Filosofiýa sapagy başlady. Mugallym geldi, elinde ak kagyz bar. Kagyza bir gara nokat goydy. Soň bizden sorady:
- Bu näme?
Biz:
- Gara nokat!
Mugallym bu jogaba gaty gynandy, soň bizem näme bolýar diyip soradyk.
Mugallym:
- Siz näme üçin diňe gara nokaty gördüňiz? Näme şundan başga şu ýerde zat ýokmy? Siz näme üçin ap-ak kagyzy görmediňiz? Näme üçin siz kiçijigem bolsa gara nokady gördüňiz, emma ak ullakan kagyzy görmediňiz diydi.
Netije: Adamlarda näçe gowulyk bolsa-da biz näme üçindir diňe erbetligi görýäris. Hemme zatdan diňe gowy netije çykarjak bolalyň!
Çeşme - Ertir.com
#Perhat Sabirovv
25.12.2020ý 1:37
Ýaman zatlardan hem gowy netije çykaryň
-
Paris
4 years ago
- 👍👍👍
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Goldap duranyňyz üçin minnetdar
-
LadaKalina.
4 years ago
- @perhat, dostum senem bugun gara nokat boldun oytan ha
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Ladakalina, Dost men bu zatlara öwrenşip gitdim 3-4ýyllap şu ýerde gezen soň. Ýöne, kimiň-kimligini bildimle:))
-
Paris
4 years ago
- Mende az azdan owrenyan😕
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- Mowzugyň ady gowy. Emma "Käbir erbetliklerdenem gowuluk gözläň" diýen bolsaňyz has hem gowy bolardy. A siziň goýanyňyz "Hemme ýamanlardan gowuluk gözläň" diýen manyny berýär. Hemme ýamanlyklardan gowuluk gözlemek meň pikirimçe dogrudäl!!!
™Serdar™ 4 years ago- ++