GURHAN OKAMAKLYGYÑ PAZYLATLARY

Hz. Pygamber (s.a.w.) :''Allanyñ gatynda Gurhandan has üstün şepagatçy ýokdur. Ne pygamber, ne melek (perişde) we ne-de başgalary'' diýip aýtdy.
(Abdylmälik, Tabarany)
* * *
Hezreti Pygamber (s.a.w.) :''Ymmatymyñ iñ pazylatly ybadaty, Gurhan okamakdyr'' diýdi.
(Ebu Nuaým)
* * *
Hz. Pygamber (s.a.w.) :''Ylym, maglumat (belgi) isleýän bolsañyz Gurhany Kerimi dörüşdiriñ, ony derñäñ. Çünki owwalyñ we ahyryñ ylmy şonuñ içindedir'' diýdi.
(Ibni Mesud)
* * *
Hz. Pygamber (s.a.w.) :''Gurhan okañ, onuñ her bir harpyna Alla on sogap berer. Men ''elif, lam, mim'' bir harp diýemok. Elif lam mimiñ her biri aýry-aýry harpdyr'' diýdi.
(Ibni Mesud)
* * *
Hz. Pygamber (s.a.w) :''Haýsy öýde Gurhany Kerim okalsa şol ýerde bolluk, bereket köpeler, şeýtanlar uzaklaşar we melekler şol ýere hüjüm eder'' diýdi.
(Ebu Hureýre)
* * *
Hz. Pygamber (s.a.w.): ''Gurhan kalby we bedeni hassalyklar bilen, dünýä we ahyret hassalyklary üçin edil bir şypadyr'' diýdi.
(Ibni Kaýýym)
* * *
Hz. Pygamber (s.a.w) : ''Ertir namazyny muteakip Gurhany açyp 100 aýat okan kişä Hak Tagala ýerýüzündäki ynsanlaryñ sanyça sogap berer'' diýdi.
(Amr bin Meýmun)
* * *
Hz. Ebu Zerden (ra) edilen rowaýata görä Resulallah (s.a.w.) onuñ özüne, ýagny Ebu Zere: ''Eý Ebu Zer! ''Gurhandan bir aýat öwrenmegiñ, seniñ ýüz rekagat (nepil) namaz okamaklygyñdan has haýyrlydyr'' diýdi.
(Ibni Maje Mukaddime)
* * *
Hz. Pygamber (s.a.w): ''Haýsy bir jemagat bir öýde toplanyşyp Gurhany Kerimi okasalar (aralarynda muhabbet musafaha mutagala mukabele etseler) kalplary sukunet aralaşar, rahatlyk geler. Allahyñ rehmeti olary gaplap alar, melekler olary gurşap alar. Alla tagala hem olary öz nezdindäkileriñ arasynda ýatlar'' diýdi.
(Ebu Hureýre)

BİLGİSAYAR HATLI 41 YÂSÎN
Türkçe okunuşlu ve meâlli.
Merve yayınları.

Elmalılı M. Hamdi YAZIR
Terjime eden: Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir