Nähiläý? Birhili...!!!
1. Eger öýüň polunda tüsse ýaýrasa, çaltjak ütügi öçürüň. Eger pojar bolsa, onda ütük öçüreniň peýdasy ýok.
2. Eger eliň gijese pul düşjekdir, burnuň gijese içip-doňjaksyň. Eger ikisem bile gijese mugt doňjaksyň.
3. Pişiklerem yrym edýäler. Birden öňlerinden negr geçse...
4. Eger siz telewizor görýän bolsaňyz, onda gowy adamlaryň erbet adamlary ýeňýänini bilýänsiňiz, "sagat 21:00-daky Nowostidan" başga ýerde.
5. Nikotin aýallaryň sesine täsir etmeýär diýip pikir edýän bolsaňyz, onda çilim-küli gyzyl-haly ýada darožka kakyp görüň.
6. Eger aýal "geýmäge hiçzadym ýok" diýse, bu hemme täze eşikleriň gutaranyny aňladýar. Eger erkek "geýmäge hiçzadym ýok" diýse, bu hemme arassa eşikleriň gutaranyny aňladýar.
7. Eger garyndaşlaryň ýada dostlaryň saňa uzak wagt jaň etmeseler, diýmek olaryň hemmezady gowy.
8. Men bolmasam gowy bolaýjak ýaly, biziň hemmämiz bolmasak dünýä hakykatdanam gowy bolar. Howadada ugar-gaz bolmaz.
9. Goramak üçin öňüňe geçirjek bolup näçe pyrlansaňam, şondada arkaň(göçme manyda) yzyňda bolar.
10. Eger möjekler dok, goýunlar abat bolsa, onda çopan ertekide.
11. Eger seň ajaýyp geliniň, betinden ikinjiň, gytyndan maşynyň bar bolsa, organ işgärleri adyňy tutmaýan bolsa, hiçkime bergiň ýok ilden algyň kän bolsa, köçä çykaňdada hemmeler saňa gülüp bakyp hemmeleriň gowy görýäni bolsaň, keýpe gideňde güneş mylaýym mährini berse, onda narkotigiňi taşla.
12. Eger durmuş başa-barmadyk bolsa, onda diýmek başgazatlaryň hemmesi normalny.
13. Eger sen haýwan bilen dawalaşýan bolsaň, mümkin olam şony edýändir.
14. Dogry zyňylan-taşlanan oglan, bumerang ýaly yzyna dolanar. Şonda şo bumerangy tutup bipmeseň gyz ýaly eliňi keser.
15. Eger siz ýöne ýere ýylgyrýan bolsaňyz, onda ýaha siz akmak ýada bet gezýän gyz bolmaly.
16. Eger bir heleý öý ýykyp öý, dikelden gyzy terbiýeläp ýetişdiren bolsa, onda şo şo gyz, öý ýykanyň gyzy bolup galýar.
17. Eger siziň durmuşyňyzda hemmezat normalny bolsa onda durmuş siziň gapdalyňyzdan geçip gidýär. Eger siz parahat-asudaja bolup, ýanyňyzdakylaram wägirişip gygyryşyp gapdalyňyzdan geçip gidýän bolsalar, onda siz belaň-sapynam hiç-zada düşünmediňiz.
18. Eger siz hemmeleriň arzuwlan gyzyna öýlenseňiz, onda siziň beýleki galan arzuwlaryňyzy bu gyzyň özi ýerine ýetirer.
19. Eger siz bir wagtda hem tuwaletda oturan ýeriňizden eşik geýip, hem ýuwunyp, özüňi bezeýän bolsaňyz, diýmek sen bir ýerik erbet gijä galýaňyz.
20. Eger biri "sen sen" diýip arkaňa kakýan bolsa, belki ol arkaňa başga zat bilen başgaça kakýandyr(göçme manyda).
21. Eger dag seň ýanyňa baş egip gelmeýän bolsa, onda narkotik gowydäl eken.
Awtor: Bir-hili adamyň bloknodyndan.
Paýlaşan: IDEALLIDER.
Nähiläý? Birhili...!!!
-
™Serdar™
4 years ago
- E.A name boldy
-
yekejam.
4 years ago
- 6 bilen 7 has gownume yarady ;)
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- @Serdar okamadyňmy?
-
™Serdar™
4 years ago
- 18 bolum bolmaly diydiler sen 14 sanysyny goyduna
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- @Serdar ýok. 14 bölüm. Öz ýazan zadymy özüm bilýänä. Bilmedim başga biri menden birugsat, maňa bildirmän yzyny dowam eden bolmasa ogurlap.
-
Ahmedik_97
4 years ago
- sen yazanyn dowamy bar yaly bolup gutardyda shon uchin sorayarlar...
-
Ahmedik_97
4 years ago
- 22.12.2020 6:57
-
IDEALLIDER2
4 years ago
- Ýokdyda dowamy(
Sada... 4 years ago- Kabirine dusunmedim ka birine yylgyrdym:-D.awtor sps