Ýyly ýadyma düşenok, Nurmuhammet Meredow Ýaňlan Diýarymyň ýeňijisi bolupdy. Şonda Gülşirin Alyjanowa 10 ball, Akyş Saparow 10 ball, Jemal Saparowa 9 ball, Şamämmet Bäşimow 10 ball... Ýene birileri 8, başgalar 9 ball-dan ses berdiler. Şonda eminleň ýene biri Annagül Gurdowa ýokardakylaň ballarynyň arasynda Kasoý neressä näçe ball berendir öýdýäňiz?
"Ýaňlan Diýarym"-da Nury Kasoý neressä Annagül Gurdowa näçe ball berdi?
-
Jeksparro
4 years ago
- 1 ya 2 bal berdimi ya köpüräk berdimikä!?
-
Jeksparro
4 years ago
- Ya 20 bal berdimikä!?
-
Jeksparro
4 years ago
- @messibet özüñ aydaymasañ bizä bilemizok...
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- 0 bal-my?
-
messibet
4 years ago
- 5 ball beren eken. Geň gördüm, ýokarky agzan eminlem ýokary ball beripdir welin Annagül Gurdowa näme üçin 5 ball beripdir, bilmedim 🤔
Gaty az ball beren eken. 10, 10 diýip gidip dur, Annagül Gurdowa gelibem 5 ball bolýa.
-
Rakuten
4 years ago
- Beyle name ary koydika
-
Jeksparro
4 years ago
- Sungat işgärleri bolan Gurdowalar ulumsyrakda...
-
Jupiter_Fire
4 years ago
- Görüp ekenay
-
messibet
4 years ago
- Annagül Gurdowadan söhbetdeş bolýanlar sorasa gowy bolardy? Näme üçin pes ball berdikä? Sebäbi aratapawut uly. Gülşirin Alyjanowa beýik bagşydy, şolam 10 ball beren eken. Mümkin Annagül gelneje öň jogaplanam bolmagy ahmal, ýöne men heniz duşmadym.
-
Nol
4 years ago
- Akyşyň şägirdi bolany üçin beräýdimikä? Akyş bilen jetä däldirdä şo wagt? Şondada ýeňiji boldy. "Maýsa" hemde "Hezret Alydyr" diýen aýdymlary aýdypdy. Ýöne, Annagül şo wagtlar iň pes baha berýänidi. Soňky ýyl oň ornuna Leýla Şadurdy geçdi, şolam hemmesine 5 baldan ýaplaýardy. "Menden gaty görmäň, kimem bolsa biri aýdymçyny hasapdan çykarmasa bolanok, hemmäni ýeňiji edip bolanok" diýerdi.
Başga birzada nebsim agyrdy şonda. Bally Hajy neressede ýaryşa gatnaşypdy. Şonda eminleň bary dilleşen ýaly, biragyzdan iň pes bal berdiler. Ýeňiji bolmaga beýlede dursun, iň pes baha bilen gutardy. Şol wagtlar Ballyň abraýy tutuş ýurdy tutupdy. Bilemok, ýada şol wagt ony görübilmezlikdenmi ýa başga problemalary barmy?! Ýöne, Ýaňlan Diýarym gutaransoň dessine Bally bilen gepleşik taýynladylar, ýokarkylaň biri sögendirda. Şonda Bally aýtdy: "Men ýaryşda ýeňiji bolmak üçin gelmedim, öz şägirtlerimi yzyma tirkäp getirdim. Şular ýaly ýaryşlaryň tutulýandygyna begenip geldim, şoň üçin gatnaşdym" diýipdi. Hakykam, soňra öz şägirdi Berdi Geldiýew ýeňiji bolupdy.
-
messibet
4 years ago
- Bally Hajyýewe bermän Kakadurdy Täjime berenem bolmaklary ahmal şol gezek, anyk ýadyma düşenok welin.
-
messibet
4 years ago
- https://youtu.be/0YTuAzA0S0E
Youtubede bar eken Ýaňlan Diýarymda aýdan şol Hezreti Aly we Maýsa aýdymlary. Soňunda-da ball berişligem bar eken. Ýokarky ýoutube-de goýlan wideoň kommentariýasynda-da ýazan ekenler, Annagül Gurdowadan närazy bolup, köp kişi. 5 ball bereni üçin.
-
Nol
4 years ago
- Bally Hajyýew "Ýaňlan diýarymyň" ikinji ýylyna gatnaşypdy ýalňyşmasam.Ol wagt diňe Mary welaýaty üçin, ýagny welaýat arada geçirilende bolupdy waka. Ilkinji ýylda Aman Kadyr, N. Meredow, Dagbaşyýew (pahyr boldy) ýene iki sany gyz, doly ýatda däl. Kiçem bolsam, gözlemi tegeläp görýänimi bilýän. Kakadurdy Täjimow Ahala degişli dälmi? Ol hiç wagtam gatnaşmadymyka diýän ýaňlan diýaryma. Olam ol wagt güýçli bagşydy.
-
messibet
4 years ago
- Dogry, Bally Hajyýewiň gatnaşany "Alagaýyşly" bolmaly. Men "Ýaňlan Diýarym"-dyr öýdüpdirin. Şonda birinji Rejep açki boldy ýa-da Kakadurdy Täjim.
-
Nol
4 years ago
- @messibet, yalnysma, Bally Hajy "Alagayysla" gatnasmady hijem. "Yanlan diyarym" telebaslesiginin ikinji gezekki baslesigine gatnasypdy.. Dowur uytgemegi bilen yadyn azalandyr, menin bolsa su wagtky yaly yadymda ol pahyryn konserti. Mumkin, youtebada barmy yokmy bilemok, beynimde yazylgy ol. Cip-e gecirip bolyan bolsady beynini, onda basga hasap. Bally Hajy absolyutno 100% Yanlan diyaryma gatnasdy.
Rakuten 4 years ago- Nace bal berdika