GURY AGAÇ
Öl agaçdan hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
(Aýdymdan)
Jemile üýtgeşik bir düýş gördi. Düýşünde ol otly torbasyna ýaplanyp, baýryň gyrasynda dynç alyp otyrmyş. Ondan taýak atymlykda klasdaşlary-da barmyş. Olaryň käsi al-ýaşyl bolup açylan güllerden çemen bogup ýörmüş. Käbiri bolsa dynç alyp otyrmyş.
Şol wagt pel-pelläp, asmandan bir ak guş uçup gelýärmiş. Ol guş şeýle bir tämiz, şeýle bir arassamyş welin, reňki gözüň ýagyny iýip barýarmyş.
Klasdaşy Gunça gygyrýar:
—Eý! Hana, serediň! Bagt guşy!
—Bagt guşy?! —diýip soraýar-da, hemmeler ör turýarlar hem-de çemen bogmalaryny-da goýup, geň galyp, guşy synlaýarlar.
Ak guş pel-pelläp, hemmeleriň depesinden aýlanyp, hiç bir ýere gonman, ganat kakyp durýar. Birdenem ol özüne geň galyp seredişýän ýaş juwanlara ýüzlenip, adam dilinde gürläp başlaýar:
—Näme? Geň galdyňyzmy? Hawa, men Bagt guşy!
—Bagt guşy!—diýip, Jemiläniň klasdaşlary ýene jem bolup seslendiler.
Jemile welin geplemän, elini gözleriniň üstüne kölegeledip, bolýan hadysa aňk bolup seredip otyr.
—Bagt guşy kimiň başyna gonsa, ol dünýäde iň bagtly adam bolýar!—diýip, Gunça ýene seslenýär. —Geliň, oňa ýalbaralyň! Goý, ol hemmämiziňem başymyza gonup çyksyn!
Hemmeler Gunçanyň diýenini edýärler:
—Bagt guşy! Başymyza gonaý! Bagt guşy! Başymyza gonaý!
Bagt guşy pel-pelläp uçup ýörşüne jak-jaklap gülýär hem-de ýene adam dilinde gepleýär:
—Siz köplük, men bolsam, ýeke ahyry! Men siziň haýsy biriňiziň başyňyza gonaýyn!
—Herimiziňkä birje gezek gonup çykaý!—diýip, ýene klasdaşlar jem bolup gygyryşýarlar.
Bagt guşy ýene gülýär:
—Ho-ho-ho-ho! Ýok! Onyňyz bolmaz! Men käte bir adamyň başyna gonup bilýän. Hemmäniň başyna gonup bilemok.
—Wah-eý!—diýşip, hemmeler gynanýarlar. —Hany, gon-da onda, kimiňkä gonsaňam—diýýärler. —Göreli!
Bagt guşy pel-pelläp, her kimiň ýanyna bir baryp çykýar. Iň sonuňda-da Jemiläniň-de golaýyna gelýär. Şol wagt oglanlardan biri:
—Gon, şoň başyna gon!—diýip gygyrýar. —Ol ýetim gyz! Şol bagtly bolsa bolýa!
Jemile: «Gygyran kimkä?» diýip, elini gözleriniň öňünden aýryp seredýär. Bagt guşuna Jemiläniň başyna gonmagy salgy berýän klasdaşy Ýusup eken. «Ýusup!» diýip, içinden gaýtalaýar-da, Jemile onuň öz aladasyny edenine begenýär. Hem Bagt guşuna seredýär. Bagt guşy depesinde pel-pelläp aýlansa-da, Jemiläniň başyna gonuberenok.
Birden Jemiläniň nazary klasdaşy Soltangüle düşýär. Soltangül niredendir bir ýerden-ä gelýär. Ol hiç kime goşulanok. Gül ýygýanlara-da, dynç alýanlara-da goşulanok. Jemiläniňem ýanyna gelenok. Baýryň aňyrsyndan mytdyldap gelýär. Mydama bolşy ýaly, başyndaky ýaglygy-da gyşyk, saçlary tozgalap dur. Özem ho-ol, birinji klasa barandakylary ýaly, eliniň ýeňsesi bilen zol burnuny süpürip goýberýär. Soň bolsa ony köýnegine sürtýär. Zol şeýdip, «Ýöresemmikäm-ýöremesemmikäm?» diýýän ýaly, dähedem-dessem basyp gelýär.
Soltangülüň bolup gelşini soň beýlekilerem görýärler. Onuň bolşuna ýylgyryşýarlar.
—Soltangül! Hana, ýokaryňa seret! Bagt guşy bar!—diýip, Gunça oňa gygyrýar.
Soltangül Bagt guşuna tarap seretmegem islänok. «äý!» diýýär-de, elini geleňsizlik bilen silkip goýberýär hem-de endigi boýunça ýene burnuny süpürýär. Soň burnuna süýkän elini köýnegine çalýar.
Şol pursat hem Bagt guşy pel-pelläp, Jemileden daşlaşýar-da, Soltangülüň başyna gonýar.
—Hih!—edip, bu bolşa hemmeler içlerini çekip, gynanýarlar hem-de geň galýarlar.
Oglanlar bolsa Bagt guşunyň beýtmesine hahaýlaşyp, barmak çommaldyp gülüşýärler:
—Eý, onuň gonýan ýerine serediň-eý!
Batly ýaňlanan gülki sesi Jemiläni ukudan oýardy. Ol oýanyp, gören düýşüne aňka-taňka boldy oturdy. Düýş şeýle bir aýdyňlygy bilen onuň aňyna siňdi welin, misli, düýş däl-de, kino görüp turan ýalydy. Özem özüni diýseň keýpsiz duýdy.
Daşarda kakasy Abdy aga loh-lohlap, bir zada gülýärdi.
«Gijä galdym öýdýän, gelnejem bir oýanmadyk bolaýbilseýdir!» diýip, içini gepletdi-de, Jemile hasanaklap galdy. Düşek-ýorganyny ýygnap, öýüň töründäki öňi demir nagyşly agaç sandygyň üstüne atdy. Penjiräniň öňünden iki tarapy dişli agaç daragy bilen aýnany alyp, alyn saçlaryny timarlady. Soň goşa örülen saçyny kellesine orap, onuňam üstünden ýaglygyny daňdy. Dessine-de daşaryk çykdy. Bolsa-da, gelnejesi turman eken. Kakasy turupdyr. Ony-da goňşulary Gurban aga turzupdyr.
Jemile erkek kişileriň gürrüňine gulak gabardyp durmady. Ýöne ötüp-geçende Gurban aganyň mal bazara mal almaga barýanlygyny çala eşidip galdy.
Jemile el-ýüzüni ýuwup, erik şahasyndan asylgy duran bedräni alyp, sygyr sagmaga gitdi. Sygry sagyp gelip, süýdüni gazana guýup, süýt bişirdi. Ojagyň gapdalyndaky kiçijik çaý ojagyna daşy hüýt gara kitiri suwdan dolduryp goýdy-da, çaý gaýnatdy. Çäýnek-käseleri ýuwup, çaýy demledi. Irden kölege bolansoň, öýüň günbatar gapdalyna düşek atdy. Saçak getirdi.
Gyzynyň çaý demlänini gören Abdy aga düşege geçip, öz çäýnegini öňüne çekip, çaý içip başlady.
Jemile içerik girip, gelnejesini oýaryp gaýtdy.
Abdy aganyň Ogulnäzik atly diýseň gowy aýaly bardy. Oba arasynda-da onuň sylagy diýseň uludy. Toý bolsun, üýşmek bolsun, Ogulnäziksiz geçmezdi. Toý çelpegem Ogulnäzige ýapdyrardylar, toý çöreginem. Ogulnäzigem il hyzmatyndan gaçmazdy. Çagyrylan ýerine barardy, buýrulan işi ederdi.
Il bilen şeýdip, sylaşyp ýören gelniň başyndan betbagtçylyk indi duruberdi. Ol Jemile dünýä inende ýaş üstünden ýogaldy.
Abdy aganyň Jemileden uly Döndi atly gyzy-da bardy. Ol Ogulnäzik ýogalanda üç ýaşlyja çagajykdy.
Goňşy-golam kömek etse-de, Abdy aga iki sany ýaş çaga bilen galmak diýseň hupbat berdi. Şeýle bolansoň, ol Ogulnäzigiň ýylyny sowandan, goňşy obadan bir dul aýala öýlendi. Dul aýal ýany bilen bir oglanjygam getiripdi. Öweý eje bu gapa gelen pursadyndan Abdy aganyň gyzjagazlaryna mähir bermek islemedi. Yzyna tirkäp gelen öz ogluny welin, bagryna basdy. Abdy aganyň gyzlaryna özüne «eje-de» diýdirmedi. «Gelneje» diýdirdi.
Abdy aga ilki kiçi gyzy Jemiläni öňki aýaly Ogulnäzigiň aýal doganyna äkidip berdi. Soň ese-boýa galansoň, alyp gaýtdy. Dogrusy, Ogulnäzigiň aýal dogany Jemilä-de, Döndä-de seretmegi kyn görenokdy. Ýöne Abdy aga gyzlaryny oňa mydamalyk bermedi.
Ogulnäzigiň aýal dogany ilki-ilkiler Döndi bilen Jemiläni görmäge ýygy-ýygydan gelerdi. Ýöne Abdy aganyň täze aýalyndan ýüz tapmansoň, ol soň-soňlar gelmesini seýrekletdi. Gyzlar ese-boýa galan döwri bolsa ol görgülem ýogaldy oturyberdi. Şeýdip, iki gyz «Enesiz günde ýetim» diýenleri bolup galyberdi.
Dogrusy, Abdy aga gyzlaryny erbet görenokdy. Ýöne duýgusyny daşyna çykarman saklaýardy. Täze aýalyndan çekinýärdi. Dulluk derdini çekip görensoň, täze aýaly onuň gözüne eletmez bir zat bolup görünýärdi. Ony elejiredýärdi, diýseň sylaýardy. Edenine-diýenine «däl» diýenokdy. «Gyz maşgaladyr, ulalansoňlar çykar giderler. Men munuň bilen ömürlik galmaly» diýip, pikir ederdi-de, Abdy aga mydama aýalynyň tarapynda bolardy. Aýaly gyzlaryna käýäende-de, oňa hiç zat diýip durmazdy. Abdy aganyň täze aýaly Täçjemal hem adamsynyň özüne edýän sylagyny duýdy. Öe han boldy. Ol Abdy aganyň gyzlaryny urmady. Ýöne degerlije sözler bilen mazalyja eýlerini ýetirýärdi. Ertirden agşama çenli olary öz hyzmatynda ylgadýardy. Özem Abdy aga çaga dogrup bermedi. Abdy agadan onuň çagasy bolmady.
Döndi bilen Jemile işe ýaran uçurlaryndan tomusda arkalary bilen ot çekmelidiler, güýzde pagta ýygymyna gitmelidiler, gyşda çölden odun daşamalydylar, ýazda ekinleriň otuny aýryp, gurçuk tutmalydylar. Garaz, görgülijiklere dynç ýokdy. Bu işleriňem üstesine, nahar, kir-çäk, gap-gaç ýuwmak, öýüň syrym-süpürimi, sygyr sagmak, süýt bişirip, gatyk basyrmak, garaz, bar zat şolaryň başynady. Öweý eje Täçjemal bolsa, mydama Abdy aganyň gozakly motoryna atlanyp, ýa ol toýa, ýa beýleki toýa barýandyr, ýa garyndaşlarynyňka, ýa ýene başga ýere şaýlanandyr. Yzyna tirkäp gelen ogly Goşanam alyp, ondan-oňa at salýandyr. Ol kaňkap gelen wagty gyzlar öz etmeli işleriniň ýekejesini edip ýetişmedik bolsalar-da, Täçjemal uly gykylyk turzardy. «Bular hiç wagtam adam bolmaz. Bularyň depgisi ýetenok» diýip, töwerege ýaň bererdi.
Tomusda daň bilen turup, sowuk suwly joýa girip, ýetişen hyýarlary ýolup-ýuwup, kakalaryna bazara taýýarlap bermegem Döndi bilen Jemiläniň boýnunady. On-ýigrimi joýanyň hyýaryny ýolup, ýuwup, kakalaryny ugradanlaryndan soň, olaryň biri öý işi üçin galardy, biri ota giderdi. Tä gün günorta bolýança, günorta çaýyndan soň hem agşama çenli ot çekerdiler. Öýde galmagy-da, ota gitmegi-de gezekleşerdiler.
Täçjemalyň yzyna tirkäp gelen ogly Goşa Jemileden birki ýaş ulam bolsa, Täçjemal oňa bir işem buýurmazdy. Ol ulalansoňam uzakly gününi oýun bilen geçirerdi. Ýa tuda, ýa-da erige çykyp, keman bilen Jemiläni keseklär oturardy. Atan kesegi Jemilä degäýse, hezil edip ýyrşarardy. Jemile onuň bolşuny ejeligine-de aýdyp gördi. Täçjemal şonda ölen öküziňki kimin gözlerini agdaryp:
—Kesek degeni bilen öläesiň ýok! —diýip, Jemiläniň ýüzüni aldy. Ogluna bolsa hiç zat diýmedi.
Jemile Goşanyň bolşuny kakasyna-da diýip gördi.
—Hymm... —edip, kakasy gözlerini bir nokada dikip, ilki ony diňledi. Soňam —Oýun edýändir-le—diýip, gelmişegiň nakyslygyny gowa ýordy. —Gaýdyp keseklemez.
Öz gyzyny kesekleýäni üçin Abdy aga Goşa welin hiç zat diýmedi. Ol aýalynyň birden öýkeläp gidäýmeginden, öz başyndan ýene dullugyň betbagt günleriniň inäýmeginden öler ýaly gorkýardy.
Täçjemal gyzlara okuwlaryny-da doly okatmady. Sekizinji klasy gutaranlaryndan mekdepden alyp galdy. Olary eşek ýaly işledip, özüne hyzmat etdirýärdi. Üst-başlaryna derekli egin-eşigem etmezdi. Gyzlar üst-başlaryndan utanyp, ne toýa çykardylar, ne ile. Öýdeçi boldular galdylar.
Döndini on sekiz ýaşy dolandan durmuşa çykardylar. Döndi çykansoň, öýüň işem, meýdan işem Jemiläniň başyna galdy. Hem öý işi, hem meýdan işi Jemiläniň aňkasyny aşyrýardy. Ony obadaşlary mydama arkasy otly haltaly görýärdiler. Ýa-da eginleri güne solan eşikli içde-daşda düwdenekläp, iş edip ýörkä görerdiler. Hiç kim Jemiläni ýa toýda, ýa-da öz deň-duşlary ýaly oba klubuna kino, teatr gelen wagty görmezdi. Özüni bileli bäri öweý ejäniň iňirdisi bilen işden başga zady görmedik Jemile toýa, kino, oýna gitmäge, täze eşik geýmäge özüniň haky bardyram öýdenokdy. Özüni toýa-kino gidýänlerden pes saýardy. Onuň göwnüne bezenip-beslenýänler, toýa-kino gidýänler dünýä üýtgeşik adam bolup inýän ýalydy.
Ol sekizinji klasa çenli okuwa çit köýneklije gatnady. Illeriň gyzy okuwyň soňky günlerinde dürli-dümen eşikler geýip barsa-da, onuň şol bir çit köýnegidi. Gyzynyň şeýdip ýörşüne kakasy-da üns berip duranokdy.
Jemile klasdaşlary bilen sekizinji klasda şol çit köýneklijeligine hoşlaşdy. Klasdaşlary şondan bärem ony diňe çit köýnekli görerdiler. Özünem diňe pagta ýygymynda ýa-da ýegşerilip, ot getirip gelýärkä görerdiler. Jemile oty göterip gelýärkä gabadyndan geçýänleriň kimdigine ünsem bermezdi. Onuň bar aladasy niredenem bolsa köpräk ot tapyp, haltasyny doldurmakdy. Şeýtmese, oňa öýde bir topar mal garaşyp durdy. Getiren oty azrak dagy bolaýsa, öweý ejesi gygyryp-gygyryp, demi tükenýänçä Jemilä gargynardy.
—Munuň meýdanda näme edýänini Hudaý bilsin! Geçene öwelip durýandyr ýa-da «ota» diýip gitse-de, başga zatlara güýmenýändir bi ganjyk—diýip, hüňürdemek hüňürdeýärdi.
Abdy aga aýalynyň gyzyna sögýänlerini eşitmedik bolardy. Başyny aşak salyp, aýaly Jemilä sögüp bolýança sesini çykarman, mellegiň aňry başlaryna giderdi.
Jemile ilki-ilkiler öweý ejesi käýände kakasyndan haraý isläp, oňa delmuryp baksa-da, soňy bilen kakadan özüne hiç hili hemaýatyň bolmajagyna düşündi. Muňa öwrenişmeli boldy.
Klasdaşlarynyň özi ony görenlerinde: «Jemile!» diýip gygyrardylar. Öz ady tutulansoň, Jemile egninden haltasyny düşürip, bir dem dynç alardy hem klasdaşlary bilen derdinişerdi. Gyzlar käte onuň gününe ýüreklerini awadyp, gözlerini ýaşlardylar.
Heniz süňňi bekemedik çepiksije gyz üçin pagtadan doly fartuklary ýegşerilip gyra çykarmak, tä daň atandan gün batýança bilini büküp, pagta ýygmak hupbatly bolsa-da, ýygym döwri Jemile heziller ederdi. Sebäbi pagta ýygymynda ol ot daşandaky ýaly ýalňyz bolmazdy. Pagta köplük bolup ýyglansoň, daşynda il-gün, klasdaşlar, obadaşlar bardy. Üstesine-de, onuň öweý ejeden hupbat görýänini bütin oba synlap ýörensoň, hemmeler Jemilä hemaýata ýetýärdi. Il-gün: «Jemile-de-Jemiledi». Onuň her salkynda ýüz kilony tegeleýän äpet ganaryny göterişip, maşyna ýükleşerdiler. Maşyndan düşürişip, gapana goýşardylar. Ölçelensoň, dökmäge kömek ederdiler. Pagtalar ölçedilip, gaýtjak bolnanda maşynyň üstünden oňa-da ýer tutardylar.
—Jemile, bärik geläý!
—Jemile, gel, saňa ýer belledik—diýen sesler ümsümje gyz tekere münüp, maşynyň kuzowasyna göz aýlandan, çar ýandan eşidilerdi.
Jemile obadaşlaryndan, hemmelerden razydy. Diňe öweý ejesi Täçjemal bilen kakasyndan närazydy.
Öýde mydama ýüzi alnyp durlansoň, ol il içinde-de kän geplemezdi. Mährem ejeleriniň mährinden ganyp, öýüň bol höreginden iýip-içýän beýleki deň-duşlary aýdym aýdyşyp, gülşüp-degşip, ala-wagyrdylar. Olar käte Jemilä-de her zat diýip degerdiler. Lak atardylar. Şonda Jemile soralan zada gysgajyk jogap berip oňardy, degişmä-de çalaja ýylgyrardy. Jakgyldap gülmäge onuň ýüregi-de galanokdy.
Öýleriniň gabat garşysyndaky däl-de, mellekleriniň aýak ujy tarapyndaky goňşulary Gülsoltan daýza Jemilä aýratyn-da mähir berýärdi. Ol pagta ýygymyna çagalaryna kömekleşmek üçin barardy. Jemilä-de paýy mydama öz ýanyndan alardy. Jemile klasdaşy Gunça bilen paýdaş bolardy. Gülsoltan daýza dagy köplük bolansoň, paýlaryny derrew bolardylar. Soň ol Jemiläni ýanyndan goýmajak bolup, oňa kömek ederdi.
Jemile dolan fartuklaryny gyra daşajak bolanda-da Gülsoltan daýza çagalaryny kömege ylgadardy.
—Ýusup, Ahmet, baryň, Jemilä kömek ediň!—diýip, biri-biriniň yzyndan ýetişip barýan ogullaryna gygyrardy.
Gülsoltan daýzanyň ogullary-da ejeleriniň diýenlerini iki gaýtalatmazdylar. Derrew kömege ylgardylar. Jemiläniň: «Özüm daşaryn» diýen sözüne-de bakman, derrewjik pagtaly fartuklaryny daşap bererdiler. Ahmet fartuklary gyra eltenden, ganaryň ýanyna oklar gaýdardy. Klasdaşy Ýusup welin beýle däldi. Ol Jemiläniň özem ganaryň ýanyna gelýänçä garaşardy. Ganaryň agzyny Jemilä sakladyp, onuň pagtalaryny ganara özi gapgarardy. Soňra pagtadan boşan fartuklary Jemiläniň inçejik biline, birgeňsi daňşyna-da syn ederdi. Ol ähli fartugyny daňyp bolansoň, onuň bilen bileje ýöräp gaýdardy.
Jemiläniň maňlaýlary bilen sümrüp daňan ak ýaglygynyň aşagyndan gam-gussa bilen bakýan okara gözleriniň owadanlygyny, gyýma gaşlarynyň ähli gyzlaryňkydan gelşiklidigini, Jemiläniň kirpikleri kimin ok ýaly kirpikleriň, onuň syraty kimin gamyş ýaly syratyň hiç kimde ýokdugyny diňe Ýusup bilýärdi. Hiç bir gyzyň Jemile kimin ýygymçy däldigini Ýusup bilýärdi. Sebäbi kä kişiler bir salkynda zordan dört-bäş, aňry gitse, alty fartuk pagta ýygardy. Jemile bolsa on fartugy doldurýardy. Onuň elleri maşyn kimin işleýärdi. Onuň öýünde-de ylgap-ylgap gapy süpürişini, sygyr sagşyny, mellekdäki ekinlere ideg edişini Ýusup ençe wagt bäri synlaý-synlaý gelýärdi. Jemiläni ol hyýrsyz ýüzli öweý ejeden dyndarmak isleýärdi. Ýöne ýetginjek beýtmäge bialaçdy. Ol Jemilä diňe sessiz duýgudaşlyk edip ýördi.
Hiç wagt adamyň ýüzüne seretmeýän Jemile klasdaşynyň özüne bolan içki duýgusyny aňanokdy. Onuň özüne edýän kömegine diňe goňşulyk üçindir öýderdi. Hamala ýetginjek diňe ejesiniň buýurýanlygy üçin özüne kömek edýän ýalydy. Onsoňam öweý ejäniň sowuklygy sebäpli, ýüregi ir ölen gyzda ýigit hakda pikir öwürmäge duýgam ýokdy.
Jemile klasdaşlaryny diýseň gowy görýärdi. Olary görende hossarlaryny gören ýaly bolýardy. Käte hem dogany Döndiniňkä gidip, derdinişip gaýdardy.
Durmuşa çykansoň, Döndiniň güni gowulaşdy. Ony gaýynlary diýseň gowy görýärdiler. «Senem bir basymjak ýaşyň dolup, öe düşäýsediň» diýip, Döndi gözüni ýaşlap, öweý ejäniň hyzmatyndan ýegşerilýän jigisiniň aladasyny ederdi. «Ýagyr bolduň sen, jigim jan. Öweý ejeden ýedi ýatlaram gowy eken».
Döndi özlerine şeýle jebir berýän öweý ejä zat diýmeýäni üçin kakasyny-da ýigrenerdi.
—Sag-aman senem bir durmuşa çyk bakaly. Soň şol öe barjak däl. Kakamyňam ýüzüni görjek däl—diýip, Döndi aglamjyrardy. —Doňbagyr adam eken ol. Bizi nähili hupbatlara dözýär.
Dogany: «Senem biri ýygnaýsa» diýse-de, Jemile özüne durmuşa çykmak diýen ykbal ýazylandyram öýdenokdy. Doganynyň diýýän sözleri oňa erteki ýaly bolup duýulýardy. Göwnüne bolmasa, bu ot daşamalar bilen pagta ýygmalar ölýänçä onuň başyndan aýrylmajak ýalydy. «Kim meni başyna ursun» diýip, ol içini gepledýärdi.
Onuň ýanyna käte klasdaşy Gunça oturmaga gelerdi. Öweý eje gyzy jorasy bilenem gürleşmäge goýmazdy. Gunça gelenden Jemilä ýumuş buýrup başlardy.
Käteler Gunça el işini alyp, gije gelerdi. Şonda hezil bolardy. Öweý eje Jemilä buýurmaga gije iş tapmazdy. Jemiläniň bolýan jaýy-da öweý ejeden aýrydy. Täçjemal gelenden, Abdy aganyň öňki aýaly bilen ýaşan jaýyny ini alman, täze jaý saldyrypdy. Ol Abdy agadyr öz yzyna tirkäp gelen ogly bilen şol jaýda bolardy. Jemile bolsa dogany Döndi bilen köne jaýda galypdy. Döndi çykaly bäri ol köne jaýda ýeke-ýalňyz ýaşaýardy. Gyz ilki-ilkiler ýeke ýatyp-turmaga gorkanam bolsa, soňabaka öwrenişdi. Özem şeýdip ýaşamagyň özi üçin kem däldigini bildi. Öweý ejeden iň bolman gije bir daşrakda bolanyny kem görenokdy.
Gunça gelensoň, iki jora ümmüldeşip, tikin iş ederdiler, iç döküşerdiler. Gunça ilki bilen klasdaky täzelikleri gürrüň bererdi. Soň bolsa birinji klasdan bäri gülki ýassygyna öwrülen Soltangül bilen baglanyşykly wakalary aýdyp bererdi. Gunça Soltangül hakda gürrüň berende iki jora jykyr-da-jykyr bolşup gülşerdiler. Jemiläniň göwni açylardy.
Soltangül birinji klasa gelen gününden bäri oňaýsyzlygy, gowşajyklygy bilen özüni tanadypdy. Özi etli-ganlyjady. Pökgüjedi. Sapag-a bir bilenokdy. üstesine-de, iýmän oturýan wagty-da ýokdy. Özem iň yzda, bir özi oturardy. Mugallym käemedik wagty çöregi açyk iýer oturardy, käese-de, partanyň aşagynda bukup iýerdi. Käte iýmäge getiren pomidory elinden gaçyp, öňdäki hatarlara tigirlenip giderdi. Klasa gülki bolardy. Agzynyň hyllygy akar giderdi. Onuň parta kellesini berip, uklap ýatyşyna, düýş görüp, dodaklaryny müňküldedişine hemmeler gülşerdi.
—A gyz, indi dagy onunjy klas ahyry. Henizem iýýä-dä utanman—diýip, Gunça bir gelende Soltangülüň komissiýanyň öňünde bolşuny gürrüň berdi. —Komissiýa girdi klasa. Soltangülem bufetden bulka alypdyr-da, iýen bolup otyr. Utananogam. Mugallym ahyry: «Soltangül, çörek iýme!» diýip, duýduryş berdi. Ol bolsa, iýmesini goýandan-a geçen, gaýtam ýüzüni kürşerdip, öýkelän bolýar. «Çörek iýemok men, bulka iýýän» diýýä...
—A gyz, göwresi dagy çişip-çişip, näteňet bolaýypdyr, hakyt ejesiniň yzyndan ýetäýipdir, azrak iýende bolmaýamyka, gyz!—diýip, Gunça Soltangüli geňläp, ýakasyna tüýkürdi. —Tüf, tüf, daş edewersin.
—Bolýan däldir-dä!—diýip, Jemile gysga jogap berdi.
—Şol bolşuna öýünde hiç hili işem etmeýän eken. Şol, ondan-oňa söw-söwläp ýör. ähli işi ejesi edýän eken. Iň bärkisi, uly iliň gidýän pagta ýygymyna-da baranog-a. Ne çaý-suwa kömek edýä, ne mellege.
—Ejesi läliksiredýändir-dä.
—Hawa-da. Ýeke çagasy. Läliksiredýän bolmagam mümkin.
Soltangülden soň Gunça ähli klasdaşlary, gören kinolary hakda aýdyp çykardy.
Soňy bilen Gunça Soltangülden soň gürrüň etmäge has üýtgeşik tema tapyldy. Ol bir gün agşam Jemilä özüne klasdaşy Allamyradyň hat ýazandygyny gürrüň berdi. Şondan soň ol her gezek gelende wagtynyň köpüsini Allamyrat hakda gürrüň edip geçerdi.
Jemiläniň klasdaşlarynyň onunjy klasy tamamlamaly ýylynyň bahary Jemiläniň-de bagt ýyldyzy şugla saçdy.
Ene bir gün agşam Gunça Jemiläniň ýanyna oturmaga geldi. Şonda ol has-da üýtgeşik habar getirdi. Ol birsyhly ýyrşaryp, geleli bäri Jemilä gözlerini güldürip seredýän-de bolsa, ejesidir kakasy daga çaý-nahar daşajak bolup, Jemile jorasynyň üýtgeşik bolşuny duýmady. Ahyry ol çaý-nahar daşama işini birýüzli edip, gap-gaçlaryny ýuwuşdyransoň, jorasynyň ýanynda çökdi. Eline tikin işini aldy.
—Nädýäň? Bukjaňy dolýaňmy?—diýip, Gunça ýene jorasyna ýylgyryp bakdy.
—Bukja dolma näme işlesin!—diýip, Jemile uludan dem aldy. —Bir zat tikip ýetişsem, derrew gelnejem geýip ýetişýär.
—Belanyň sapynam bermezler!—diýip, Gunça Jemiläniň ejeligine gaharlandy. —Özi tikinsin! Eli ýokmy!
—Bermäniň bormy!—diýip, Jemile ör-gökden geldi. —Zat bermeseň dagy ol aýal meni öýde-de saklatmaz!
—Şu çaka berseň beripsiň tiken işleňňi, indiberi berme—diýip, Gunça köpmanyly ýylgyrdy. —Indi ejeňe: «Men basym çykýan, öz bukjamy doldurmaly» diýäý!
Gunçanyň bu sözleri ot daşamadan başga zadyň pikirinem edip görmedik Jemile üçin tomsuň güni ýyldyrym çakan ýaly boldy. Ol Gunça oýun edýändir öýtdi.
—Hih—edip, içini çekdi. —Aýdýanyň näme, jora jan, heý, menem bir ejeligime şoň ýaly sözler diýip bilerinmi! «Kime çykýaň» diýip, daşyma geçäýse, näme diýerin!
Gunça iş salýan düwünçeginden hatly bukjany aldy-da, Jemilä tarap süýşürdi:
—Ine, şuňa çykýan diý-de, aýdaý. Saňa hat iberdiler.
Haty görende Jemiläniň ýüregi sogrulan ýaly boldy. Ýene içini çekdi:
—Hih! Onyň näme! Ýygnawer basymjak, birden biri geläýmesin!
Jemiläniň ýüzi gorkudan ak tam boldy. Gunça ony köşeşdirdi:
—Şu çaka-ha şu ýerde ikimiz otyrkak adam gelmändi, indem gelmez, gorkmasana sen!
Jemile gorkudan saplanman saňňyldady:
—Kakam biläýse, kellämi alar!
—Özüne muň ýaly ýigidiň giýew boljagyny bilse, kakaňam kelläňi alasy ýok-la —diýip, Gunça ýene haty Jemilä tarap süýşürdi. —Alsana, gyz, gorkma-da, okap gör!
Jemile hata el uzatmady:
—Kimden ol?
—Özüň oka-da gör, men nä bileýin! —diýip, Gunça belli bir zat aýtmady. —Maňa-ha muny Allamyrat berdi. «Şuny Jemilä eltip ber» diýdi.
—Onda-da özüň okaýsana, men-ä birhili görýän —diýip, Jemile uýaljyrady.
—Aý, oka diýseň, okaýaryn—diýdi-de, Gunça bukjanyň bir gyrajygyny emaý bilen ýyrtyp, haty açdy. —«Bu haty ýazýan klasdaşyň Ýusup» diýip, hatyň ilkinji sözlemini okady.
Tolgunmadan Jemiläniň ýüzi lap-lap gyzdy. Ýaňaklary nar ýaly gyzardy.
—Waý-eý —diýip, bu garaşylmadyk ýagdaýa näderini bilmän, aljyrady.
Ýusubyn haty kän däldi. Onda suwjuk sözlerem ýokdy. Gunça haty pessaý ses bilen okady:
—«Men mekdebi tamamlap, Aşgabada okuwa gitmekçi, Jemile. Eger sen razy bolsaň, ejemi sawçy ibermekçi. Sebäbi Aşgabada senem özüm bilen äkitmekçi. Seni bagtly edesim gelýär. Besdir, öweý ejeň hyzmatyny şunça ýyl edeniň. Meniň üçin dünede senden eziz adam ýok. Özüňem meniň diýenime razy bolsaň, basym habaryňy iber!»
Gunça haty okap bolup, ýylgyrdy:
—Bä, illeriň söýgüsini!
Jemile utanyp, aljyramadan birbada näme edýäninem bilmedi. Iki eli bilen ýüzüni tutdy. «Ýusup!» diýip, hyýalynda gaýtalady. Pagta ýygymy döwründe onuň öz fartuklaryny daşamaga kömekleşýän pursatlary göz öňüne geldi. Birdenem, özünem öweý ejäniň irginsiz iňirdilerinden, hyzmatlaryndan dyndarjagyň baryna begenmeden ýüregi ezildi. Gözowalaryna ýaş ýygnandy.
Gunça onuň ellerini ýüzünden aýyrdy:
—A gyz, menden uýalmaň näme! Men Ýusup däl-ä!
Jemile begençden ýylgyrdy. Ýylgyrsa-da, ol gözýaşlaryny bukup bilmedi. Gözowa ýygnanan gözýaşlar ýaňaklara paýrap döküldi. Jorasynyň gözýaşlaryna Gunça düşündi.
—Aglamasana —diýip, oňa göwünlik berdi. —Indi seniň bagtly boljak günleriň uzakda däl. Gör, seni nähili gowy ýigit halapdyr. Klasymyzyň otliçnigi, obanyň iň syratly ýigidi. Olaň maşgalasy-da obada sylanýan maşgala. Gyzlar dagynyň bar gürrüňi Ýusup. Ýusubyň ünsüni özlerine çekip bilseler, armanlary ýok olaň...
Soňra iki jora biraz salym seslerini çykarman oturdylar.
Jemile Ýusubyň özüne hat ýazanyna begendi. Şatlanyp, ýüregi kapasa salnan guş dek bökdi. Basymjak daň ataryny diledi. Şatlygyny dogany Döndä baryp aýdasy gelýärdi.
—Hawa, sen indi onuň diýýäni bilen razylaşýaňmy? —diýip, Gunça ahyry Jemilä gep goşdy.
Jemile şatlygyny gizläp durmady. Ýylgyrdy-da, baş atdy.
—Hawa —diýip, utanjyrap, pyşyrdy bilen aýtdy. Soň ýene uýaljyrap gepledi. —Owadan-owadan geýnişip ýören gyzlar barka ol nädip meni haladyka?!
—Owadan köýnek nämemiş, gyz! —diýip, Gunça jorasynyň pikirini makullamady. —Köýnegi söýüp bolýarmy näme! Sen nähili owadan hem işeňňir, adamkärçilikli.
—Waý-eý, goýaweri! —diýip, Jemile Gunçanyň öwgüsinden utanjyrady.
—Men ertir seň habaryňy Allamyrada aýdaryn —diýip, Gunça Ýusubyň hatyny epläp, Jemilä uzatdy. —Me, muny beri ýygnaweri.
—Sen saklaýsana. Men ony senden soň, durmuşa çykamsoň alaýaryn —diýip, Jemile ýene gorka özüni aldyrdy. —Bu heleýiň eline dagy düşäýse, meň günüm neneň bolar! —Ol öweý ejesiniň adyny tutman gepledi. —O heleý käte «Işiňi bolduňmy?» diýip, meň düwünçeklerimi dörüberýä. Seň ejeň her zadam bolsa, öz ejeň-ä. Göräende-de zat diýip durmaz.
Gunça jorasynyň diýenini etdi. Ýusubyň hatyny özi bilen alyp gitdi.
Jemile gijesi bilen Ýusup hakda pikir edip çykdy. Bagtlylykdan bir ýylgyrdy, bir aglady. Ýigidi düýşünde gördi. Düýşünde oňa öz razylygyny aýtdy.
Irden turup, ol özüne timar berdi. Öňler ýaglygyny maňlaýy bilen sümrüp daňyp, sygyr sagmaga atylan bolsa, bu gezek ilki saçlaryny darady. Saçlaryny başyna birgeňsi edip orady. Soň ýaglygyny gelşikli edip daňdy. Ýörände seýkin basdy.
Ömür ýaglygyny maňlaýyna sümrüp, ylgaşlap ýören gyzyň bu günki timarlanany, ýörände sülmüräp, ulugyzsyraýşy Abdy aganyň-da, Täçjemalyň-da, Goşanyň-da gözüne ildi. Olaryň barysy Jemilä aňk bolup seredişdiler. Hatda özüne mazaly timar berensoň, görki has-da artan ýaly bolan gyza Täçjemal hyrydaram boldy.
—Seň şunyň-a hiç kime bermän, Goşa jana çataýsam-da ahmal —diýip, ol Jemilä eşitdirip, adamsyna gepem goşdy. —Bir öýde ýaşasalaram, dogan däl-ä olar. Muň ýaly owadan gyzy kesekä berip bolmaz! Il muny hor-homsy edermi, nämemi! Seret, özem ýetişdigisaýy görklenip barýa!
Täçjemala Abdy aga hiç zat diýmedi. Onuň diýen zatlary Jemiläniň ýüreginden ok bolup geçdi. «Daş edewersin, Hudaý jan. Şunuň yzyna düşüp gelen betnyşana bir sataşdyrmaweri!» diýip, ol içinden gorky bilen öwran-öwran gaýtalady. «Bu aýalda utanjam ýok, akylam. Bir öýde dogan ýaly bolup ýaşap ýören adamlaram, heý, biri-birine çatyp bolarmy! Akyly bolsa şeýle zatlar edermi bi!»
Öweý ejesi özüni birden Goşa zor bilen çatmakçy bolaýanda näme etmelidigi hakda Jemile pikir edip goýdy. «Ölsem-de barman şo tentege. Gaçyp, ýa Döndülere, ýa Ýusuplara giderin!»
Öweý ejesinyň sözleri onuň keýpini gaçyrdy. Söýgi hatyna açylan ýüzi ýene gamaşdy. Öýdäki işlerini haýdap, birýüzli edensoň, ota gitdi. Ýol ugruna dogany Döndiniňkä sowuldy. Oňa Ýusubyň özüne hat ýazanyny aýtdy. Bu habara Döndem begendi. Begençden hatda gözlerinem ýaşlady.
—Şol öýden senem bir basymjak gaýt, jigim. Razy bol Ýusuba. Gülsoltan daýza-da, adamsy-da gaty gowy adamlar —diýip, Döndi Jemilä maslahat berdi. Öweý ejesiniň Goşa çatmak hakdaky gürrüňine bolsa gaharlandy. —Hany, şo heleý şol tentegine alybilşinden alsyn seni! —diýip, dişlerini gyjady.
Aýal doganyndan hemaýat tapan Jemile ömründe ilkinji gezek ota guş bolup uçup gitdi. Ökjesi ýeňledi. Haltasyny derrew doldurdy.
Ol öe gaýtmak üçin otdan doly haltasyny arkasyna alyp, ýaňy suwly ýapdan geçipdi. Şol wagt:
—Jemile!—diýen tanyş ses eşidildi. —Jemile, saklan!
Jemile haltasyny ýerde goýup, ses gelen tarapa seredende ýüregi jigläp gitdi. Mekdep tarapdaky ýoldan uly-uly edimläp, Ýusup ýetip gelýärdi. Ony görenden Jemiläni şagga der basdy. Utandy. Aljyramadan ýüregi agzyndan çykaýjak bolup, dyzlary saňňyldady. Ýigit gabadyna gelende utanyp, aşak bakdy.
Ýusup gelenden goltugyndaky papkasyny Jemilä uzatdy:
—Me, şuny sakla!
Jemile papkany almanka, «Biri göräýmesin» diýen ätiýaç bilen töweregine gorka ýaltaklady. Onuň howsalasyny Ýusup duýdy.
—Gorkma! Bi giden meýdanlarda senden başga jemende ýok, Jemile —diýip, ýigit uludan dem aldy. —Bu meýdanlardan ot daşamaga diňe seni dözýäler.
Jemile sesini çykarmady. Ýigidiň ýüzüne seredip bilmän, ýene aşak bakdy. Onuň uzadan papkasyny emaý bilen eline aldy.
Jemilä papkasyny berensoň, Ýusup onuň otly haltasyny egnine aldy. Gyzy bükülmäge mejbur edýän doly halta agyr-da bolsa, daýaw ýigidiň egninde agramsyz ýalydy. Ýigit ony çaga göteren ýalyjak edip göterdi-de, ýöräberdi.
—Hih!—edip, tämiz üst-başy bilen tot-tozanly haltany göteren ýigide bakyp, Jemile geňirgendi. Utanyp duran-da bolsa, geplemäge mejbur boldy. —Goýaweri haltany ýerinde, üst-başyňy nädersiň! —Şeý diýip, gyz haltadan asyldy. —Getir, özüm götererin.
—Degme! —diýip, Ýusup öňe ädim urdy. —Özüm götererin.
—Waý-eý, biri görse näderin, öýdäkilere aýdarlar! —diýip, Jemile delmurup gepledi. —Haltany goý-da, gideweri!
—Görseler, görüp geçsin! —diýip, Ýusup öz diýenini tutdy. —Öýdäkileňňem öň-soň bilmeli bolar-a!
Gyzda onuň yzy bilen ýöräbermeden başga alaç galmady. Özem:
—Waý-eý, gidäýsene! —diýip, ep-esli ara çenli ýalbardy gitdi. Ýigidiň gitmejegine gözi ýetensoň bolsa, ýene bialaç dymmaly boldy.
—Men her gün okuwa barýarkamam, gelýärkämem şu meýdanlarda seniň bir özüň ot ýygyp ýöreniňi ýörýärin —diýip, Ýusup ýöräp barşyna Jemiläniň ýüzüne bakyp gepledi. Ýigidiň otlukly nazarlaryny gabak astyndan synlan gyzyň bütin endamy jümşüldäp gitdi. Şu pursat onuň ýadyna Bagt guşy hakda gören düýşi düşdi. Ýusubyň: «Jemiläniň başyna gon!» diýip, Bagt guşuna ýalbaryşyny ýatlady. «Ýusubyň şeýdip, maňa kömek etjek bolşumyka ol?» diýip, içinden pikir öwürdi. Birdenem, Bagt guşunyň öz başyna däl-de, Soltangülüň başyna gonuşyny ýatlap: «Eý, Hudaý, ol nämäniň alamatyka?» diýip, hopugdy. «Alla gowusyny etsin» diýip, dileg etdi.
—Näme pikire batdyň? —diýip, Ýusup otly haltany ol goltugyndan beýleki goltugyna geçirip, Jemileden sorady.
Jemile: «Hiç-le» diýen manyda başyny ýaýkady. Soňam: «Gören düýşümi Ýusuba aýdaýsammykam?» diýip oýlandy. Ýöne: «Düýşümde seni gördüm» diýip durmaga ejap etdi-de, sesini çykarmady.
—Indi ep-esli gyz bolupsyň. Basym on sekiz ýaşaýaň. Uly gyz halyňa şeýdip, bir özüňi meýdana iberip ýörmäge kakaň neneň dözýäkä? —diýip, Ýusup ýene gepi Jemiläniň gara gününe syrykdyrdy. —Ol, ejeligiň yzyna düşüp gelen bihepbe getirende bolanokmy oty?
—Kakam pahyrda günä ýok-la —diýip, Jemile dözmezçiik bilen kakasyny goraglady. —Ol aýaldan gorkýa ol... Gider öýdýä...
—Ogly şonça ýaşansoň, nirä gitsin-aý ol! —diýip, Ýusup dogumly gepledi. —Kim ýygnasyn indi ony bi ýaşdan soň! Gidende seň kakaňdan gowyny tapjakmyşmy!
—Bilmedim-dä! —diýip, Jemile uludan dem aldy.
—Men Allamyratdan iberen hatymyň jogabyny hut özüňden eşideýin diýip geldim, Jemile! —Şeý diýip, Ýusup haltany ýerde goýup, aýak çekdi. Gyzyň ýüzüne dikanlady. —Men seň bolup ýörşüňe dözemok. Saňa ejemiňem ýüregi awaýar. Seň öweý ejeňe olam sögýär. Men seni öweý ejäniň elinden basymjak äkitmek isleýän!
Jemile Ýusubyň ýüzüne seredip bilmedi. Tolgunmadan ýüzi çym-gyzyl boldy. «Nädip haltany onuň elinden kakyp alyp gidip bolarka?» diýip oýlandy. Şu pikir bilen halta elini uzatdy.
—Muny özüm öýüňize eltip berjek —diýip, Ýusup haltany berk tutup durşuna ony gyza bermedi. —Sen maňa jogap ber!
—Men aýtjak zatlarymy Gunça aýdypdym. Getir haltany. Biri görüp, kakama aýdaýsa, ol öldir meni!
Şeý diýip, Jemile Ýusubyň papkasyny onuň eline tutdurdy-da, haltasyny ýigitden çekip aldy. Otly halta çepiksije gyzyň gerdenine «münensoň», gyz düwdenekläp, öňe atyldy.
«Betbagt görgüli» diýip, otly haltanyň aşagynda ýegşerilip barýan gyzyň yzyndan seredip durşuna Ýusup pikir öwürdi. Abdy aga gahary geldi. «Heleý» diýip, boýy ýeten gyzyny harlap ýörşüni. Munuň deň-duşlary günde bir köýnek geýip, ýaýnaşyp ýörler» diýip, ol öz ýanyndan gyzyň kakasyna igendi.
Birdenem özünden barha ara açyp barýan gyzyň yzyndan gygyrdy:
—Jemile! Ejemi haçan ibereýin?!
Gyzdan ses çykmady. Ol düwdenekläp, barha batly ýöräp, ýigitden has daşlaşyp barýardy.
Bu wagt Jemiläniň bar küýi-köçesi Ýusuba jogap bermek däldi. Ol «Ýusup bilen gepleşenimi hiç kim görmedik bolaýbilseýdir» diýip, dileg edýärdi. Hem özüni halan ýigidiň gaşynda iki bükülip, otly haltany göterip barşyna utanýardy. «Näme üçin gelýäkä bi, näme üçin?» diýip, Ýusubyň öz yzyndan gelmesine-de janyny ýakýardy.
Ol ylgaşlap-ylgaşlap ýadady. Dynç alasy gelýärdi. Ýöne säginäýse, yzyndan Ýusup ýetip geläýjek ýalydy. Şonuň üçin öýüne ýetmäge howlukdy.
Jemile ýadawlykdan haslap, ahyr deminde öýüne ýetdi. Ony öýleriniň gapdalyndan akyp geçýän ýabyň köprüsiniň ünde öweý ejesi bilen onuň ogly Goşa garşylady. Özüni bileli bäri otdan gelýärkä öňünden öweý ejesiniň çykanyny görmedik Jemile özüniň bu günki garşylanyşyny geňlemän durmady. Derrew: «Ýusup bilen gelýänimi bir görmedik bolaýbilseýdirler» diýip, içini gepletdi. Ýöne ol pikir öwrüp ýetişmänkä, öweý ejesi onuň üstüne ajysyny pürkdi:
—Näme, ýanyňdaky ýigidi taşlap gaýdaýdyňmy?
GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa)
-
myspaser
3 years ago
- Jemile has tukatlandy:
—Göwnüme bolmasa, Allanyň şol güni meň maňlaýymda ýok ýaly.
—Toba edeweri —diýip, Gunça jorasyna igendi. —Nesipli güni bardyr, işşalla!
Gunça soňra haýsydyr bir garyndaşlarynyň sekiz ýyldan soň, ýene bir tanyşlarynyň-da on üç ýyldan soň çagasynyň bolanyny aýdyp berip, Jemiläni birneme köşeşdirdi.
Jemiläniň önelgesiz gezip ýörenini Gülsoltan daýza-da diýseň alada edýärdi. Ýöne gelnidir oglunyň ýüregine agram salmajak bolup, bu hakda kelam-agyz gürlänokdy.
Günleriň bir güni Ýusup Jemiläni keselhanada ýatyryp görmegi niýetine düwdi. Muňa Jemile-de razy boldy.
Aýal doktorynyň: «Enelikden nyşan ýog-a däl ýaly» diýen sözi Ýusupdyr Jemile üçin «Buşluk! Ogluňyz boldy!» diýenden kem bolmady. Ýusup günüň-güni keselhananyň ýoluny torç etdi. Jemiläniň yzyndan irdenem bardy, günortanam bardy, öýlänem, agşam-da. Dynç alyş günleri keselhananyň töwereginden aýrylmady. Her baranda bir üýtgeşiklige garaşýardy. Şol bir sowalyny gaýtalaýardy.
—Doktor näme diýýär?
—«Alada etmäň, çaga bolar» diýýär —diýip, Jemile oňa doktoryň habaryny öwran-öwran gaýtalap berýärdi.
Jemile şeý diýende Ýusup ony bagryna basyp, pyrlaberesi gelýärdi.
Ýöne doktordan-da netije bolmady. Jemile alty aýlap, endam-jany eleme-deşik bolýança sanjym baryny alsa-da, onda enelikden nyşan görünmedi. Gelniniň ugruna indi ymykly çykmaly wagtyň gelendigine Ýusup düşündi. Ol Jemiläni işden-de çykardy. Tomus aýlary her ýyl Jemiläni alyp, kurortdan-kurorta, tebipden-tebibe at saldy. Olar bilen bile Gunçadyr Allamyrat-da gitdi. Dört klasdaş bolup barylmadyk ýer goýmadylar. Üç-dört ýyly şeýdip arka atdylar. Netije bolmady...
Şundan soň Jemile daňyny aglap atardy. Gündizler gussada boldy. Göwnüne bolmasa, indi ondan Ýusubam sowap barýan ýalydy. Öňler Ýusup gijelerine onuň saçlaryny sypap-sypap ukladardy. Ony bagryna basyp, içine dykaýjak bolardy. Häli-şindi oýanyp, Jemiläniň üstüne ýorgan çekerdi. Indi bolsa ol Jemile uludan-uludan dem alyp, horkuldap, aglap ýatanda-da oňa üns berenokdy. Aňyrsyna dönüp, düňderilip ýatardy. «Sen näme üçin uzak gije dik oturyp çykýaň?! Ýat» diýip, bir agyz-da aýdanokdy. «Meniň aglaýanymy bilmän-ä duran däldir!» diýip, Jemile Ýusupdan öýke edip pikir öwürdi.
Bir gün Ýusup işden soň öe öňki gelýän wagty gelmedi. Gijäniň bir wagty geldi. Lül-gammar bolup, özüne zordan erk edýärdi. Ony görüp, Jemiläniň zähresi ýaryldy. Ol serhoş erkek kişini ömründe ilkinji gezek görýärdi. Ýusup içerik ätländenem, aýak üstünde durup bilmän, düňderilip gitdi. Jemile hemaýat etmek üçin oňa topuldy. Köwşüni çykaryşdy. Gop berip, oturmaga hemaýat etdi.
Ýusup Jemiläniň aýaklaryna kellesini goýup, möňňürmäge durdy:
—Jemile jan! Senden näme üçin çaga önenok?
Bu sözler Jemiläniň ýüregini dilim-dilim etdi. Ol näme diýjegini bilmän, ilki Ýusup bilen deň aglady. Agysynyň arasynda nalyndy:
—Men nä bileýin! Alla janyň etjegidir-dä!
Ýusup agysyny goýmady. Özem şol bir sözlerini gaýtalady:
—Jemile jan! Senden näme üçin çaga önenok?
Ýusup şeýdip, Jemiläniň aýaklaryna kellesini goýup ýatyşyna, usurgap-usurgap, uklap galdy. Jemile sessiz gözýaş dökdi. Ýusup uklansoň, aýaklaryny onuň kellesiniň aşagyndan sogrup, Ýusubyň başynyň aşagyna ýassyk getirip goýdy. Düşege geçirmäge güýji ýetmänsoň, üstüne ýorgan atdy. Özem daň atýança onuň gapdalynda oturyp, Hudaýa ýalbardy:
—Alla jan, ogul berseňem, gyz berseňem, maňa-da ýekeje çagajyk beräý! —diýip, dyza çöküp nalady.
Ýusup irden oýananda Jemilä zat diýmedi. Özüniň näme üçin iş eşikleri bilen bosaganyň gapdalynda düşeksiz ýatanynam soramady. Çaý hem içmän, turup, işine gitdi.
Jemile keýpsiz ýagdaýda galdy. Nämä güýmenjeginem bilmedi. Içini it ýyrtdy. Melleginde güýmenen boldy. Eli işe barman, mellegindenem çykdy. Gapdalyndaky goňşusy Ogulbikäniň çagalarynyň oýnuna uzakdan syn salan boldy. Çagalar bir oýnaýardylar, bir sögüşýärdiler, gyzyl gyrandylar. Ogulbike käte:
—Gykylygyňyzy bes ediň, gyran degenler! —diýip, melleginiň içinden çagalaryna sögünýärdi. —Er ýuwdanlar! Sesiňizem ýer ýuwutsyn, özüňizem! —diýip, jagyl-da-jugul boluşýan çagalaryna gygyrýardy. —Bizar boldum sesiňizden!
«Alla jan! Saňa öwretme ýok!» diýip, Jemile goňşusynyň çagalaryny synlap oturyşyna içinden Alla ýalbardy. «Bereniň-ä döküp berýäň sen. Bermedigiňe-de ýekejesinem dözeňok. Näme üçin beýdýäň sen, Alla jan! Eger çagam bolsa, men oňa ýekeje gezegem sögmen. «Er ýuwutsyn!» diýen sözi dagy agzyma-da alman!»
Jemile birden: «Yrym üçin öýümde sallançak guraýyn» diýen pikire geldi. Şu pikiri tapanyna begendi. Mal daňmak üçin alnan ýogyn ýüpüň bir ujuny äpişgäniň el tutaryna, bir ujuny gyzyl gülli sandygyň aýagyna baglap, sallançak gurady. Çaga odeýalyny ýüpüň daşyna orap, olary ýogynrak taýak bilen berkitdi. Sallançak taýýar boldy. Onuň içine kiçiräk ýassyk bilen düşejik atdy. Soňam sallançagy gujaklap, ses edip:
—Sallançagym boş bolmasyn, Alla jan, ýekeje çaga beräý! —diýip, hamala gudraty güýçliniň gaşynda mysaly, aglap, ýalbaryjy nalady.
Aglap, gussasyny egsensoň, daşaryk çykyp, Ogulbike goňşusynyň iň kiçi ogly Merdanjygy:
—Seni sallançakda ýatyraýyn —diýip, alyp geldi.
Köp çagaly öýde itilip durlan çaga Jemiläniň özi hakda ýörite aladalanmasyndan gaçmady. Gaýtam, sallançaga salnyp, üwrelmesi oňa hoş ýakdy. Jemile agy gatyşykly, zaryn owazy bilen hiňlenip, Merdanjygy huwwalady. Merdanjyk ara salym salman, uka gitdi. Çagaly sallançak Jemiläniň öýüne bezeg boldy. «Eý, Allam, asyl, öýi owadan edýänem, adamy owadan edýänem çaga eken» diýip, Jemile birsyhly pikir öwürýärdi. «Şeýdip, meniňem sallançagymda öz çagam ýataýanda bolmaýamy!»
Jemile pikire batyp, kän oturdy. Ol goňşusy Ogulbikäniň geleninem aňşyrmady.
—Waý-eý, onuň bolup ýatyşyny, gyz! —diýip, Ogulbike öz oglunyň Jemiläniň sallançagynda uklap ýatyşyny hezil edip synlady. Çagalar «Merdany Jemile gelnejem äkitdi» diýensoňlar geläýdim...
—Gel-gel —diýip, Jemile pikirlerinden aýňalyp, oňa mürähet etdi. Hem Ogulbikäniň göwresine gözi düşende onuň ýene gabaryp ugranyny aňdy. «Munuň ýene aýagy agyr. Mende bolsa, birem ýok» diýip, içinden gynanç bilen pikir öwürdi. Göwnüne bolmasa, Ogulbike gaýşarylan bolup, özüne gabaryp ugran göwresini güjeňleýän ýaly duýuldy. «Bi-de maňa gabarýanyny güjeňleýä...»
—Uklanam bolupdyr! —diýip, Ogulbike öz oglunyň bolup ýatyşyna ýene jykyrdap güldi. Soňra Jemilä ýüzlendi. —Sen şuny ogul edin-de alaý, Jemile! Men-ä şulardan bizar bolupdyryn!
—Çynyňmy? —diýip, Jemile bar aladasyny unudyp, begendi. —Çynyň bilen, dokumentläp berermiň?!
—Çynym! —diýip, Ogulbike biperwaý gepledi. —Geregiň dokument bolsun!
Jemile Ogulbikäniň ogluny özüne hödürleýşine hem begendi, hem haýran galdy. «Menem çagam köp bolsa, şeýdip, ile-de hödürläp bilermikäm?» diýip oýlandy. «Çagaly adamlar şeýle bolýamyka?»
Ogulbike işiniň köplügini bahanalap, oturman gitdi. Jemile bolsa, Merdanjyga güýmendi. Ol oýanansoň, çaý demlendi. Merdanjyk bilen oturyp, çaý içdi. Çagany gujagyndan aýyrmady. Çagalarynyň keşigi bilen özüne eli ýetmeýän ejesinden beýle mähir görmedik Merdanjyk hem Jemiläniň ýanyndan gitjegem bolmady. Ol çaý içse, çaý içdi, işe güýmense, gapdalynda oýnady.
Ýusup agşam ýene giç geldi. Ýene içgili geldi. «Indi munuň-a işi gaýtjak» diýip, Jemile Ýusuba nebsini agyrdyp, pikir öwürdi.
Ýusup bu gün gapyda düňderilmedi. Sadylla bolup, yranjyrap durdy-da, soň töre geçdi.
—Munyň näm-aý? —diýip, sallançaga seredip, gaharlandy. Soňam Jemiläniň ýüregine pyçak bolup çümen sözi oklady. —Sallançagy ilki çaga dogrup, soň gurmaly!
Bu söze Jemile tisginip gitdi. Biri biline depen ýaly, büküljiredi. Gulagy şaňlap, başy aýlanan ýaly boldy.
—Yrym edip guraýdym, Ýusup jan! —diýip, pyşyrdady. —Çaga-da, belki, bolar-da!
—Ýok etsen-aý sallançagyňy, ýer tutup dur! —diýip, soňra Ýusup has-da azgyryldy. Özüni ýere goýberdi. —Çaga tapylsa, sallançak tapylar.
Jemile Ýusubyň gaşyna geçip oturdy. Gujagyna Merdanjygy aldy. Çaganyň saçlaryny sypady:
—Ýusup jan, biz şü, Merdanjygy özümize alaýaly?! Ogulbike ony bize berýä...
—Näme?! —Ýusup Jemiläniň ýüzüne soragly bakdy-da, soňam loh-lohlap güldi. —Ogulbikäniň çagasyny men näme edeýin! Bar, äkit, öz çagasyna onuň özi seretsin!
—Ol bize ogullyga berýä Merdanjygy! Alaýaly, hä, Ýusup jan?!
—Bar, äkidip gel! —diýip, bu gezek Ýusup agras gepledi. —Basymjak äkit.
Jemile Merdanjygyň elinden tutup, daşaryk ýöneldi. Gözlerinden paýrap ýaş döküldi. Çagany yzyna tabşyrmaly bolanyna diýseň gynandy. Baryp, Ogulbikä çagany Ýusubyň kabul etmeýänini aýdyp bilmedi.
—«Ejä gitjek» diýip dur —diýip, ýalan sözledi.
—Wiý, şeýlemi? —diýip, Ogulbike göwnüne hiç zat getirmän, çagasyny alyp galdy. Keýpsiz Jemiläniň yzyndan gygyryp, göwünlik berdi. —Alada etme, Jemile jan, Alla saňa-da berer bir nesipli gün!
Jemile kellesine taýak degen ýaly bolup, yzyna dolandy. Ýusup şol bir oturyşy ýaly otyrdy.
—Çaý-çörek getireýinmi? —diýip, Jemile ondan eda bilen sorady.
—Otur şu ýerde! —diýip, Ýusup Jemilä kellesi bilen ümläp, ýer görkezdi.
Jemile onuň görkezen ýerinde çökdi:
—Näme, Ýusup jan?!
—Maňa Ogulbikäniň-ä däl, öz jigim Ahmediň çagasy-da gerek däl, Jemile, düşündiňmi? —Ýusup uludan dem alyp gepledi. —Maňa diňe öz neslim gerek. Men bu dünede hut öz neslimiň galaryny isleýän!
Jemile ýene gözlerinden paýradyp ýaş dökdi:
—Bu ýerde men günäkärmi, Ýusup jan?!
Ýusup ellerini kellesine tutdy:
—Bilemok. Men hiç zady bilemok! Men ýekeje zady bilýän, şu dünede Ýusupdan-da nesil galmagyň hökmanlygyny bilýän! «Ýusubyň çagasy» diýen sözi eşitmek isleýän men, Jemile!
Jemile möňňürip, ýerinden turdy. Soňam beýleki jaýa geçdi. Ol ýene daň atýança aglap çykdy. Irden Ýusup işe şaýlanýarka, maşynyň sesine daşaryk çykdy.
Ýusup onuň aglap pökgeren ýüzüne, gabaklaryna nazaram salmady.
—Gelýänçäm sallançagy aýryp goý! —diýip, onuň adyny tutman aýtdy-da, soňam işine gitdi.
Jemile sallançagy öli ugradýan dek bolup, aglap-aglap aýyrdy. Ýüreginden daş asylan ýalydy. Uzakly gün iýmedem-içmedem. Süýndi ýatdy. Daşarda, eýwanda, diwaryň ýüzündäki çüýden asylyp goýlan, kiçijik radiodan bagşynyň aýdym aýdýan sesi eşidilýärdi. Aýdym yzyna aýdym ýaňlansa-da, olaryň birem Jemiläniň gulagyna ilenokdy. Bir aýdym welin hut onuň özi üçin aýdylan ýaly boldy:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Bu aýdym Jemile üçin aýdym däl-de, agy ýaly bolup eşidildi. Misli, radioda bagşy aglaýan ýalydy.
Aýdym Jemiläniň ýüregini ezdi. Ol sesiniň ýetdiginden möňňürip-möňňürip aglady. Ýusubyň soňky günler towlanjyramasyna ol düşünip ugrady. Çagasy bolmasa, Ýusubyň özüni saklamajagyny aňdy. «Indi men onsuz neneň edip ýaşaryn!» diýip, gaýtalap-gaýtalap aglady. Hut biri bilen gürleşýän ýaly, sesli gepleýärdi. Samraýardy. «Ýusup bolmasa, ölerin men, ölerin!»
Agşam Ýusup ýene içip, gijäniň bir wagty geldi. Goňşy-golam ýatypdy. Bu gezek ol däliräne döndi. Jemiläni süýräp, köçä çykardy. Urdy, itdi, süýredi. Jemile ol näme etse-de, çydady. «Ýusup jan» diýip gygyrmadan başga zat etmedi. Olaryň gohuna goňşularyň ählisiniň çyrasy ýandy. Olaryň käbiri Ýusup bilen Jemiläniň gohuna äpişgeden jyklap seretdiler, käbiri käçä çykyp, syn saldy. Ýöne olaryň ýanyna «Bes ediň!» diýip, hiç kim gelmedi. Ýusup bolsa:
—Sen näme üçin çaga dograňok? Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, Jemiläni urmak urdy. Jemiläniň üst-başy çaň-tozana garyldy.
Ýusup ahyry, ony urup-urup, keýpden çykansoň, öýüne girdi. Jemile-de onuň yzyndan girdi.
Jemile indi bolmajagyna düşündi. Ýusubyň özüni kowjak bolýanyna düşündi. Ýöne ol gitmek islänokdy. «Goý, urup-urup, öldürsin. Soň öýlenibersin!» diýip, pikir öwürdi. Durmuşyň agyr şarpygy sebäpli, ýüregi hem beýnisi doňan Jemile özüniň aglamagynam ýerliksiz hasaplady. Indi hemme zada garaşybermelidigine özüni ynandyrdy. Gunçanyň Ýusupdan hat getiren gijesini ýatlady. «Näme üçin şol hat maňa ýazyldyka? Näme üçin şol hat maňa ýetdikä?» diýip, özüniň Ýusuba durmuşa çykanyna puşman etdi. «Söýginiň nämedigini bilmän, öweý enemiň gapysynda ot çekip, ömrümi ötüren bolsam bolmaýamy!» diýip, öwran-öwran pikir öwürdi. «Ýusup başga gyzy söen bolsa bolmaýamy! Söýginiň nämedigini bilmän ötsem bolmaýamy!»
Ol pikire batyp ýatyşyna, ahyry uka gitdi. Irden kimdir biriniň saçyny sypaýanyna gözüni açdy. Ýanynda gaýgy-gama batyp, Ýusup otyrdy. Munça urlandan soň, Jemile Ýusubyň öz saçlaryny sypamasyna ynanyp bilmedi. Kineden onuň gözlerinden paýrap ýaş döküldi-de, aglamadan çişen ýüzlerinden ýol ýasady. Ýusup onuň gözýaşlaryny aýalary bilen süpürdi. Özem pyşyrdap, oňa ýalbardy:
—Jemiläm, bagyşla... Agşam öz akylymda däldim... Akylym ýerinde bolsa, heý, men saňa barmak batyrjak adammy!
Bu sözlere Jemiläniň Ýusupdan doňup duran ýüregi günüň howruna çydam etmedik gar kimin, pagyş-para eredi. Јhli kinesi düw-dagyn boldy. Ol hut şu pursatda Ýusuba düşündi. Ýusubyň bu gohlary özüni ýigrenmekden däl-de, perzentsizlik jebrini çekip bilmeýänliginden edýändigine düşündi. Ýerinden galdy.
—Sen günäkär däl, Ýusup jan. Men senden birjigem gaty göremok —diýip, Jemile Ýusubyň öz gözýaşlaryny sylýan elini eline aldy. Oňa dodaklaryny ýetirdi. —Men günäkär, ezizim...
—Ýok, sen günäkär däl —diýip, Ýusup Jemiläniň alyn saçlaryny timarlady. —Sen günäkär däl... Düşünýän-ä men bu zatlara...
Jemile birden başyny Ýusubyň dyzlaryna goýdy-da, horkuldap, aglamaga başlady:
—Ýusup jan, indi men şeýdip, ene bolman ötäermikäm?!
Ýusup onuň başyny galdyrdy:
—Aglama, Jemiläm, hemmesi gül ýaly bolar. Alla bardyr.
Edil şol pursat gapa ýeňil maşyn gelip durdy. Ýusup bilen Jemile daşaryk çykdylar. Maşyndan Gülsoltan daýza, Gurban aga, Jemiläniň dogany Döndi, Ýusubyň jigisi Ahmet düşdi.
Ýusup bularyň üýşüp gelmesiniň sebäbini aňdy. «Eýýäm agşamky gohy ýetiripdirler-ow. Tüweleme, gybat-gürrüňe zor adamlar bar-ow!» diýip, ol pikir öwürdi.
Gülsoltan daýza dessine Jemiläni gujaklap, onuň ýüz-gözüni süpürişdirdi. Ýusuba haýbat atdy:
—Ene ýekeje gezek şu çaga barmajygyňy batyraýsaň, eddil eliňi döwerin! Çagasy bolmasa-da, şuny urdurjagam däl, kowdurjagam däl. Çaga gerek bolsa, hana, al, Ahmet janyň ogullarynyň birini. Öz ataň nesli. Keseki däl.
—Sen-ow, eliňi kän süýndürme! —diýip, Gurban aga-da ogluna haýbat atdy. —Jemile urulmaly çaga däldir!
Döndi bolsa Jemiläniň gününe gynanyp, sessiz gözýaş dökdi durdy.
—Alaý-how meň ogullarymyň birini, men berjek —diýip, Ahmedem Ýusuba ýüzlendi. —Saňa meňzäbem dur şolar... Beýdip ile gürrüň bolup ýörme, gije oba ýaň salyp!
Ýusubyň kalbynda ejesine-de, kakasyna-da, jigisine-de gaýtargy bardy. Ýöne ol Jemiläni gynandyrmajak bolup, hijisine zat diýmedi. Özem bu ýerden basymrak saýlananyny kem görmedi. Sesini çykarman, maşynyna münüp, işine gitdi.
Jemiläni köşeşdirip, gaýynlarydyr Döndem gaýtdy.
Agşam Ýusup ýene gijäniň bir mahaly içip gelip, Jemilä ýapyşdy. Ony köçä çykaryp, kowdy, urdy.
—Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Ertesi ýene Jemilä ýalbaryp, ötünç sorady. Ýene Gülsoltan daýzadyr Gurban aga gelip, Ýusuba käýýäp gitdiler. Hatda Gurban aga eline ýarty kerpiji alyp, Ýusuby urjagam boldy.
Her zat etselerem, Ýusup endigini goýmady. Ol günde gije içip gelip, Jemiläni urýardy, irdenem ötünç soraýardy. Jemile soňy bilen Ýusubyň geler uçurlary beýleki jaýa girip, içinden gulplap oturdy. Şeýdende-de Ýusup gapyny depip-depip, oňa agzyna gelenini sögüp, gijesini geçirdi.
—Bolmasa, sen meňkide ýaşa —diýip, Gülsoltan daýza Jemilä ýalbaryp gördi. —Belki, Ýusubam soňy bilen köşeşer...
—Aý, ýok, öldürýänem bolsa, şu ýerde ýaşajak —diýip, Jemile gaýynenesi bilen ylalaşmady. —Meni diňe ölemde äkiderler Ýusubyň ýanyndan!
Ýusup içip-içip, bozulyp barýardy. Munuň öňüni almagyň gerekdigine Gülsoltan daýza-da, Gurban aga-da düşünýärdi. Bir gün olar seri sagka Ýusuby ýanlaryna çagyrdylar. Ahmediň ogullarynyň birini Ýusubyň adyna geçirmek barada maslahat etdiler.
—Gerek däl! —diýip, Ýusup olar bilen razylaşmady. —Men öz neslimiň ýörärini isleýän...
Gülsoltan daýzadyr Gurban aga-da oňa näme çäre etjegini bilmän, bialaç bolup galdylar.
Öz durmuşyna Ýusubyň özi-de nä alaç etjegini bilenokdy. Öz bolup ýörşüne özi-de düşünenokdy. Öňler onuň gözüne Jemileden özge gelinler ilmezdi. Onuň Jemilesi bütin obanyň gelin-gyzlaryndan saýlanyp durdy. Boý ýerine boýy bardy. Onuňky kimin owadan hem janalgyç göz-gaşy, birgeňsije gunça mysaly dodaklary, alma ýaly ýaňaklary Ýusup hiç gelin-gyzda görmeýärdi. Hatda görmeksizräk gelinli ýigitlere haýran galýardy. «Görmeksiz aýal bilen nädip ýaşaşyp bilýärkä?» diýip, pikir ederdi.
Ol aýallaryň nähilisiniň owadan bolýanyna, mähirli görünýänine indi düşünýärdi. Indi Ýusup üçin eli çagaly aýallar owadan görünýärdi. Olaryň sölpüldäp, ebtini agdyryp barýanlaram, köýnekdir gyňaçlaryna kir siňenlerem, çyrlap-çyrlap sögüp gygyrýanlaram, köne galoşyndan aýaklarynyň çory görnüp, çagasynyň elinden tutup, idenekledip barýanlaram Ýusubyň gözüne owadan hem bir geňsi bolup görünýärdi. «Ýa hakyky mähir gelin-gyzlara diňe ene bolandan soň siňýärmikä?» diýip, ol pikir öwürýärdi. «Näme üçin meniň Jemiläme şeýle bagty dözmediň sen, Allam!» diýip, ol käteler Hudaýa nalyş edýärdi.
Bir gün ony klasdaşy Allamyrat myhmançylyga çagyrdy. Allamyratdyr Gunçadan-da henizem çaga önenokdy.
Ýusup baranda Allamyradyň bir özüdi. Gunça atasy öýüne gidipdi. Iki klasdaş bolup, ilki çaý-suw içdiler. Soň gürrüňçilik başlandy.
—Sen Jemiläni harlaýamyşyň diýip eşidýän —diýip, Allamyrat ahyry özüniň Ýusuby näme üçin çagyranyny duýdurdy. —Şo hakda gürleşeýin diýdim.
Ýusup birbada näme diýjegini bilmän, başyny aşak saldy. Allamyrat dowam etdi:
—Jemile harlanmaly maşgal-a däldir, dost! Sen öňler ony nähili gowy görýädiň?! Ýadyňa düşýämi, okaýarkak, saçyna çenli darap berýädiň-ä!
—Men ony häzirem gowy görýän! —diýip, Ýusup pessaý gürledi. —Ýüregimem awaýa oňa.
—Häzir gowy görýäniňe men-ä ynanamok, dost —diýip, Allamyrat gönüledi. —Bütin oba siziň gürrüňiňizi edýä. «Ýusup her gün agşam köçede Jemiläni ýençýä» diýýäler. Utanaňokmy?! Nädip dözýäň Jemile ýaly gelni urmaga! Öň ony Hudaýyň urany azmy?!
Ýusup dostunyň igençlerine çydaman, çilim otlandy:
—Özümiň telek iş edýänimi soň bilýän —diýip, müýnli gepledi. —Içgilikäm... ýatdan çykaýýa...
—Men bilýän seniň nämä janyňy ýakýanyňy —diýip, Allamyrat Ýusubyň göreçlerine seretdi. —Sebäbi seniň derdiň meniňem başymda bar. Hana, görüp dursuň, Gunçadanam çaga önenok. Ýöne men ony urmag-a beýlede dursun, onuň ýanynda önelgesizlik hakda dilem ýarmakçy däl. Görnüp duran zat hakda dil ýarmak nämä gerek! Haçan onuň özi çaga küýsese, alaýsyn islän ýerinden.
—Çagasy bolmasa-da, sen ony kowjagam dälmi? —diýip, Ýusup haýran galyp sorady.
—Men onsuz ýaşap biljek däl, sebäbi men ony hakykatdanam gowy görýän. Gunçasyz durmuş meniň üçin puç —diýip, Allamyrat jogap berdi.
—Sen onda söýgi-söýgi diýip, nesilsiz ötäýjeg-ow düneden?! —diýip, Ýusup Allamyradyň bolşuna haýran galdy.
—Meniň atamyň nesli dowam edip dur —diýip, Allamyrat arkaýyn gepledi. —Jigimlerimde, doganlarymda çaga ýetik. Hemmesem meniň atamyň dowamy... Gerek bolsa, şolaryň birini alaryn... Düneden giden wagtyň gapyňy açyp oturmaga biri bolsa bolýa-da. Çaga dogurýan aýal aljak diýip, men ömrümi söýgüsiz ötürip bilmen!
—Ýok! Men seniň ol pikiriň bilen ylalaşamok —diýip, Ýusup Allamyrada garşy çykdy. —Men il arasynda «Ýusu-byň çagalary. Ýusubyň nesli» diýen sözüň ýöränini isleýän.
—Birinjiden-ä, sen bir çagany alyp, ony öz adyňa geçirseňem, il oňa «Ýusubyň ogly, Ýusubyň nesli» diýer —diýip, Allamyrat öz sözüni bek tutdy.
—Hakykatda welin, ol barybir, meniň neslim bolmaz —diýip, Ýusup Allamyradyň sözüni böldi. —Onuň gany meňki bolmaz.
—Ine, seniň damaaryňda kimiň ganynyň urýanyny, seniň kimiň neslidigiňi il bilýämi häzir!—diýip, Allamyrat hem Ýusuba ýeň bermedi. —Seniň özüň ataňdan öňki ata-babalaryňy tanaýarmyň? Asyl, bilmänjik geçäersiň...
—Bu zatlar saňa nämä gerek?!
—Ine, bizem şeýle... Biziň adymyz ýörese, üç arka ýörär. Diňe ogluň, agtyklaryň, çowluklaryň diýer «Biz Ýusubyň nesli» diýip... Galan nesilleriň ýadyna sen düşmersiňem...
—Maňa bolýa şonça nesil ýatlasa... —diýip, Ýusup dostunyň dawasyndan ýadap, gaharlandy. —Sen gepi uzaldyp oturma-da, aýtsana esasy aýtjak zadyňy...
—Aýtjak bolýan zadym şü, sen nesil diýip, Jemile ýaly maşgalany harlama. Durmuş ýanyňda gowy görýäniň barka süýjüdir, ýüregiň almaýan adamsy bilen ýaşamak kyn düşer diýjek bolýan. Ile gürrüň bolup, maşgalaňy dargatma diýjek bolýan...
—Men seni gowy görýän, dost —diýip, Ýusup gaharyndan ýaňa çiliminden dişlerini geçiräýjek boldy. —Ýöne biri-birimiziň maşgala durmuşymyza goşulmaly, bolýamy?!
Şeý diýip, ol gaýtmak üçin ýerinden turdy.
—Sen öz söýgiňi «Ýiti gyzyl tiz solar» etjeg-ow onda? —diýip, Allamyrat hem ýerinden turup, oňa ýene sowal berdi. —Sen Jemiläni nähili gowy görýädiň! Bütin obanyň gürrüňi siz hakdady. Indi bu zatlaryň baryny ýalana çykaraýjakmy sen?!
Ýusup Allamyrada:
—Sag bol—diýdi-de, daşaryk çykdy. Onuň sowallaryna bolsa jogap bermedi.
Allamyrat onuň yzyndan garap galdy.
Bu wagt Allamyradyň sözleri, diýen zatlary Ýusubyň gulagyna-da ilenokdy. Gaýtam ol öz ýanyndan Allamyrady samsyk saýdy. «Söýgi diýen bolup, nesilsiz geçjeg-ow ol paňkelle» diýip, içini gepletdi. «Nesilsiz durmuşdanam bir durmuş bolarmy!»
Ol diňe ogully bolmagyň höwesi bilen ýaşaýardy. Ýöne Jemiläni näme etjegini bilenokdy. Jemiläniň özüni gowy görýänine düşünýärdi. Onuň özünden aňsat aýrylmajagyny-da bilýärdi. «Aýal tapsam bolýa, her zat ederin, aýraryn» diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Özem günsaýyn Jemileden sowaşýardy. Indi Ýusuby Jemiläniň owadan keşbem özüne çekenokdy, syratam. Ony görse, gahary gelýärdi. Çagasy bolmaýanlygy üçin ol Ýusubyň gözüne aýal däl-de, eşik geýdirilip goýberilen garantga mysalydy.
Ýusup şeýdip, aýlandyrylyp goýberilen ýaly bolup ýörkä oba «Soltangül çagasyny alyp, adamsyndan aýrylyşyp gelipdir» diýen habar ýaýrady. Onuň aýrylyşmasy hakda her kim bir zat diýýärdi. Kim «Nahar bişirmäni oňaranokmyş» diýýärdi. Kim «Kir ýuwmagy oňaranokmyş» diýýärdi. Ýöne hemme gepleriň ahyr netijesi deň gelýärdi. «Soltangülüň özi aýrylyşyp gaýtmandyr-da, adamsy kowupdyr, halys ony ýüregi almandyr» diýýärdiler.
Kim näme diýse-de, Ýusubyň göwnüne bolmasa, Soltangül hut özi üçin gelen ýalydy. Ol bu wagt onuň kir ýuwup bilmeýänligi hakda-da, nahar bişirip bilmeýänligi hakda-da pikir edenokdy. Ogla, nesle suwsan Ýusubyň bar pikiri häzir Soltangülüň ene bolup bilenligi hakdady. «Çaga dogrup bilýä, şol bes» diýip, ol öwran-öwran pikir öwürdi. Hem razy edip bilse, Soltangüle öýlenmegi ýüregine düwdi. Oňa öýlenäýse, öz gapysyndan-da özüne meňzeşje oglanžyklaryň girip-çykyp ýörjegini ýatlap, begendi. Öz gapysynda-da gelin toýlaryň, gyz toýlaryň boljagyna begendi. Jemile bolsa onuň gapysynda bolmaly ähli toýlaryň üstüne atanak çekip otyrdy.
Soltangülüň ejesi Ogulgül obada mata-marlak satardy. Şonuň üçin mydama ýolagçydy. Ýa şähere barýandyr, ýa beýleki obalara barýandyr. Onuň öýünde bolýan wagtyndan bolmaýan wagty köpdi.
Ogulgülüň söwdanyň ugruna giden günleriniň birinde, perzent küýseginden dälilik hetdine ýeten Ýusup gijäniň bir mahaly, utanmazlyk üçin birazajyk içip, Soltangülüň gapysyndan bardy. Gapylar ýapyk, çyralar sönükdi. Bütin oba ukudady. Soltangülleriň bir otagyndan ölügsije yşyk görünýärdi.
Ýusup gapyny çalaja tyrkyldatdy. Içerden Soltangülüň:
—Kimsiň? —diýip gygyrýan sesi eşidildi.
—Men, Ýusup, klasdaşyň —diýip, Ýusup biri eşidäýmesin diýen gorky bile çalaja jogap berdi.
Soltangül derrew gapyny açdy-da, gep soraman, Ýusuby içeri saldy. Çyrany ýakdy. Hamala ol Ýusubyň geljeginden öň habarly ýalydy. Juda arkaýyndy. Ortada çalam-çaş bolup ýatan arlykdyr çaga balaklaryny ýygnaşdyrdy. Bir çetde arkan düşüp, iki ýaşlaryndaky oglanjyk uklap ýatyrdy. «Şeýdip, meniňem öýümde çaga uklasady» diýip, Ýusup pikir öwürdi.
—Jemilä mata diýip geldiňmi? —diýip, Ýusubyň ýadyna özi düşýändir öýdüp, hiç wagt pikir etmedik Soltangül morta sowal berdi. —Häzir ejem ýok. Ejem gelensoň...
Ýusup onuň sözüni bölüp:
—Ýok, sen diýip geldim —diýip, oňa ömründe düýşüne-de girmedik jogaby berdi.
Ýusubyň bu jogabyna Soltangül agzyny öweldip galdy. Birbada ynanmady. Ýusup nire, Soltangül nire! Soltangül mekdepde-de, obada-da gülki ýassygy bolup geçdi. Hemmeler onuň üstünden güldi. Ýusup bolsa obanyň-da, klasyň-da «men-men» diýen gyzlarynyň armanydy. Onuň ugrunda köýüp-köýüp, oňa özüni söýdürip bilmän geçen gyzlar hakda Soltangülem bilýär-ä. Iň bolman kolhoz işläp ýörkälerem gyzlaryň bar gürrüňi Ýusup bolardy ahyry! Üstesine-de, onuň aý ýaly Jemilesi bar! Bu zatlar hakda pikir edip, Soltangül: «Munuň akyly üýtgedimikä? Ýa-da içgiden açylyp bilmän geldimikä?» diýip oýlandy.
Soltangülüň dymmasy Ýusuby gorkuzman durmady. Birden özüniň kowlaýmagyndan gorkdy.
—Men birneme içdim —diýip, Ýusup Soltangüle seredip gepledi. —Ýöne meniň aňym ýerinde. Men dogrudanam, sen diýip geldim, klasdaş!
Aýaly öýündekä «Sen diýip geldim» diýip duran Ýusup hakda Soltangül ýene üýtgeşik pikir etmedi. Bir ýumşy bardyr öýtdi. Ýöne onuň näme ýumuşdygyny sorabam ýetişmedi. Ýusubyň özi dillendi:
—Eger sen razy bolsaň, men saňa öýlenmekçi, Soltangül!
Soltangül üçin bu gürrüňler düýşde bolup geçýän ýalydy. Heý-de, şäheriň uly wraçy, ençe gyzlaryň ýüreginde arman bolup galan syratly ýigit öýlenjek diýer-de, Soltangül etmezmi! Ol başyna şeýle bagtyň gonýanyna heniz ynanyp bilmän durdy. Ýüregi begençden dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolýardy. «Men razy!» diýip, Ýusubyň üstüne towsaýasy gelýärdi. Ýöne sähel gymyldasa, Ýusup özünden gaçyp gidäýjek ýalydy.
Ýusubyň göwnüne bolmasa, Soltangül özüne razy bolmajak ýalydy. Ol Soltangülüň ýanyna bardy. Onuň boýunlaryndan ellerini geçirdi. Saçlaryny sypalady. Ýüzüni ýüzüne golaýlaşdyryp, ýyly demini çabradyp pyşyrdady:
—Maňa ogul gerek, Soltangül! Jemileden çaga önenok... Sen maňa ýekeje ogul dogrup bermäge razy bol!
Soltangül bu bagtly pursatdan huşuny ýitirdi. Bagtlylykdan dili tutuldy. Näme geplejeginem bilmedi. Erkini Ýusubyň eline berdi. Öz hereketlerine garşy bolmaýan Soltangülüň özüne razy bolanyny duýup, Ýusup serden geçdi. Huşy başyndan uçup, Soltangülüň daýaw göwresini bagryna basdy. Onuň saçlaryndan, ýüz-gözünden ogşap, däli boldy. Çaga dogranlygy üçin Soltangül onuň gözüne adaty aýal däl-de, perişde ýaly bolup görünýärdi. Ýetilmesi kyn arzuw ýalydy. El uzadyp bolmajak belent şaha ýalydy. Häzir bolsa, şol şaha, şol arzuw Ýusubyň gujagyndady. Ýusuba ol arzuw, ol şaha ýetdirdi. Ýusup indi ony öz islegine tabyn edip bilýärdi...
Ýusup Soltangüli öpüp-guçup, keýpden çykansoň, daňyň öň ýanynda gaýdarman boldy.
—Men çagany saňa ejemiň öýünde dogrup bermelimi? —diýip, Soltangül Soltangüllügini edip, Ýusuby ugradyp durka morta sowal berdi.
Onuň bu sowaly Ýusup üçinem gödek hem samsyklaç eşidildi.
—Sen göwräňde çaga baryny duýan halatyň men seni öe äkiderin —diýip, Ýusup jogap berdi.
—Heleýiň bar-a öýüňde —diýip, Soltangül indi näzirgäp ugrady. —Men-ä oň bilen bir ýerde ýaşaman!
Ýusup:
—Seni eltsem, ol gitmeli bor—diýdi-de, çykyp gitdi.
Soltangül bu bolup geçen zatlar düýşünde bolanam bolsa, begenmän durmazdy. Bu zatlara begenmekden ýaňa onuň ýüregi çat açaýjak bolýardy. Ol begenç duýgularyndan ýaňa uklabam bilmedi. Ýusup ýaly ýigidiň özüni soraglamasy onuň üçin bagtyň çür depesidi...
Ýusup Soltangülüňkä ertesi agşam-da geldi. Soňky agşam hem. Asyl, ejesi gelýänçä, on günläp aýagyny çekmedi.
—Ejem gelensoňam geliber, ol saňa hiç zat diýmez! —diýip, Soltangül Ýusuby arkaýyn etse-de, Ýusup gaýynlygy gelensoň, bu öe gelmäge utandy. Biraz daşda gezdi.
Ýusubyň Soltangülüňkide bolup gidýäni oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady.
—Ýusup Jemiläni kowup, Soltangüli aljakmyş—diýşip, iki adamyň başy çatylan ýerde gürrüň edýärdiler.
Bu habar Jemilä-de ýetdi. Şeýle-de bolsa Jemile Ýusubyň gaharynyň gelerinden gorkusyna sesini çykarmady. Ýöne özüni Soltangül bilen çalyşmaga mynasyp gören Ýusupdan kine edip, ýüregini sançdyryp-sançdyryp aglady.
Radio bolsa häli-şindi günortanky konsertinde Jemiläniň ýüregine ot berýän aýdymy aýdyp, ony möňňürdýärdi:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran-eý kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Jemile bir wagt, heniz durmuşa çykmanka gören düýşüni, düýşünde öz başyna gonjak bolup duran Bagt guşunyň birdenkä uçup gidip, Soltangülüň başyna gonuşyny ýatlady. «Düýşe ynanmaly däl» diýýäler. Onda bu näme boldugy?!» diýip, Jemile gussa batyp, aglap oturyşyna oýlandy. «Bagt guşuny meň başyma gondurjak bolup, oňa ýalbaryp gygyrýanam Ýusup, bagty menden alyp, Soltangüle berýänem...» Ol garşysynda kimdir biri oturan ýaly, sesli gepläp nalaýardy.
Soltangülli gybatlar oba ýaýransoň, Gülsoltan daýza bilen Gurban aga ylgap gelip, ýene Ýusubyň daşyna geçdiler.
—Sen akylyňdan azaşypsyň! Öň-soň ärinden aýrylan aýal almakçy bolsaň, Soltangül-ä almarsyň. Uly iliň pisläni bize gelin bolmalymydyr! —diýip, Gülsoltan daýza Ýusubyň maňlaýyna ýumruk çenedi. —Onsoňam indi aljak aýalyň bu öýde ýaşamaz! Bu ýerde Jemile jan bolar. Indikiňi şähere äkit-de, şol ýerde ýaşat!
Ejesi-kakasynyň öz işine goşulmasyna Ýusubyň gahary geldi:
—Kim maňa şähere gidip aýal bolar! Nirede bar beýle akmak adam?!
—Sen Jemiläni kowsaň, onuň kakasy, öweý ejesi nähili heşelle kakar! Olar bize Jemiläni bermejek bolup, nähililer bolupdylar! —diýip, Gülsoltan daýza gözlerini ýaşlady. —«Söýýän» diýip, Jemilä öýlenenem özüňdiň ahyry, oglum! Diýmek, seniň ony gowy göreniňem ýalan eken-dä?!
—«Söýgi» diýip, men düneden perzentsiz ötmelimi?! —diýip gygyrdy-da, Ýusup ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi. —Goşulmaň meniň günüme!
—Sen her zat etseňem Jemilänem kowaňok, Soltangüle-de öýleneňok! —diýip, Gurban aga oglunyň üstüne düwledi.
Ýusup bar gazabyny gözlerinde jemledi:
—Diýmek, sen meniň zürýatsyz ötmegimi isleýäň-dä, kaka?! Meň ýerimde özüňem goýup gör käte!
Gurban aga gaýdyp Ýusuba zat diýmedi. Gülsoltan daýza-da bialaç dymdy. Allanyň özi bir tarapa syraýmasa, olaryň hijisi-de bu meselede näme etjegini bilenokdy.
Ahyr bolmaly zatlar öz ugruna bolup başlady. Gaýynlygynyň mata gözlegine giden günleriniň birinde ýene Soltangülüň ýanyna baranda, Ýusup ondan hoş habar eşitdi. Soltangül erinlerini gulaklaryna ýetirip, utanyp-çekinjegem bolman, bu habary Ýusuba aýtdy:
—Aý, oglan, göwrede çaga-ha dörändir. Ile-güne ryswa etmän, äkideweri öýüňe. Ejeme-de aýtdym bar zady. Ol hem razy saňa barmagyma.
Ýusup begenjinden:
—Çynyňmy? —diýip, Soltangüli nähili gujaklanynam bilmedi. —Ertiriň özünde äkiderin!
«Çaga! Meniňem çagam boljak! Menem çagaly adam bolaryn!» diýip, Ýusup birsyhly pikir öwürýärdi. Çaýkanjyrap, meşik ýaly bolup, girip-çykyp ýören Soltangül häzir onuň gözüne dünýädäki bar aýallardan eziz göründi. «Bolanda näme ikilikçi!» diýip, Soltangülüň geçmişini ýatlady. «Aýal bolmak üçin ikilik bilen bäşligiň tapawudy barmy näme! Aýal aýallyk borjuny berjaý etse bor. Baha hiç!»
Ýusup agşam Soltangülüň ýanyndan gelende Jemile ýatmandy. Ol dyzlarynyň üstünde gowşuran ellerine eňegini diräp, oýa çümüp otyrdy. Ýusuba garaşýardy.
Ýusup gelenden, onuň gapdalynda çökdi:
—Jemile, sen indi çaga däl, ýaş däl, ikimiz dogry gürrüň edeli —diýip, oňa ýüzlendi.
Jemile: «Aýdyber» diýen terzde Ýusubyň ýüzüne seretdi. Ýusup dowam etdi:
—Senden çaga önmejeg-ä görnüp dur, Jemile! Sen meni haçana çenli şeýdip, özüňe daňyp goýjak?!
—Men seni daňamok, Ýusup jan, arkaýyn öýleniber —diýip, Jemile Ýusubyň öýlenmegini näler islemese-de, razylyk bildirdi.
Ýusup elini daldalatdy:
—Men nädip öýleneýin! Sen öýde otyrkaň, men nädip öe başga aýal getireýin!
—Sen başga kişä öýleneňde çagaň bolar öýdýäňmi? —diýip, Jemile pessaý ses bilen sorady. —Belki, bu ýagdaý sen sebäplidir...
—Soltangül eýýäm menden göwreli!
Ýusup bu sözleri aýdanda Jemile üçin öe bomba düşen ýaly boldy. Gulaklary şaňlap, kellesi güwledi. Gyzgynynyň galýanyny duýdy. Ol Ýusubyň Soltangüli aljagyny eşitse-de, olar eýýäm bu derejelere ýetendir öýdenokdy. Jemile Ýusubyň sözlerine dälirän ýaly boldy:
—Diýmek, sen eýýäm onuň saçlaryny-da sypap ýetişipsiň-dä?! Ony bagryňa-da basyp ýetişipsiň-dä?!
—Hemme zadam boldy! —diýip, Ýusup biperwaý gepledi. —Ertir men ony öe getirmeli boljak. Sen gitmeseň bolmaýa!
Jemile aglap, özüni Ýusubyň üstüne oklady:
—Sen nädip ony meniň ornumda goýup bildiň, Ýusup ja-an?!
—Ol meniň çagamyň ejesi bolmaly. Ol meniň üçin beýik adam —diýip, Ýusup şol bir durkuny saklap gepledi. —Kelläňi galdyr-da, agyňy goý, Jemile! Men bizar boldum seniň gözýaşlaryňdan! Meniňem gözýaşsyz durmuşda ýaşasym gelýä!
—Meni kowma, Ýusup jan! —diýip, Jemile ýene oňa ýalbardy. —Gapyňda hyzmatkäriň bolaýyn! Ikinjiň bolaýyn. Men sensiz nädip ýaşaryn! Seni görmän, men nädip oňaryn! Onsoňam, men indi nirä gideýin?! Meniň üçin atam öýüm-de bekli ahyry!
—Soltangül seniň bärde bolaryňy islänok!
Ýusubyň soňky sözleri Jemiläniň beýnisini doňdurdy. «Islänok?» diýip, sowaly beýnisinde gaýtalady. «Soltangül islänok... şol Soltangül! Kiçi klaslarda partasyny ölläp oturan Soltangül! Meşik ýaly bolup, mydama iliň soňunda süýrenip ýören Soltangül. Soralan sapagy bilmän, ikilikden gözi açylmadyk Soltangül... Gözleri kiçijik, dodaklary sallanyp duran, ýüzi gara ört Soltangül... Şoň ýaly maşgalany meň ornumda goýmaga mynasyp gören bolsa...»
Ýusubyň ýagdaýy Jemilä düşnükli boldy. Ol: «Ýusubyň kellesi ýerinde däl» diýen netijä geldi. «Çaga küýsegi ony şu derejelere ýetiripdir».
Jemile aglamasyny goýdy. Kaýyllyk bilen ýerinden galyp, köýneklerini düwünçege düwdi. Düwünçegini gujaklap, kellesine taýak degen ýaly bolup, Ýusuba kelam-agyz zat diýmän, çykyp gitdi. Baryp, dogany Döndiniň gapysyna maňlaý diredi.
Goltugy düwünçekli gelen jigisiniň ýagdaýyny Döndi aňdy.
—Zyýany ýok, gynanma, bary Allanyň işidir —diýip, ol Jemilä göwünlik berdi. Jemiläni aglatmajak bolup, özi aglady. —«Irki güni çoýmadygyň öýlän güni çoýmaz» diýleni-dä. Başdan ykbalyň ters boldy-da, jigim...
—Soltangül eýýäm ondan göwrelimiş —diýip, Jemile içerik girenlerinden soň gamgyn gepledi. —Ýusup ony söýüpdir. Ýogsa beýle bolmazdy.
—Söýüp-söen däldir-le —diýip, Döndi Jemiläni köşeşdirmek maksady bilen, oňa ýaraýjak sözleri tapdy. —Çaga üçin edýändir. Hakykatda ol seni gowy görýändir. Ilki ýürege giren adam hiç wagt ýürekden çykýan däldir. Ine, görersiň, ol küýsäbem ugrar seni.
Doganynyň bu sözleri Jemiläniň ýüregine birneme teselli berdi. Hamala Ýusup özüni äkitmäge gelen ýaly boldy.
—Alla jan, şony kowup, menem bir äkidäýbiseýdir —diýip, dileg etdi.
—Јkider, hökman äkider. Seň ýaly owadan gelni barka, ol Soltangül bilen ýaşarmy! —diýip, Döndi Jemilä göwünlik berdi.
Jemiläni doganynyň öýi-de gysyp-gowurdy. Wagtyny geçirmek üçin ol öý işlerine-de kömek eden bolýardy. Ýöne her zada güýmense-de, günler ötmeze döndi. Obada welin, gürrüň köpeldi. Indi iki adamyň başynyň birigen ýerinde Ýusup bilen Soltangülüň gürrüňi edilýärdi. Aýallar eňegine jaň dakylan dek jammyldaşýardylar:
—Ýusup Soltangüli ejelerine-de maşynly äkidýärmiş.
—Ony asyl ýöredenokmyşam. Elinde göterip gezýärmiş.
—Kirinem Ýusup ýuwup berýämiş, naharyny-da bişirip, öňüne eltip berýämiş.
—Eýýäm näçe sany pombarh köýnegem alyp beripdir.
—Öýünde-de pombarh geýdirýämiş.
Gürrüň kändi. Hut Jemile eşidip, içi ýansyn diýýän ýaly, Jemile dükana barsa-da şol gürrüňlerdi, köçä çyksa-da, toýa-üýşmeleňe barsa-da. Bu gürrüňler Jemiläniň ýüregine ok bolup çümýärdi. Ol özi duýmazdan, sagatsaýy ýere siňip barýardy. Gelibem, doganynyň ýanynda zar-zar aglaýardy.
—Ýusup Soltangüli maşyndan düşürenokmyş.
—Sen aýallaryň gepine ynanma! —diýip, Döndi oňa birsyhly göwünlik berýärdi. —Olar seniň içiňi ýakmak üçinem aýdýandyrlar. Meniň özüm näçe gezek gördüm Ýusubyň maşynly geçip gidenini. Içinde hiç kimem ýokdy.
Döndiniň bu sözleri Jemiläniň kemsinmeden ýaňa sorkuldap, durşuna yza bolup duran ýüregine birneme teselli berdi. Ýüzi ýagtylyp gitdi:
—Şeýlemi?
—Hawa.
Jemiläniň ýüzi az salymdan ýene bulut çökene döndi:
—Ýusup Soltangülüň kirinem ýuwup berýämiş, naharynam bişirip berýämiş. Eýýäm näçe pombarham alyp berenmiş...
—Heý, erkek kişem bir kir ýuwarmy! Seniň kelläň bir ýerindemi! —diýip, Döndi birsyhly Jemiläni köşeşdirýärdi. —Erkek diýeniň hiç wagt aýalynyň öňüne nahar bişirip, getirip goýmaz. Soltangüle sansyz pombarh äberer ýaly, Ýusupda üýtgeşik pul bardyr öýdýäňmi! Olam iliň alýan aýlygy bilen ýaşaýar-a. Soltangülüň-ä egnindäki köýnekleri şol bir öňki köýnekleri.
—Şeýlemi? —diýip, Jemile ýene birbada köşeşen bolýardy.
Ýöne rahatlygy uzaga çekenokdy. Onuň göz öňünde ýene syratly Ýusuby janlanýardy. Onuň özüne ýylgyryp bakyşlary, saçlaryny darap berýän pursatlary göz öňünden hatar-hatar bolup geçýärdi. Birdenem onuň özüni urup-enjen günlerini ýatlap, ejizleýärdi. Beýnisinde şol bir aýdymyň sözleri gaýtalanýardy:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner!
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Bagt guşuny gören düýşüni ýatlaýardy. Bu zatlaryň näme üçin beýle bolýandygyna hiç akyl ýetirip bilenokdy.
Gijelerine ýene Döndiniň gulak etini guradýardy:
—Ýusup Soltangülüň saçyny-da darap berýändir... Bileje oturyp, gülşüp, çaý içýändirler...
Döndi käte ýaltanman, Jemilä köşeşdiriji sözler aýdýardy, käte hem näme diýjegini bilmän, uludan dem alar goýardy.
Bir günem oba «Ýusubyň ogly bolanmyş» diýen habar ýaýrady. Ol gün Jemile bir ölmedi. Aglap-aglap, ýüz-gözi çişdi. Hiç zat iýip-içip bilmedi. Ýüregi sorkuldap-sorkuldap, tas ölüpdi. Döndidir adamsy iki gezek «Tiz kömegi» çagyryp, ony sançdyrmaly boldular.
Bu habardan soň gepçi aýallar oba dürli-dürli gepleri ýaýratdylar:
—Ýusup ogluna uly toý tutjakmyş!
—Ogluny şeýle bir gowy görýärmiş welin, gijelerine-de Soltangüle bermän, öz gujagyna alyp ýatýamyş.
—Arlygyny-da özi ýuwýamyş.
Gepler ondan-oňa çapdyryldy. Jemile indi bu habarlary Döndiniň ýanynda-da agzamady. Ol her gepi eşidende, sygyr dölä girip, aglap-aglap, ýüregini gowzudýardy. «Meni näme üçin gury agaja dönderdiň, Alla jan?! Näme üçin Ýusubyň ogly menden bolaýmady!» diýip, gaýtalap-gaýtlap, Alla ýalbarýardy.
Bir gije, garaňky mazaly gatlyşansoň, ol Döndä-de nirä gidýänini aýtman, öňki goňşusy Ogulbikäniňkä myhmançylyga gitdi. Özüniň söýgüli ýigidi bilen ençe ýyl bileje ýaşan jaýyna gözi düşende ýüregine pyçak urlan ýaly boldy. Gapydaky ýüpe serilgi arlyklary görüp, gözlerini ýaşlady. «Näme üçin meň gapymda kişiniň arlygy asylgy, Alla jan!» diýip, pyşyrdap nalady-da, aglamjyrady. «Hudaýym, seň başyňa meňkidenem beter gün düşsün» diýip, adamsyny elinden alan Soltangüle gargynjyrady. «Ýusup görünmezmikä?» diýip, boýnuny süýndürip seretse-de, ony görüp bilmedi.
Jemile baranda Ogulbike çagalarynyň baryny ýumruklap, birine şarpyk çalyp, gyran-jyran edip otyrdy. Özem agzyna gelen hapa sözleri paýradyp, çagalaryna aldygyna sögýärdi:
—Gyran degenler! Ajal alanlar! Birki sanyňyzy ajal alsa-da, men biraz rahatlanjag-a!
«Eý, Hudaý jan! Saňa öwretme ýok. Ýöne näme üçin şeýdip, çaga gerekmejegiň üstüne-hä dökübileniňi döküp, gerege-de ýekejesinem bereňok sen?!» diýip, Jemile Ogulbikäniň bolşuny synlap, dem salymda pikir öwürdi.
—Jemile jan, geleweri. Ýitig bolduň-la! diýip, Ogulbike köne goňşusyny güler ýüz bilen garşy aldy. Jemiläniň guran, hor düşen göwresine, gamgyn ýüzüne nazar aýlap, oňa ýüregi awady. —Biderek zatlara janyňy ýakýaň-da sen! «Geçenden geç!» diýýändir türkmen. Özüňi unudany sen has beterräk unut-da, bar Ýusupdan-da gowy ýigidi tap-da! Seň ýaly owadan maşgalany kim almaz! Näme bi ýalançyda gaýgy-gama batyp ýörüp.
Jemile Ogulbikäniň gapdalyna geçip oturdy.
—Ol menden geçse-de, men ony ýeke salym hem ýadymdan çykaryp bilmen! —diýip, gözlerine ýaş aýlap, Jemile Ýusubyň adyny tutman gepledi. Bogazy doldy.
Ogulbike Jemilä şu pursat gerek sözleri bilipjik durdy. Onuň ýüregine hoş ýakaýjak sözleri eşidesiniň gelýänini bilýärdi. Horlanyp, gama çümüp oturan Jemiläni galkyndyrmak üçin Ogulbike gürrüňini Ýusuba gönükdirdi:
—Sen, Jemile jan, Ýusupdan aýryldym diýip, birem gam çekme. Uzagyndan ol seni ýygnar, gör-de duraý. —Ogulbike töweregine garanjaklap, sesini birneme peseltdi. —Ol Soltangüli birem gowy görenok. Günde agzyna gelenini sögýä. Oňa diňe çaga üçin öýlenäýipdir. Heý, ol seň ýaly owadan gelnini unudyp bilermi!
Bu sözlere Jemiläniň ýüreginiň yzasy birneme aýrylyşyp, ýene ýüzi ýagtylyp ugrady:
—Şeýlemi? —diýip, içki şatlygyny mese-mälim bildirip, ýene gep eşitmek üçin öňe-öňe omzady.
Öz sözleriniň azajygam bolsa, Jemilä gowy täsir edenine Ogulbike-de begendi.
—Hawa, şeýle —diýip, ol ýene sözüni dowam etdi. —Ýusup Soltangüle: «Kirli meşik» diýibem sögýä. «Seni nireden alypdyryn!» diýýä!
—Ogly bolanda Ýusup gaty begenipdir diýýäler, şol çynmyka? —diýip, Jemile gaýgy bilen sorady.
—Begenip näme, goýnuň guzlasa-da begenilýä-dä, Jemile jan —diýip, Ogulbike ýene Jemiläniň ugrundan turjak sözleri tapdy. —Ençe wagt çagasyz gezip ýören kişidir-dä. Begenen bolmagam mümkin. Ýöne biz-ä duýamzok şoň begenenini. Günüň-güni Soltangüle sögüb-ä dur şo! Soltangülüň öňki adamsyndan bolan çagasyny dagy eýýäm äkitdir-dä Soltangülüň ejesiniňkä. Öýünde sakladanok.
Bu habarlar Jemiläniň aladasyny birneme ýeňletdi. Ol yzyna göwrümi giň dolandy.
Gelip, ähli zady Döndä gürrüň berdi. Şeýdip, bu geplerem oba ýaýrady. Soň oba Soltangülüň Ogulbike bilen bogşanlygy hakdaky habar ýaýrady.
«Köpe gözi düşse, göwni açylar» diýip, Döndi Jemiläni toý bolsa alyp gidýärdi. Bir günem obadaşlarynyň biriniň toýunda Jemile bilmezlikde Soltangülüň ejesiniň ýakynragynda oturmaly boldy.
Ömrüni söwda-satyk bilen onda-munda geçirip ýören, ýüzi ýyrtyk Ogulgül Jemiläniň baryny görüp, gepini Ýusuba gönükdirdi:
—Kä heleý Ýusup jan Soltangüli gowy görenokmyş diýip, agzyny oňa-muňa urýar welin, şeý diýýänleň içiniň tütäpjik durany görnüp dur-a! Ýusup jan-a Soltangülüň kirinem ýuwýa, özünem suwa düşürýä. Saçynam ýuwup-darap, örüp berýä! Oguljygynam bir gowy görýä, bir gowy görýä welin, içine-bagryna dykaýjak bolýa. Agtyjagym hut Ýusup jana meňzäpjik dur!
Jemile Ogulgülüň sözlerini uzak diňläp bilmedi. Kellesine taýak degen ýaly bolup, toýdan turup gaýtdy. Ýusubyň öz saçlaryny daran pursatlaryny ýatlady. «Onuň saçlaryny-da hökman daraýandyr ol, hökman daraýandyr» diýip, ýolboýy aglap, özbaşyna gepläp gaýtdy. «Ýalan bolsa, gaýynenesi aýtmazdy». Ol Döndiniň ýanynda-da tä ýatýançalar şu sözleri gaýtalady oturdy:
-
myspaser
3 years ago
- —Gaýynesi ýalan sözlemez, Ýusup Soltangülüňem saçlaryny hökman darap berýändir... Ol meňňem saçlarymy daraýady...
—Jan jigim, o heleý ýalan sözleýä, öz gyzyny öwmek üçin şeý diýýä. öz gyzynyň halanmaýanyny bilip şeý diýýä ol. Ogulbike bilen seniň eden gürrüňiň üçin, ar almak üçin diýýä ol! Ýusup seň saçlaryňy darasa-da, Soltangülüňkini daramaz. Onuň sypaty ýürek alar ýalymy! Saçy dagy näteňet! Ömür gulaklarynyň arkasyndan çogyp dur. Ýusup daraýan bolsa, saçlary şeýdip, gulaklarynyň arkasyndan çykyşar durarmy! Sen bolsaň owadan. Ýusup seniň saçlaryňy gowy görensoň darandyr.
Her zat diýilse-de, Jemile bu gezek ynanmady.
Jemiläniň aladasy, günüň-güni bir ýerden gep eşidip gelip, keýp bozmasy, Ýusuby unudyp bilmän dökýän gözýaşlary Döndini-de irizdi. Onuň gaýynenesidir adamsy-da Jemile hakda Döndä gaty-gaýrym zat diýmeseler-de, Jemiläniň öz öýlerinden girip-çykyp ýörmesini halamaýandyklaryny çytyk ýüzlerinden mese-mälim bildirýärdiler. Hatda adamsy birki gezek Döndiniň ýanynda: «Obada dili uzyn adam kän, Döndi. «Seniň-ä günüň geldi. Iki dogany-da öýüňde bileje saklap ýörmüň?» diýip, maňa degýäler» diýen ýakymsyz habaram agzady.
Bu sözler Döndi üçin ýeterlikdi. Gözýaş dökmeden haýyr ýokdy. Jemiläni öýden gidermelidi. «Ýöne nirä giderjek?» diýip, ol küýi-köçesi Jemile bolansoň, ol hakda birsyhly oýlanýardy. «Öweý eje bilen kakamdan-a oňa eýe bolan ýok. Olar öň ne gün görkezdiler bize. Önelgesiz aýal kime derkar?!»
Günleriň bir güni oba bir şum habar ýaýrady. Sary serhoşuň aýaly ýogaldy. «Türkmenlerde erkek kişi ýogalsa-ha aýala merhumyň kyrky geçenden: «Eger başga kişi bilen goş birikdirmek hyýalyň bolsa, rugsatdyr, gelin» diýlen söz hökman aýdylmalymyş, eger aýal ýogalsa, dul galan erkegiň hossarlary merhumyň kyrky geçenden kimdir biriniňkä gudaçylyga barmaly hem-de dul galan erkek kişiniň ýüreginde entekler öýlenme hyýaly bolmasa-da, aýal maşgala söz aýtmaly» diýlen.
Yryma salgylanyp, Sary serhoşuň hossarlary onuň üçin dul aýalyň idegine çykdylar. Olar başga obalary gözlemedilerem. Sary serhoşdan ýaşy juda kiçi bolsa-da, hatda onuň öz gyzlary bilen deň-duş bolsa-da, Jemilä gudaçylyga geldiler.
—Obada şondan başga dul barmy. Boý ýigid-ä seň önelgesiz jigiňi almaz. Ber-de goýber Sara. Deň-duşuny gözläp, ýat obalara çykaranyňdan, öz obamyza bereniň gowudyr. Her zadam bolsa, gözüň alny —diýip, Döndiniň gaýynenesi onuň gulagyny gazamak gazady. Sary serhoşuň hossarlary gelip gidensoň, iňirdäp goýmady.
Adamsynyň kir-çägi, öýüň işi bilen güýmense, belki, Ýusuby unudar, gözýaşlary gurar diýen niýet bilen Döndi ahyry Jemiläni Sary serhoşa bermäge razy boldy. Sary serhoşa barmaga Jemiläniň özem razy boldy. Sebäbi Sary serhoşuň öýi şähere gidilýän uly ýoluň gyrajygynda ýerleşýärdi. Şähere gidýänem, şäherden gelýänem Sary serhoşlaryň gapdaljygyndan geçýärdi. Jemile-de ol ýerde bolsa, Ýusuby günde iki gezek görüp biljegi hakda pikir etdi. Işe gidende-de, gelende-de synlap biljegi hakda pikir etdi. Döndiniňkide ýaşap ýörse, ol Ýusuby hiç wagt hem görüp bilmejegini bilýärdi.
Jemile özüniň Sary serhoşa beriljegine hatda begendem. Ony Sary serhoşuň içegenligem, ýaşynyň ululygam, gyzlarynyň özi bilen deň-duşlugam alada goýanokdy. Bu zatlar Jemile üçin gara şaýydy. Bu zatlar nähili bolanda-da Jemilä parhy ýokdy. Ol her gezek Ýusup Sary serhoşlaryň melleginiň gyrajygyna degip duran şa ýoldan ötüp gidende ony synlap galsa bolýardy. Ol şeýtmegi-de özi üçin uly bagt hasaplaýardy. Onuň Ýusuby görüp ýaşasy gelýärdi. Ýusupsyz düne onuň üçin gara tümlükdi.
Aýalynyň ýogalanyna üç aýa golaý wagt geçensoň, bir gije Jemiläniň başyna başatgyç atyp, Sary serhoşuňka getirdiler.
Sary serhoş Ýusup ýaly Jemiläniň saçlarynam oýnamady. Darabam bermedi. Ony nije ýyllar bäri düşelip-düşelip, depeşek bolup, gülleri tüýdülip ugran köne keçeleriniň üstünden ýazylan, sary giden düşekçäniň üstüne togalap goýberdi-de, özüne degişli işini berjaý etdi. Soň hem beýlesine düňderilip, harlap, uka gitdi.
Jemile üçin bu zatlaryň-da parhy ýokdy. Onuň göwnüne bolmasa, bütin synasy doňan ýalydy. Onuň duýgulary-da, damarlarynda at salmaly ganlary-da doňan ýalydy. Onuň diňe beýnisi pikir öwürmäge ukyplydy. Ýüregi bolsa sork-sork edip, sanjyp durdy. Ol diňe özüniň şu ýagdaýyny duýýardy. Galan zatlar bilen işem ýokdy. Onuň gapdalynda aňyrsyna bakyp, harlap, hor çekip ýatan Sary serhoş bilenem işi ýokdy. Ol haýsy tarapyna bakyp ýatanda-da onuň üçin atyň gulagy ýalydy. Ol gözlerini depesine dikip ýatyşyna Ýusup bilen geçen günlerini ýatlaýardy. Onuň göz öňünde diňe Ýusup gaýmalaýardy. Söen ýarynyň özüni bagryna basan pursatlary, bagtly eden pursatlary göz öňünden hatar-hatar bolup geçýärdi.
«Indem ol Soltangüli bagryna basýandyr. Onuň saçlaryny oýnaýandyr» diýip, birsyhly pikir öwürýärdi. «Soltangül oňa ogul-da dogrup beräýdi-dä» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Şeýdip ýatyşyna gözýaşlary ýaňaklaryndan syrygyp-syrygyp gidýärdi.
Sary serhoşuňkyda geçiren ilkinji gijesini Jemile uklaman diýen ýaly ugratdy. Ol irden ylgap daşaryk çykdy. Mellegiň içinde gezmeledi. Mellegiň köçä tarapky çetine kiçiräk depe ýaly edilip, gowaça çöpi basylgy durdy. Onuň gapdalynda-da tut çybygydyr ojar odunlary basylgydy. Odunlar hem-ä köçeden gelýän tozanyň durşy bilen mellekdäki göklerdir otlara siňmeginiň öňüni alýardy, hem geçen göz dikip geçmez ýaly, öýi ýolagçylaryň gözünden birneme gizleýärdi. Ýöne odunlaryň ýanyndan öten-geçeni welin, gowy synlap bolýardy. Özüň oduna duwlanyp oturaga-da synlabermelidi.
Jemile gowaça çöpünden basylan odunyň gapdalyna gelip oturdy. Şol wagtam onuň gulagyna uzaklardan tanyş maşynyň sesi geldi. Jemile ol maşynyň Ýusubyňkydygyny derrew tanady. Neneň ony tanamasyn, Jemile ol maşynda nijeme ýyllar öz Ýusuby bilen nije menziller sökdi! Beýnisine çalt uran: «Ýusup gelýä!» diýen habar ýüregini gopdurdy. Böküp ýerinden turdy. Ýoluň aňry başyndan Ýusubyň maşyny göründi. Jemiläniň nije ýyllar münen maşynjygy. Süýt reňkli ak «žiguli». Soň ol maşyn Jemiläniň gabadyna geldi. Maşyna seredip durşuna Jemile bir ýüregi ýarylyp ölmedi. Ýusubyň gapdaljygynda, öňler Jemiläniň oturan ornunda meşik ýaly bolup, Soltangül otyrdy. Özem eýýäm ers-mers bolan ogluny öňünde dik duruzyp barýardy. Çagajyk iki eli bilen zol maşynyň aýnalaryna oýun edip kakýardy. Ýusup bilen Soltangül hem zol ýylgyryşyp, çagajyga bakyp, bir zatlar diýişýärdiler.
«Hut maňa görkezmek üçin dik durzupdyr. Ýogsa gujagyna alyp gidende bolmaýarmy?!» —diýip, Jemile özüniň näme edýäninem bilmän, aglamjyrady. Bütin synasy bilen saňňyldady. Sandyraýan aýaklary göwresini götermedi. Özüni aşak goýberdi. Oturyp aglady. Ýüregini gowzudansoň, el-ýüzüni ýuwup, öe girdi.
Sary serhoşuň öýlenen ogullarynyň-da, durmuşa çykan gyzlarynyň-da öýi aýrydy. Kiçi ogly hem gelni bilen onuň gapdaljygynda ýaşaýardy. Sarynyň öýünde onuň çykmadyk kiçi gyzy Gül bolýardy. Öýüň ähli işini Gülüň özi edýärdi. Nahar-şoruň, syrym-süpürimiň kemini goýanokdy. Mal-gara Sary serhoş seredýärdi. Jemilä bu öýde iş-de ýokdy. Ol islese-hä, Güle öý işlerine kömekleşäýmelidi, islemese-de, uzakly gün oturybermelidi. Oňa öýdäkiler şeý diýip düşündirdiler. Jemile özüne diýlen zatlary diňlänokdy. Otyrdy. Onuň göz öňünde kiçijik eljagazlary bilen maşynyň aýnasyna urup barýan çagajyk hem-de biri-birinden beter bolup, çagajyga ýylgyryşyp bakýan Ýusupdyr Soltangül gaýmalaýardy. «Näme üçin Ýusupdan bolan ogly men gujagyma almadym? Näme üçin?» diýip, ol birsyhly pikir öwürýärdi.
Sary serhoş çaý-suw içip, işi üçin mellegine girenden, Jemile-de ýola çykyp, hiç kime nirä gidýäninem aýtman, Döndiniňkä ugrady. Täze adamsynyňka eltilenine bir günem geçmänkä yzyna öwrülip gelýän Jemiläni görenden, Döndiniň zähresi ýaryldy. Ol şol wagt gapylaryny süpürip ýördi. Döndi elindäki sübsäni taşlap, Jemiläni alyp, dessine öe girdi.
Jemile özüni ýere goýberip, aglap başlady.
—Irden gapdalymyzdan Ýusup geçip gitdi —diýip, agysynyň arasynda düşündirdi. —Maşynly... Gapdalynda-da Soltangül. Ogullaram bar. Eýýäm ol çaga-da ep-esli bolupdyr. Ýusubam ol çaga ýylgyryp seredýär...
Döndi Jemiläniň başyny göterdi-de, aýalary bilen onuň gözýaşlaryny syldy:
—Wah, Jemile jan, Jemile jan, şu zatlary aýtmak üçinem täze baran öýüňi taşlap, bärik gaýtdyňmy?
—Hawa —diýip, Jemile baş atdy. —Soltangülem ogluny gujagynda oturdaýman, maňa görkezmek üçin, hakyt öňünde dik durzupdyr...
—Wah, samsyk jigim —diýip, Döndi baş ýaýkady. —Soltangül seniň ol öýdeligiňi nireden bilsin! Sen geçen agşam gitdiň-ä olara. Bu arada Soltangül seniň Sara baranyňy nireden eşitsin! Ol çagasyny şeýdip ýöne saklaýandyr...
—Ýusubam çagasyny gowy görýän eken. Ýylgyryp barýa... —diýip, Jemile ýene uludan dem alyp, gamgyn pyşyrdady.
—Jemile, jigim jan —diýip, Döndi Jemilä ýalbaryp ugrady. —Sen çaga däl ahyry! Hemme zada düşünýäň. Indi boljak iş boldy. Ýusuby unut. Ol seniň üçin bütinleý ýat adam. Ol indi deňiňden nädip geçende-de, işiň bolmasyn. Beýdip ýörseň, ahyr kesel bolup ýykylarsyň sen. Düşün şuňa, jigim jan. Indi öz öýüň, gapyň bar. Hana, Gülem saňa Hudaýyň beren gyzy. Adamyň kiri-çägi bilen güýmen-dejik, akyllyja bolup gez, jigim. Menem, özüňem ile gep etme, jan jigim! Bolýamy?!
—Güli men hiç wagtam özüme gyz edinmen —diýip, Jemile gaharlandy. —Alla jan Ýusupdan çaga bermedimi maňa, indi hiç çaganam çaga edinmen men, arkaýyn bolaýyň.
Döndi aglap ugrady:
—Sen ölenem bolsaň, men şeýdip ýanmazdym, jigim jan. Ýa seniň ýananyňy görmez ýaly, men ölmeli ekenim!
Jemile Döndä:
—Sen bir aglamasana!—diýdi-de, gaýtmak üçin ýerinden galdy. —Men indi gaýdyp seniň ýanyňa aglap gelmen!
—Mert bol, jigim, başa gelenini çekeli —diýip, Döndi oňa ýene hoşamaý sözleri aýtdy. —Barybir Ýusup seňki. O dünede Ýusup diňe seniň bilen bolmaly. O dünede aýal-da, erkek-de diňe ilkinji nikalaşany bilen bolmaly diýýäler...
Jemile sesini çykarman gaýtdy. Şu sözlerem oňa birneme teselli berdi. Ýusup bilen ol dünede bile boljagyna-da begendi.
Ol gaýdyp gelende Sary serhoş ondan nirä gideninem soramady. Onuň üçin owadanja, baýdak boýly Jemile öz gapysyndan girip-çykyp ýörse bolýardy.
Jemile jaýyň bir burçuna dykylyp, öýläne çenli diňşirgendi ýatdy. Giç öýlänler onuň gulagyna ýene tanyş maşynyň sesi geldi. «Ýusup» diýen söz beýnisinde at çapdy. Ol hasanaklap galyp, odunlaryň ýanyna atyldy. Ylgap diýen ýaly baryp, oduna duwlanyp durdy. Ýusup geçip gitdi. Ýene-de Ýusubyň gapdalynda Soltangül otyrdy. Ýöne çagajygy bu gezek Soltangül gujagynda oturdypdyr. Onuň garaja saçly kellesiniň depesi zordan göze kaklyşyp gidýärdi.
«Seniň bagtyň meňkidenem beter gara bolsun, Hudaýym» diýip, Jemile Soltangüle gargynyp galdy. «Sen barmadyk bolsaň, Ýusup hiç kimem almazdy».
Bu gezek Jemile Ýusubyň geçip gidenini aýtmaga Döndiniňkä gitmedi. Ony gaýdyp gynandyrmak islemedi. Doganynyň gaýdyp gözýaş dökmegini islemedi.
«Bu gezeg-ä haram Soltangül çagasyny gujagynda oturdypdyr. Dik duruzmandyr» diýip, ol özbaşyna gepledi. Kimdir birine gürrüň berýän ýaly, sesli gepledi. Ellerini hereketlendirip-hereketlendirip gepledi.
Ikinji gije-de Jemile üçin öňki ýaly geçdi. Sary serhoş ony köne düşekçesiniň üstüne togalap, öz islegini kanagatlandyransoň, ýene tersine öwrülip, hor çekmäge başlady. Jemile bolsa tä daň atýança Ýusuby ýatlap hem gussa çekip, gözýaş dökdi.
Ertesi güni irden ol ýene Ýusubyň maşynynyň öňünden çykmaga ugrady. Bu gezek Ýusubyň maşynynda Soltangül ýokdy. Muňa Jemile diýseň begendi.
—Soltangül ýok eken —diýip, özbaşyna samrady.
Ol şeýdip, her gün Ýusuby synlady. Irden hem öýlän odunlaryna duwlanyp, Ýusubyň yzyndan seredip galýardy. Maşynda Soltangül bolan güni oturyp aglaýardy. Ýusubyň bir özi geçip gitse, begenýärdi. Soltangül bolsa-da, öz-özi bilen gepleşip, samraýardy. «Ol kemçin bar ekeni, ol kemçin bar ekeni» diýip, öýüne girýänçä gepleýärdi. Soň bolsa burça baryp, bir gysym bolup, düýrlenip ýatýardy.
Soňy bilen gyzlygy Gül oňa basdaşlyk edip ugrady.
—Öýüň bir işini edenok. Öňki ärini synlamaly bolsa-ha ökjesi ýeňleýär —diýip, ejeliginiň odunlara duwlanyp, Ýusubyň yzyndan garap galyşyny görüp ýören Gül bir gün Jemiläni kakasyna ýamanlady.
Jemile Güle Sary serhoşdan öň jogap berdi. Özem täze adamsyndan çekinibem durmady. Sebäbi ol iki tarapyny deňläpdi. Özüni öldüräenlerinde-de onuň üçin parhy ýokdy. Ýusupsyz ýaşaýyş onuň üçin gara şaýydy. Ol häzirem dünede Ýusubyň bardygy üçin ýaşap ýördi.
—Seň kakaňa diňe mellegiňiziň ýanyndan Ýusubyň ötüp-geçýänini görmek üçin geldim. Hyzmatyňyzy etmäge gelemok. Şu bolşumy halamasaňyz, äkidip geläýiň yzyma!
Sary serhoş Jemilä hiç zadam diýmedi. Ol özünden ýigrimi ýaş kiçi Jemiläniň söýgi hasratyna düşünip durdy. Onuň öz Ýusuby üçin däliligiň bosagasynda gezip ýörenine-de düşünýärdi. Jemiläniň häzir özünden gorkup, ýaşajyk hem söen adamsyny unudyp, özüni gowy görmejegini Sary serhoş bilýärdi. Ol durmuşa gowy düşünýärdi. «Ýaşy geçdigisaýy unudar Ýusubyny» diýip, Sary serhoş pikir öwürdi. Agşam bolsa ol içip-içip, lül boldy.
—Menem aýalymy hut seniň öz Ýusubyňy gowy görşüň ýaly gowy görýädim —diýip, Sary serhoş Jemiläniň özüni birjik-de halamaýanyna kemsinip, gürrüň gozgady. —Nätjek-dä. Muňa durmuş diýýäler. Türkmeniň: «El bilen düzedip bolmaýar» diýýäni şü, durmuş diýilýän. Onda seniň islemeýän zatlaryň boluberýä. Ine, durmuş ikimizem iň gowy görýän adamymyzdan aýyrdy, ýöne herimizi bir ýol bilen... Nätjek-dä! Alaç ýok. Adam barybir, ýaşamaly. Her zat etmeli, ýaşamaly. Ile goşulmaly...
Bu gije Sary serhoş samrap-samrap ýatyp galdy.
***
Durmuş öz akymyna akyp durdy. Günler Jemile üçin meňzeş geçýärdi. Ol her gün irden hem öýlän ýoluň gyrasyna ylgap baryp, Ýusuba seredip galýardy. Onuň üçin her gün şeýdip gaýtalanýardy. Kimler üçin üýtgeşiklik kändi.
Ýyl yzyna ýyl geçdi. Soltangül Ýusuba ýylda bir çaga dünýä inderip berdi. Oňa goşa ogul, goşa gyz dogrup berdi. Her gezek ilden Soltangülüň göwrelidigini eşidende, Jemile uzakly gün samraýardy. Hem aglaýardy. «Ine, ol ýene agyr aýakmyş. Ýusuba ýene bir çaga dogrup berer. Ýusup indi ony has-da gowy görer» diýip samraýardy. Soltangülüň çagasynyň bolanyny eşidensoň bolsa: «Onuň ýene çagasy bolupdyr» diýip, özbaşyna gepläp aglaýardy. Özem gün-günden işdäsi tutulyp, gurap barýardy.
Güli-de durmuşa çykaransoňlar, Jemile Sary serhoşuň çaý-naharyna özi seretmeli boldy. Ol her gezek odun getirip, ojak otlanda şatyrdap ýanýan odunlara seredip, samrar oturardy:
—Ine, şu ýanýan agaçlar men. Gury agaç bular. Bular ýanýar-da, küle öwrülýär. Külem döküp goýberýäler... Gury agaç... Gury agaj-a men... Soltangül bolsa öl agaç. Ol ýylda miweläp otyr... Şonuň üçin ol gerekli...
Soňy bilen ol radiodan eşidýän aýdymyny-da aýtmaga başlady:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar ýanar-söner...
Däli döwran kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler...
Onuň ojakda ýanýan gury odunlara serede-serede, naharyny ýatdan çykarýan pursatlary köpeldi. Aýdym aýdýan wagty köpeldi. Ýusubyň maşynynyň yzyndan seredip geplemesem köpeldi. Soňabaka ol odunlara bukuljagam bolmady. Hut ýoluň gyrasyna baryp, Ýusuba arkaýyn seretdi. Ýusup ýany Soltangülli geçse, Soltangüle gargynyp galdy. Ýeke geçse, ýylgyryp galdy. Ýusup oňa tarap ýüzüni öwürmän geçip gidýärdi. Onuň beýtmesi, Jemilä has-da agyr täsir edýärdi. Bir wagt bu ýoldan ýöräp, ikisiniň gol tutuşyp, Aşgabada okuwa gidişini, okuwdan gelşini, şonda Sary serhoşuň aýaly bilen özlerini gözi gidip synlaýşyny ýatlaýardy. «Şol günler men nähili bagtly ekenim!» diýip, ol sesli gaýtalaýardy. «Indi bolsa men Sary serhoşuň öýünden Ýusup bilen Soltangüli synlap ýörün...»
Kellesi göçüp, naharyny ýakyp ýörensoň, Sary serhoş Jemilä nahar-şor etdirmänem goýdy. Onuň iýjek-içjegini gapdalynda ýaşaýan gelni taýýarlap berip başlady. Sary serhoş soňky günler Jemiläniň kellesiniň üýtgäp ugranyny duýup ýördi. Ýöne her zadam bolsa, has beterläýmese, ony kowmakçy däldi. Näme-de bolsa, ýeke ýatyp-turup ýörenden, gapdalynda garady.
Jemiläniň ýanyna birki gezek klasdaşy Gunça-da gezmäge gelip gitdi. Gunça bilen Allamyrat çagalar öýünden ogullyk aldylar. Ol eýýäm ýöreýärdi.
—Hana, Hudaý saňa-da çaga beripdir, maňa bolsa bermedi —diýip, Jemile tä Gunça gaýdýança şol bir zady gaýtalady oturdy. Gunça hernäçe: «Muny biz çagalar öýünden aldyk» diýip, düşündirse-de, Jemile düşünmedi.
—Saňa-da Hudaý beripdir, maňa bolsa bermedi —diýip, ýene şol bir diýenini gaýtalady.
Jemiläniň üýtgänini Gunça duýdy. Onuň halyna aglap-aglap gaýtdy. Öýüne gelýänçä aglady. Gelip, ýagdaýy Allamyrada aýtdy. Jemiläniň halyna Allamyrat-da diýseň gynandy.
—Hä, haramzada! Nähili gowy gyzyň ömrüni kül etdi! —diýip, öz ýanyndan Ýusuba sögündi. Ýagdaýa alaç tapar ýaly däldi. Şonda-da ol Gunça: «Agşam Ýusuby çagyr, men onuň bilen gepleşjek» diýdi.
Gunça Ýusubyňka dessine gitdi-de, Allamyradyň çakylygyny aýdyp gaýtdy.
Ýusubyň Allamyradyňka Soltangülüň yşgyna düşüp ýören wagty gelip gidişidi. Ol Allamyrat bilen gatnaşanokdy. Ondan çekinýärdi. Allamyradyň Jemiläni ýatladyp, käýejeginden çekinýärdi.
Soltangülüň öz öýüne yzly-yzyna ogulmydyr gyz bäbekleri hatarlap getirip oturmagyna gyzyp, soňy bilen Ýusup toý-ýas bolmasa, hiç kimiňkä-de gidip durmady. Çagalar iz-de-izdi. Soltangül-ä zordan arlyk ýuwup ýetişýärdi. Daşyna siňek gonduryp otyrdy.
Gepçi aýallaryň aýdyşy ýaly, Ýusup Soltangülüň arlygyn-a ýuwanokdy. Ýöne galan işini welin edýärdi. Öýi süpürip, düşeklerinem kakýardy. Nahar-da bişirýärdi. Onuň Soltangülüň hyzmatynda şeýdip ylgaýşyny görse dagy Jemiläniň ýüregi duran ýerinde çat açjakdy. Onuň bu zatlary görmeýänem bir gowudy.
Ýusup Soltangülüň hyzmatyndan gaçmady. Ol şeýle bir çaga mährine suwsapdy welin, Soltangülüň kiri gözüne görnenokdy. Özüne gyz ýerine gyz, ogul ýerine ogul dogrup berýäni üçin ony diýseň gowy görýärdi. Ol gijelerine Soltangül ukusyny gowy alyp bilmedik wagty sallançak üwräbem çykýardy. Ol öz maşgalasynyň keşigi bilen ýaşaýardy. Soltangül oňa Jemiläniň Sary serhoşa berlendigini aýdan güni keýpi bozulmanam durmady. «Şol ýaşy bilen özünden şeýle kiçi maşgalany nädip alyp bildikä, haramzada!» diýip, Sary serhoşa gaharlandy. Özüni kemsidilen ýaly duýdy. Soňam: «Özüň-ä taşladyň, indikiň näme!» diýip, öz-özüne käýindi. Jemiläni özi kowsa-da, Ýusup üçin ol hiç kime barman gezäýse kem däldi. Ol özüniň owadanja Jemilesini başga bir erkegiň bagra basaryny islänokdy. Jemile başga kişä bararam öýdenokdy. Baryp biler öýdenokdy. Onuň birdenkä özi bilen deň-duş kişä-dä barman, kakasy bilen ýaşytdaş Sary serhoşa aýal bolup barmasyna Ýusup nähili düşünjegini bilmedi. Dogrusy, haýran galdy. Bu habar onuň üçin tomsuň güni ýyldyrym çakandan enaýy bolmady.
Soň çagalaryň gyk-bagy, öýüň aladasy bilen kem-kemden Jemiläni unutdy. Jemile onuň üçin günsaýyn ýat adama öwrülip ugrady.
Ol Gunça gelip gidensoň, agşama-da garaşman, eýýäm dört ýaşyny dolduran ogly Maksady gapdalyna mündürip, maşynyny otlap, Allamyradyňka ýöneldi. Agşama garaşmaga takady ýetmedi. Ýüregi bir zat syzýan ýaly boldy.
Ýusup baranda Allamyrat daşarda üzümiň kölegesine atylan düşekde ogullygyny dyzyna mündürip, çaý içip otyrdy.
Ýusup Maksatjygy maşyndan göterip düşürdi. Soň Allamyradyň ýanyna baryp, oňa elini uzadyp, sessiz salamlaşdy. Mürähet edilmezden, düşege geçip oturdy. Ogluny gujagynda oturdyp, misli, «Men oglumy has gowy görýän» diýýän ýaly, onuň saçlaryny sypap, ýaňagyndan ogşap goýberdi. Soňam Allamyrada ýüzlendi:
—Çagyran ekeniň. Aýdyp otur.
—Sen Jemiläni ýakdyň, Ýusup, ýakdyň —diýip, Allamyrat baş ýaýkady.
—Şondan başga gürrüňiň ýokmudy?
Ýusubyň gaharly nazaryndan onuň Jemile hakda gürrüň gozgalmagyny halamaýanyny mese-mälim duýup bolýardy. Şeýle-de bolsa, Allamyrat ondan çekinmän dowam etdi:
—Men Jemile hakdaky gürrüňimi hiç wagt goýman! Sebäbi ol aladasy edilmeli adam. Eger sen öýlenmedik bolsaň, ol beýle betbagt bolmazdy!
—Seň aýdýanyň näme, Allamyrat! —diýip, Ýusup barha gaharlandy. —Şony başga kişi alanam bolsa, çagasy bolmasa, kowardy. Men günäkär däl-ä onuň önelgesizligine!
—Başga biri alan bolsa, belki, kowmazdy. Jemiläni bagtly ederdi. Ine, men Gunça bilen ýaşaşyp ýörün-ä! —diýip, Allamyrat öz sözüni gögertmäge çalyşdy.
—Seň ýaly samsyk tapylarmydy, tapylmazmydy —diýip, Ýusup sesini peseldip, ýer dyrmalady.
Allamyrat Ýusubyň gözlerine dikanlap seretdi:
—Betbagtlyga uçrajak bolup duran adamy bagtly etmek samsyklykmy eýsem?! Häzir men Gunçany seniň Jemiläni kowup goýberişiň ýaly, urup-enjip kowup goýbersem, ol seniň Jemiläňden gowy güne düşermi?!
—Gunçany kowmanyň üçin seniň özüň betbagt bolup galypsyň —diýip, Ýusup hem öz pikirinden dänmän gepledi. —Dogry, seniň-de ogluň bar. Ýöne ol seniň ganyň däl, seniň nesliň däl, başga biriniňki...
Allamyrat Ýusubyň sözüni böldi:
—Belki, şeýle-de bolsa, seniň ogluňdan meňki has mährem bolup ýetişer... Goý, bularyň nähili adam bolup ýetişjekleriniň gürrüňinem etmäli. Ýöne il meň ogullygyma-da «Allamyradyň ogly» diýer... Bularyň ogullary bolsa ýetişen halatlary Allamyrat bilen Ýusuby ýa ýatlarlar, ýa ýatlamazlar. Adamzat nesli şeýle dowam edýä. Ýadyňda bolsa, saňa bu zatlar hakda men öňem aýdypdym...
Allamyradyň sözleri Ýusuby birneme pikire batyrdy. Allamyrat dowam etdi:
—Ine, şonuň üçin men-ä çaga sebäpli özüňe ýürek beren bir naçary betbagtçylyga itmek adamkärçilik dälmikä diýýän. Dogrusy, özüm-ä Gunçany gowy gördüm, häzirem şol, öňkim ýaly gowy görýän. Onsuz ýekeje günem ýaşap biljek däl. Atasy öýüne gezmäge gitse-de, köçä çykyp durýan. Meniň üçin-ä Gunçasyz durmuş durmuş däl. Senem Jemiläni nähileler gowy görýädiň, Ýusup! Nädip onsuz gijeleriňi geçirip bilýäň?!
—Men aýaldan çagany gowy görýän!
—Jemile seň üçin ýöne bir aýal däl. Ol seniň ýüregiňe ilkinji bolup ornan söýgiň ahyry! Söýgiňi terk edip, nädip ýaşap bilýäň sen?!
—Ine, meniň söýgim! —diýip, Ýusup gujagynda oturan oglunyň saçlaryny sypap goýberdi.
—Bir wagt menem, senem kakamyz şeýdip, gujaklaryna alyp, guwanandyrlar. Ýöne bizden olara näme haýyr bar?! Ine, ýetişdigem-dä! Azarymyz ýetmese, haýrymyz ýetenok. Çaga guwanma-da adam üçin salgym ýaly bir zat. Salgyma kowalaşypjyk ötmeli... Çagasyndan razy bolup ötýän adam näçekä şu dünede?! — Allamyrat ýene Ýusubyň göni göreçlerine seretdi.
—Sen maňa näme diýjek bolýaň? —diýip, Ýusup onuň hörpüni aňman sorady.
Allamyrat agras gepledi:
—Jemile däliräpdir...
Bu habara Ýusup tisginip gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgi ýaly boldy. Ýüregi gorkuly dükürdedi.
—Wah-eý... —diýip, bu habara çyny bilen gynandy. —Näme bolduka oňa? Adamsy bir zat etdimikä ýa?
—Ol seni nähili gowy gördi! —diýip, Allamyrat ýene gaharlanyp ugrady. —Ol seniňem özüni gowy görýäniňe ynandy. Seniň özüni Soltangülçe görmän goýbereniňi çekip bilmändir ol. Gunça baryp geldi ýanyna. Diňe seniň adyňy agzap otyr diýýä. «Ýusup meni kowup, Soltangüli alaýdy» diýip, Gunça gaýdýança müň gezek agzapdyr...
—Be... Ol-a bolmandyr-aý... —diýip, Ýusup keýpini gaçyryp, uludan demini aldy. —Men beýle bolar öýdüp pikirem etmeýärdim...
—Pikir etmeseňem, şeýle iş-ä bolupdyr —diýip, Allamyrat gama batyp, agraslandy.
Ýusuby az salymlykça wyždany diýseň horlady. Onuň Jemile bilen bolan bagtly pursatlary ýadyna düşdi. Jemiläniň müň-näz-kereşme bilen gülüp-oýnap, durmuşyny ala-ýaz eden halatlary göz öňünden geçdi.
—O görgülini indi näderkäler, dost?! —Şeý diýip, Ýusup Allamyradyň ýüzüne bakdy.
—Bilmedim —diýip, Allamyrat uludan dem aldy. —Belki, keselhana salarlar... Ýöne oňa bejergi haýyr edermikä? Oňa diňe sen gerek, Ýusup! Häzir sen Soltangüli atasy öýüne eltäge-de, Jemiläni ýanyňa alsaň, ol göni sagalar. Sen ony beýdip taşlama!
Ýüregi awasa-da, Ýusup akyly üýtgän Jemiläni öýüne äkitmek hakda pikir edip bilmedi. Ol hatda öz akylynda däl adamlar hakda gürrüň eşitmegem halamaýardy. Bu zatlara ýüregi bolanokdy. Jemilä hem ýüregi awady, hem ondan gorkdy. Allamyrada näme jogap berjegini bilmedi. Üstesine-de, indi Jemiläniň başga adamsy bardy. «Ikinji äre giden aýalyny yzyna ýygnan türkmen heý, görlüp-eşidilen zatmydyr» diýip, Ýusup pikir öwürdi. Içki pikirini daşyna çykardy:
—Onuň adamsy bar ahyry, dost! Men ondan heý, Jemiläni diläp bilerinmi! Ol meniň kellämi almazmy!
—Ýagdaýy adamkärçilikli düşündirseň, düşüner. Akyly üýtgän aýal bilen ýaşamak Sary serhoşa-da ýeňil düşüp durmaz. Ol belki, ony kowjak bolup ýörendir. Seniň özüň barma-da, onuň ýanyna adam iber. Jemiläniň bu ýagdaýa hut sen sebäpli, senden aýrylanlygy sebäpli düşendigini aýtmaly oňa.
—Bu zatlara Soltangül razy bolarmyka? —diýip, Ýusup alada galdy.
Ýusubyň sözlerine Allamyradyň gany depesine urdy:
—Soltangül näme bolsa şol bolsun! Ol asla seniň deňiň däl! Gynansagam, bu dünede şoň ýalylar bagtly bolýar!
—Deňim bolmasa-da, ol meniň çagalarymyň ejesi ahyry!
—Ol seniň çagalaryňa eje bolmaga-da mynasyp däldi. Ýöne onuň maňlaýy güýçli eken. Ondan beýle gorkýan bolsaň, ýalbar-da, ýagdaýy düşündir. Iň bolman klasdaşlygyň hatyrasyna ol seniň Jemile bilen gaýtadan ýaşaşmagyňa razylyk bersin. Ol senden aljagyny aldy. Goý, biraz atasy öýünde ýaşasyn. Sen bolsaň, halys aýrylyşyp bilmeseň, Soltangülüňem ýanyna gatnaber.
—A biri «Iki aýally» diýäge-de, hökümete ýamanlaýsa näderin?! Işimden-ä aýrarlar.
—Ony ýamanlanan çagyň göräýmeli bor.
—Bir ýamanlanaňsoň, düzedip bolarmyka? —diýip, Ýusup alada galdy. —Işimden kowmasalar...
Ýusubyň bolşuna Allamyradyň içini it ýyrtdy. «Be, munuň özüni gowy göräýşini» diýip, gahar bilen oýlandy. «Indi bildim munuň näme üçin Jemiläniň aladasyny etmän, diňe öz gaýgysyny edenini. Özüni gowy görýän adamlar hiç wagt başganyň aladasyny edip bilmez!»
—Ow! Jan dost! Sen işiň aladasyny edýäň, bir bendäniň seň üçin ömri zer-zaýa bolup dur-a! Ýüregiň awanokmy-how bu zatlara! —diýip, Allamyrat ýene Ýusubyň üstüne gygyrdy. —Beýtme ahyry ony!
Ýusup gaýtmak üçin ýerinden galdy. Allamyradyň gaharyna gahar bilen jogap gaýtarmaga çekindi. Sebäbi bu wagt myhman hatyrasy üçin Allamyradyň öz gaharyny zor bilen içinde saklaýany mese-mälim bildirip durdy. Onuň gözlerine gan öýüp, gahardan gögeren dodaklary titreýärdi.
—Men entek pikirlenip göreýin —diýip, Ýusup maşynyna münensoň, Allamyrada jogap berdi.
Ol öýüne gelenden, maşynyndan düşüp, içeri girdi. Ýassyga bagryny berip, pikire çümdi.
Ýusubyň aladaly ýüzünden bir gepiň baryny aňan Soltangülem onuň ökjesini sydyrdyp, içerik girdi-de, myşlap, agyr göwresini ýere goýberdi.
—Näme boldy? —diýip sorady.
—Hiç zat —diýip, Ýusup başynam galdyrman jogap berdi.
Soltangül bu jogap bilen kanagatlanmady:
—Keýpiň-ä ýok. Ýüzüň-gözüň aýdyp dur.
Ýusup ýagdaýy Soltangülden gizläp durmady:
—Jemile däliräpdir.
—Hih —diýip, Soltangül bu habara birbada allaniçigsi boldy. —Daş edewersin, daş düşen ýerinde ýatsyn —diýip, soňam mydama açyk, bagjyksyz ýakasyna birki gezek tüýkürdi. Birdenem, Ýusubyň gamgyn bolmasyny halaman, gabanjaňlyk duýgusyna özüni aldyryp jedirdedi. —Asyl, söýgülijigiňe nebsiň agyryp, keýpiň ýok diýsene! Meň üçinem şeýdip, keýpiňi bozarmykaň sen!
—Onuň däliränini menden görýäler. Meniň kowanlygymdan görýäler! —diýip, Ýusup gamgyn gepledi.
—Ah-eý, aslynda, tohumynda bir dälilik bardyr-da, ýogsa, heý, ärinden aýrylany üçinem bir aýal dälirärmi! Heý, eşidipmidiň şeýle zady? Јrinden aýrylyp ýören aýal-a kän şu zamanda. Onuň bolup ýörşi öňem bir saga meňzeş däldi. Başyna ýaglyk bogup, şo-ol ot daşamadan başga zady bilmezdi. Heý, ile goşulanyny görüpmidiň şonuň? Öýümdäkiler öldürýänem bolsa, men-ä ullakan gyz halyma ot daşamazdym... Kim bilýä, öweý ejesi urup-urup, kellesine zeper ýetirendir-de, ol indi bildirýändir...
Soltangülüň sözleri Ýusuby ymykly oýlanmaga mejbur etdi. Ol: «Dogrudanam, şeýle bolaýmasyn» diýip, pikire batdy. «Dälilik ýedi arkasynyň birinde bolýanam bolsa, geçip biler-ä nesle!» Birdenem, ol bütin ýaşaşan wagtynda onda dälilikden nyşan görmändigi hakda oýlandy. Näme edip, näme goýjagyny bilmedi. Başy çaşdy.
—Hany, «Seň üçin däliredi» diýip, kim aýdýan bolsa, şoň salgyny ber maňa! —diýip, Soltangül iki elini ýere diräp, myşlap, ýerinden galdy. Adam kellesiniň ululygyndaky göwüslerini titredip, çaýkanjyrady. —Eddil meýdini ýakyp geleýin şonuň!
Ýusup oňa jogap bermedi.
-
myspaser
3 years ago
- ***
Jemile zyr däli diýer ýaly däldi. Ol aňynda Ýusup bilen bileje geçiren pursatlaryny birsyhly ýatlap bilýärdi. Soltangülem unudanokdy. Ýöne özbaşyna aldygyna samraýardy. Samramasyny gün geçdigisaýy artdyrýardy.
Bir günem ol Soltangülden ymykly ar almagy niýetine düwüp, ýola çykdy. Ýusubyň maşynyny garawullady. Maşynda Ýusubyň diňe özi bolan halatlary ýoluň gyrasynda durup, onuň yzyndan bakyp galdy.
Soňky günler Soltangülüň häli-şindi Jemilede dälilik öňden bardyr diýip nygtamasyna ynanyp ugran Ýusup köçede öz ýoluna bakyp duran Jemiläni görende ýüregi tisginip, erbet jigläp gitdi. Ony ýigrenenokdy. Ýöne gözüne görünmese, kem däldi. Häzir Ýusubyň ýüregi Jemiläni öňki hörpünde kabul edip bilenokdy.
Jemile ahyry Ýusubyň şähere tarap Soltangüli mündürip geçen gezegini gördi. Ony yzyna geçýänçä garawullady. Oturyp-oturyp, eňki agsa-da, ýoldan gaýtmady. Agşamara Ýusup Soltangül bilen ýene yzyna dolandy. Jemile maşyn özüne ýakynlaberende ýoluň ortarasyna bardy-da, duruberdi. Özem «dur» diýen terzde elini galdyrdy. «Elini galdyrýar welin, şu gaty bir däliränem däl bolaýmasyn. Belki, bir gürrüň bardyr» diýip, pikir eden Ýusup maşynyny saklady. «Obad-a Jemiläniň däliräni hakda gürrüň ýok. Diňe Allamyradyň gürrüňi. Kim bilýä, belki, ol hem öteräk aýdandyr».
Maşyn durandan Jemile atylyp, Soltangülüň oturan tarapyna bardy-da, göz açyp-ýumasy salymda gapyny açdy. Özem dişlerini biri-birinden geçirip, iniňi düýrükdirip barýan ses bilen çirkin gygyryp, Soltangüle penje gerip topuldy. Ýusup çepiksije göwrede beýle güýjüň bolýanyny ilkinji gezek görýärdi. Jemile bir silkip çekenden Soltangülüň göherdiňki kimin agyr göwresini maşyndan gaçyrdy. Gujagyndaky çaganyň agzy ýer garbady. Soltangülüň zähresi ýaryldy. Dat edip, gygyryp başlady. Çaga-da aglaýardy. Jemile bolsa guduz açdy. Soltangülüň hem saçlaryny ýolýardy, hem ýüzüni. Hem dişleýärdi, hem ýumruk bilen çem gelen ýerine urýardy. Ýusup Jemiläni gujaklap, hernäçe çekse-de, ony Soltangülden aýryp bilmedi. Gykylyga goňşy-golamlar, ýoldan ötüp-geçýänler ylgaşyp geldiler-de, olary aralaşdyrdylar. Kim çagany galdyrdy, kim Soltangüli. Ýusup Jemiläni saklady.
Ýusup gorkudan aljyrap, birsyhly oňa ýalbardy:
—Jemile jan, hany, köşeşsene!
—Şol maşynyňa münse, men ony öldürjek —diýip, Jemile çaga ýaly dodaklaryny kemşertdi. —Sen näme üçin ony mündürýäň?!
Ýusup Jemiläniň haýsy tarapyndan gopmalydygyna basym göz ýetirdi:
—Maşyna münäýseň, öldirin-eý, bar, ugra şu ýerden! —diýip, ol Soltangüle gygyrdy-da, oňa gözüni gypyp goýberdi.
Soltangül çagasyny alyp, ylgaşlap diýen ýaly gitdi.
—Hana, gördüňmi, men ony kowdum!
—Bütinleý kowduňmy? —diýip, Jemile sorady.
—Hawa...
—Onda men öe baraýjak?..
—Men häzir bir ýerik gitmeli... Gyssagly. Seni soň gelip, özüm alyp gidäerin —diýip, Ýusup indi Jemiläniň üýtgänine doly göz ýetirip, ondan sypmagyň alajyny gözledi.
Jemiläniň maňlaý saçlaryna ak sepipdi. Onuň gözlerem üýtgän ýalydy. Birsyhly, kimdir biriniň aýak sesine diňşirgenýän ýaly, depesine dikilendi. Bu zatlara syn edip, Ýusubyň endamyna garynja goýberilene döndi.
—Çynyň bilen gelermiň äkitmäge? —diýip, Jemile Ýusupdan sorady.
—Gelerin. Hökman —diýip, Ýusup ýalan sözledi. Özi welin, ondan sypyp bilse razydy.
Sary serhoş öz gapysynda sadylla bolup, bu ýadaýa ser salyp durdy. Ýöne nämüçindir, Jemiläniň ýanyna gelmeýärdi.
Jemiläniň özi Ýusupdan sypdy-da, atylyp, öýüne ylgady. Ýolboýy-da gygyrdy bardy:
—Ýusup Soltangüli kowdy-y... Ol indi meni alyp gitjek diýýä...
Ýusup Jemile gidenden. Maşynyna sümüldi. Soňam batly sürüp gitdi. Soltangülüň yzyndan ýetip, ony hem maşynyna mündürdi-de, öýüne bardy.
Ýusup-da, Soltangül-de Jemileden şeýle bir gorkdular welin, aýdyp-diýer ýaly bolmady. Soltangül-ä içi-içine sygman, horkuldap aglaýardy. Çagasy-da aglaýardy. Ýusup gorkudan süňňüni saklap bilenokdy. Misli, üşütme tutýan dek, galpyldaýardy. Hamala, Jemile ökjelerine düşüp gelýän ýaly, yzyna-da seredip bilmedi. Ýolda: «Birden öe baryp, çagalarymy bogaýmasyn» diýip, howsala düşdi. Maşynynyň badyny barha artdyrdy.
—Bi Ýusuba nä döw çaldyka, bu bolup barşy bilen birini kakdyrmasa-da biri —diýip, onuň yzyndan adamlar hüňürdeşip galýardylar.
Ýusup öýüne baryp, ähli çagalaryny maşyna dykdy-da, gapysynam gulplap, göni ejelerine sürdi.
Henizem agysyny goýup bilmeýän Soltangülüň horkuldysy, ähli çagalaryny maşyna basyp, ýüzüni ak tam edip gelýän Ýusup Gülsoltan daýzanyň zähresini ýardy. Ýöne ol näme bolanyny sorabam ýetişmedi.
Ýusup ölüm habaryny aýdýan ýaly bolup, ejesine ýagdaýy aýan etdi:
—Jemile däliräpdir... Soltangüli tas bogup öldüripdi...
Bu habar Gülsoltan daýzanyň ýüregini aşak gaçyrdy. Ol depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
—Wah-wah-eý... Garamaňlaý diýsä —diýip, sesini süýndürdi. Soňam Ýusuba ýumruk çenäp, aglamjyrady. —Senden aýrylany ýokuş degdi şoňa. Hemme zada sen günäkär! Şony kowmalam däldiň!
Öňem Jemileden gorkanyna jany ýanyp duran Ýusup üçin ejesiniň sözleri çökder boldy.
—Men näme, zürýatsyz ötmelimi! —diýip, ol iki dyzyna ýumruklap, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. —Meniň ýerime bolan bolsaň, senem aňsat çekmezdiň perzentsizlik dagyny!
Gülsoltan daýza oglunyň bu sözlerine näme jogap berjegini bilmedi. Özüni ýere goýberdi. Soňam biraz oturyp:
—Jemiläni kowman tapaýmalydyň birini halys öýlenmän goýmajak bolsaň. Ilçilik. Belki, aýalyň baryny bilibem, geljek tapylard-a! Bar-a il-günde çagasy bolmasa, üstüne aýal alyp, ikisinem bile ýaşadyp ýören.
—Goý şo gürrüňleri. Indi boljak iş boldy —diýip, Ýusup gahar bilen elini silkip goýberdi.
Gülsoltan daýzanyň Jemiläniň tarapyny tutmasy Soltangüle ýaramady. Ol gözýaş ýuwan ýüzlerinde aýalaryny gezdirip, Jemile hakda öň Ýusuba diýenlerini diýdi:
—Ýusupdan aýrylany üçin däliräsi ýok-la haram süýtsüz. Öňden tohumynda bardyr-da dälilik. Јrinden näçe aýallar aýrylýa. Heý, dälireýäni barmy şolaň!
Öňem oglunyň döşünden itmäniň ýerine onuň boýnundan aslyşan Soltangüli Gülsoltan daýza asla halanokdy. Ol, özüne galsa-ha, Ýusuba kimi äberse-de, Soltangüli äbermekçi däldi. «Ýöne bi, durmuş diýen zady el bilen düzedip bolmaz eken» diýip, Gülsoltan daýza pikir öwürdi.
—Jemile janyň tohumynda dälilik bolmaz, keýgim! Ejesi pahyr dagy gyzyl ýaly adamdy. Ýa kakasy ile gün bermän ýören adammy onuň!
Soltangül şäl-şälläp, gaýynenesiniň sözüni böldi:
—Edi arkaňda biri däli bolsa-da, geçýämiş diýýäler...
—Otur, keýgim —diýip, Gülsoltan daýza onuň ýüzüni aldy. —Tohumyna çekip däliremeli bolsa, Ýusup bilen nije ýyllar ýaşady ol, heý, şonda bildirmezmidi! Seniň Jemiläniň ykbalyna baha kesmäge akylyň ýetmez, keýgim. Gepleme sen!
Soltangül tasanjyrap, yzyna gitmäge hyýallandy. Ýöne ýene Jemilä sataşaýmak gorkusy onuň aýaklaryny duşaklady.
Gülsoltan daýza uludan dem alyp, özbaşyna hüňürdedi:
—Kimsäge toý-baýram, kimsäge zulum düne bi...
—Eje, onuň jyny Soltangüle düşüpdir. Birden öe baraýmasyn diýip, biz-ä bärik gaýdandyrys —diýip, Ýusup ejesine ýüzlendi. —Indi näderkäk?
—Men nä bileýin nätjegiňizi, oglum... Öýüňden gaçyb-a ýaşap bolmaz!
—Çagalara zyýan edermikä diýýän...
—Çagalaryňy birki gün mamasynyňka äkidäý.
—Bärde goýsam näme?!
—Bärde goýasyň gelse, bärde goý. Bärde-de olary näçe gün saklarsyň. Ahmediňkilerem bir topar...
—Her zadam bolsa, şu gün bir sizde bolaly, eje —diýip, Ýusup gama batdy. —Beýle zatlar bolar öýdemokdym... Zähräm ýaryldy. Däli bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolup görşüm... Onuň gözlerem üýtgäpdir. Ýöne depesine bakyp dur...
—Oňa ýüregiň awanokmy? Kömek edesiň gelenokmy? Ol seniň yşkyňda ýanyp-bişip alan gelniň ahyry —diýip, Gülsoltan daýza ýene gaharlandy.
—«Gelniň» bir diýmesene, eje. Ony ýatlasam, birhili, ýakymsyz duýgy gaplaýar meni!
—Duýgyňam gursun, özüňem —diýip, Gülsoltan daýza hüňürdäp, öýüne girip gitdi.
Bu günlükçe Ýusupdyr Soltangül çagalary bilen Gülsoltan daýzalarda boldy.
***
Ýusubyň özüni sekuntlarça gujagyna gysyp durmasy-da Jemilä uly täsir etdi. Ol muňa şeýle bir begenýärdi welin, guş bolup uçaýjak bolýardy. Ýusubyň özi üçin dolanyp geljegine-de ynanýardy.
—Ýusup meni alyp gitjek diýýä. Häzir Soltangüli kowup, geljek diýip gitdi —diýip, ol ilki bilen bu habary Sary serhoşa buşlady. —Men indi siziňkiden gidýän.
Sary serhoş Ýusubyň Jemiläni hiç wagt äkitmejegini bilýärdi. Onuň bu gepleri Jemileden gaçyp gutulmak üçin diýenini aňýardy. Şeýle-de bolsa, Sary serhoş Jemilä hiç zat diýmedi. Näme etse-de, onuň badyna kakmady.
Jemile bir uly gara ýüň gyňajyny orta ýazyp, oňa özüniň köýneklerini üýşürdi. Soňam gyňajyny berk düwdi.
—Ýusup gelse, taýýar bolup oturaýyn —diýip, ol öz-özüne aýtdy.
Jemile hernäçe garaşsa-da, gün batyp, garaňky düşse-de, Ýusup gelmedi.
—Ol belki, Soltangüli kowup bilýän däldir —diýip, özbaşyna gepledi-de, Jemile gijäniň bir mahaly düwünçegini goltuklap, daşary çykdy. —Men oňa kömek bereýin. Ýogsa, ol heleý Ýusuby sypdyrýanam däldir.
—Garaňkyda gitme, öňüňden it çykar —diýip, Sary serhoş ony ýolundan gaýtarjak boldy. Ýöne Jemiläniň gahara eýlenen gözleri Sary serhoşy elini çekmäge mejbur etdi. Ol Jemile özüne-de topulaýsa, gowulygyň bolmajagyny duýdy.
—Men itden gorkamak —diýip, Jemile ärine jogap berdi.
Soňam uly ýola düşüp, Ýusup bilen bileje ýaşan öýüne tarap gadam goýdy.
Onuň kellesinde diňe Soltangül bardy. Şony basymrak urup-urup, keýpden çykasy gelýärdi. «Ol menden Ýusuby aldy. Ony öldirin» diýip, dodaklaryny müňküldedip, zol gaýtalaýardy.
Jemile gelende onuň Ýusup bilen bileje ýaşan öýünde çyra ýanmaýardy. Gapylar gulpludy.
Jemile gapyny çekip gygyrdy:
—Ýusup! Ýusup! Ine, men geldim! Aç gapyňy!
Ol şeý diýip, telim gezek gygyrdy. Gapy açylmady. Ahyry ol gapyny ýumrugy bilen urup başlady. Ol şeýdip, kän durdy.
Gapynyň ýumruklanmasyna hem-de Jemiläniň sesine Ogulbike geldi. Ol gözlerine ynanmady.
—Jemile, senmi? —diýip, garaňkylykda duran Jemilä ýüzlendi. Belet ýerini sermäp, daşarynyň çyrasyny ýakdy. —Sesiňden senmikäňem diýdim-le...
Ogulbike bu sözleri çyrany ýakyp durka aýtdy. Ol çyrany ýakyp bolup, yzyna öwrülip, Jemiläniň ýüzüne seredende bolsa ýüregi jigläp gitdi. Oňa birhili, Jemiläniň tüýsi üýtgän ýaly duýuldy. Onuň gözleri sag adamyň gözlerine çalym edenokdy. Hanasyndan atylyp çykaýjak ýalydy. Özem sülleren gül kimindi. Onuň öňki owadan, gül meňzi saralyp-solupdy.
Jemiläniň kellesiniň üýtgäni heniz oba doly ýaýrap ýetişmänsoň, Ogulbike-de ondan bihabardy. Şeýle bolansoň, ol Jemiläniň: «Ýusup şu gün Soltangüli kowup, meni alyp gaýtjak diýdi» diýen habaryna birbada ynanjak ýaly etdi. «Ýusup akylyna aýlanyp ýörmükä?» diýip, içini gepletdi. Jemiläniň soňky sözleri oňa nämäniň-nämedigini aňmaga kömek etdi.
—Ýusup barmady. Meň özüm geläýdim. Ol ýolda meni gujaklabam durdy. Saçlarymy-da sypady. Soltangüli kowup, hökman seni alyp giderin diýip gaýtdy. Men ärime-de indi Ýusup bilen ýaşajagymy aýdyp gaýtdym. —Şu zatlary aýdansoň, Jemile Ogulbikä ýüzlendi. —Ol Soltangüli kowdumy?
Ogulbike Jemiläniň ýanyna gelip durmasyndan gorkdy.
—Hawa, kowdy, Jemile jan —diýip, ýuwaşja aýtdy-da, ökje ogurlap, yza süýşmäge başlady. Soňam sen-men ýok, gadamlaryny batlandyrdy-da, öýüne ökje göterdi. Içerik girendenem, gapyny gulplady.
—Näme boldy? —diýip, aýalynyň gözlerini elek-çelek edip, haslap durşuna geň galyp, adamsy sorady.
—Jemile gelipdir. Ýusuby gözleýär —diýip, Ogulbike adamsyna pyşyrdy biln jogap berdi. —Onuň gepi-sözem üýtgäne meňzeýä.
Bu habara Ogulbikäniň adamsynyň-da ýüzi ak tam boldy:
—Goýsan-aý?!
—Eger çynym. Hana, daşaryk çyk-da, seret. Ol Ýusuba garaşyp otyr.
—Gapyny bir berkräk ýapaweri! Bärik bir geläýmesin —diýip, Ogulbikäniň adamsy aýalyndan beter gorkdy.
—Sen bolmasa, Ýusuby gözläp geläý. Ol ejesiniňkä giden bolaýmasyn?
—Ýog-a! —diýip, Ogulbikäniň adamsy ýorganyny başyna büredi. —Ýusupdyr öýdüp, ol meniň yzymdan ylgaýmasyn! Men däliden öler ýaly gorkýan...
Olar gapylaryny berkden berk ýapyp ýatdylar. Jemile bolsa Ýusuba garaşyp-garaşyp, halys bolansoň, Soltangüllere ugrady. «Ol Soltangüli kowmak üçin ejesiniňkä eltendir. Soltangül ony goýberýän däldir» diýip, pikir etdi.
Daňyň öň ýanynda gapysynyň şakyrdamasy Soltangülüň ejesi Ogulgüli gorkuzman durmady. «Allajanlarym, näme gep-gürrüň barka?» diýip, ol başyny göterdi-de, çyrasyny ýakdy.
—Kimsiň? —diýip gygyrdy.
Jemile adyny aýtman:
—Ýusup sizdemi? —diýip gygyrdy.
Ses birhili, tanyş ýaly bolsa-da, Ogulgül ukynyň arasynda ony kimiňkä meňzetjegini bilmedi. Her zadam bolsa, geleniň aýal maşgalalygy onuň gorkusyny aýyrdy. Özüni dürsäp, arkaýynlandy. «Ýusup öýünde ýokmuka? Bu wagt ony kim gözleýärkä?» diýip, Ogulgül içini gepletdi. «Ýa Gülsoltanmyka?»
Ol pikire gümra bolup, gapyny açdy. Gapyda sadylla bolup duran Jemiläni görüp, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Sebäbi Soltangül ejesine Jemiläniň kellesiniň üýtgäp ýörendigi hakda bir wagt aýdypdy.
—Waý! Il-gün! Ýetiň-u! —diýip, Ogulgül sesiniň ýetdiginden bögürip, köçä ylgady. Sebäbi ol içerik girip, gapyny gulplap ýetişmejegine göz ýetirýärdi. Ýaşlyk güýji dyňzap duran Jemiläniň ýanynda özüniň asgyn geljeginem bilýärdi. Darajyk öýüň içinde onuň eline düşäýse, öz başyndan nämäniň injeginem bilýärdi.
Ýüz keşbi hem gaba göwresi gyzy bilen juda çalymdaş Ogulgül Jemiläniň gözüne Soltangül bolup göründi. Jemile oňa penje gerip topuldy. Ýöne özüne el uzadan Jemileden sowlup geçip, Ogulgül eýýäm gaçmaga ýetişipdi. Ol yzyndan Jemiläniň basym ýetjeginem bilýärdi. Şonda-da goňşulary kömege çagyryp galmak üçin köçä janhowluna ylgady.
—Waý! Il-gün! Dat! Bidat! Kömek ediň! Öldürýäler-u-u! —diýip, Ogulgül zähresi ýarylan ýaly bolup gygyrýardy.
Jemile Ogulgülüň ökjesine düşdi. Derrewem yzyndan ýetdi-de, onuň ýüz-gözüni dyrnaçaklap, bogup başlady. Ogulgül gorkudan ýaňa ysgyndan gaçyp, ýere ýykyldy. Özem bokurdagyna pyçak goýlan ýaly bögürýärdi.
Onuň gykylygy daňyň süýji ukusynyň lezzetini görýän goňşulary örüzdi. Goňşular ýerli-erden ylgap gelip, Jemiläni tutdular. Gorkusyna aýaklarynyň ysgyny giden Ogulgülüň goltugyna girip, öýüne äkitdiler.
Soltangüllerden juda uzak bolmadyk goňşuçylykda ýaşaýan Allamyrat bilen Gunça-da ýetip geldi. Olar höre-köşe bilen Jemiläni öz öýlerine äkitdiler.
—Men ony bogup öldürjek, ol Ýusuby meniň elimden aldy —diýip, Jemile nalady. —Ýusup meni alyp gaýtjak diýdi. Soltangül bolsa ony goýbermän saklaýar.
—Ol Soltangül däl-ä, Jemile jan. Soltangülüň ejesi —diýip, Gunça jorasyna aglap düşündirdi. Jemiläniň üst-başyny düzedip, öýüne saldy. Düşekde oturtdy. —Häzir Ýusuby Allamyrat tapyp geler. Sen otur şu ýerde!
—Ýusup öýünde ýok eken. Men ol ýere bardym —diýip, Jemile özüniň nireden gelýänini habar berdi. —Onsoň, Soltangüli bogmaga gaýtdym. Sebäbi Ýusuby Soltangül goýberenok. Ýogsa Ýusup meni alyp gaýtjak-la...
Allamyrat Ýusup ejeleriniňkidedir öýdüp, şol ýere ylgady. Daňdan gapynyň kakylmasyna öýdäkileriň bary daşary çykdy.
—Jemile baryp, Soltangülüň ejesine topulypdyr. Ony häzir biz saklap otyrys —diýip, Allamyrat belli bir adama ýüzlenmän aýtdy. Soňam Ýusuba seretdi. —Ony näme etsekkäk?
—Waý, ejem jan-eý! Ol däli ony öldürendir —diýip, Soltangül aglap başlady.
Ýusup Allamyradyň üstüne gygyrdy:
—Sen näme üçin bärik gelýäň? Onuň dogany, adamsy bar-a. Bar, şolara aýt-da habaryňy. Bir wagt aýalym bolanmyş diýip, men ýygnamalymy ony! Aýalyndan aýrylýan erkek kän, olaň haýsy biri birinji aýalynyň yzynda ylgap ýör?!
Bu sözlerden soň Allamyradyň ýüzüne urlan ýaly boldy. Şonda-da ol özüni ýitirmedi.
—Gykylygyňy goý! —diýip, Ýusuba azgyryldy. —Birinjiden-ä, Jemile seni gözläp ýör. Ol häzirem saňa garaşyp otyr. Sen ony alyp gaýtmaga söz berenmişiň. Ikinjidenem, onuň şu güne düşmegine diňe seniň özüň günäkärdigiňi unutma!
Allamyrat şeý diýip, yzyna öwrüldi. Ol bu ýerden soň ýagdaýy Döndä habar bermäge gitdi.
—Waý, ejem jany getiriň-eý —diýip, Soltangül özüni öldüräýjek bolup aglaýardy. —Gaýrat ediň, jan doganlar!
—Men-ä gitjek däl! —diýip, Ýusup çürt-kesik boýun gaçyrdy. —Jemile meni görse, sypdyrmaýaram. Öňem ondan zordan gutuldym. Ony görmäge ýüregimem bolanok. Birhili, endiräp dur.
—Hany, ýör, özüň git ejeň ýanyna. Men saňa ýoldaş bolaýyn —diýip, Gurban aga Soltangüle ýüzlendi. —Jemile Allamyratlarda bolsa, indi gaýdyp ejeňkä gelmez. —Şeý diýip, Gurban aga Ýusubyň maşynyna özüni atdy.
Soltangül gaýynatasy bilen ejesiniňkä gitdi. Beýlekiler bolsa ýene öe sümüldiler.
Soltangül gelende Ogulgül özünden gidip ýatyrdy. Goňşular hem onuň daşyndadylar. Ukudan oňly açylmanka, daňyň alagaraňkysynda gopan bu ahwalat Ogulgülüň ýüregine gaty erbet täsir etdi.
—Waý, eje jan! —diýip, Soltangül ejesiniň üstüne özüni zyňyp, eňredi.
Gurban aga rejäniň geň däldigini aňyp, Soltangüli düşürip, Ýusubyň yzyndan gitdi. Ogulgüle däri-derman etdirmek üçin Ýusuby alyp geldi.
***
Allamyradyň daň bilen elten habaryna Döndi aglamady. Jigisiniň gününe aglap-aglap, indi onuň gözýaşlary gurapdy. Ol indi başa näme gelse, görübermegiň pikiri bilen ýaşaýardy. Aglamasa-da, ol juda gynandy. Döndi Jemile samrama belasyna ýolugansoň, ony öz ýanyna ymykly almak üçin gaýynenesine-de, adamsyna-da aglaplar ýalbardy. Ýöne olar Döndä razylyk bermediler. Akyly üýtgäp ugran ýat maşgalany hiç kimiň öýünde saklasy gelenokdy.
Gaýynlary aladasyny çekişmänsoň, Döndi Jemiläniň agşamky goparan işi hakda-da olara kelam-agyz zat diýmedi. Allamyrady ýoldan edinip, Sary serhoşuňka bardy.
Jemiläniň öýden gidenini azaram edinmedik Sary serhoş Döndi dagy baranda daňyň süýji ukusynyň lezzetini görýärdi. Ol äpişgäniň batly urulmasyna oýanyp, daşaryk çykanda, gapyda duran Döndidir Allamyrady görüp, bir zat bolanyny aňdy.
—Jemile agşam obany öýme-öý aýlanypdyr. Soltangülüň ejesi Ogulgül daýzany bogup durka, Allamyrat dagy ýetişipdir —diýip, Döndi gamgyn halda gepläp, habaryny aýtdy. —Goýbermeli däl ekeniň-ä ony, Sary aga.
Sary serhoş zatdan bihabarsyrap gepledi:
—Men-ä onuň çykyp gideninem bilmändirin.
—Indi ony alyp bir gaýdyň-a. Meň-ňä. Öýüme gaýynlam eltdirmez —diýip, Döndi ýene gynanç bilen gepledi.
Sary serhoş derrew gapdalynda ýaşaýan ogluny turuzdy-da, maşyny otlatdy. Dört bolup, Jemiläniň yzyndan ugradylar.
—Men-ä aýybam bolsa, bir zat aýtjak —diýip, Allamyrat ýolda gürrüň gozgady. —Sary aga gaty görse-de...
—Ýok, ýok, men zady gaty görmen, inim —diýip, Sary serhoş ony ugruna sürdi. —Aýt, çekinme-de!
—Aýtsam, şeýle... Her zadam bolsa, Ýusuby höre-köşe edip, Jemiläni oňa yzyna aldyrmalymyka diýýän. Jemile özüni Ýusubyň kowanyny ýokuş görüp ýetdi şu derejä...
Döndi Allamyradyň pikirine garşy boldy:
—Ýok, jigim! Indi Ýusuba Jemile berilmez! Jemile dälilikden açylyp bilmän, ölýänem bolsa, indi ol Ýusuba berilmez! —Döndi biraz dymyp, uludan dem aldy. —Wah, «Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýleni boldy biziňki. Kakam Jemiläni şolara bermejek bolup, dogry eden eken. Kakam bilýän eken kimden wepanyň boljak-bolmajagyny...
Bular baranda bütin gijäni ondan-oňa kaňkap geçen Jemile uklap ýatyrdy.
—Döndi, göwnüňe zat getirmeseň-ä, şuny şu ýerden göni şäher keselhanasyna äkideliň. Bu indi daňyp saklaýmasaň, bize saklatmaz. Haçana çenli yzyna düşüp gezjek. Belki, dugtaryň haýry deger?! —diýip, Sary serhoş Döndä maslahat saldy.
Döndi onuň bilen ylalaşdy.
Jemiläni ukudan oýarman, göterip, maşyna saldylar. Ony Sary serhoş, Allamyrat hem Sary serhoşuň ogly alyp gitdiler. Döndi bilen Gunça bolsa, öli ugradan dek bolup, onuň yzynda aglap galdylar.
Keselhana Jemiläni bütinleý sagaltmady. Ýöne güýçli-güýçli ukollar onuň eňkini aldy. Ysgyn-mydardan, güýç-kuwwatdan gaçyrdy. Keselhanada bolmaly möhleti gutaransoň, ony Sary serhoş ýene öýüne alyp gaýtdy.
Ol indi hiç kim bilen sögüşmäge-de gitjek bolmady, uruşmaga-da. Ýusubyň ýoluny-da garawullamady. Özbaşyna hüňürdäp, gezip ýördi. Şol bir sözlerini gaýtalaýardy.
—Ine, bu men —diýip, odunlyk üçin basylyp goýlan agaçlara birme-bir barmagyny degrip çykýardy. —Ine, bu-da men, bu-da... —Bişen erikleri dökülişip duran baglaryň ýanyna baryp, olary yralap —Bu bolsa Soltangül diýýärdi. —Soltangül hemmä gerek. Ýusuba-da gerek. Onuň miwesi bar. Men bolsam, diňe ýakylmak üçin gerek. Men diňe ýanmaly. Gury agaç men... Ýusup meni äkitjek diýibem, äkitmedi... Ol meniň saçymy-da sypady. Gujaklabam durdy... Ol meni gowy görýä... Ýöne ony Soltangül goýberenok... Soltangül, ony goýberäý-dä. Meniňem Ýusuby göresim gelýä-dä... Onuň bilen bileje ýaşasym gelýä —diýip, Jemile käte hem hyýalynda Soltangüle ýalbarýardy.
Käte ol bir mahal ýüregine hem beýnisine ýazylyp galan aýdyma hiňlenip, adamlaň ýüzüne seretmän, köçelerden, dükanyň öňünden aýlanyp gaýdardy:
— Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar-eý ýanar-söner.
Däli döwran-eý kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Begler, begler-eý, jan-a, begler...
Onuň owazy diýseň ýakymlydy, näzijekdi. Gamgyndy. Onuň bolup ýörşüni görenler deňinden aglaman geçenokdylar...
Günleriň bir güni bolsa, obanyň ýetginjekleri üýşüp, gijäniň bir mahaly Ýusuby «Biri çagyrýa. Ýaramaýan bar» diýip, aldap äkidip, öler ýaly edip ýençdiler. Ýusup ol ýenjilmeden soň keselhanada üç-dört aýa golaý galyp bilmän, ýatmaly boldy.
-
myspaser
3 years ago
- ***
Jemiläniň Soltangüldür öýdüp, onuň ejesini bogup gaýdan gününiň ertesi Jemiläniň keselhana salnanyny eşidip, Ýusup maşgalasy bilen öýüne dolanyp geldi.
Maşyndan düşenden, Soltangülüň gözüne del düwünçek ildi. Ol Jemiläniň köýneklerini salyp, soň ýadyndan çykaryp giden gara ýüň gyňaçly düwünçegidi. Soltangül düwünçegi aýagy bilen depip, köçä tarap pyzdy. Öz yzyna tirkäp gelen ogly Ýarana ýüzlendi:
—Haram däliniň zatlary! Bar, oglum, ho-ol, aýak ýetmez ýaly ýere taşlap gel!
Onuň şeý diýip, gykylyklap duranyny Ogulbike eşitdi-de, ylgap gelip, düwünçegi Ýaranyň elinden silkip alyp gitdi.
—Ite-de uýat ýagşy! Düwünçekde näme günä bar! —diýip, Ýusubyňam, Soltangülüňem ýüzüne azgyryldy.
Ýusup utanyp, onuň ýüzüne seredip bilmedi. Soltangül bolsa Ogulbikäniň yzyndan gygyryp galdy:
—Sen it! Beýle ýüregiň awaýan bolsa, düwünçegiň eýesinem getiräý öýüňe!
—Gepleme, haýasyz! —diýip, Ogulbike duran ýerinden Soltangüle jogap gaýtardy. —Seniň geplemäge hakyňam ýokdur. Özüňi hödürläp, bir bendäniň maňlaýyny garaltdyň. Seň ýalynyň bagty-da çüwäýýä! Ýogsa Jemiläniň dyrnagyça barmy sen!
Şeý diýip, Ogulbike öýüne girip gitdi-de, Jemiläniň düwünçegini ogullarynyň birinden Döndä iberdi.
Soltangül bolsa agzy ýadaýança Ogulbikä gargyndy.
Jemiläniň ýollarda, dükanyň öňünde juda ejiz düşen ýagdaýda aýlanyp ýörmesini görüp durmak, hem adam üýşen ýerde ol hakda edilýän gürrüňleri diňlemek Ýusuba diýseň agyr düşýärdi. Ol soňky wagtlar obadan şähere göçmek hakda pikir etdi. Obanyň ýaş ýigitleriniň özüni üýşüp urmagy bolsa, onuň pikiriniň amala aşmasyny tizleşdirdi. Ol özüniň Jemile üçin urlanyny bilýärdi. Ol Jemiläni bütin obanyň gowy görýänini bilýärdi. Ol özüni uran ýetginjekleriň käbirini tanaýanam bolsa, olary milise-beýlekä salgy beribem durmady. Asyl, urlanyny hiç kime aýtmady. Keselhanada soranlarynda-da: «Gije işden gelýärkäm, nätanyş adamlar duşdy» diýip, jogap berdi.
***
Aýlar-günler kerwen gurap ötdi gitdi. Obanyň ýaşy ululary nobaty bilen düneden ötdi gitdiler. Ýusubyň ejesi Gülsoltan daýza-da, kakasy Gurban aga-da, Soltangülüň ejesi Ogulgül-de, Döndiniň gaýynenesi-de, Jemiläniň kakasy Abdy aga-da, ejeligi Täçjemalam. Garaz, köp adamlar... Sary serhoş-da ýogaldy. Uly nesliň ornuna onuň yzyndaky nesil süýşüp baryp durdy...
Sary serhoşuň öýünde Jemiläniň bir özi galdy. Onuň çaý-suwuna Sary serhoşuň ogludyr gelni seredýärdi. Jemile özbaşyna samrap, oňa-muňa aýlanyp, ahyry öýüne gelip ýatýardy. Ömrüniň ähli günleri meňzeş geçip durdy. Şol bir aýdýan aýdymyny käteler uzak günem gaýtalar oturardy.
Soltangül bolsa Ýusuba jemi sekiz çaga dogrup berdi. Ogul ýerine ogul, gyz ýerine gyz boldy. Ýusup çagadan gerk-gäbe doýdy. «Besdir! Indi çaga gerek däl, bes et dogurmaňy!» diýip, ol soňabaka Soltangülüň üstüne gygyrybam başlady.
Ýusubyň gykylygy Soltangülüň piňine-de däldi.
—Men günäkärmi, özüň günäkär —diýip, ol myşlap oturyşyna hikir-hikir gülerdi. Özem ýyl geçdigisaýy semräp, tüýs meşige dönüp barýardy. Alkymlary sallanyp, dodaklary bagyr kimin pakgardy. Bir saçagyň başyna çökse, galmasy ýokdy. Üst-başyna dökan-saçan edip, daşyna siňek üýşürer oturardy.
Soňabaka Ýusup ondan halys doýdy. «Nädip şuny aýal edindimkäm?» diýip, öz-özüne haýran galdy. Çaga bolan teşneligiň öz aňkasyny nähili aşyranyny ol şu wagt aňyp başlady. Ol Soltangüli tanyş-bilişlerine «aýalym» diýip görkezmäge utanýardy. Onuň bilen bir saçagyň başynda garbanasy gelenokdy. Naharyny aýry jaýda iýýärdi. Onuň gül ýüzli Jemilesi ýyl geçdigiçe ýadyna düşüp, ýüregini ezýärdi. Gijeler düýşünde ony bagryna basyp-basyp, ganmaýardy. Saçlaryny sypaýardy. «Men seni ne günlere salaýdym, Jemile jan» diýip, ýeke galan halatlary Jemile bilen hyýalynda gepleşýärdi. «Arman, önelgesiz bolduň-da. Men seni ömür zyňarmydym ýogsa».
