Nokat−başlangyç we soň."Hemme zat nokatdan başlanýar"diýýär Geo- metriýa.Ol hakykatdanam şeýle. Gözýetime çenli uzalyp gidýän düzlük.Gözýetimde ilkibada görünen bir gara nokat we üstünde tüsse ýaly asmana galýan tozan.Galanyň üstünde daş-töweregine ýiti gözleri bilen garap duran nobatçy "gelýär" diýip,gygyrýar gara nokady görüp.Galadaky adamlar derwezeden gala- nyň daşyna çykýarlar gelýäni görmek üçin.Wagt geçýär.Ýuwaş -ýuwaşdan nokat ýakynlaşýar,ulalýar.Öňümize bar tizligi bi- len gelýän at çykýar üsti çaparly.Çapar galanyň öňünde üýşüp duran adamlaryň arasyna geleninde atyny duruzýar. Adamla- ryň bakyşlarynda sorag doly. Demi demine ýetmän,gelen çapa- ryň agzyndan ajy habar çykýar:"Duşman...Özem...gaty köp. Bagtymyz ýatdy!".Bu habar ýetip gelýän "soňlamanyň" habary. Hawa,ähli zat nokatdan başlapdy. "Nokat−soňdur"diýipdik."Boldy indi,dostlugymyza nokat goýýa- ryn" ýaly sözler nähili agyr degýär adama.İndi dostluga nokat goýlandyr.Nokatdan aňyrsy ýok.Nokat−iň soňky duralga.Hem- me zat gutardy. Nokadyň iň soňky duralga bolmagy elmydama ýamanmyka? Elbetde,ýok. Ol bolmadyk bolsa geplemäge başlan hiçkim dymmazdy,dymyp bilmezdi.Bir göz öňüne getirip görüň!Daş-tö- weregiňizdäki herkim gepleýär,dünýä bir ýerde durmaýan eňek lerden doly."Haçandan bäri gepleýärsiňiz?"diýip, ýetmiş ýaşly,gepläp duran ýaşulydan soraýarsyňyz. "Üç ýaşymdan bäri"diýip,jogap berýär.İndi sizem dymaňyzok,dymyp bileňizok. Çünki sizem bir gezek geplediňiz, sözlemiňiziň soňy ýok."Sorag bar,ýüzlenme bar"diýýärsiňizmi?!Onda,şuny unutmaň:soragy sorag,ýüzlenmäni ýüzlenme edýän aşaklaryndaky nokatdyr. Nokatlar üýtgedýärler,gözelleşdirýärler,mertebelendirýärler. Nokatlar "guldan" "gül" ýasaýarlar.Munuň mysalyny köpeldip bolar. Munçasy ýeter indi,köp gürledim.Menem sözlerime goýaýyn nokat.
Nokat (.)
-
Yegen
12 years ago
- Hemme zat nokatdan bashlanyar, nokatdanam gutaryar. Nu, dogry pikir Virmenaard.
-
Multyk
12 years ago
- ...
-
idealman92
12 years ago
- nokat bolmasa sony bolmayar hich zadyn.gaty dogry oylanma dost.her zadynam sony bolsa yagshy
-
handsome1
12 years ago
- ...kim diyya gutarya sozlerim nokatda
aslynda bashlaya nokatdan....
(Zumer. biz nirden bileli)
virmenaard 12 years ago- kabir yerlerde dyngy belgiler yalnysrak gitdi.