- Inim men saňa kömek edeýin, seni uly günäden halas edeýin!
- Näme kömek edip biljek, on ýaly meniň näme günäm bar agam?
- Men seni musulman etjek, musulman bolsaň ebedi dowzahdan azat bolarsyň, jennede gidersiň, jennetde ähli hezillige eýe bolarsyň. Bu dünýede-de ile meňzeş bolarsyň, hormadyň artar. Menem muňa sebäp bolanym üçin sogap gazanaryn.
- Gulaga hoş ýakýar özä. Ýeri nädip bolmaly?
- Kelemäni okamaly.
- Nämäni okamaly diýdiň?
- Keleme, ýagny “Eşhedu en lä ilähe illalah we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluhu” diýmeli.
- Bu näme diýmek, manysy näme?
- Manysyny näme etjegaý, sen gaýtala!
- Agam, manysyny bilmeýän zadymy aýtmagyň näme manysy bar, näme aýdýanymya düşünsem gowy dälmi?
- Gaýtalaýhow inim!
- Allah hemme zady bilýär dälmi agam?
- Elbetde, soraýan zadyň nähilaý?!
- Onda meniň manysyny bilmeýän zadymyň hamana manysyny bilýärmiş ýaly musulman boljak bolýanymy Allah bilse gaharlanmazmy maňa?
- Alaýadyňaý inim, manysyny diňle onda: Men Allahddan başha hudaýyň ýokdugyna şaýatlyk edýärin we Muhammet onuň guly we ilçisidir. Boldumy?
- Şaýatlyk edýänmi? Nämä şaýatlyk edeýin agam? Bular 14 asyr mundan öň bolup geçen zatlar, bulary ne gözüm bilen gördüm ne-de gulagym bilen eşitdim. Musulmanyga ýalan sözläp başlaýynmy, bilmeýän zadyma şaýatlyk edeýinmi?
- Eý essapyralla! Nämäň ýalanyhow inim? Ynanç bu, ýürekden ynanyp şaýatlyk etmeli, şerti şeýle. Bilmegiň ýa-da görmegiň hökman däl, ynanmagyň ýeterlik.
- Aý şeýle diýýän bolsaň borda. Türkmençe aýtsam bolara?
- Ýokhow inim, arapçasyny aýt! Özüň sabyr berdä Allahym.
- Agam häzir bilmeýän dilimde ýalňyşyrak aýdaryn kabul bolmaz ýa-da ýalňyşyrak aýdyp Allahy gaharlandyrarynmy nämemi, baryny biderek etmäýin.
- Ýokhow inim, bolanok. Şerti şeýle.
- Ýeri bolýär ýöne içimden okasam bolara? Nämede bolsa içimden aýdanlarymam Allah eşiderä?!
- Ýok bolmaz inim, meniňem eşidip şaýat bolmagym gerek.
- Nämäň şaýadaý agam, men şeýle-de ýalançy şaýat bolup duryn, senem ýalançyň şaýady boljakmy? 😊
- Eý Allahym sabyr ber! Janym inim, inijigim, menem eşdeýin, arkaýyn bolaýyn, sogaba gireýin. Şonuň üçin diýýärin.
- Allah türkmençe bilýär şeýle dälmi agam?
- Elbetde, nähilaý sen?
- Onda men türkmençe okajak kelemäni.
- Bolanok diýdimä inim, däleretjek bolýaňmaý meni?! Bu sözler arapça indirildi, arapça-da okalmaly.
- Agam, araplar arapça düşünýän bolsa elbetde arapça indirilendir, orsça indirilmezä?! Hemme dilem ýaradan Allah bolsa hemme dile-de düşünerä? Manysyna düşünip we ony duýup türkmençe aýtmak iň akyllysy bolmazmy, Allaham şeýle islemezmi?
- Bareý owarra bol şutaýdan. Köpbilmiş kapyr!
Ýalançy şaýat
-
yashalym
4 years ago
- Allah Tagalla haçan-da bir adama nälet etse. Şol adamyň ýüregini, gulagyny, gözüni mohurleyar diýýär. Bujagaz kafiram. Gulagy keri, ýüregi gaty, gözi kör dowzahylaryn birida )))
-
yashalym
4 years ago
- Awtoryň bu ýagdaýy, bir wagtlar şamda oturan beniysraýylyň ilki başda Musulman bolup soňam kem-kemden küfrlige ýykgyn edip, ahyrynda-da doly kapyr bolandyklaryny ýatladýar maňa! Olar şoň ýalydy. Onsoň Allah olara Musa aleýhywessalamdan soň täzeden pygamberler goýberdi, ýöne Ýunus pygamberiňkiden başga halkalary toba edip Allahy ykrar etmediler we munuň üçin hem ýok bolup gitdiler. Diňe Ýunus pygaberiň halky toba edip ölmän galdy!
/Umman_Ýolagçy/
ýokarky iki teswir ýazan ýoldaşlar! Öz teswiriňiziň soňuna adyňyzy goýuň! kim bolsaňyz hem.
-
Panturkist
4 years ago
- Bar zady @yashalym -yň boýnuna ýükläp oturmaň diýýäňmi ))
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Menimcha, u to'g'ri savol berdi
-
messibet
4 years ago
- @Panturkist tapýaňaý senem 😊
Meň düşündirip biljek meseläm däl. Arapça aýt diýlen bolsa arapça aýdarysam, türkmençe manysynam öwreneris.
Ýöne birzady bilesim gelýär. Häzir şu ýerde bir kişi Siziň aýdanyňyzy etdi-de Yslamdan çykjak diýse Size näme bähbidi bar? Eger çykmasa, içine şübhe salmasa näme ýitiryäňiz? Tapawudy ýok Yslam, Hristiýan, Ýahudy, Butparaz adamlardan Size näme zyýan gelýä? Şular ýaly meselä köp gireňizsoň hakykaty bilesim gelip soraýan. Ýa, öz düşünjäňiziň dogrudygyna ak ýürekden ynanyp beýlekilerem hakykaty bilsin diýip ak ýürekden ýazýaňyzmy?
-
yashalym
4 years ago
- Messi bet senem ATEISTMI. ? @Wonderful
-
Panturkist
4 years ago
- @messibet, men hiç-kimi ynanjydan dändirjek bolamok, diñe olar barada logika ýöredilmegiñ tarapdary. Isleseñ sygyra çokun, isleseñ şokolada çokun, isle banana... meniñki diñe ol ynanýan zadyñ manysyzdygyny aýtmak.
Dälihana edilen bir zyýarat ynanjyñ hiç zady subut etmeýändigini görkezer.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, Gurban aga poçtaňyza mail ugradýan welin, hiç jogaplamaýaňyzla?
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- 10. Kasam bolsun! Senden öñki (geçen) pygamberler hem ýañsylanandyr. Şonuñ üçin hem ýañsylaýan ol zatlary (azap) olardan ýañsylaýanlaryñ (özlerini) gurşap aldy.
11. (Eý, Muhammet!) Sen (olara): Siz ýer ýüzine aýlanyñ, soñ (pygamberleri) ýalançy hasaplanlaryñ soñunyñ nähili bolandygyna bir serediñ!" diýip aýt.
Engam (10-11) Türkmenistanyñ Müftisiniñ müdiriýeti tarapyndan taýýarlanandan alnan....
Umumanam ynanç meselesini şu süre gowy düşindirýän eken...
@Panturkist /////- Şaýatlyk edýänmi? Nämä şaýatlyk edeýin agam? Bular 14 asyr mundan öň bolup geçen zatlar, bulary ne gözüm bilen gördüm ne-de gulagym bilen eşitdim. Musulmanyga ýalan sözläp başlaýynmy, bilmeýän zadyma şaýatlyk edeýinmi?/////
Hümh: :))) Ýaradylan zatlaryñ barysy hem olary Ýaradanyñ bardygyna şaýatlyk edýär. Ynsanam ýaradylanyñ içinde bolar-da!!! Kelemäni aýdyp tassyklamak(we amal etmek) bolsa biziñ Iman getirenimize şaýat bolar-da.... tüntawlygyñ gözini çykarmalyñ-laý-ow!!!..
We... bular diñe 14 asyr öñ bolup geçenok. Älemleriñ Gudratly Rebbi ähli zatdan öñürti Guly hem Dosty bolan Pygamberimiz Muhammet (S.A.W)yñ Nuryny ýaratdy!..
Bu ýokardaky gürriñi Yslamdan zat bilmeýän kişiñ ýazany köre-hasa bildirýä...(ýa-da so gurriñ hakykatdan bolayanam bolsa) ýöne şony ýazan kişiñ ylmy ataizmdenem, beýleki postunda galaktikalary öwrenendigini ýazypdyr - astronomiýadanam dile çolarlyk zat bilmeýändigine jedelem edip biljek....
ýa da ýorite adamlara durtgelap goryañmi namemi?!...
yashalym 4 years ago- Beydip kafiri musulman etmek nama gerek ))) onuň yazgydy ebedi ýanmak )))