Bu waka 1998-nji ýylyñ 14-nji oktýabrynda kontinentler arasy uçuş mahalynda bolan. "Bir aýal, uçarda negr bir adamyñ ýanynda otyrdy. Ol aýal bu ýagdaýdan bimaza boldy, sebäbi şeýle antipatik adamyn ýanynda (gara) oturup bilmezdi. Ol aýal stuardesany çagyryp, bu adamyñ ýanynda oturup bilmejekdigini we başga ýer tapyp bermegini sorady. Stuardesa, uçaryn bar ýeriniñ dolydygyny ýöne 1-nji klass bölüminde boş ýer bolup-bolmadygyny görmelidigini aýtdy. Beýleki ýolagçylar, añk-tañk bolup, şeýle masgaraçylykly waka tomaşa edýärdiler, bu aýalyñ diñe gödekligine we biedepligine däl, munyñ üssesine-de 1-nji synpda ýolagçylyk etjegine haýran galýadylar. Şeýle kemsidilen adam bolsa iñ gowusy jogap bermezligi makul gördi. Bu bimaza bolan aýal, birinji synpda we ol adamdan has uzakda ýolagçylyk etjegine begenip, stuardesan gaýdyp gelmegine garaşýardy.. Birnäçe minutdan soñ gelen stuardesa, ol aýala: "Bagyşlañ eglendim. Birinji synypda ýer tapdym… Ol ýeri tapmak biraz egledi, soñam ýer çalyşygy üçin pilotdan rugsat almagym gerkdi. “Hiç kim mesele çykaran bir başgasynyñ ýanynda oturmaga mejbur däldir” diýdi we bu rugsady berdi." Beýleki ýolagçylar eşidýän zatlaryna ynanyp bilenokdylar, bu pursatda aýal bir ýeñiş gazanan ýaly ýerinden turmaga taýýarlandy. Şol wagtda stuardesa, ýerinde oturan garaýagyz adama ýüzlenip: "Jenap, sizi uçaryñ birinji synypyndaky täze ýeriñize äkitmegim üçin yzyma düşün, haýyş edýän! Syýahat firmamyzyñ adyndan kapitan pilotymyz sizden beýle nähoş bir waka döreden biriniñ ýanynda oturmaga mejbur bolanyñyz üçin ötünç soraýar." Bütin ýolagçylar birlikde, uçar toparyna bu wakany şeýle adalatly çözendikleri üçin el çarpyşdylar. Şol ýyl, kapitan pilot we stuardesa uçardaky özlerini alyp baryşlary üçin sylaglandylar. "Adamlar özlerine diýen sözüñizi ýatdan çykaryp bilerler. Adamlar özlerine edilen zatlaram ýatdan çykaryp bilerler. Ýöne adamlar, olara özlerini nähili duýduranyñyzy hijem ýatdan çykarmazlar
Rassizm barada bolan waka
-
pida
12 years ago
- ola nemerak ayal eken. kim bolanda name, olaram adama. beyle kemsidiji hereket etmeli dal eken.
-
phenomen2
12 years ago
- Bu hakyky bolan wakamy?
p.s:gynansakda turkmenistanda rasistlar yetik
-
Ayyuzli
12 years ago
- hmmbehh, hic okamandym. bashyny okap, gynandym, gaharlandym... emma sony begendirdi. "yalnysh hereketlere" kulli adamzat bileleship "stop" diyse, nahili gowy bolardy?! shol ayal negr adamyn renkini halamadyk bolyan bolsa, onda ony "boyany" halayandygyna-da shubhelenyan men-a.
sagja bolun, panturkist.
-
URGENCLI
12 years ago
- yer adamyng watanydyr, ahli adam dogandyr
-
gadymypaytagt
12 years ago
- bah,ucar komandasy diysen akylly eken.
-
magnit
12 years ago
- bah
-
sahett
12 years ago
- hawa bu makalany öñem okapdym ýöne taryhdan alynlanlygy hakynda habarym ýokdy...örän dogry edipdir kapitan pilot...aklyñdan ejeñ aýlansyn )))
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- Beýle-de heleý bor ekenow(((
virmenaard 12 years ago- videosyny gorupdim shu wakanyn