Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji,
Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy.
Ajysyz süýjy ýok, tikensiz gül ýok,
Gül yşgynda saýramadyk bilbil ýok.
Aman Kekilow
Söýgi hemmeleriň başyna irde-giçde gelip geçýän duýgudyr. Söýgi duýgusynyň her adamda dürli bolup geçişi ýaly, onuň häsiýeti hem dürli-dürlüdir. Watana, ata-enä, aýaldogana, ýanýoldaşa bolan söýgüdäki duýgular birmeňzeş däldir. Ynsany dälilik hetdine ýetirýän bu näzik duýgy nämekän!? Elbetde, oňa bir söz bilen jogap bermek mümkin däl. Bu beýik duýgy barada eser ýazmadyk ýazyjy-şahyr ýok diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň beýan edişi ýaly, ahlagyň çägindäki asylly söýgini beýan etmäge çuňňur aralaşyp bilen bolmandyr. Söýginiň lezzetini, jebir‑jepasyny ussatlyk bilen açyp görkezmegi başaran şahyr «Bu derdi» diýen goşgusyny halk arasynda bar bolan rowaýatlar esasynda ýazypdyr diýen çaklama bar. Söýgi barada halk arasynda dürli rowaýatlar döräpdir. Şol rowaýatlaryň birinde Ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlarynyň üstüne göze görünmeýän bir dert inýär. Bu dert örän ýakymly hem şeýle lezzetli duýgy bolsa-da, onuň ýüküni hiç bir janly-jandar öz üstüne alyp bilmändir. Olar bu ýüki çekerden ejiz gelipdirler. Dagam, daşam, asmanam, deňiz‑derýa-da çekip bilmändir, hatda asmanam bu ýüki göterip bilmändir. Ol derde uçran her bir janly-jandarlar janyna jaý tapman, bagyryp çöle çykýarlar. Bu ýüki hatda Ýerem göterip bilmän, lerzan bolupdyr.
Keşt eýleýip gezdim yşkyň dagynda,
Ne beladyr kimse çeker bu derdi.
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.
Iň soňunda tebigatyň iň merdana ynsany bu derdi öz üstüne alýar. Muny beýik şahyr şeýle jemleýär: Gaçdy derýa adam almyş boýnuna, Dört müň ýyllap çekip gelmiş bu derdi. Türkmen halk döredijiliginiň esasy görnüşleriniň biri bolan «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Gül-Bilbil», «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra» ýaly dessanlarda arassa, päk söýginiň belent ahlak nusgalarybeýan edilipdir. Bu dessanlaryň hemmesinde diýen ýaly baş gahrymanlaryň – aşyk-magşuklaryň biri-birine gowuşmak üçin çeken jebir-jepalary netijesinde maksat-myratlaryna ýetýärler ýa-da şol ýolda özlerini pida edýärler.
Dessanlardaky beýan edilýän pajygalar ýa-da aşyk-magşuklaryň çekýän jebir-jepalary okyjyda yşk ýolunyň howp-hatary, hesreti barada çynlakaý oýlanmak, bu ýola düşeňsoň, öz söýgiň ugrunda ýan bermän göreşmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Söýginiň nämedigini öwrenmek üçin käbir filosoflar, lukmanlar bütin ömürlerini sarp edipdirler. Şeýle-de bolsa şu wagta çenli onuň doly kesgitlemesi tapylanok. Ýöne welin, bir zat hemmelere aýan, ýagny juwanlaryň biri-birlerini sulhlary almagy söýginiň başlangyjy hasaplamak bolar. Sulhlaryň alşyp bilmeýän ýerinde söýgi ody alawlap bilmez. Şahyryň «Perizat hatyny pis görner, bir sylhy almaýan ýigide» diýmegi söýginiň döremegi üçin, ilkinji şertleriň biriniň iki tarapyň-da häsiýetleriniň kybapdaş gelmegi bolup durýandygyny aňladýar. Söýgi her kimde bir hili döreýär. Birinde ir ýüze çykýar, birinde giç. Ony her adam özüçe kabul edýär. Käbir adam onuň hupbatyny saýhally, durnukly halda başdan geçirýär, käbir adamy dälilik derejesine ýetirýär.
Söýgi diýen düşünjä käbir ýaşlar dogry düşünmeýärlar. Seýil baglarda, köçelerde öz duýgusyna buýrup bilmän, dälilik derejesine ýeten ýaşlaryň hiç kimden utanman, wejera bolup oturyşlary ötegçilerde ýakymsyz duýgy döredýär. Şahyr K. Gurbannepesow bu «söýgini» teýeneli ýazgarýar, tankyt astyna alýar:
Söýgi hem modadan gaçýar diýýärmiň?
Hak aýdýaň, söýgä-de ýetipdir moda.
Kä gyz şu gün irden birini söýse,
Ertir irden düşýär başga bir oda.
Ýaşlar gazetinde okadym bir gün
Gurban diýen ýigdi söýüpdir bir gyz,
Onsoň Şamyrady, onsoň Igdiri.
Häzirem söýýärmiş gazak ýigidin,
Ertir kimi söýjek belli däl heniz.
Her bir zadyň öz edebi bolşy ýaly, söýginiň hem öz ahlak kadalary, edebi bar. Ony ýaşlygyň ýelginine öwürmän, mukaddeslik hasaplamalydyr. Mukaddes söýginiň bezegi bolsa ilki bilen juwanlaryň utanç-haýasydyr. Söýgi adamda bir gezek bolýar diýýärler. Ony duşuňdan geçirseň, geleňsizlik etseň, bütin ömrüňi ahmyr bilen ýaşamagyň mümkin. Käbir ýaşlar öz ata-eneleri tarapyndan çala garşylyk görseler, gaçyp durmuş gurýarlar. Elbetde, bu gaçyp barmak, gyz alyp gaçmak ata-baba dowam edip gelýän däpleriň biri hökmünde görülýän hem bolsa il içinde ýazgarylýandyr. Bu däp türkmen edebiýatynda hem öz beýanyny tapypdyr. B. Seýtäkowyň «Doganlar», H. Derýaýewiň«Ykbal», B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» ýaly romanlarynda gyzlaryň ýigitler bilen şowly ýa-da şowsuz gaçmaklary bu däbiň gadymy türkmen durmuşyna häsiýetli bolandygyna şaýatlyk edýär.
Elbetde, bu däp gadymdan bäri bar hem bolsa, ol halk köpçüligi tarapyndan doly oňlanylmandyr. Aýratyn-da, gaçyp giden gyzyň hossarlaryna ýokuş degipdir. Olar gyzyň özlerini namys astynda goýmagyny bagyşlap bolmajak etmiş hasaplapdyrlar. Kähalatda ata-eneler ömürleriniň ahyryna çenli gaçyp giden gyzlary bilen gatnaşmaýarlar. Olardan bolan çagalar-da baba, mama mährine zar bolýar. Galyberse‑de, gyzyň bütin ömrüne «gaçyp gelen» diýen tagma ýaran bolup galýar. Ata-enäniň başgalaryňky ýaly gyzlaryny deňli-derejeli durmuşa ataraslary gelýär. Olar gyzyny gelnalyjylap, şowhun, dabara bilen ugratmagy, gör, niçe ýyl bäri arzuw edip gelýärler. Gyzyň ýaşlyk ýelgini bilen eden hereketi ene‑atany bu süýji umyt-arzuwdan mahrum edýär. Şonuň üçin gyzlar‑da, oglanlar-da bu mesele barada çynlakaý oýlanmalydyrlar.
Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby
Söýgi ahlagy
-
™Serdar™
3 years ago
- 👍👍
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 11-nji synp wagtym “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” atly dersde şu temany aýdyp 5-lik baha alanym hiç ýadymdan çykanok:)
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bah, chyndanam gowy tema, yone men yadyma dushenoklay bu tema?!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bah, chyndanam gowy tema, yone men yadyma dushenoklay bu tema?!
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Bah, chyndanam gowy tema, yone men yadyma dushenoklay bu tema?!
-
Jupiter_Fire
3 years ago
- @Ahmedik_97, biz okan döwrümizde ýokdy o kitap. Belki şondandyr(menä 10 ýyl okadym).
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Bu kitap 1997 ýyllar 11-nji synpa ilki gadam ugran wagty çykdy!
Реалист01 3 years ago- Gowy mowzuk 👍