Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.
Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan ýerine barman.
Asmany özüme syrdaş tutundym,
Zeminden tapmamsoň göwünlik berjek.
Ýa yşkymy nesýe hasap etdiňmi?
Gel ahyr, söýgimi ömürlik berjek!
Men saňa şeýle bir düşünjek boldum,
Agtardym ýoluny ýüregňe girmäň.
Saňa duşup bolar öýden ýerlemde
Hatiko deý her gün garaşdym irmän.
Emma sen geleňok, tersmikä bir zat…
(“Ýa demrinden boldy, ýa-da kömründen”)
Goý, bu söýgim ömrüm bilen bäs etsin,
Ýöne ömri uzak bolsun ömrümden.
Sapa HOMMADOW
“Men saňa şeýle bir düşünjek boldum...”
-
MARGARITA
3 years ago
- Tema goýjak boldum bolmady. Surat soraýa welin, hökmanmyka goýmak?
-
Pegas
3 years ago
- @MARGARITA, hökman däl.
-
soho
3 years ago
- +++
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Sapa aga, beyleki goshgyna jogap yazdym welin jogap yazmadynyz. Gatyrak oykelapsiniz oydyan...
-
Ahmedik_97
3 years ago
- 08,01,2021 9:27
-
Pegas
3 years ago
- @Ahmedik_97, nähili sorag?
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Gowy ýazylan goşgy
-
A93
3 years ago
- Halypaňy köp okaýanyň bildirýär Sapa) "Asmany özüme syrdaş tutundym" ... Seýitmyrat Geldiýewde bar bolmaly.
-
Pegas
3 years ago
- @A93, hawa, Myratgeldi Berdiýew hem aýdypdy Galamdaş'da. Seýitmyratda:
"Asmany özüme arka tutunýan"
- diýip bar bolmaly. Soň bildim. Üýtgetmedimem soň)
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Ussadym — atly goshgynyzdaky yazan teswirim jogapsyz galdy
-
Pegas
3 years ago
- @Ahmedik_97, ol ýerde jogap ýazmaga zerurlyk bolar ýaly sorag ýazmansyň. Diňe öz pikiriňi ýazypsyň.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Sorag diymedim, teswir diydim. Onda-da jogabyny beren bolsanyz artykmachlyk etmezdi...
MARGARITA 3 years ago- Saňa duşup bolar öýden ýerlemde
Hatiko deý her gün garaşdym irmän. 👍