Eý ýaranlar, musulmanlar, Bir gün ahyrzaman bolar, Ölenden öň köp nyşanlar Ýeriň ýüzünde kän bolar Adalatsyz bolar hanlar Bihaýa bolar zenanlar, Köp döküler nahak ganlar, Iliň päli ýaman bolar. Pisat iş köp bolar, az bolmaz Bu öý ol öýe saz bolmaz, Ýagmyrlar ýagar, ýaz bolmaz Bir gün bady-hazan bolar. Hile eýlär, tapar ýollar, Süýthorlukdan ýygyr mallar, Din ýolyny taşlap iller, Ne mektep, ne azan bolar Namaz goýar, sözlär ýalan, Ata-enä asy bolan, Çakyr içip, zyna kylan, Azaby müň elwan bolar Elin tut Taňry dostunyň, Asy bolma, sakla diniň, Enşalla, Magtymgulynyň Din ýoldaşy iman bolar!
Ahyrzaman Bolar
-
Senem
15 years ago
- Toba diý. Entåk gowy adamlar køp , Allaha $ûkûr.
-
Senem
15 years ago
- Toba diý. Entåk gowy adamlar køp , Allaha $ûkûr.
-
Senem
15 years ago
- Toba diý. Entåk gowy adamlar køp , Allaha $ûkûr.
-
Tourist
15 years ago
- TOBA
-
sahett
15 years ago
- senem sen gaty aljarnly gorunyan kop gaty kop dasary yurda cykanlaryn uytgap kimdiklerni tanatyarlar
-
Seyrandos
15 years ago
- Dos gorkuzyañow
-
Senem
15 years ago
- :) ýene aljyraýdym øýdýån.
Da$.ýurda çykyp ûýtgeýånlere-de Allañ øzi akyl bersin-då, nåme diýeýin.
Ýøne ah. zam. gelýä diýseler hiç halamok-da:
1. Haçan boljagyny bendesi bilmez.
2. Geler, gelýå diýip adamlañ øzem getirjek $ona.
-
sahett
15 years ago
- ay yok men gorkuzamok bolyan zady aydyan.
-
Kuraldyshy
15 years ago
- Magtymgulynyñ "gelse gerekdir " goşgusy hem iniñi dikenekledyär.
Elbetde,Ahyrzaman haçan geljek, nähili şekilde geljek bir alla biler.
-
sahett
15 years ago
- kural bar bolsa paylassana
-
Kuraldyshy
15 years ago
- Neme görme,youtubdan dinlap,yazyp alyp soñ tel.den yazmaga razy bolman. Youtubdan "gelse gerekdir" yazaymaly
sahett 15 years ago- mena bu yerde aydylan zatlaryn kopusune gabat geldim videolaram kop gordum