GUMANOIDLER PERIŞDEMI ÝA-DA...

Gadymy kitaplaryñ, mifiki çeşmeleriñ ýany bilen dünýä dinleriniñ ylahy kitaplary bolan Injilde we Gurhanda uçýan tarelkalar hakyndaky maglumatlar göze ilip durandyr welin okalýarka ol kän belli bolmaýar.
Uçýan tarelkalar we gumanoidler, başga planetalylar hakdaky ylmy-gözlegler, olaryñ çuñlugy derwaýys meseleleri döredip kynlaşdyrýar. Ýöne biz muña garamazdan ylahy dinleriñ iñ kämili bolan yslam dinini ýaýan Muhammet aleýhissalamyñ döwründe bolup geçen geñ-tañsy wakalar hakda durup geçmek isleýäris.
Muhammet pygamberiñ parapsihologik ukyplarynyñ bardygyny, onuñ Allatarapyn adatdan daşary ylahy keramatlarynyñ bolandygyny bilýäris...
Ýöne Muhammet pygamberiñ döwründe ýaşan Useýd bin Hudaýrynyñ ylahy keramatlarynyñ ýokdugyna garamazdan adatdan daşary güýje eýe bolandygyna welin göz ýetirse bolýar. Sebäbi onuñ akgynly okaýan Gurhanynyñ sesine nähilidir bir adatdan daşary çekijilik hat-da perişdeleri hem maýyl edipdir.
Ilki bilen bu sahaba hakynda biraz maglumat bermäge çalyşmakçy...
Useýd bin Hudaýr häzirki Saud Arabystanyñ Medine şäherinde 641-nji milady ýylynda dünýeden ötüpdir. Kakasynyñ adyna Al-Hudaýr bin Sammak bin Atek diýipdirler.
Ol dünýeden ötmänkä Muhammet (s.a.w) pygamberiñ sahabasy bolmak mümkinçiligini gazanan eken.
Useýd bin Hudaýr Gurhan okamagy gowy görüp ony ezberläpdir. Onuñ sesi şeýle ýakymly bolup, Gurhan okan wagty onuñ sesini eşidenler ylahy keramata gaplanyp, haýsydyr bir üýtgeşik gudratly magnit ýaly bir zat özüne çekýär eken. Hatda Muhammet aleýhissalamyñ özi Useýdiñ Gurhan okan wagty dür sesini eşidip lezzet alar eken.
Günlerde bir gün mesjitde oturan ýerinde Useýd Gurhan okaýarka yslamyñ pygamberi Muhammet onuñ sesini eşidip: Useýd gowy adam!'' diýip alkyşlady.
Useýd bin Hudaýr bolup geçen şeýle bir wakany aýdyp beripdir: Bir gün gijäniñ bir wagty Gurhanyñ Bakara süresini okadym. Atymy hem ilki gapdalyragymda bagladym. Gurhan okaýarkam atym birden tisginen ýaly etdi we depirgiläp başlady. Gurhan okamamy bes etdim. At hem howsala düşmesini bes etdi. At köşeşensoñ men okamamy dowam etdirdim. Atym ýene kejirligini edip ýer depgiläp kişñemäge durdy. Men okamamy bes etdim. Atym ýene köşeşdi. Ýanymda şo mahal oglum Ýahýada bardy. Ol atyñ golaýynda ýerleşen bir ýerde ýatyrdy. Atymyñ bu bolşy oglumy basgylar diýen howatyrlyk bilen oglumy uzagyrak ýere süýşürdim. Ine birdenem göge tarap nazarym düşdi. Bir seretsem agymtyl bulut kölegesine meñzeş bir zat duman içinde çyra ýagtylyp duran birnäçe jisimleriñ ýaldyrap durandygyny gördüm. Soñra muny ertir irden pygamberimiz Muhammet aleýhissalama gürrüñ berdim. Ol bolsa maña:
ㅡ Okamaly ekeniñ eý Useýd... Okaýmaly ekeniñ Useýd!'' diýip okamaklygymyñ gerekdigini aýdypdy.
ㅡ ...Eý Allanyñ pygamberi, At ýene kişñäp şol hereketini eden bolsa Ýahýa onuñ toýnaklarynyñ astynda galardy. Şonuñ üçinem alada galdym-da Gurhan okamamy bölmeli boldum. Birdenem ýokaryk seretdim welin asmanda bulut ýaly ak boz dumanlykda çyra ýakylan ýaly yşykly jisimleriñ ýaldyranyny gördüm. Bu jisimler agymtyl boz kölege gatlagy ýaly zadyñ içinde ýalpyldap asmana tarap galyp gitdi. Soñundanam ol birden gaýyp boldy...
Gürrüñimi diñläp bolan Pygamberimiz: ''Eý Useýd! Seniñ ol görenleriñ perişdelerdi. Okan Gurhany Kerimiñi eşidip diñlemäge gelipdirler. Arman, okamagyñy kesmedik bolsañ gitmezdiler'' diýdi.
ㅡ Bu rowaýaty men Yslamyñ ynamdar hadysy bolan Sahyhy Buhary kitabyndan salgylanyp aldym.
Eger Usaýdyñ bu göreni uçýan tarelkadyr diýip güman etsek onda bu görülen täsinligi 2011-2012-nj ýyllarda görünen uçýan tarelka bilen kybapdaş bir jisim diýip aýdasym gelýär. Şol uçýan gapbarçanak gelmezinden öñ ilki Useýd bin Hudaýryñ şol gijede gören wagtyndaky sypatlandyrmasy ýaly ak dumanlyk peýda boldy. Özem gyş aýydy. Daşary sowukdy we men daşardadym. Ýöne Gurhan ýa ylahy aýatlary ne men okaýardym, ne töweregimde biri! Soñra bu dumanlygyñ içinde tegelek çyraly dört bäş ýerinde gök, gyzyl, sary, öwsüp duran uçýan tarelka geldi. Onuñ dik uçar däldigini şolbada hem bilipdim. Otuz-kyrk metr çemesi ýaly daşlykda, özem howada bytnaman durdy-da birden bu tarelkanyñ günorta tarapyndan gapy açylan ýaly boldy. Gapy açylanda onuñ içinden daşyna edil ýiti ''pro£ektor'' tutulan ýalydy. Soñam biri düşdümi ýa mündümi ony anyk bilemok. Ýöne şol gözüme görünmedi. Soñra gapy ýapyldy-da birden ''Pyñk'' etdi-de gaty tizlik bilen gözümden dik ýokarlygyna atylyp gitdi ýañky uçýan tarelka.
Bu jisim sahaba Useýde görünen näbelli uçýan tarelka bolýan bolsa onda Pygamberimiz Muhammet aleýhissalamyñ onuñ, ýagny gelenleriñ perişdelerdigini aýdýanlygyndan çen tutsak, bize görünýän şol näbelli obýektlerdäki gumanoid diýip ýörülen jandarlar perişdelermikä?



www.kitapcy.com

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir