Ne saňa ynanýan.
Ne seni söýýän.
Ne görüp gönenýän.
Ne sesiň duýýan.
Özüňem bilýänsiň, "ynam" diýlen zat
Dümede ekilen garpyz däldigin.
Ýa sende,
Ýa mende
Haýsydyr bir gün
Ynam döräýse-de, barybir ýene
"Söýgi" atly çalasudur salgymyň
Aýakýalaň, başy açyk yzyndan
Gitmejegiňi
Hem-de gitmejegimi
Bilibem duransyň.
Şonuň üçinem
Meniň bir nämälim günleriň biri
Seniň gül pürkülen çukanaklyja
Al öwüsip duran ýaňaklaryňa
Açgöz didelermi degräýjek bolup
Ýa-da suwa inen käkilikleriň
Owazyn ýatladýan pyşyrdylarňa
Diň salyp ýatmagyň hut maňa däl-de,
Gör, haýsy bagtla nesip etjegin
Aýnada gören dek bilip dursamam,
Menden juda alyslarda,
Bir ýerde
Ikindin mahaly şapagy synlap,
Özüň hakda,
Men hakynda oýlanyp,
Syr bildirmän ýanyňdaky durana
Ýalandan ýylgyryp, gülüp dursaňam...
Men bu ahwallary duran ýerimden
Palçy bolmasamam, palçylar ýaly
bilip durun
Hem-de tanşan günümiz
Içimden zymdyrlyp geçen duýgulaň
hormatyna seni ömrüm ötýänçä
Ne söýmän bilýärin,
Ne-de ynanman...

* * *

Bir gün ogluň bolar.
Gyzyňam bolar.
(Şu gezeg-ä gyz bolaýjak öýdýän)
Haýsy bolanda-da parhy ýok maňa.
Owalda Allanyň halany bolar.
Ýöne ap-ak mämelerňi sokjalap
Emýän balajygy gujagňa gysyp,
"Bile bir düşekden örmedik" diýip,
"Söýgimiziň miwelerniň jykyrdap
Öýmüzi bazara öwrüşlerini
Bile buýsanmadyk, görmedik" diýip,
Göwsüňe ymtylýan ümbilmez çagaň
Ýelniňi ýeňledip bolarna çenli
Böwrüňe diň salyp oýa çümeňde
Sýurprizden doly ýükli günleriň
Durmuş kerwensaraýynda goş ýazyp,
Bizi ýene birikdirse birsellem,
Dil bilen aýdaňda düşnüp bolmajak
Geňsi duýgularyň tug deý pasyrdap,
Gaýdyp görmesegem bir-birimizi,
Gurhan ýaly çagalara bakanda
Dünýäň döwranyny sürýän deý bile
Elýetmez duýgyny bagş etjegini,
Galanja ömrüňde armansyz, gamsyz
Ykbalyňdan razy bolup gitjegňi
Bilýänem dälsiň...


Has TÜRKMEN

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir