago
- Bu kitaby kitaphanadan tapyp bolmaz. www.kitapcy.com-yñ kitaphana boluminden doly skaçat edip bilersiñiz
-
Sada...
3 years ago
- Gül ömrümi hazan urdy, mizan çaldy.Mizan chaldy.name diymek bolyarka?
-
MARGARITA
3 years ago
- Dolulygyna okamana ýetirilen bolsa has gowy bolardy. Gyzykly eserleriň biri bu.
-
Pegas
3 years ago
- @Sada..., mizan terezi - dini düşünjelere görä ölen adamyň sogabydyr günäsi ölçelýän terezi.
-
Sada...
3 years ago
- @Pegas men bashgacarak pikir edipdirn.
Abdybaý_ogly 3 years ago- Berekella ýetirenňe minnetdar