101. Bal-aryň ömrü uzak bolanda 5-6 hepde. Şol ömründe ary 2 çaý-çemçe bal öndürýär.

102. "Temnothorax" görnüş garynjalar, keselleseler, öz köweklerinden uzaga gidip, ar-namysly, gaýduwsyz ýekelikde ölýärler. Başga garynjalara kesel ýokuşmazýaly.

103. Ekwatorda ýaşaýan "Aýna-gurbagalar"(Lat.Centrolenidae) hakykatdanam aýna ýaly. Olaryň endamyndan aşgazany, süňkleri we urýan-ýüregi görünýär.

104. 1933-nji ýylda Adolf Gitleriň yzyny eýeriji we wepaly dosty nemes Hugo Boss-yň hut özi, Waffen-SS-leriň harby goşuny üçin harby lybaslary taýynlady.

105. Ak aýylaryň gyzgynlyk saklaýyş sistemasy şeýlebir gowy weli, hatda olar köp wagtlaryny ýylynyp-gyzmak üçindälde, sowamak üçin geçirýärler.

106. Gara şokoladda, gök çaýa garanyňda antioksidantlara(ýaşlygy saklaýjy elementler) has köpdür. Arassa hakyky kakao bolsa şokoladdanam beter peýdaly.

107. Älemgoşarlar ýarty bolman eýsem doly togalak hem bolýarlar. Ýöne beýle ýagdaýy diňe uçar uçup barýarka uçaryň aýnasyndan görüp bolýar.

108. Almazyň(brilliantyň) ýylylyk geçirijiligi mediden(hemiki metal) hem kümüşden beterdir. Eger almazdan çemçe ýasap ol çemçe bilen çaýy bulasak onda elimizi ýakars. Sebäbi çemçe çaýyň gyzgynlygyny ol ujundan bu ujuna arkaýyn geçirýär.

109. Bütin dünýä, Amerikanyň perzidentiniň döreden "Buşizm" diýilip atlandyrylýan degişmeleriň üstünden şuwagda çenli gülüp gelýär. Ol degişmeler şulardan ybarat:"Ýelizaweta 11", "Bu siziň pullaryňyz, siz bu pullar üçin tölediňiz", "Men, geçmiş gutardymyka diýip pikir edýärin", "Biziň ýurdumuza düzgüni bozup girýänler, düzgüni bozýarlar"

110. Mongoliýada "Gägirmek" minnetdarlygyňy bildirmegi aňladýar. Eger myhman gägirmese, onda myhmanyň garny boş, diýmek myhman nahary halamandyr.

111. Ýer-ýüzünde her ýylda "Aspirin" dermanyň 40000 tonnasy ulanyňýar. Şolaryň 16000 tonnasyny diňe A.B.Ş. ulanýar.

112. Ser Genri Roýs, Rolls-Royce-iň dörediji we easy gurnaýjysy bolup ol mekdepde bary ýogy 1 ýyl okaýar. Galan ähli bilimi özi öwrenýär.

113. Bir adam iýmitsiz 6 hepde ýaşapdyr, gynansakda ol adam barada doly maglumat ýok. Ýöne 4-5 giýje-gündiz(сутки) ýatmadyk adama ölüm howpy abanyp biler. 1964-nji ýylda ylmy barlagyň hasaba almagy netijesinde iň ýokary görkeziji bolan(Rekord goýan) okuwçy Rendi Gadner 11 günüň içinde 1 minudam ýatmandyr.

114. Müsürdäki Heopsyň piramidasy 6 milion tonna, 6 tonna däl 6 MILION tonna.

115. 1946-njy ýylda Gaz-m-20 awtomobiliň zawodda çykarylmagynyň öň ýanynda Stalina awtoulagyň adynyň "Watan(Родина)" boljakdygyny aýdypdyrlar. Şonda Stalin üýtgeşik äheňde "Onsaň biziň Watanymyzyň bahasy näçe bolar!?" diýip sorapdyr. Şol wagtyň özünde awtoulagyň adyny "Ýeňiş(Победа)" üýtgedipdirler.

116. Biziň eşidýän "Elementarno Doktor Watson" diýen şygarymyz, Artur Konanyň hakyky eserlerinde ýokdur. Bu şygary mekir kinoçylar döretdi.

117. Kazinolarda tamda asylýan sagtalar we penjireler bolmaýar. Sebäbi wagtyň nähili geçýänini bilmezimiz ýaly hem "az wagt oýnandyrys" diýip pikir edip köp pul utdyrarymyz ýaly.

118. Almazlar ýer gabygyndan 200km aşakda döreýärler. Almazlar, diňe wulkan atylanda adamyň alyp biljek ýerlerine çykýar. Ortaça her bir brilliantyň ýaşy 2 miliard ýyl.

119. Pallamak, bu kesel ýalydyr(Hiç-hili howpsuz) hem ýokuşagandyr. Eger siz köpçülikde pallasaňyz onda siz bilen deň pallan adam hökman tapylar. Ýene siz telefonda pallasaňyz, onda gürleşýän adamyňyzyňam pallamagy mümkin. Mundan başgada eger siz başga bir haýwanyň-jandaryň pallanyny görseňiz, siziňem pallamak ähtimallygyňyz bar.(Barlanylyp görüldi. Fakt.)

120. Joş Buşuň aýdan üýtgeşik sözleri barada belläp geçipdik. Ýöne başga politikleri hem ýatdan çykarmalyň. Ýene Amerikanyň prezidenti Riçard Nikson, Fransiýanyň prezidenti general Şarl Gollýanyň merhum jaýlaýyş dabarasynda, gürrüňini "Bu gün Fransiýa üçin beýik gün!" diýip başlady. Başgada Amerikanyň resmi wekili Uorren Ostin, 1948-nji ýylda O.O.N.-da çykyş edeninde "Nämçün araplar we ýewreýler, gürrüňdeşlik stolunyň başynda oturup, mähirli hristianlar ýaly düşünşip bilenoklar!?" diýip aýtdy. Rossiýanyň öňki prezidenti Boris Ýelsin hem tapawutlandy. Haçanda ol H.H.R.-na(Hytaý Halk Respublikasyna) resmi sapar bilen baranynda, Hytaýyň prezidenti Szýan Szemin, Ýelsinden "Ýene birnäçe gün galmagyny" haýşt etdi. Ýelsin bolsa "Meň diňe 2 günlik iýip-içgim bar" diýip jogap berdi.

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir