ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: DINOZAWRLAR KURANY KERIMDE AGZALÝARMY?


Ateistler sowal bermelerini dowam etdirýärler. Allaha ynanmaýan ildeşler esasanam Yslam dininiñ şerhleri, Kurany-Kerimiñ içindäki aýatlary we Muhammet aleýhissalamyñ özi hakynda sowallar berýärler.
Bu sapar welin ateistler Dinozawrlar hakynda bilmek isleýärler.
Yslam dini we Kurany-Kerim milýonlarça ýyl mundan ozalky ýok bolup giden dinozawrlar hakynda aýdypdyrmy?
Kurany-kerimde şeýle jandaryñ ýaşap geçendigi ýazylypdyrmy? Eger ýazylan bolsa haýsy syrly añlatmaly sözde agzalyp geçildi?
Ine bir ateistiñ häzirki gyzyklanýan sowalyna başardygymyzça jogap bermäge synanyşaly!
Ateist:
ㅡ Milýon ýyl mundan ozallar Ýer şarynda ýaşap geçen dinozawrlar hakynda Kuranda hiç zat aýdylanok, muña garamazdan Düýeler hakynda ýazgy galdyrylypdyr?
Jogaplar:
ㅡ Kurany-kerim hemme zatlar hakynda aýdyp geçýär, ýöne onuñ syrly ýomagyny çözmek köplere başardaýanok!
Meselem ''Elif, Lam, Mim'' ýaly sözleriñ manylaryny bilemizok, ýöne onuñ syrly manysy bar. Onsoñam Kuranda geçen ýazgylar diñe Allahyñ öz aýatlary (müteşabih aýatlar).
Ikinjidenem Kuran Biologik ýa Taryhy kitap däl. Ol hemme ylymyñ açary. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde köp haýwan bar. Indi hemme haýwanlar hakynda Kurany kerim öz aýatlarynda haýsy birini ýekeme-ýeke agzap geçsin!? Kurany kerim öwüt-ündew berýän kitap däl-de taryh kitabymy!?
Üçünjiden Kurany kerimde şeýleräk aýaty aýdyp geçsem sowallaryña jogap görnüşde ýerine düşer diýip umyt edýärin: ''Aýt kiý: Ýer ýüzüne gezip aýlanyñ, Allah ilki başdan nädip ýaradypdyr serediñ! Ine Allah mundan soñra (şol şekilde) ahyrýeti hem ýaratjakdyr. Hakykatdanam Allah her zada kadyrdyr'' Bu aýatda ''Ilki başdan nähili ýaradypdyr serediñ, görüñ'' diýip aýdyp geçýär.
Aýat hezreti Adam we başgalaryndan däl-de başga dürli janly organizm hakda aýdyp berýär. It, pişik ýaly haýwanlaryñ dörän wagtyny däl-de ''ilki başdan'' diýýär. Aýatda dinozawrlar hakda aýdyp geçýän bolmaly.
Dördünjiden Magtymguly Pyragynyñ ''Hemme işiñ beýany, Kurandadyr Kuranda'' diýen syry açan gymmatly setirlerini hem ýatlatmak isleýärin.
Magtymguly diýlende ilki bilen aklyña Kurany-Kerimiñ syrlaryny şygyrlarynyñ üsti bilen aýdan akyldar gelýär.
Redaktorlardan gündelik çykýan gazetleriñ sanawynyñ birinde ýazyjylarymyzyñ biri ㅡ Dinozawrlar Magtymgulynyñ şygyrlaryndaky gabat gelýän ''Benijan'' diýen jandardan başga zat däldigini nygtapdyr. Eger şol ýazyjynyñ pikirleri dogry bolsa Kurana salgylanan Magtymguly Dinozawrlaryñ ýaşap geçendigini üstüni açyp görkezýär diýip bileris. Benijan hakynda Magtymguly Pyragynyñ:
''Dyrnak bilen daglar gazan benijan,
Hemmesi galmady ýerbe-ýer geçdi''
Ýa-da:
''Ahyry ynsandyr, öñi benijan''
ㅡ diýip nygtaýar.
Benijan hakynda N. Ragbuzynyñ ''Kysasyl Enbiýa'' kitabynyñ başlangyç seriýalarynda-da okap geçmek mümkindir.






Bellik: Makalany taýýarlamak üçin https://www.islamiforumlar.net internet sahypasyndan peýdalanyldy.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir