Her bir gyzyň "Hakyky oglan" diýeni elbetde görmegeý bolmagyny isleýär. Birine uzyndan daýawy, gönimelden gödegi, kimsine ýumşakdan ýuwaşy, a kimsine "püsökkül" oglan, ýagny owadan gürleýäni ýaraýar. Ýöne her bir "meňki" diýen oglanynyň içki dünýäsi uly rol oýnaýar. Geliň 10 sany punkt barada durup geçeliň.(gyzlar, siz üçin, siziň çala eşidip çatma ýykmazlygyňyz üçin derläp otyryn şuwagt :-))
1. ★ ALADAÇYL Ýagny, ilki bilen sizi ýatlap dursa, bir ýere gitseňiz idäp dursa, ýaramanyňyzda üns "gujagyna" salsa. Bir tarapdan Kakaňyz ýaly "gyzym-gyzym" diýip ýörse.
2. ★ WEPALY Elbetde, gyt duýgy :-) Seni hiç ýerde ýeke goýmajagy bolsun. Bolmasa, bilýäňizä, "waýmeýt, menden gizlin joramy yrypmyş eýleň -beýleň)".
3. ★ BILIMLI Mydama özüňizem şu oglanyň yzyndan ýetjek bolup progress edip bilersiňiz we bu oglan eklemekde kösenmez ýada maslahat bermekde uly kömek bolar.
4. ★ JOGAPKÄRLI Mužik skazal-mužik sdelal. Bu düşinjeli oglanlar mydama boýnuna alan zadyny bitirer.
5. ★ GAÝDUWSYZ/GAÝRATLY/MERT Siz gyzlara tüweleme, gepde aldyrmarsyňyz hiç ýerde :-) Ýöne gerek ýerinde erkek güýjini görkezip, siziň abraýyňyzy gorap bilsin.
6. ★ MAKSADA OKGUNLY Mydama täzeliklere we ösüşlere ymtylýan bolsa, sizide öňe çeker.Kän boş gürleme diýmäňde diýenini goldaň, şonda gowy belentlikler açylar.
7. ★ ZÄHMETSÖÝER/IŞEŇŇIR Ýalta bolmany sizem gowja ýerine ýetirip bilýäňizä :-) Oglan diňe işde däl, öý işlerinde hem ussat bolmalydyr. (çüýlemek, düzmek, bejermek... nahardagy gowy bişirýän bolsa ýapyşyp ýatyweriň :-) oglanyň eli süýji bolýandyr).
8. ★ GÖWNI AÇYK/ŞAHANDAZ Siziň içiňizi gysdyrmaýan, ýagny boş otyran ýerinden hem wagtyňyzy şadyýan geçirip biljek gürrüňleri ýa oýunlary bolsun.Garaz, şu punktdaky oglanlaryň has bolmanda ýarysyna gabat gelýänini tapsaňyzam siziň utdygyňyz bolar.
9-y düzüw barmy. Bu gözellikli dünýäde, gözi gamaşdyrýan boş-boşluklar dälde (maşyn, jaý, eşik) oglanyň içki dünýäsi, häsiýeti gözel bolsun. Ruhy taý tapynmak maddy känli tapmakdan kyndyr.
Gyzlar size haýsy ýaraýar? :)
-
Agashka.
3 years ago
- 7.Bu dünýäde die gülüp satlanyp yasamali
-
Agashka.
3 years ago
- 8.Bu dünýäde die gülüp satlanyp yasamali
-
Agashka.
3 years ago
- 8.Bu dünýäde dine gülüp satlanyp yasamali
-
ODINOKIY
3 years ago
- Hickim77.Dos su wagt 90% gyza jayly,masynly,wezipeli hem pully oglan bolsa gork gormek uly rol oynanok.
-
ODINOKIY
3 years ago
- Hickim77.Dos su wagt 90% gyza jayly,masynly,wezipeli hem pully oglan bolsa gork gormek uly rol oynanok.
-
yekejam.
3 years ago
- Menin ucin 1nji bolsa gowy gorerdim
-
Ulugyz
3 years ago
- Hemmesini birinde jemlesek bolonokmy? :-(
-
Aýsenem92.
3 years ago
- 2njini saylardym
-
Jupiter_Fire
3 years ago
- @Ulygyz, elbetde siz isleseñiz bolar :-)
hickim77 3 years ago- Teswir (komentariýa) ýazyň gyzlar!
(oglanlar siz gyz bolan bolsaňyz, haýsy häsiýetli oglany saýlardyňyz (ýalňyş düşünmäň ýöne)