Berginiz 7 manatdan kop bolmoly dal
Tmcelliñ düybünde işleýänlermi, ýa şol tmcelliñ başga işgärleriniñ hat-sowatsyzlygymy bilemok welin şol ýerde ünsüñizi bir zada sowmakçy.
Ine meselem 7 manada çenli karz alyp bolyar tmcelldan. Şonda yedi manatdan geçensoñ köplenç aljak bolup barlap göryäñ welin ''Siziñ berginiz 7 manatdan ybarat. Ynamdar tolege rugsat edilmeyar. Berginiz 7 manatdan kop bolmoly dal'' diýip ýazylan duýduryş gelýär. Aslynda şol añlatmanyñ ahyryndaky ''bolmoly'' söz bolmaly diýlip ýazylýar dälmi? Ýa men ýalñyşýarynmy!?
Bellik: Şuny barlap görenleriñiz barmy ýa ünsem bereñizokmy? :-)
Men ýaly karz alyp ýaşap göreñizokmy ýa!? :-)
''Berginiz 7 manatdan kop bolmoly dal'' ýazgy hakda
-
sari
4 years ago
- https://enedilim.com/sozluk/soz/bolmak
Hawwa ýalňyş ýazylan. "Bolmaly" bolmaly aslynda.
-
wagt
4 years ago
- Tmcell-däkiler name filogiýany gutaranlardyr öýdüpdiñmi? Olaram ikimiz ýaly töññäñ biridir-dä..
-
wagt
4 years ago
- Başga serýoznyrak zat tapmadyñmy üns berere? ))
-
(shyh)sho men
4 years ago
- Menem gordum welin yone sony kime gorkezjegimi bilman yordum tema acmak kellamede gelenok
-
Adalat19
4 years ago
- Bir döwür tmcelden pulyň ýok wagty jaň etseň gyzyň sesi şeýle diýýärdi: —Siziň balansyňyz jaň etmäge mümkinçilik bermeýär. Haýyşt edýäs, "HABARYŇYZY" dolduryň. Hakykatda bolsa "Hasabyňyzy" bolmalydy. Şeýle ýalňyş gaty köp wagt saklandy. Soň näme üçindir düzetdiler. Şol ýalňyşy biler ýaly hiç hili adatdan daşary bilim gerekdäl.
-
Jeksparro
4 years ago
- @Adalat19, orta mekdebi gutaran bolsañam bolýar diyyäñmi!? :)
-
Adalat19
4 years ago
- @Jeksparro, Tmcell'yň başlygy hiç ýeri gutarmadyk bolan bolaýmasa...bolmasa beýle gödek ýalňyşlara ýol bermezdi...
Perhat Sabirovv 4 years ago- Mendede śeýle bolýardy, öñler. Indi karz almansoñ bilemok. @Jeksparro, önden bàri śeýlemi ýada śùgùndenmi