ATEISTIÑ DÜŞÜNMEDIK ZATLARYNYÑ BIRI: YSLAM NÄME ÜÇIN GULÇULYGY ÝATYRMADY!?
Hawa gadyrdan okyjy!
Ýene şol köneki heññamlaryñ aýdymy!
Ateist bilen Musulmanyñ arasynda çözülmeýän dawa jeñjelleri, munuñ soñunyñ uruş-sögüşlere ýazýan ýiti meseleleri täzeden gozgap uruşsyz-sögüşsiz siziñ bilen paýlaşmakçy bolýaryn..!
Häzirki ýazjak bolýan zatlarymyñ hemmesi Kuran bilen baglanyşykly. Ateistler bu soraglary ''problemma'' ''ýalñyşlyk'' diýip kabul edýärler.
Ol soraglaryñ biri hem Gulçulygyñ gadagan edilip-edilmändigi hakynda ateistler bilen musulmanlaryñ arasynda birnäçe çekeleşmeler bolup geçip dur.
Niýetim şol çekeleşmeleri täzeden tütetmek däl-de düşünişmekden ybaratdy
Ateistleriñ esasy gozgaýan meselesi bolan ''Yslam dini näme üçin gulçulygy gadagan etmedi???
Geliñ bulara jogap bermek üçin başdan başlalyñ!
Hezreti Muhammet 571-632-nji ýyllar aralygynda ýaşapdy. Özi, Arap däldi. Ýöne şo ýerlerde dünýä gelipdir. Hiç kim ol wagtlar şo ýerleriñ hökümdary bolmandyr. Näme üçin gulçulyk gadagan edilmändir bilsin!
Buta çokunýanlar köp, gullar, adam däl haýwan ýaly ulanýardylar (bu dogry ýöne).
Mysal getireliñ, Rejep Taýyp Erdogany. Aýdaly Erdogan elini stola uraga-da ''Indi TL dollardan has uly!'' diýip bilermi? A diýip bilmez!
Ýagny hezreti Muhammet gidip ol ýeriniñ hökümdaryna ''Indi gulçulyk ýok!'' diýip bilermidi?
Yslam dini geleninden soñ hezreti Muhammet pygamber bolanyndan soñra gulçulyga gyzgyn bakmadygy hakykatdyr. Hezreti Muhammet şol döwrüñ şertlerine görä, gulçulygy aradan aýryp bilmezdi.
2. Sebäpleri: 1)Gullar eýesiz we öýsüz galardylar. Dilegçilik eder ýörerdiler. Aýratynam ekonomik tarapyndan ülkä uly krizis getirip bilerdiler. 2) Ynsanlar gulsuz galar we hezreti Muhammede bolan ýigrençleri artardy.
Şulara meñzeş sebäpleri bardyr. Şol sebäpden Hz. Muhammediñ ýagşylyk üçin etsem-petsemleriniñ biri hem: Gulçulygy ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýyrmak. Yslam gulçulyga şeýleräk täzelikleri getirdi:
1. Gullar indi kirli we ýyrtyk-myrtyk eşik geýinmesinler, özlerine timar bersinler.
2. Özlerine degişli birnäçe haklary bolmaly.
3. Eýeleri näme iýip-içse şondan iýip-içsinler, zaýalanan naharlary däl-de...
4. Gullara ''gul'' diýilmesin ''jigim'', ''öwladym'' (oglum) diýip ýüzlenilsin.
5. Gullar haýwan ýaly ulanylmasyn.
Gullara birnäçe haklar berdi. Köçede dilegçilik edýän, bu haklary beren Musulmanyñ guly bolmak islemezmi?
Ýigidi öldürip hakyny iýme...
Ýeri bolýar, ''Muhammet düzgün girizipdir, ýöne gulçulyk integem bar?'' diýjekleriñizem bar bolmagy ähtimal!?
Bu hezreti Muhammet aleýhissalamyñ günäsi däl! Hz. Muhammet (s.a.w) köne döwüriñ daş-töwereginiñ añ-düşünjelilerine görä ýuwaş-ýuwaş yslamy ýaýdy. Gowy görülýän häsiýetlere endik edilmegi, ýagşylygy ündedi.
Hz. Muhammet (s.a.w) ölüminiñ öñ ýanyndaky pursatlarynda gullary azatlyga çykardy. Gullaryny söýendigini (gullary hem hz. Muhammedi) aýtmagymyz gerek.
Guly azatlyga çykarmaklygyñ sogapdygyny hem aýdardy.
https://www.islamiforumlar.net
Ateistiñ düşünmedik zatlarynyñ biri: Yslam näme üçin gulçulygy ýatyrmady?!
-
Jeksparro
4 years ago
- @sari, bellikleriñe goşulýaryn...
-
Panturkist
4 years ago
- Şu tarapdanam bir seret:
Eger bir ýere alamançylyga gitseň ol ýerde ele geçiren erkegiňi gul edip ulanýarsyň, bu aýratyn gürrüň. Ýöne ele geçiren aýal-gyzlaryňy bolsa gyrnak (aýal gul) edip alyp gaýdýarsyň. Bu gyrnakdan näçe isleseň alyp bilersiň, olaryň razylygy bolman jynsy gatnaşykda, ýagny jynsy zorlugam edip bilersiň. Muňa yslam rugsat berýär, galanynam wyždanyň bilen maslahatlaşaý.
-
Adalat19
4 years ago
- —Gulçulyk näme üçin ýatyryldy? —Diýip menden biri sorady. Menem ösen jemgiýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we demokratiýa diýdim. Ol bolsa gulçulygyň ýatmagyna konweýerlaryň döremegi sebäp boldy diýdi. Gul saklanyňdan bir konweýer alanyň amatly düşýär. Onsoňam gullary oba-hojalykda ulanjak bolsaň şol ýerde tutuş ýyl hasyl berýän ekerançylyk bolmaly eken. Mysal üçin türkmenistanda gul saklajak bolsaň girdeýjili däl. Sebäbi bizde güýziň ahyryndan başlap, ýazyň ortasyna çenli gula edere iş ýok. Ýylda 4-5 aý guly mugut iýdirmeli bolýar. Gul edip diňe çagalar bilen aýallary saklaýmasaň erkekleri gul edip saklamaga-da göt gerek. Aslyýetinde gulçulyk bir tüýsli bulaşyk tema. Mysal üçin köne döwürler Afrikada erkinlikde bolanyňdan, Ýewropada gul bolanyň amatly düşýär. Dogrysy şu wagydam şeýle, Ýewropaň käbir türmelerindäki şertler, käbir Aziýa ýurtlarynda erkinlikdäki şertlerinden gowy. Menä dogrymy aýtsam köne döwür adamlaryň özleri meýletin gulçylyga gitdilermikä diýýän. Mysal üçin baý ýurtlara bir ýerlerik...
yashalym 4 years ago- sari: Hazirem gulchulyk dowam edip gelyar dine ady uytgedi "modern gulchulyk". meselem getirsek musulman yurtlaryny. bae (birleshen arap emirlikleri), qatar, kuwait, saudi arabistan shu yurtlarda bir amerikaly ya-da angliyaly biri ishe gelende gaty yokary aylyklar tolenya emma orta aziyalylara ya-da esasy hindistanlylara, pakistanlylara we fillipinlilere gaty az tolenya. shol yurtlarda in kop gorjekleriniz hindistan we fillipinliler. in barkisi biz turkiya gidip ishleyas olaryn minimum alyan aylygy barde bir orta aylygyn 2x essesi. in yonekeyjesi bashga welayatlardan ashgabada baranlara gul hokmunde seretyanlerem bar. bardaki mesele dowletlerin ekenomikasyna bagly, emma hich hacan uly dowletlerden galany tordan pay alyp bilmezler. 2020-nji yylda yashap yorus "musulman" dowletlerinde oz dininden adamlar bilen atyshyp yorler sozde "azatlyk" ucin.