elbette gynanchly, azajygam kyn, oykenime dem gelmegini bes etyar yone hazir gowlashar, mana eline ber eje, sen yylylygyn yetenak shu wagt mana, elwetde men gaty gowy ogul dallirn, men muny bilyan eje, shondada mana elini uzaday eje, goz yashlammy supirip senden otunch sararyn. bagyshla eje sana yetiren hemme agyrylarym uchin, yuregim sheyle bir gursuldeyar eje. Bagyshla eje seni soyyan diymedik gunlem uchin, bagyshla eje, hemme gynandyranym uchin, men ozimi uly adam gorensiran bolup bashladym eje bagyshla. Bu sozleri aytmak sheyle bir kyn eje. Mana elini uzat eje, elini yuregime tutup mana chagylykda aydyp beren huwdilenni yatla eje. Mana durmushy sowgat bershin yaly yylgyryshynam sowgat beray eje. Ejem mana elini uzat eje, men ony hijem goywermen, aglama sana yalbaryan ejem. Sen bir pursatlyk yylgyrshyn uchin alemi dyza chokerdern jan ejem. Elbette eje sen oglun belki in gowy ogullardan dallir, yone Alla shayadymdyr eje sen shatlygyn uchin hemme zada tayyardyr. Mana elini ber ejem, aglamagyny goyay inni eje.
Eje
-
jumanji
13 years ago
- tùrkmen4e-eje,rus4a-mama,gruzin4a-nana,bowarski dilde-baba.
Hemme dillerdede eje sözùniñ sadalygy,gulaga ýakymlylygy bar. hemmämiziñ ejemize allajandan saglyk dileýärn.!
-
Kurtoy
13 years ago
- salam eziz doslar, sag amanja oturanmysynyz!
size yene bir gosgyjyk yetireyin diydim
bul setirler sahyr atajan annaberdiyewinki!
eje, guş deý uçup gitsem-de, bir gün
ganat ýaýyp gelerin seň ýanyňa.
hem gaşyňda ýüzüm sallar otyryn
düşünmän nämüçin aglaýanyňa.
bolmalysy şeýledir-dä, ejemiz
ekläp-saklap, ýaňy sana goşanda
gitmek bilen boluberýäs, diýýäs-de:
"eje, men-ä ugramakçy, hoş onda!"
eglenjekdim entek seniň ýanyňda
kiselem aşykly, jübim şänikli.
sen pikirem eden dälsiň ogluňa
başga biri bolar öýdüp şärikli.
ýöne nirde bolsam-da men, şu mekan
hem mydam seň çirksiz mähriň küýseler.
emma, eje, aglamagyn iru-giç
iller: "indi ol biziňki" diýseler..
Bellik: ogurlyk goshgy))))
-
Induksiya
13 years ago
- Menem arhiwda mekanoraz atly agzamyzyñ ene hakynda diysen gowy yazan gishgylarny okadym sizede yarar diyip umyt edyan!
Eje....
ähli kyn günümde bolupdyň pena,
näçe etsem azdyr, dilimde sena,
allam, uzak ýaş ber, mährinam enä,
ýaşyň uzyn bolsun, mähriban käbäm!
gijeleriň gündiz edip geçirdiň,
ýalňyşaýsam dogry ýola getirdiň,
bu gün depäme täç edip göterdim,
tylla täçden beýiksiň, gymmatly käbäm!
çagalykda maňa kän zatlar berdiň,
olam...
esasy zat terbiýe berdiň,
meniň üçin mydama gujagyň gerdiň,
mukaddes şol ýyly gujagyň käbäm!
ähli edenleriň alla ýalkasyn,
özi penasynda aman saklasyn,
menem seniň edenleriň haklaryn,
ömürlik borçly men, öňüňde käbäm!
-
Jasminka91
13 years ago
- Ahal eje hakda gowy temalar acyan,sag bol,yetirip dur.
Eje sözuni e$itsem:
eje,eje ay eje,
sen men ucin ýekeje
aýdanyny etmesem,
gulagymdan cek eje.
Diye cagalyk gosgy ýadyma dú$ya.
Enelere $öhrat!
-
Jasminka91
13 years ago
- *diyen
-
Induksiya
13 years ago
- Mähriban kabam....
ejem seniň maňa aýdan sözleriň,
ýola çyksam, ýolda galýar gözleriň,
bu ýurtdaky dag-derýalar düzleriň,
ählisinden belent, mähriban käbäm.
çagalykda bize terbiýe berip,
ak-garany saýgarmaga ýol berip,
gijä galsam, gözi ýolda, gol berip,
meni öýe çenli ýetiren käbäm.
entek çagalykda köp akyl berip,
ata-babalardan sen nakyl berip,
diýerdiň hemişe “sen, gapyl görip”.
görüpleriň ýolun düzeden käbäm.
bu gün gaýdar bolum alys illere,
bilim guşagyny guşap billere,
oglun mekan aýdar, goşup dillere,
wasp edermen seni mähriban käbäm.
makgush 13 years ago- Gowja tema!
Her nämede bolsa enäniň göwnüne degmejek bolmaly.