Myratjyk kakasyndan:
- Biz näme üçin Allany görüp bilemzok? – diýip sorady.
Kakasy:
- Biziň gözümiz Allany görüp biljek şekilde ýaradylmandygy üçin Ony görüp bilemzok – diýip, oglunyň başyny sypady.
- Näme üçin görüp bilenok, kaka?
- Sen fotoapparatyň bilen ähli zadyň suratyny alyp bilýärmiň?
- Hawa, alaryn.
- Içki organlarymyzyň – içegäniň, öýkeniň, bagryň ýa-da gökdäki ýyldyzlaryň hakyky keşpleriniň suratyny-da alyp bilermiň?
- Ýok, ýöne rentgen, mikroskop, teleskop ýaly enjamlar arkaly alyp bolar.
- Görýärmiň, fotoapparat bilen rentgen maşynynyň her ikisi-de surat alýandygyna garamazdan, rentgen maşynynyň düşürip bilýän suratlaryny fotoapparatyň bilen düşürip bolmaýar. Çünki, ýasalyşlary tapawutly. Allatagala biziň gözümizi-de özüni görjek derejede ýaratmandyr.
- Ol bizi görýärmi?
- Hawa, “garaňky gijede, garaňky otagda, gara egin-eşikli halda bolsak hem Ol bizi görer.” Hawa, biz görmesek-de Alla bardyr we birdir. Aslyýetinde, Ýer ýüzünde barlygyny bilsek-de, görüp bilmeýän zadymyz ummasy kändir. Meselem, elektrigiň bardygyny ählimiz bilsek-de, ony görenimiz ýokdur. Ýa-da süýdüň içindäki ýagy ýa-da peýniri görkezmek mümkinmi? Ýa-da gynanjy, begenji, söýgüni, şatlygy, aklymyzy we beýleki duýgularymyzy... Olary el bilen tutup, fiziki keşplerini görkezip bilmesek-de, barlyklaryndan şübhämiz ýokdur. Bu sebäpden, göz bilen görmeýän ähli zadymyzy “ýok” diýip inkär etmek dogry däldir. Bu sebäpden, biz Allany görmesek-de, Ol biziň her hereketimizi görýär, bilýär, eşidýär. Onuň ylmynyň çägi ýokdur. “Ol, göklerde we ýerde ybadata laýyk bolan Alladyr.
Siziň içiňizi, daşyňyzy; etjek her işiňizi bilýändir. (Enam suresi, 3).
“Gury ýerde, deňizde näme bar bolsa, ählisini Alla bilýändir. Ondan bidin bir ýaprak düşmez we ýeriň garaňkylyklary içine bir däne-de girmez...” (Enam s., 59).
“... Şübhesiz, Alla ähli edýänleriňizi görýändir.” (Bakara suresi, 110.)
“Onuň (barlygyny we gudratyny görkezýän) aýatlaryndan biri-de ýer ýüzüniň ösümliklerini boýny bükük halda görmegiňdir. Emma üstlerinden suw inderenimizde, derrew dikelip, boý alar. Oňa jan beren, elbetde ölüleri-de direlder. Çünki onuň barça zada güýji ýetýändir.” (Fussilet suresi, 39).
“Üstlerindäki göge seretmeýärlermi, nähili bina edendigimizi we bezändigimizi görmeýärlermi? Onuň hiç bir çat açan ýeri ýokdur. Ýer ýüzüni-de düşedik we onuň üstünde daglary goýduk. Ol ýerde köňül açýan her dürli ösümlikleri ýetişdirdik.” (Kaf, 6-7).
Şol bir Günden ýylylyk alyp, şol bir suwdan ganýandyklaryna, şol bir toprakdan iýmitlenip, bir howadan dem alýandyklaryna garamazdan, bir ýerde we deň şertlerde onlarça dürli miwedir bakja önümleriniň ýetişmegi-de Onuň taýsyz ýaradyş sungatyna şaýatlyk etmeýärmi?!
Allatagallany näme üçin görüp bilemizok?
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, Tapýaňyz her dürli pikirleri))))
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, ýagny Gurban agam sizi bir mowzuga çagyrýaryn!!! Men näçe düşündirjek bolýan, ýöne düşünenoklar.
http://halypa.ru/forum/index.php?id=1476
-
Jeksparro
4 years ago
- Aýaz baba täze yylda gelýär, şonda göräy...
-
wagt
4 years ago
- Pañtürkish her hili pikir tapanok, ol señ üstüñden gülýä...
Näçe aýdýan size, atsyz-sorsuz, awtory görkezilmedik anonim temalar b.n hiç zada peýda edeñzok, gaýtam Pan-fiklerden has beter wirus ýaýradýarsyñyz diýip...
-
wagt
4 years ago
- Sen hiç kime hiç zady düşündirjek bolma...
-
Panturkist
4 years ago
- @wagt, sende näme üçin özüňy mydama kemsidilen ýaly alyp barýaň. Gaty görme welin, syn edişime görä sen çagalykdan kemsidilip, zaçumarit edilip ulalan çmo oglan bolmaly. Atatça şeýle adamlar ulalansoň offensive bolýar.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @wagt, Men bu mowzukda üstümden gülen adamy göremok
-
Jeksparro
4 years ago
- @Perhat Sabirow, bu temanyñ awtory kim?
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Jeksparro, Dogrumy aýtsam bu ýazgyny mundan 5-6 aý öň telefonymyň bloknodyna bir saýtdan copy paste edipdim. Şondan soň awtory ýada paýlaşan adamyň ady hem ýatdan çykyp gidipdir.
-
wagt
4 years ago
- Ol señ pañ kelläñde dörän pikir... Maña dahylly ýeriniñ ýokdugyny meni tanaýanlar gowy bilýändir...
-
wagt
4 years ago
- @perhatsabirow, dowam ediber onda bolgusyzlyklaryña.
-
wagt
4 years ago
- @Pañtürkish, sen görmedik zadyña ynanmaýanlardan bolşuña görä, görmedik-tanamadyk adamyña nädip syn edip we baha berip bilýäñ? Bu señ ideýaña ters dälmi? Men bu ýerde öz-özüni zaçumarit edýän adamy görýän...
-
Panturkist
4 years ago
- @wagt, ol näme üçin men görmedik zadyma ynanamokmyşym. Bir zadyň bardygyny subut etmegiň her-hili bilim taýdan ýoly bar. Mysal üçin kislorody göz bilen görmeseňem himiki testleriň netijesinde bardygyny bilip bolýar, wiruslary, bakteriýalary, galaktikalary, radio tolkunlary, energiýany gözümiz bilen görmesegem degişli ylmy testler bilen barlap ýa-da ölçäp bolýar. Şol sebäpden, seň kiçilikden kemsidilip ýa-da zaçmorit edilip ulalanyňam seni özüňi alyp barşyň esasynda anyklap bolýar.
Bellik: gynansagal taňry diýilýän zat, jyn ýa-da arwah ýaly zatlar häzire çenli bilimiň hiç-bir testine görä bardygy subut edilip bilinmedi.
-
Jeksparro
4 years ago
- @Panturkist, señ onda ata-baba gelyàn yolundan dänip heley yaly internediñ añyrsynda jäwjilläp oturşyñdan çöpdübiliñi aýan etdigiñ goturjyk! :)
-
wagt
4 years ago
- Bedibagt çaga... Saña käte nebsimem agyrýar...
-
Panturkist
4 years ago
- @Jeksparro, eliň aýasyna pagtajyk ýaz, ynjytmanjyk göterer ýaly.
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @Panturkist, Halypa.ru - da poçtaňyza hat ýazdym, jogaplaýyň kyn görmeseňiz😊
Panturkist 4 years ago- Aýazbabany näme üçin görüp bilemzok?