Kino görüp şu wagta çenli
ýalñyş bilyän zatlarymyz
≫ Dogryny aýtdyrýan ukollar.
Käbir kinolarda agentleriň we sorag-jogap hünärmenleriniň elindäki adamlara(tussaglara), hakykaty aýtdyryjy, "dogryny aýtdyryjy forma" ady berilýän ukollar urulýar. Döwrümizde bir adama hakykaty aýtdyryp biljek hiçhili himikat ýa-da garyndy oýlanyp tapylmady. Bu barada CIA hem "Adama hakykady aýtdyrmak üçin hiçhili formula tapylmady" diýip, bu barada aýdylýan zatlaryň toslamadygyny belläp geçýär.
≫ Akulalar hiçwagt doýmaýarlar.
Kinolarda akula janawerleriň dowamly iýip, hiçhili doýmaýan ýaly edip görkezilmegi režissorlaryň kinony gyzykly edip görkezmegi üçindir. Bu tilsim(emel) şeýle görkezilse, ýagny näçe gorkunç görkezilse kino şonça-da özüne çekiji bolar maksady bilen edilýär. Aslynda akulalar hem beýleki jandarlar ýaly iýip doýýarlar, hat-da çalt doýýarlar. Edilen barlaglar akulalaryň 3 günde 1 sany deňiz pişigi (tulen) bilen iýmitlenýändigi ýüze çykaryldy.
≫ Howa boşlugy we ses.
Käbir kinolarda uçarlardan böken adamlaryň arkaýyn gürleşip gelýändigini görmek bolýar. Uçardan ýere böken adamyň tizligi şeýle güýçli bolýar, şol tizlikde sesleri eşimek mümkin däl. Şol sesler demir ýol menzilinde iki tarapyňdan otly geçende emele gelýän sese meňzedilýär.
≫ Otly, alowly partlamalar
Köp kinolaryň esasy (gyzykly) kadrlarynyň biri hem jaýlaryň, maşynlaryň ýarylmagy bolup durýar. Bu kinolarda adam diňe oda degen ýagdaýynda ýanýan ýaly görkezilýär. Şo sebäpdenem gahrymanyň alowdan çykyp gelýän ýa-da partlamadan ýüze çykan alowyň degmäne birnäçe santimetr galyp yzyna gaýtmagy ýaly birnäçe fantastiki sahnalary köp görmek bolýar. Aslynda gyzgynlyk daş-töwerege diňe degmek bilen däl, eýsem, radiasiýa bilen bilelikde ýaýraýar. Şonuň üçin şeýle partlamalar ýüze çykanda birnäçe metr ýakynlaşjak bolsaňam aýratyn niýetlenen lybaslar bilen ýakynlaşmaly, bolmasa deri ýanýar.
≫ Älemdäki (kosmos) partlamalar we ses
Kosmos kinolarynda köp duş gelinýän kosmos gämileriniň atyşmagy netijesinde ýa-da olardaky ýüze çykýan näsazlyklar netijesinde emele gelýän partlamalar edil ýerdäki partlamalar ýaly otly, tüsseli edilip görkezilýär. Aslynda bolsa kosmos wakum ýalydyr, älem giňişliginde kislorod we wodorod ýok. Şo sebäpden kosmosdaky partlamalar ýerdäkiden üýtgeşik bolýar, ýagny partlan jisimiň daşynda ýaldyrawuk yşyklar görünýär, ot we tüsse bolmaýar.
Kosmos gämileriniň ýaragly çaknyşyklarynda kinonyň ses täsirini artdyrmak üçin partlama, ok sesleri bar. Ýöne kosmosda sesiň ýaýramagyna kömek etjek molekulalar ýokdur. Şo sebäpden çaknyşyk sessiz bolýar.
≫ Iýip duran zadyny taşlap adam kowalaýan ýyrtyjy haýwanlar
Bu hem haýwanlaryň hereketleri hakynda toslanyp tapylan zatdyr. Sahnalar adatdaky ýaly, adam gören ýyrtyjy haýwanyň iýip duran iýmitini taşlap, adamy kowalamaga başlamagy. Bu hereket şuwagta çenli hiçhili haýwanda duş gelinmedi. Aslynda ýyrtyjy haýwanlar öz iýip oturan awyny dynman başga awyň gözlegine çykmaýar.
≫ Sessiz (gluşitel) ýaraglar
Ýaraglara ses kesiji enjamlaryň goýulmagy bilen atylsa kinolarda ýuwaş "pýuw" sesi çykarýar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä supersonik (ses tizliginden ýokary) tizlikde ot açýan ýaraglaryň sesini diňdirmek üçin ulanylýan gurallar entäk tapylmady. Okuň tizligi ses tizligini geçse hökmany suratda ses eşidilýär. Subsonik (ses tizliginden pes) tizlikdäki ýaraglaryň ses kesijili ulanylmagy, az hem bolsa sesini peseltýär, ýöne bu sesi adam arkaýyn eşidip bilýär. Gysgaça aýdanymyzda, sessizleşdiriji ýaragyň sesini kesenok, belli bir ses derejesinden pese düşürýär.
Awtory: Allaberdi Muhammetberdiýew.
Paýlaşan hem sözlemlere we sözlere, düzedişmeler girizen: IDEALLIDER
Kino görüp şu wagta çenli ýalñyş bilyän zatlarymyz.
-
Paris
4 years ago
- Dost bu sözler Arslan Alaýewiñ syrly wakalar programmasynda bar dalmi
-
Agashka.
4 years ago
- Sawoool
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- @Paris. Howwa dogry aýdýaň. Şol kitapdada şu awtor görkezilipdir.
-
Paris
4 years ago
- Şu sayty yasanam Arslan Alayew gerek
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- Bilemok. Meň pikirimçe ýok, ol däl.
Real.123. 4 years ago- Gowy mlds