Birdenem, ol klasdaşy Allamyradyň diýen sözlerini ýadyna salyp, pikir öwürýärdi. «Hana, kakam pahyr öldi gitdi. Onuň bir topar çagasam bar-da. Bizden oňa näme haýyr boldy? Hiç zat... Diňe ol ölýänçä «Gurban aganyň ogullary» diýdirdik. Biz ýogalamyzsoň, il arasynda «Gurban aganyň ogullary» diýen sözleri hiç kim agzamaz... «Pylanynyň ogly, pylanynyň nesli» diýen zatlaryň bary wagtlaýyn zatlar eken... Hemme zat wagtlaýyn... Munda baky zat ýok. Onda-da näme üçin adam pahyr şu wagtlaýyn zatlara imrinip, köplenç halatda kimdir birini ynjytmaly bolýarka?!»
«Kimdir birini» diýip, Ýusup içinden gaýtalady-da, «Iň mähriban adamsynam» diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Onuň göz öňüne ýene Jemile geldi. Onuň bagtly hem betbagt pursatlary ýadyna düşdi. Onuň hiňlenjiräp, biçäre ýagdaýda gezip ýören halatlaryny ýatlap, gözlerine ýaş aýlady. «Jemile jan! Nädip dözdümkäm seni şeýtmäge, Jemile! Ýaş bolupdyryn-a men. Gögele bolupdyryn-a». Birdenem, ýene ýadyna klasdaşy Allamyrat düşdi. «Ýok, men samsyk bolupdyryn. Meniň akylym köp zada çatmaýan eken». Şeý diýip, ol birsyhly özüni kötekledi. «Näme üçin Allamyrada berlen akyl maňa-da berilmedikä?!»
Ýusubyň çagalary iýermenjediler. Bir Ýusubyň aýlygy olary bol-telki ekläre ýetenokdy. Ýusup olaryň eklenji üçin hatda maşynynam satmaly boldy. Üstesine-de, çagalar iýip-içip, garynlaryny doýurýardylar-da, boguşmak, uruşmak bilen bolýardylar. Buýrulan işi etmeýärdiler. Hatda dükana gidip, ejelerine çöregem getirip bermeýärdiler.
—Men nä akylyma Alladan çaga diledimkäm? Şular ýalyň öýümde ýoklugyna näme üçin şükür edip gezmedimkäm?! —diýip, Ýusup käte çagalaryna käýýände agzyna gelenini diýip gygyrýardy. —Näme üçin men çagasyz geçmedimkäm?!
Çagalaryň gohy öýi göçüräýjek bolýardy. Gije, diňe olaryň bary uklansoň ýataýmasa, gündiz dagy Ýusuba uky alma ýokdy. Ululary Ýaran bilen Maksad-a ýigit ýetip, kakalaryna jogabam gaýtaryp ugradylar:
—Bizi halamaýan bolsaň, özüň gidiber-ow öýden, kaka! Biz köplük, sen bolsaň ýeke.
—Gepiň gelmesin-ow, kaka! Iňňildiňi bes et!
Ol her gezek ogullary bilen garpyşanda göz öňüne Jemile gelýärdi.
Ýusup bütin maşgalasy bilen ýene oba, öňki öýüne göçüp geldi. Ogullary ne mellek işine kömek edýärdi, ne-de mal-gara seredýärdi. Bir zat diýse-de, ýerli-erden:
—Gepiň gelmesin-ow, kaka!—diýşip, Ýusubyň ýüzüni alşyp durdular.
Ýusup gatyrak gidäýse, ogullarynyň özi bilen erjeşäýmekdenem gaýtmajakdyklaryny duýup durdy. «Siz diýip, gül ýaly aýalymdan aýryldym, haramzadalar. Bir hapysa ýoldaş boldum» diýip, olara içinden gargynýardy.
Ogullarynyň Ýusubyň aladasy bilen işleri ýokdy. Olaryň biri «Motor äber» diýip, kakasyna gün berenokdy, biri «tigir» diýip. Ýene birine delje eşik gerekdi, ýene birine del köwüş. Ýusup käte olardan gaçyp, başyny alyp gitmeli ýer bolsa, gitmäge taýýardy. «Adam pahyr «zürýat-zürýat» diýip, gül ömrüni kül etse-de, zürýat sylagy ene-atanyňkyça ýok eken» diýip, Ýusup häli-şindi pikir öwürýärdi. Soltangüli çagalar bilen ejesiniň mellegine iberäge-de, ýanyna Jemiläni alyp gelmegi ol kän gezekler ýüregine düwüpdi. Ýöne indi oňa beýtmäge Sary serhoşuň ogludyr Döndiniň rugsat berjek-bermejegini ol bilenokdy. Rugsat berlerinden berilmeziniň ýakynlygyny ol duýýardy.
Günleriň bir güni oba şum habar ýaýrady:
—Jemile ýogalypdyr!
Bu habar Ýusubyň ýüregini aşak gaçyrdy. Şol wagt ejesiniň bir wagt aýdyp beren rowaýaty Ýusubyň ýadyna düşdi: «Jan berýän pursady pahyrdan perişdeler sorarmyş: «Tabydyňy götermäge dört ogluň taýýarmydyr?» Ine, şonda pahyr bolan bendäniň ogly dört bolsa-ha, ol perişdeleriň ýanynda beýgelermiş. Üç, iki ogullynyňam buýsanjy bolarmyş, iň bolman, ýeke ogly bolanam kemsinmezmiş. Düneden ogulsyz öten bolsa, kemsinmekden ýere siňip barýamyş. Ol perişdelere: «Ogul ýokdur» diýenden, perişdeler ony saýyp-saýyp gidermiş. «Sen näme üçin dünýä ogul bermediň!» diýip.
Ýusup ajy habary eşidenden: «Ýogalansoňam jebir çekmeli boljag-ow ol pahyr» diýip, Jemilä ýüregini awatdy. Soňra ýaňy on sekiz ýaşy dolan ogly Maksat bilen on ýedi ýaşy dolan ogly Myrada ýüzlendi:
—Ýuwunyp-ardynyp, üst-başyňyzy tämizläň, Jemile ýogalypdyr. Ýaran, senem taýýarlan —diýip, soňra Ýusup Soltangülüň yzyna tirkäp gelen ogluna-da tabşyrdy.
—Şo-ol, däli aýalmy? —diýip, Ýusubyň ogullary onuň üstüni soragdan gömdüler. —Ýogalsa ýogalypdyr-da. Näme sebäbe oň üçin biz ýuwnup-ardynmal-aý!
Ýusup ogullarynyň ýeňsesine gezekli-gezegine şarpyk çalyp goýberdi:
—Basym boluň!
Kakalarynyň tüýsüniň bozukdygyna göz ýetiren ogullar düwdenekleşip, hammama tarap ylgadylar.
—Sen bu çagalary pata ýerine alyp gitmekçimiň? —diýip, Soltangül gykylyklady. —Ýaş-a bular heniz oň ýaly ýere giderden!
—Lal bol, senden gep soralanok! —diýip, Ýusup Soltangüle azgyryldy.
—Şolar-a gitmez! Seniň özüňem gitme! —diýip, Soltangül moýmuldap, Ýusuba ýakynlady. —Ogul gerek bolsa, özi dogurmaly eken ol süýtsüziň!
Jemiläniň indi bu dünede hiç haçan bolmajagyna gynanmakdan möňňüräýmekden zordan saklanyp duran Ýusup janynyň ýangynyna Soltangülüň agzyna-da ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi.
Soltangül agzyny tutup, aglamjyrap, öe tarap gitdi.
Ýigitleriň üçüsem Ýusubyň yzyna düşdi. Ýusup baranda Sary serhoşuň öýüniň töweregi köçeler bilen adamdan doludy. Köçelerde ululy-kiçili maşynlar hatar-hatar bolup durdy. Bu görnüşe Ýusubyň gözowasyna ýaş ýygnandy. Soňra ýaş damjalary ýaňaklaryndan syrygyp gaýtdy. «Seni bütin obaň gowy görýär, Jemile jan! Seni hemmeler sylaýar! Diňe men sylamadym seni. Men haramzada boldum, Jemile jan! Men hemmelerden pes boldum! Sen meni dälilik hetdine ýetip söýseňem, men seniň söýgiňi basgyladym, Jemile jan! Bagyşla meni, ezizim!» diýip, Ýusup hyýalynda birsyhly Jemilä ýalbardy.
Ýusubyň baranyny görüp, misli, öňden garaşylyp oturylan ýaly, agyr märeke ýol açyp, oňa geçere maý döretdi. Ýusup ogullaryny hem-de ogullygyny erkek kişileriň arasynda galdyryp, giň eýwany tutup oturan aýallar mähellesiniň içi bilen agy sesi gelýän öe tarap ugrady.
—Armanly gitmeli bolduň, Jemile jan! Gözüňi açyp gitmeli bolduň-a! —diýip, Döndiniň zarynlaýan owazy has aýdyň eşidilýärdi.
Ýusup geçip barşyna aýallaryň:
—Gözünem ýumanok, görgüli. Ýusuba garaşýan bolaýmasa—diýşen geplerini gowy eşitdi.
Ýusup içeri girende, agy sesleri galyşyp, az salymlykça ümsümlik aralaşdy. Hemme göreçler Ýusuba dikildi. Ýusup düýbüne palta salnan çynar ýaly bolup, uzap ýatan Jemiläniň baş ujunda dyza çökdi-de, onuň maňlaýyny emaý bilen sypalady. Ýüzüne ýapylan ýaglygy galdyrdy.
—Günämi öt, Jemile jan, bagyşla meni. Gögele bolupdyryn men —diýip, agy gatyşykly sesi bilen pyşyrdady.
Jemile misli, uka giden ýaly bolup, kirpiklerini kirpigine gatdy-da, gözlerini ýumdy.
Ýusup möňňürip aglady-da, daşaryk çykyp gaýtdy. Aýallaryň agy sesleri onuň agysyny alyp göterdi.
Ýusup daşaryk çykyp, bir çete çekildi-de, maňlaýyny tutup, esli salymlap agysyny goýup bilmän oturdy.
—Etjegini edip, indiden soň aglan bolmasyna seret ol äteňenälediň! —diýip, kimdir biri hüňürdedi.
—Otur, gepleme! —diýip, ýoldaşy hüňürdäni köşeşdirdi. —Onuň ýerinde bolsa, hiç kimem nä alaç etjegini bilmezdi.
Edilmeli däp-dessurlar berjaý edilip, merhumyň soňky ýola atarylmaly müddeti geldi.
—Ogullary bar bolsa, merhumyň baş ujuna geçsin! —diýip, molla ýol salgy berdi.
Ýusubyň öwredişi ýaly, Maksat bilen Myrat Jemiläniň tabydynyň baş ujuna bardy. Ýusup bolsa Ýaran bilen aýak ujuny saklady.
—Çagalar ýaş öýdýän, aýrylaýsyn beýläk —diýip, ýaşulularyň biri Maksat bilen Myradyň ýüzüne seretdi.
Ýusup ara düşdi:
—Iň bolman, birküç ädim götersinler, atam, zat diýme!
Obadaşlar hem hatar gurap, ataly ogullara tekge berdiler.
Jemiläniň tabydyny eginlerine göterip, Myratdyr Maksadyň başyny çekip barýan mähelle ýer süýşen ýaly bolup, obadan saýlanyp ugrady...
Ýusup Jemiläni ýerläp gelensoňam, öýüne girip, uzak günläp aglady. Oňa ähli zat Jemiläni ýatladýardy. Onuň özünden gitmejek bolup, ellerinden ýapyşyp aglan ýerleri, aglap-aglap, ýalňyz özi ýatyp galan otagy, köçelere çykaryp, ony uran ýerleri... Nirä barsa, her bir zat Ýusuba Jemiläni ýatladýardy.
Soltangülüň garşylygyna bakman, bir gün Ýusup Jemiläniň suratyny ullakan portret etdirip, jaýyň töründen asyp goýdy. Jemiläniň peri mysaly suratyna baksa-da, nämüçindir Ýusubyň göz öňünde owadan, gül ýüzli Jemile däl-de, ejiz düşüp, köçelerde aglap ýören Jemile janlanýardy. Onuň zaryn aýdymy bolsa Ýusubyň gulagynda ýaňlanyp durdy, ýaňlanyp durdy:
—Öl agaçdan-eý hasyl öner,
Gury agaçlar-eý ýanar-söner.
Däli döwran-eý kime döner!
Geçdim ýana-ýana, begler!
Begler, begler-eý, jan-a, begler...
Günleriň bir günem Ýusup Soltangüle ýüzlendi:
—Men saňa ogullaryňy öermäge, gyzlaryňy çykarmaga kömek ederin. Sen çagalaryňy al-da, ejeň mellegine göç.
—Ýigrimi ýyllap ýaşaşyp, bu indi näme etdigiň boldy?! —diýip, Soltangül agzyndan ak köpük saçdy.
—Ýalan dünýäniň hilesine aldanyp, Jemiläniň özün-ä bagtly edip bilmedim. Onuň ruhuny bir şatlandyraýyn. Ol seniň bu öýde ýaşamagyňy islänokdy... «Ölä aýan—dirä güman» diýýäler. Belki, ol seniň bu öýden gideniňi bilip, indi bir razy bolsun menden! Onsoňam, anna agşamlary merhumyň ruhy ilki bilen ilkinji ojagyna aýlanarmyş. Goý, şonda Jemile yzyna närazy bolup dolanmasyn!
—Јh-ä! Heleýjigiňi unudyp bileňokmy?! Saňa şunça çaga dogrup beribem, men indi seniň üçin şo däli heleýçe bolmadymmy! —diýip, Soltangül şermendeligine tutdy. Agzyna gelenini diýdi.
Her zat diýse-de, Ýusup ony ejesiniň öýüne göçürdi. Öz ýanynda ogly Maksady alyp galdy. Şundan soň Ýusup diňe Jemiläniň ruhuny razy etmek pikiri bilen ýaşap başlady...
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Iň söýgüli ýazyjymyň eseri
-
Реалист01
3 years ago
- Baýbu Berekella!
-
Arzuwum
3 years ago
- ýaşaýaka bagtly edip bilmediň, ölensoň aklyň aýlandymy hemme zada
-
АKiF
3 years ago
- Paýlaşanyñ üçin minnetdar.
Eseri uly haýranlyk bilen, höwes bilen hiç säginmän okadym. Sözler şeýle bir (gowy) yzgiderlilikde hem-de täsirli, duýguly ýazylypdyr welin, Okadygymça okasym geldi.
Türkmen dilinde okan eserlerimden meni bular ýaly täsiri astyna alan, duýgulandyran eser az bolupdy ...
myspaser 3 years ago- Öweý ejesiniň sözlerine Jemiläniň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. «Waý, men aýtdym-a görerler diýip, aýtdym-a» diýip, içinden gynanç bilen gaýtalady. «Indi meni näderkäler?»
Jemile sesini çykarmady-da, öweý ejesiniň ýanyndan aýlanybrak geçiberdi. Täçjemal onuň haltasyndan itip goýberdi. Haltanyň agramyna büdräp, Jemile ýykyldy. Halta-da gapdala togalandy. Jemile hasanaklap galyp, haltany süýrekledi-de, ot dökýän ýerine eltdi. Soň öweý ejesiniň ýene özüne tarap gelýänini görüp, öe atyldy. Içerik girip, gapyny berkledi.
Täçjemal onuň yzyndan girip durmady. Ýöne daşarda gykylyk baryny turuzdy:
—Wah, men bir garamaňlaý bolmasam, bi ojaga gelermidim! Iliň ýetimini saklamak başyma galarmydy! Ine, indi şunça ýyl bäri bi ojagy ojak etjek bolup, ylgap ýörsemem, iň soňunda biabraý bolup galmaly boldum!
—Näme boldy-how? Sesiň näme? —diýip, aýalynyň gykylygyna ýüzüni ak tam edip,Abdy aga ýetip geldi.
Täçjemal hamala, sesini hemmeler eşitsin diýýän ýaly, öňküsindenem beter örç aldy:
—Gyzyň ota gidýän diýip, asyl meýdanda onuň-munuň bilen sataşyp hezil edýän eken. Ine, gör-de dur, ertirki gün gyzyň saňa abraý getirse, meniň zat bilmedigim. Asyl indi ony seniň duluňdan adamam ýygnar öýdemok! Gyz boýuna eline çaga-çuga diýip, bir zat alaýmanka, alajyny edewer onuň.
—Näme bolan bolsa, düşnükliräk aýdaýsana-how! —diýip, Abdy aga janykdy.
—Men häli, dostumyň ýanyndan gelýäkäm gördüm. Gülsoltan daýzanyň ogly Ýusup Jemiläniň haltasyny göterip gelýän eken —diýip, Goşa-da gepe goşuldy.
«Işim gaýtdy!» diýip, girere deşik tapman, elewreýän Jemile bu gürrüňleri eşidip oturyşyna gaýgy-hasrata özüni aldyrdy. «Indi näderkäm?»
Häzir onuň üstüne düne ýykylyp gelýän ýalydy.
Jemile gapyny hernäçe berkledimmikäm diýse-de, kakasy ony bir itende açyp, içerik girdi. Jemilede «Indi diri galaryn» diýen umytdan nyşan-da galmady. Ýüzi ak tam boldy. Kakasynyň ýüzüne seretmäge miltem etmedi. Howpa sataşan kirpi mysaly, boýnuny ýygryp, «Kelläme uraýmasynlar» diýen gorky bilen iki elini kellesine ýetirdi. Howpdan goranmaga taýýarlandy.
—Men-ä giden meýdanda bir özi galyp, erkek kişi bilen ot ýygýan gyzyň ejesi diýen ada galyp bilmen. Soňky gün munuň garamatyny götermen! —diýip,Abdy aga bilen bile içerik ätlän Täçjemal jammyldysyny goýmady. Onuň soňky sözleri Jemiläniň içinden parran geçdi. Ol dilini öňküdenem ajadyp, Abdy agany dalady. —Sora. Munuň indi gyz diýerlik abraýy bir galdymyka?
Abdy aga gyzyny urmadam, sögmedem.
—Gyzym, gelnejeň diýýänleri çynmy? —diýip sorady.
Urmasa-da, kakasynyň sesiniň gahara gaýnap duranyny Jemile aňdy. Gyz hatda geplemäge-de gorkýardy. Dili diýenini etmejek ýalydy. Şonuň üçin ol birbada sesini çykarman, «ýok» diýen terzde baş ýaýkady. Jemiläniň bu bolşy Täçjemaly içine köz oklanana dönderdi.
—Gör, bihaýanyň ýalan sözleýşini! A Ýusup näme! Ýusup näme! Goşa jan görüpdir-ä seniň Gülsoltan goňşyň ogly bilen bile gelýäniňi! —diýip, ol agzyndan ak tüýkülik saçdy. Soňam kellesini gapydan çykaryp, daşaryk gygyrdy. —Goşa jan! Gel, balam, aýt! Şu süýtsüziň ýüzüne aýdyp ber kim bilen gelenini!
—Ýusup bilen, Ýusup! —diýip, Goşa içerik girip durman, daşardan gygyrdy.
—Ol diňe şu gün... Klasdaşym bolansoň, otumy göterişdi! —diýip, Jemile zordan seslendi.
—Diňe şu gün diýsene! —Täçjemal has-da herreldi. Bolan wakany gyzyň boýun almasyna göhi geldi. —Asyl başgalar göterişäýmändir-ä otuňy! —Soňra Täçjemal ýene Abdy aga ýüzlendi. —Eşitdiň gerek gulagyň bilen! Ol ýigit muň otuny ýönelige göterişýänmidir!
Abdy aga Jemilä ýüzlendi:
—Gyzym, dogryňy aýt, Ýusubyň otuňy göterişeni çynmy?
—Diňe şu gün, kaka jan, diňe şu gün —diýip, Jemile aglamjyrady. —Yzymdan ýetdi-de, kömekleşäýdi.
—Sen onda şolara ötägit, gyzym! —diýip, Abdy aga agras aýtdy-da, uludan dem aldy. —Ýigit gyzyň otuny ýönelige göterişýän däldir. Ol seni garamata goýdumy, goý, indi özi ýygnasynam. Men öýden ady ýiten gyz çykaryp, ile gürrüň boljak däl. Bar, ötägit Ýusuplara. Gerek-ýaragyňam al. Gaýdybam, şu öe garaňy salma!
Şeý diýip, Abdy aga çykyp gitdi. Öweý eje-de onuň yzy bilen çykdy. Kakasynyň öýden kowmasy Jemile üçin urandan-sögenden agyr boldy. Ol bu öýde jebir baryny görýänem bolsa, mundan aýrylyp gitmegi akylyna sygdyryp bilenokdy. Şonuň üçinem kakasynyň özüni kowmasyna zähresi ýaryldy.
—Kaka jan, beýtme! —diýip, kakasynyň yzyndan aglap gygyrdy. —Ursaň, ur, öldür, ýöne öýden kowma, jan kaka! Men nirä gideýin indi!
Abdy aga gaýdyp sesini çykarmady-da, mellegine girip gitdi.
Jemiläniň aglaýan sesini olaryň deňinden geçip barýan Ýusup hem eşitdi. «Hä, biri görüp, eýýäm öýüne ýetiripdir-ow!» diýip, ol içini gepletdi. Jemiläniň «git» diýen sözüne gulak asman, onuň haltasyny göterenine puşman etdi. Ýöne indi giçdi. Puşmandan haýyr ýokdy. Ol öňem jebir görüp ýören gyzyň aladasynyň üstüne alada goşany üçin öz-özüni ýigrendi, gyza ýüregi awady. Jemiläniň ýanyna baryp, oňa göwünlik beresi geldi. Ýöne ol muny edibem biljek däldi. «Häzir baraýsam, Abdy aga kellämi alaýmazmy!» diýibem, içini gepletdi.
Öýüne ylgady. Baryp, ejesine bar zady gürrüň berdi.
—Hä, seniň edeniň bar bolsun. Öň ol görgüliniň çekýän jebrini az gördüňmi? —diýip, Gülsoltan daýza Ýusuba igendi. —Gyza gep goşma nämä gerekdi saňa!
—Jemile aglaýar, eje! Gitsene olara! —diýip, Ýusup ejesine delmurdy. —Kakasy uran bolaýmasa ony!
—Hä, edeniň bar bol-a, edeniň bar bol-a seniň! —diýip, Gülsoltan daýza ýene Ýusuba igendi. —Git diýýäň sen. Gyza habar gatmak üçin pişmelije, süýjülije, ýanyňa dogan-garyndaşyňy alyp gitmeli ahyry! Men bu gyssagarada nädip ýetişeýin bu zatlara.
—Kadalaňňy soň edäýsene, eje! —diýip, Ýusup ejesini gyssady. —Sen ony urup öldüräýmänkäler, baryp bir gaýt.
Gülsoltan daýza birbada janyksa-da, özi Ýusupdan beter howlukdy. «Ol haram öweý ol çagany urup öldürmese-de biridir» diýip, içini gepletdi. öýüň içinde hozanaklap, düwünçegine süýji daňyp ýörşüne:
—Bu gün çarşenbe günem-ä däl. Beýle haýyrly iş üçin öýden çarşenbe güni çykmaly ahyry —diýip, özbaşyna hüňürdedi. —Bi zamanyň çagasyndan her zada garaşaýmalydyr!
—Eje, bolaýsana! —diýip, Ýusup ejesini ýene howlukdyrdy.
—Bir bahana bilen barmasam, nä ýüzüme baraýyn bumat olara. «Oglum gyzyňy ugradypdyr. Günäsini geç» diýeýinmi! Kakaňa-da hiç zat duýdurman gidibersemmikäm? Ol näme diýerkä?
Ejesiniň şol güýmeň-süýmeň edip durşuna Ýusubyň jany ýandy.
—Bolaýsana, eje! —diýip, sesini has gataltdy. —Kakama-da soň aýdarsyň. Olary köşeşdirip bir gel-how!
Gülsoltan daýza süýjüli düwünçegini goltuklap, ýola düşdi. Ol goňşulara derrew ýetdi.
—Salamälik —diýip, ýylgyryp salam berse-de, Täçjemal oňa «gel-geç» diýmedi.
Täçjemalyň gahary diňe Jemiläniň otuny Ýusubyň göterişeni üçin däldi. Gyzyň abraýly ýa-da biabraý boljagy-da onuň piňine däldi. Gyzyň öz elinden gitmeli pursadynyň ýakynlanyna onuň jany ýanýardy. Onuň göwnüne bolmasa, Jemile ömürlik öz gapysynda hyzmatkär bolup geçäýjek ýalydy. Ine, indi bolsa gyza duýdansyz halatda hyrydar tapyldy duruberdi. Täçjemal öz adamsynyň ýanyna häli-şindi gürrüňçilige gelip-gidip duran, özleriniň goňşulary Gurban aga-da, onuň aýaly Gülsoltan daýza-da diýseň beletdi. Ol öe düşäýse, Jemiläniň han ýaly saklanjagynam bilýärdi. Muny bolsa Täçjemal islänokdy. Ol öweý gyzlarynyň baran ýerlerinde-de hor bolup gezerini isleýärdi. Bu öe gelip, eje bolmaly aýal gyzlara basdaş boldy. Ol misli, gepe düşmez çaga mysaly, ýetim gyzlar bilen içinden bäsleşýärdi. Olaryň güni gowy bolsa, özüniň çydamajagyny-da bilýärdi. Döndiniň gowy ýaşaýanyna-da onuň jany ýanýardy. Hut gowy ýaşaýanlygy sebäpli, ol biçäre jigisi Jemiläniň ýanyna gelende Täçjemal oňa ýüz berenokdy.
Jemile babatda-ha Täçjemalda ýene bir pikir bardy. Eger adamsy razy bolsa, Jemiläni öz yzyna tirkäp gelen ogly Goşa dakaýmak hakda-da pikir edýärdi. Şeýtse, ol Jemiläniň tä ömri ötýänçä öýünde hyzmatkär boljagyny bilýärdi.
Täçjemalyň sesini çykarman, öýüne girip gitmesine Gülsoltan daýza ýüzüne urlan ýaly boldy. Ol birbada näme etjegini bilmedi. Sadylla bolup, biraz durdy. Şol wagt hem mellekden çykyp, onuň ýanyna Abdy aga geldi.
Abdy aganyň ýüzi gamaşyp durdy. Onuň içinde harasat gopýanyny ýüzünden mese-mälim bilip bolýardy.
Gülsoltan daýza oňa salam bermäge çemlendi. Ýöne ýetişmedi. Abdy aga ýoňsuz gepledi:
—Eger gyz diýip gelen bolsaň-a, ötägit, goňşy. Gyzyň özi barar yzyňdan.
Abdy aganyň ýoňsuz gepine Gülsoltan daýzanyň ýüzi lap-lap gyzdy, ýüregi endiredi. Her zadam bolsa, onuň gaharyna basalyk bolmak niýeti bilen sypaýy söz urdy:
—Wiý, goňşy, siziň bir zad-a gaharyňyz gelipdir.
Abdy aganyň joşup duran gaharynyň böwedi böwsüldi:
—Gahar gelmez ýaly edýäňizmi siz! —diýip, sesini öňküdenem gataltdy. —Sen ilk-ä ogluňy gyzymyň yzyndan ýollap, meni masgaralap, indem menden gaharsyz söz eşitjekmidiň dagy? Ejesiz ýetim gyzyň adyny masgaralap, meni ile ryswa etjek bolduňyzmy?
Abdy aganyň peşe ýalyjak zatdan pil ýasap, gykylyk etmesine Gülsoltan daýza hem gaharlandy, hem haýran galdy. «Öweý heleý bu görgüliniň halys enter-pelegini öwräen oguşýa. Bu asyl çagasynyň bagtynyň açyljak-açylmajagy hakda pikirem etmeýän ýaly-la» diýip, Gülsoltan daýza içini gepletdi-de, Abdy aga ýüzlendi:
—Waý-eý, goňşy, şu ýerde goh eder ýaly näme bar! Klasdaş bolup birje gezek gyzyň oty göterilipdir-dä. Göterişende näme! Ýüregi awandyr-da çaganyň. —Şeý diýensoň Gülsoltan daýza Abdy agany çakybam goýbermegi makul tapdy. —Ýürek awamaz ýalymy Jemile janyň bolup ýörşüne. Naçar maşgala halyna ýükçi eşege dönderildi-le o çaga.
Abdy aga gaýdyp sesini çykarman, öýüne girip gitdi. Gepi diňlenmänsoň, Gülsoltan daýza-da yzyna dolandy.
—Abdy aganyň gahary gelipdir! «Gyzymyň otuny göterişip, meni oba masgara etdi» diýýär —diýip, Gülsoltan daýza özüni ýolda garşylan Ýusuba habaryny berdi.
Bu habara Ýusubyň jany ýandy:
—O nähili masgara bolýamyş, eje! Klasdaşyňa kömek etmek masgaraçylykmy eýsem?
Oglunyň tapyp ýören aladasyna Gülsoltan daýzanyň-da gahary geldi:
—Sen näme, gökden düşdüňmi? Oba adamlaryna näbeletmi? Nä işiň bardy iliň gyzynyň otuny göterjek bolup!
—Meniň oňa şeýle ýüregim awaýa, eje. Gör-ä, ne gözel gyzy nädip ýör olar. Ol, Abdy aga diýýän adam özüne gaharlansyn! Joralaryna goşman, gyzyny ne güne salyp ýör!
Agşam Gülsoltan daýza ýagdaýy adamsy Gurban aga-da aýtdy. Јr-aýal maslahatlaşyp, «Abdy aganyň gahary gelýän bolsa, gaýdyp olara Jemileli mesele bilen barmaly däl» diýen netijä geldiler.
Gülsoltan daýza Ýusuba-da kakasy bilen gelnen netijäni ýetirdi. Ýusup ejesini diňlemegem islemedi:
—Eger gowulyk bilen alyp bermeseňiz, men Jemiläni alyp gaçaryn!
Ogullary goňşularynyň gyzyny alyp gaçaýsa, dawanyň has ula gitjegini bilip, Gülsoltan daýzadyr Gurban aga Abdy aganyň üstüne obada sylanýan birki sany ýaşulyny töwella iberdi. Abdy aga töwellany-da almady. «Asyl meň ol gyz bilen işim ýok. Ol meniň abraýymy ýere çaldy» diýip, şol bir gepini gaýtalady oturdy.
Jemilä öýde ýüz bermediler. Öweý ejesi oňa ne çäýnek-käse elletdi, ne ýumuş buýurdy. Kakasy bolsa, hamala doga lal ýaly bolup, ýeke sözem aýtman, girip-çykyp ýördi.
Öýdäki bu ýagdaýyň düzüwlige däldigini aňan Jemile ahyry özüniň äsgerilmezligine çydaman, dogany Döndiniňkä gitdi. Aglap-aglap, bar zady Döndä gürrüň berdi.
—Gürlemeýän bolsa, doňňara daşlar bolaýsyn şol heleýguly —diýip, Döndi kakasyna gahary gelip, gargyndy. —Bir gelmişek heleýe gowy görünjek bolup, öz perzendiniň başyna ne günler salýar ol, Hudaýdan daş düşen.
Soňra Döndi Jemilä öz öýünde ýaşabermegi maslahat berdi:
—Boluber şu ýerde, jigim. Gülsoltan daýzalar ýaly gowy adama rowa görmeýän bolsa, kakaň hiç wagtam seniň bagtyňy açmaz.
Abdy aganyň ýaşululary-da diňlemän goýbermesine Gurban aganyň jany ýandy. Ol: «Iýýänem bolsa, özüm gepleşeýin» diýip, pikir etdi-de, goňşusynyň ýanyna bardy.
—Abdy goňşy, arma-da —diýip, mellekden çykyp, el-ýüzüni ýuwup oturan goňşusyna ýylgyryp, gep goşdy.
Abdy aga Gurban aganyň gepine jogabam bermedi. El-ýüzüni ýuwdy-da, turdy gitdi.
—Be, goňşy —diýip, Gurban aga gahardan saňňyldady. —Sen nire, bi, adamçylykdan çykmalar nire! — Gurban aga ýene bir zatlar diýmek isledi. Ýöne Abdy aga onuň sözüni bölüp, awusyny pürkdi:
—Adamçylykdan sen çykdyňmy ýa men? Gyz gerek bolsa, başda adam ýaly bolup gelseň bolmyýamy gapymdan! Ogluňy gyzymyň üstüne iberip, meni ile ryswa etdiň. Asyl, adamçylyk diýen zat sende ýok eken!
—Be, goňşy... Şunça ýyl goňşy bolup oturyp, seni tanamandyryn-ow men!—diýip, Gurban aga baş ýaýkady. —Ile ryswa bolar ýaly näme boldy-how? Oglum gyzyň elinden tutdumy? Ýa bir bolgusyz gep aýtdymy? Ýaşlardyr-da! Bu wagt ilde gijeden-gije duşup, hatlaşyp ýörenem-ä kän. Meň oglum bolsa diňe klasdaşlyk üçin Jemiläniň otuny göterişipdir ahyry! Onsoňam, oglumy men iberemok ahyry şeýt diýip, gürrüňiň nähili seň, goňşy?
—Bar, gykylyk gerek däl maňa. Gyz-a häzir öýde-de ýok. Tapan ýeriňden al-da gidiber!—diýibem, Abdy aga öýüne girip gitdi.
Gurban aga-da ýüzüne urlan ýaly bolup, yzyna dolandy.
—Menden gowa berjekmişmi diýsene gyzyny! —diýip, ýolboýy hüňürdäp gaýtdy.
—Јhli zat onuň aýalyndan turýa —diýip, Gülsoltan daýza ýagdaýdan dogry netije çykardy. —Bu zatlary Abdy goňşy öz erkine edýän däldir. Aýalynyň öwredýänjeleridir bu zatlar. O heleý—Şeý diýip, Gülsoltan daýza Täçjemalyň adyny tutman gepledi. —Jemile janyň düzüwlije öe düşerini islänok-da. Öz gyzy bolan bolsa-ha ikelläp bererdi bize.
Indi ýekeje çykalga bardy. Abdy aganyň uly gyzy Döndi bilen maslahatlaşmalydy.
—Senem töwella gidip göräý kakaňa —diýip, Gülsoltan daýza Döndiniň ýanyna baranda Abdy aganyň bolşuny gynanç bilen gürrüň berdi. —Hakyt, goňşy sylagyny-da bilenok. Biz bilen dagy gürleşmegem islänok.
Döndi meseläni çöp döwen ýaly etdi:
—Töwella etseňem almaz ol, Gülsoltan daýza. Ýöne şoňa indi töwella gerekdirem öýdemok men-ä. Ýaşulularyň sözüni diňlemedik adam meni diňlärmi. Eger saňa Jemile jan gerek bolsa, meniň öýümden al-da git. Seni-de, maşgalaňy-da biz indi tanamaly däl. Ejem jan bolan bolsa-da, senden gowa bermezdi.
Döndi ejesini ýatlap, gözüni ýaşlady. Gülsoltan daýza-da bozuldy:
—Wah, ejeň pahyr bilen-ä näçe ýyl saçaklyja gatnaşandyrys. Ol nähili gowy aýaldy. Meni dogany ýaly görerd-ä.
Iki naçar maşgala bolup düşünişdiler.
Şeýdip, Jemiläniň klasdaşlary orta mekdebi gutarypjyk barýarkalar Jemiläniň toý sähedi bellendi. Ony Döndiniňkiden gelnaljylap, alyp gaýtdylar. Ine, şeýdip, Jemiläniň başyndaky hyzmatkär bolnup ýaşalmaly günler gutardy. Şeýdip, Jemile günüň-güni otly haltalary götermekden dyndy. Ol indi otly haltalary diňe düýşünde göterýärdi. Huşunda oňa han güni garaşýardy. Ýusup onuň elini sowuk suwa-da sokdurmady. El-ýüzüni ýuwjak bolanda-da Ýusubyň özi suw akydyp berdi. Günüň-güni kino, şähere gezdirmäge äkidýärdi. Işsizlikden ýüregi gysyp, öýi süpürmek üçin Jemile sübse alaýsa-da, Ýusup ony gelniniň elinden alyp, zyňardy. Gülsoltan daýza çörek bişiren çagy ýanynda durup, çörek dürtüşjek bolsa-da, Jemiläni Ýusup alyp gaýdardy.
—Sen öň işläp-işläp, bez bolduň. Indi meň gapymda ýeke çöpem galdyrmarsyň —diýip, Ýusup oňa käeýärdi.
—Halys beýdip durma ahyry. Iş edeni bilen adam ölmez. Uzakly gün iýip-içip oturmaga utanýan-a men —diýip, Jemile nägile bolýardy. Ýusup ony şonda-da gepletmezdi:
—Gepleme. Gürrüň gutardy. Sen bizde iş etmeli däl. Sen diňe gowy-gowy eşikleriňi geýip, meniň alnymda peri ýaly bol-da, otur!
Gülsoltan daýza oglunyň bolşuna ýöne ýylgyryp oňaýardy. «Goý, gowy görsün. Ikijigi bile oňuşsa bolýa» diýip, içini geplederdi. Jemilä iş buýurjagam bolmazdy.
Jemile öz başynda beýle bagtly günler bardyram öýdenokdy. Özüniňem şeýle bagtly bolanyna hiç ynanyp bilenokdy. Begenjine aglaýardy. Dogany Döndä Ýusubyň bolşuny begenç gözýaşlaryny saçyp gürrüň berýärdi. Ýetim jigisiniň bagtly bolanyna Döndi diýseň begenýärdi. Ol jigisiniň bagtly günleri hakdaky gürrüňlerini hem ýylgyryp diňleýärdi, hem aglap.
Ýusubyň Jemiläni gowy saklaýşy hakdaky gürrüň oba erteki ýaly bolup ýaýrady. Toý bolsun, üýşmek bolsun, hemmeler Ýusup bilen Jemiläniň gürrüňini edýärdiler.
—Gadymky aşyk-magşuklaram ýaryny Ýusubyň Jemiläni gowy görşi ýaly gowy gören däldir—diýşip, aýallar agyzlarynyň ýetişdiginden jammyldaşýardylar.
—A gyz, Ýusup Jemiläni dogany Döndiniňkä-de maşynlyja eltýärmiş.
—Maşynly diýýäň sen. Ol Jemiläni öýünde elinde-de göterýärmiş.
—A gyz, Jemiläni görýäňmi, günde bir pombarh geýýä! öýünde-de pombarhly gezýä!
—Ikisiniň boýy-da meňzeş. Owadanlygy-da biri-birinden zyýada. Bir syn ediň şolara!
—Alla olary hut biri-biri üçin ýörite ýaradan ýaly!
—Ikisi biri-birine tüýs mynasyp-da!
—«Deň etsem, duş etmen!» diýilse-de, şu ikis-ä tüýs biri-biri üçin ýörite dünýä inderilen ýaly, gyz!
—Ýusup Jemiläniň agzyna iýjegini-de tutup berýärmiş!
—Eline suwam Ýusup akydyp berýämiş!
—Şeýle bolawersin, Jemile görgülem bagtly bolawersin! Ol ne günler görmedi, gyz!
—Hawa-la. Şo pahyryň bagtynyň açyldygy bolsun!
Orta mekdep gutarylyp, ekzamenlerden dynylansoň, Ýusup Jemilänem alyp, Aşgabada okuwa gitdi. Okuwa girdem. Medisina institutynyň studenti boldy. Giriş ekzamenlerinden soň, Ýusup Jemile bilen oba gezelenje gitdi. Obada biraz bolanlaryndan soň, ýene Aşgabada bile dolandylar.
Şol gün, Aşgabada dolanyljak güni Ýusup goş-golamlaryny jigisi Ahmede maşynly eltmegi tabşyrdy-da, özi Jemile bilen pyýada gitdi. Obadan çykýança Jemiläniň boýnundan gol salyp ýöredi.
—Il-gün näme diýer! —diýip, Jemile ýigidiň goluny boýnundan näçe aýyrjak bolsa-da, Ýusup etmedi.
—Goý, görsünler! Goý, hemmeler meniň seni nähili gowy görýänimi görsün!
Il-gün olary, baý, synlady! Biri-birine dykyljyra-şyp barýan ýaş çatynjalary ýol ugrundaky öýleriň uludan-kiçä barysy işlerini goýup synladylar. Çagajyklar olaryň öňünden ýörite çykyp aňkarýardylar. Garry-gurtular arman çekip seredýärdiler. Ýaşlar olaryň bolup barşyna gözlerini giderip seredýärdiler. Uly ýoluň gutaran ýerinde—obanyň şähere tarapky çetinde ýaşaýan Sary serhoş bolsa, ilk-ä aýaly bilen orup oturan ýorunjasyny goýup, ýaşlary dik durup, sag elini gözüne kölegeledip synlady. Soň hem:
—Ah-ow, Ýusup! Boýnuna gol salmanyňda gelinjigiň gaçyp gider öýdýäňmi-how! —diýip, Ýusubyň yzyndan gygyrdy. —Birki ýyl-a şeýdip, süýjeden borsuň, soň bizaram bolarsyň-ow aýal diýen zatdan!
Ýusup oňa zat diýmedi. Diňe baş atyp salam berdi-de, ýylgyryp geçip gitdi.
—Ana, gördüňmi, hemmeler bizi geňleýär —diýip, Jemile Ýusubyň bolşundan nägile boldy.
—Geňlänok! Olaryň bize gözi gidýä, gowuja seret! —diýip, Ýusup Jemile bilen ylalaşmady. —Seret Sary serhoş dagynyň aňkaraýşyna. Ogullaryna, gyzlaryna çenli bize seredýäler!
—Beýdip, ili seretdirmek nämä gerek! —diýip, Jemile ýene Ýusup bilen ylalaşmady.
—Goý, seretsinler! Başga näme işleri bar! —diýip, keýpi kök Ýusup hezil edip güldi.
Jemile töweregine nazar aýlady. Hemmeleriň gymyldaman öz yzlaryndan bakyp durşuna onuňam gülküsi tutdy. Birdenem nazarlary taýak atymlyk aralykdan gözlerini çüýjerdip seredýän Sary serhoşa sataşdy. Nämüçindir, ýüregi jigläp gitdi. Sary serhoşa bütin obasy ýaly, Jemile-de beletdi. Ol serhoşlukdan ýaňa köplenç ýollaryň gyralarynda-da ýykylar ýatardy. Özem adyna kybapdaşdy. Jylk sarydy. Içgi sebäpli, öňem sary ýüzüniň gan-peti galmandy. Ýüz-keşbi saralyp-solup giden kagyza çalym edýärdi. Syrylmadyk sakgal-murty ösgündi.
Sary serhoşuň keşbinden Jemiläniň ýüregi tisgindi. Oňa seredenine puşman etdi. Özüne şonuň ýalynyň är bolup sataşmanyna ýüzde-müň şükür etdi. Gapdalynda, gollaryny boýnuna atyp barýan, hem görmegeý, hem syratly ýigidiň öz ykbalyna sataşanyna begenip-begenip, bir ganat bekläp, uçup bilmedi. Özem oňa nähili gysmyljyranyny bilmän galdy.
Uly şäherde peri ýaly owadan-owadan gyzlar näçe köpem bolsa, olaryň birem Ýusubyň gözüne ilmeýärdi. Ol sapak gutardygy kireýine ýaşaýan ýerine ylgardy. Barandan Jemiläni bagryna basardy. Onuň üçin dünede Jemileden owadan, Jemileden mähriban gyz-gelin ýokdy. Betbagt gyzy özüniň şeýle bagtly edip bilenine diýseň begenýärdi. Jemiläniň özüne minnetdarlygyny duýan çagy özüni has-da bagtyýar saýýardy.
Oňa iýmek-içmek üçinem hiç zat getirdenokdy. Maşgala gerek zady özi daşaýardy. Hatda naharam özi bişirýärdi. Jemiläni hiç bir iş etdirmän saklamagy ol öz-özüne söz berdi. Boş wagtlary şähere aýlaýardy.
Elini sowuk suwa urman, iýip-içip, dynç alyp ýören Jemiläniň eti-gany ýerine gelip, gün-günden gözelleşýärdi. Owadanlaşýardy. Ýusup oňa seredip-seredip, doýup bilenokdy.
Jemile-de özüni şeýle bgtly eden ýigidi bir sagat görmese, ýüregi çat açyp barýardy. Ol okuwdan gelmeli wagtynda gelmese, ýola çykar durardy. «Nahar bişiräýmegin, özüm bişirerin» diýip, tabşyryp-tabşyryp gitse-de, Jemile söýgüli ýigidine dürli-dümen bişirip goýardy.
Klasdaşlary Allamyrat bilen Gunça bir ýyl obada galyp, işlediler. Ýusubyň birinji kursy tamamlan wagty bolsa, olar hem toý tutdular. Gunçany alyp, Allamyrat hem Aşgabada okuwa gaýtdy. Ikisi-de peduçilişşä, mugallymçylyga girdiler. Ýusup ýüregi gysmaz ýaly, Jemiläni hem peduçilişşä okuwa ýerleşdirdi. Dört klasdaş bolup, bir howluda kireýine ýaşadylar. Iýip-içer ýaly azygy ýigitler getirerdiler. Iki jora bolsa, okuwdan soň nahar-şor taýýarlap, kir-çäk bilen güýmenerdiler.
—Gunça, özüň hiç bir zat etmän, bar işi meniň Jemilämiň üstüne atyp, ony ýadadaýma! Işiň köprägini özüň edeweri! —diýip, Ýusup käte Gunça degerdi.
—Näme, iş buýrulmaz ýaly, seniň Jemiläň menden artykmyşmy! —diýip, Gunça birbada ýalandan Ýusubyň al-petinden alardy.
—Hawa, artyk —diýip, Gunçanyň oýun edýänini duýup dursa-da, Ýusup onuň bilen gidişerdi. —Şonuň artykmaçlygyny jora bolup duýaňokmy sen?!
—Seň Jemiläňe zadam diýip bolmaz, işem buýrup bolmaz! —diýip, ahyry Gunça dawany goýbolsun ederdi. Hem Ýusubyň Jemile diýip ölüp-öçüşine gözi giderdi. Sebäbi Allamyrat agrasdy. Ol Gunçanyň daşynda Ýusubyň Jemiläniň daşynda pyrlanyşy dek pyrlanyberenokdy. Gunça onuň özüni gowy görýänini duýýardy. Ýöne ýigit içki duýgusyny kän daşyna çykarmazdy. Ýusup bolsa kino-teatra barlaýsa dagam ilden-günden utanman, Jemiläniň boýnuna gol salar oturardy. Ýollarda ony goltuklaman ýöränokdy. Häli-şindi gapdalyndan ötüp-geçende gelniniň saçlaryny sypar goýbärdi. Kir ýuwsa, ýanynda durup, kirlerini serşerdi. Iýlip-içilende käsesine çaý guýup berýärdi. Häli-şindi ýa çörek döwüp, ýa etjagaz alyp, Jemiläniň eline tutdurýardy. Jemile nahar bişirse, bişirip bolýança gapdalynda durýardy.
Häli-şindem:
—Doňdurma iýesiň gelýämi? Gazly suw getirip bereýinmi? —diýip, ony ümbilmez çaga dönderýärdi.
Allamyratda welin, bu häsiýetleriň birem ýokdy. Ol kir ýuwlan çag-a daşaryk hem çykmazdy. Okuwyna güýmenerdi. Bir zat bişirip, öňüne goýsalar, sesini çykarman iýerdi. Gapdalynda gelni barmy-ýokmy, onuň piňine-de däldi.
—Sen öweý ejäniň elinde ilkiler kösenenem bolsaň, bagtly gyz ekeniň —diýip, Gunça käteler Jemile bilen ikiçäk galanda jorasynyň bagtyna gözüni gidirip, Ýusup hakda gürrüň açardy. —Ýusup seni nähili gowy görýä!
Jemile bagtlylykdan ýylgyrýardy:
—Alla jan köp görmesin! «Öňüm gelenden, soňum gelsin!» diýipdirler-ä!
Bir gezek kino gitjek bolanlarynda Gunça jorasynyň durmuşyndaky has täsin wakanyň-da şaýady boldy. Jemiledir Ýusup çykar ýerde çykmansoňlar, Gunça olaryň gapysyny kakdy. Içerden Ýusubyň: «Giriber!» diýen sesini eşidensoň, gapyny açdy. Hem olaryň bolşuny görüp, aňk bolup galdy. Jemile-hä uzyn aýnanyň öňünde otyrdy. Ýusup bolsa, onuň uzyn saçlaryny daraýardy.
—Wiý, toba! Daş edewersin! —diýip, Gunça duran ýerinde gymyldaman seslendi.
—Näme daş etsin! —diýip, Ýusup oňa jogap berdi. —Gelniň saçyny darap bermek aýyp zatmy!
Jemile bolsa, sesini çykarman, birsyhly ýylgyryp bakýardy.
—A gyz, utanaňokmy? Ýa çagamy sen? —diýip, Gunça soňra Jemilä igendi. —Saçyňy dagy özüň daraýarlar. Munuň-a sen diýip aňkasy aşypdyr.
—Ol maňa daragy berenog-a —diýip, Jemile utanjyrap gepledi. —Her gezegem şeýdip, özi daraýar-a. Men saçymy ýolup, gutaryp barýamyşym.
—Gel-de, bi aňkasy aşana seretsene! —diýip, Gunça Allamyrady-da çagyryp, Ýusuby görkezdi. —Hakyt aýaljygynyň saçyny darap berýä-dä!
Allamyrat gelip seredende-de Ýusup Jemiläniň saçyny daramagy goýmady. Gaýtam:
—Eý, öwren-eý senem! —diýip, hikirdedi. Saçy darap bolansoň, birgeňsi edip ördi. Jemiläniň depesinde gelşiklije edip düýrledi.
Ýusubyň bolşuna gelinler-ä gülüp-gülüp, gözlerini ýaşladylar. Allamyrat bolsa, gözlerini tegeledi.
—Beýdip ýörseň-ä, Jemile seniň depäňe çykar! —diýip, Allamyrat erkek kişilere mahsus agraslyk bilen gepledi. —Aýal maşgalany beýdip aýnatmak nämä gerek!
—Men ony aýnadamok! Gowy görýän! —diýip, Ýusup Allamyrada jogap berdi. Soňam gepiniň yzyny degişmä ýazdyrdy. —Depäme çykan wagtam depämde göteräýmeli bolaryn!
Allamyrat başyny ýaýkady. Gaýdyp sesini çykarmady. Gunça bolsa, Ýusuba birsyhly gözi gidip seredýärdi. Alçak häsiýeti bilen ol misli, özünem jadylap barýan ýalydy. Göwnüne bolmasa, Allamyratdan Ýusup has gowy ýalydy. Hatda şu pursatda mekdep ýyllarynda Ýusubyň gözüne özüniň ilmänine Gunça gynanmanam durmady. «Ýusup nähili gowy ýigit eken» diýip, içinden pikir öwürdi.
—Sen Soltangüli alaýan bolsaňam, şeýdip, saçyny darap berermidiň? —diýip, ýolda Allamyrat Ýusupdan sorady.
—Eý, Soltangül nireden ýadyňa düşýär-aý? —diýip, Ýusup Allamyradyň egnine kakdy. Soltangül nire, men nire! Men ölemde alarmydym-aý ony!
—Meselem üçin aýdýan —diýip, Allamyrat ýene sözüni dowam etdi. —Eger şol saňa aýal bolaýan bolsa, şonam şeýdip, Jemiläni gowy görşüň ýaly, gowy görermidiň?
—Ol maňa hiç wagt aýal bolmazdy, sebäbi men ony gowy göremok-da! —diýip, Ýusup çyny bilen aýtdy. —Seň ukyň tutup, düýş görüp, samraýaňmy ýa agzyňa gelen zady diýip durmuň-aý? Men hut gökden bir peri uçup gelende-de oňa seretmen. Meniň üçin dünede diňe Jemile bar! Men diňe Jemiläni gowy görýän!
Ýusup şeý diýip, ýene ellerini Jemiläniň boýnuna atdy.
—Bolýa, bolýa, düşündik, ýolda bir edepliräk ýöre! —diýip, Allamyrat Ýusuba igendi. —Aý, men seniň Jemiläni hakykatdanam gowy görýäňmi, ýa aýal maşgala özüňi has aldyraýýaňmy, şony biljek boldum.
Ýusup Jemiläniň boýnundan gollaryny aýyrman ýöräp barşyna Allamyradyň öz üstünden düşdi. Ilki Gunça degip başlady:
—Gunça, şu seni gowy görýän bolmaly däl!
—Bilýän-le —diýip, öňem Allamyradyň özi üçin Ýusubyň Jemile üçin kökenek bolşy ýaly bolubermeýänine jany ýanyp ýören Gunça ýüzüni sallady.
—Bi Soltangüli gowy görýän bolmaly! —diýip, Ýusup hezil edip gülüp başlady. —Ýogsa bu wagt munuň ýadyna Soltangül nireden düşýämiş diýsene!
Birbada hemmesi gülüşdi. Allamyrat gülkini öz üstünden sowmaga synanyşdy. Ýusuba ýüzlendi:
—Ýok, dost, ony sen gowy gören bolmaly. Ol birinji klasda seň partadaşyňd-a!
—Partadaşlygy bar bolsun şonuň! —diýip, Ýusup elini silkip goýberdi. Hem gülküsini batlandyrdy. Bir zatlar aýtjak boldy. —Meşik diýsäni!
—Bir gezek partajygyňy ölläp beripmidi! —diýip, Allamyrat Ýusupdanam beter gülüp başlady.
Köçeden geçeniň ünsüni özlerine sowup, klasdaşlar hezil edip gülüşdiler.
Allamyrat Ýusuba degmesini goýmady:
—Seniňem-ä balajygyň öldi şonda, ýa ikiňiz bileje dilleşip ölläpmidiňiz partany?!
—Goýsan-aý, şonuň öz işi-how! —diýip, Ýusup ellerini çarpdy. —Içimi gyrýaň, bes et indi. —Soň men başga parta geçemsoňam şeýt-dä ol birki gezek. Ýadyňa düşenokmy?
Jemiläniň ýadyna birden gören düýşi düşdi. Bagt guşunyň hiç kimiň başyna gonman, Soltangülüň depesine gonuşyny ýatlady. Düýşi ýatlamagy, onuň keýpini bozdy. Hamala, Ýusup elinden gidip barýan ýaly, onuň golundan berk ýapyşdy.
—Goýsaňyz-laň şol, Soltangülüň gürrüňini —diýip, keýpsiz aýtdy.
Jemiläniň birden Ýusubyň golundan tutany Allamyradyň nazaryndan sypmady.
—Tutaweri Ýusuby berkräk, äkidäýmesinler —diýip, Allamyrat gülküsini birneme peseldip, ýaşaran gözlerini elýaglygy bilen süpürip durşuna Jemilä ýüzlendi. —Soltangül äkidäýmesin!
—Kim äkitse-de, Soltangüle-hä äkitdirmen! —diýip, Jemile Ýusubyň gollaryndan iki eli bilen ýapyşdy.
Aýlar-günler yzly-yzyna kerwen gurap, geçip durdy. Özem gaty gyzykly geçýärdi. Şagalaňly paýtagt, ýaşlyk, studentlik dünede alada bardyr diýdirenokdy. Klasdaşlar juda bagtyýardylar. Misli, ertekiler dünýäsinde ýaşaýan ýalydylar.
Ýusuba gün-günden özem aşyk bolup barýan Gunça bir gije Jemile bilen daşarda ikiçäk otyrkalar geljek hakda gürrüň gozgady:
—Nesip bolsa, meniň-ä gyzym bolsa, seniňem Ýusuba meňzäp duran ogluň bolsa... Meň gyzymy ogluňa alarsyň gerek?
—Näme alman! Şol günlere Hudaý jan sag-aman ýetirsin! —diýip, Jemile çyny bilen aýtdy. —Seň ýaly joramyň gyzyny almanmy!
Ogul-gyz hakda gürrüň gozgalanyna Jemile pikirlenmäge mejbur boldy. «Wiý, ýogsa-da, durmuş guranymyza näçe wagt geçdi. Näme üçin biziň çagamyz bolanokka?» diýip, howsala bilen pikir öwürdi. «Ýa bizden çaga bolmajakmyka?» Ol pikir etdigisaýy, ýüregi gysdy. Içerde Ýusup bilen Allamyrat küşt oýnaýardy. Jemile içinden pikir eden sowallaryny basymjak Ýusuba bermek isleýärdi. «Näme üçin?» diýen sorag onuň beýnisini gurçuk kimin iýýärdi. Ýigitleriň oýny basymrak tamamlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
Ahyry oýun tamamlandy. Allamyrat öz otagyna gaýdandan, Jemile atylyp, içerik girdi. Onuň howsalasy ýüz-gözünden mese-mälim bildirýärdi.
—Saňa näme boldy? —diýip, Ýusup gelniniň saçlaryny timarlap, ondan sorady. —Men barkam hiç zady alada etmegin sen!
Jemile özüni alada goýan sowallary bassyr-ýussur etmän, Ýusuba berdi:
—Ýusup, näme üçin biziň çagamyz bolanokka? Eýýäm toý tutanymyza näçe wagt boldy!
Ýusup ýylgyrdy-da, Jemiläniň burnuna çalaja pitikläp goýberdi:
—Häzir okap ýörkäk çaga bolanda aňsatmy! Bolmany kem dälmi şonuň şumat? Şony alada edip, ýüzüňi ak tam edip durmuň?
Jemile baş atdy, hem gözüni ýaşlady:
—Eslije wagt geçdi ahyry! Gaýgy edýän...
—Haý, samsyjak! —diýip, Ýusup ýene onuň burnuna kakyp goýberdi. —Şonam bir gaýgy ederlermi! Ýedi ýyldan, on ýyldan çagasy bolup ýörenlerem bar-a! Bolar-da Hudaý beren çagy. Okuwymyzy gutaraly. Oba baraly. Adamyň wraç boljak bolup durka nämäniň aladasyny edýäň sen!
Ýusubyň sözleri Jemiläniň göwrümini giňeltdi. Ol ýene ähli gaýgy-aladasyny unudyp, oýanan bagtynyň höziri bilen ýaşap başlady.
Olar okuwlaryny gutaryp, oba dolandylar. Şol günem Ýusup goş-golamlaryny özlerini garşylamaga çykan Ahmede berip, obanyň içinden Jemiläniň boýnuna gol salyp geçdi. Ýene olary Aşgabada ilki giden günlerindäki ýaly, hemmeler aňk bolup garşyladylar. Sary serhoş hem elini maňlaýyna kölegeledip, tä iki ýaş juwanyň garasy ýitýänçä seredip durdy. Her gezek oňa gözi düşende Jemiläniň ýüregi jigläp-jigläp gidýärdi. Näme üçindir, ol hiç wagt özüniň ýeke gezek gepleşip-de görmekdik bu adamyny halanokdy. Hatda oňa seretdigi, kalbynda ýigrenç oýanýardy.
Ýusup şäher keselhanasynyň hirurgiýa bölüminde işe başlady. Jemiläni hem şäheriň keselhana ýakyn çagalar bagyna işe saldy. Iş arasynda-da ol häli-şindi Jemileden habar tutup gidýärdi.
Gunça bilen Allamyrat oba mekdebinde başlangyç klas mugallymy bolup işe başladylar.
Durmuş öz akymyna tigirlenip durdy. Klasdaşlar biri-birleri bilen saçakly gatnaşyp, işleşip ýördüler.
Ýusup hem süýdüň reňki kimin akja «Žigulisine» Jemilesini mündürip, şähere, işine gatnap ýördi. Olaryň işe-de bileje gatnap ýörmesine kimler guwansa, kimler göribräk gürrüňem etdiler:
—Ýusubam Jemiläni ömür gapdalyna ýelmäp ýör. Işe dagy obada ýerleşdirende nämekä şony!
—Ýusup şony dogrudanam, şeýle gowy görýärmikä ýa-da il gözi üçin edýärmikä?
Il näme diýse-de, Ýusup öz Jemilesini jany-teni bilen gowy görýärdi. Ol öz başyna mellek alyp, täze jaý-da salyndy.
Aýlar-ýyllar näçe ötüp duranam bolsa, Jemile özünde enelikden nyşan duýmady. Ol ýüregini höpledip, oýa batýardy. «Eý, Alla jan, maňa näme, çaga bermejekmi sen?» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Goňşy-golamlarda, çagalar baglarynda jagyl-da-jugul bolşup, bökjekleşip ýören çagalara bakanda, herdaýym öz perzentsizligini ýatlap, arman çekdi. «Şulardan ýekejesi meňkem bolaýmal-a!»
Bu gaýgy Ýusubyňam ýüregine ornady. Ýöne ol dymýardy. Ol öz Jemilesiniň bu pikir bilen horlanýanyny duýup ýörensoň, onuň aladasyny ýene artdyrmak islmedi. «Belki, däri-derman alsa, haýyr eder» diýip, öz göwnüne teselli berdi.
Jemile ýagdaýyny ilki bilen jorasy Gunça baryp aýtdy:
—Gunça jan, meniň maňlaýyma ene bolmak ýazylmadymyka?!
Şu çaka çenli özem çagasyz gezip ýören Gunça özüni göwnüçökgün tutanokdy. Onda ene bolmaga ynam mese-mälim duýlup durdy.
—Nämä alada edýäň, jora jan! —diýip, Gunça Jemiläniň bolşuna ýylgyrdy. —Göwnüňi giň tut! Allanyň nesipli güni bardyr.