Äjit-Mäjit

Egerde men bir zady bilesim gelse, uka gidäýmäkäm sorag berip ýatýan, onsoň düýşimde şol soragyň jogabyny alýan. Men çagalygymdan bäri şeýle endik etdim. Çagalygymdan bäri bolany üçin, meni bu zat geň galdyranok. Men şeýle usul bilen diýseň köp soraglaryma jogap aldym. Dogrysy bu usul her bir agşam işlänok, bu usul diňe 4-nji gün işleýär. Has takyk aýdaňda, diňe 4-nji gün agşam beren soragmyň jogabyny men ertesi gün ýatlap bilýän. Galan günler sorag berip ýatsam hem, ertesi gün hiç zat ýadymda ýok, bolmasa men düýşimde soragyň jogabyny alýanam.

Bu gije meni Äjit-mäjitler gyzyklandyrdy, men olar barada köp zady eşdipdim, ýöne barybir öz bilesigeljiligimi gandyrmandym. Men hemişeki ýaly suwa düşdüm, arrasa geýim geýdim we günbatara başymy goýup ýatdym, ýataýmakam bolsa öz soragymy berdim:

—Äjit-mäjitler näme zat? Gelde maňa düşündir.

Kellämiň bir ýerlerinde biri "bolýa" diýip jogap beren ýaly boldy. Men hamala gyzykly kimofilma tomaşa etmekçi bolýan ýaly uka gitdim. Sagadyň näçe bolanyny bilemok, dogrysy ýatan wagtym sagat bilen hem işiň ýok. Gijäň ýarynda men oýandym, dogrysy men dälde meň aňym oýandy, bedenim bolsa entegem ýatyrdy. Penjiräň aňarsynda meň özum bilen deň gyzjagaz durdy, ol gyz howada durdy, sebäbi biz 7-nji gatda ýaşaýardyk. Şonyň üçin penjiräň aňarsynda hiç hili janly gyz bolmaly däldi. Ol gyz mydama meň bilen deňdi, men näçe ýaşymda bolsamam, gijelerne oýanamda men mydama 13 ýaşymdadym, gyzjagaz hem näme üçindir şol ýaşdady.

—Sen geldiňmi? —Men soradym.

—Hawa, —diýdi gyzjagaz we ýylgyrdy.

Oň ýylgyran wagty daşarda saýraýan guşlaryň sesi has hem güýçlendi.

Diýmek ýene az salymdan daň atmalydy? Eger ol ýylgyranda gargalaryň sesi eşdilýän bolsa, men hiç haçan ol gyzyň yzyna düşüp gitmezim. Oň tesine, ol gyz penjireden bärik geçmesin diýip dileg ederdim.

Men ýerimden dikelip penjirä tarap ýöredim we penjirä degmän oň içinden parran geçip daşaryk çykdym. Daşaryň howasy bolsa, diýseň mylaýymdy, sebäbi Bahar pasly öz tagtyna geçipdi. Men gün-dogara seretdim we gözlerime alyslardaky gün göründi, ol entek biziň ülkämize ýetmändi, ol bizde görünmek üçin ýene bir sagada golaý ýol sökmelidi. Men güne salam berdim, ol meň salamymy aldy we yzyna öz salamyny ýollady. Elbetde adam bedeninde men entek dogmadyk güni görüp bilmezdim, emma bedenden daşarda biziň başarmaýan zadymyz ýok.

—Gidelimi? —Gyzjagaz maňa elini uzatdy.

Men hiç zat jogap bermän oň elinden tutdym we şol bada daş töwerek tümlige gaplandy. Gyzjagaz meni diýseň ýokary tizlik bilen bir ýerleri alyp gitdi.

—Biz nirede? —Men sakawlap diýen ýaly soradym.

—Biz ýeriň aşagynda, —Gyzjagaz tukat jogap berdi.

—Ýeriň aşagynda? —Men haýran galyp oň yzy bilen gaýtaladym.

—Men saňa bu elhenç ýeri hiç haçan görkezmerdim, ýöne seň beren soragyň jogaby şu ýerde.

Men bu ýeri taşlap gidesim gelýärdi, sebäbi bu ýer bir tüýsli oňaýsyzdy. Bu ýerde aňly düşünjeli jandarlar bardy, ol jandarlaryň dünýä garaýşyny men duýýardym. Olaryň dünýä garaýşy we pikirleri diýseň elhençdi. Bu dünýede rehim şepagat diýen zat ýokdy.

—Dowzah şu ýerdemi? —Men gizjagazdan soradym. Ol bolsa maňa ýylgyryp jogap berdi:

—Ýok, Jähennem bu ýerde däl, bu ýer seň aýagyň aşagynda. —Eger Jähennemi göresiň gelse, indiki gezek öz soragyňy berip ýat, men saňa ol ýeri hem görkezäýerin. Men adamlaryň neberesinden köplere Jähennemi görkezdim. Ýöne ol ýeri bir göreniňden soň, hiç wagt öňkiň ýaly adam bolyp bolanok.

—Ýok, maňa Jähennem gerekdäl, —men hamala şu wagt ol ýerik äkidilip barýan ýaly gygyrdym.

—Gerekdäl diýmek gerekdäl, saňa şu wagt ol ýeri gerekdäl. Ýöne wagt geçer we sen ol ýer bilen hökman gyzyklanarsyň, ine görersiň.

Men gyzyň sözlerine üns bermejek bolup daş töweregime göz aýladym. Daş töwerek örän täsindi, asmanda öçügsi bir gün bardy. Daşyna tüsse bürelen gün, ol hamala iň soňky güýçleri bilen şöhle saçýan ýalydy. Hamala bir iki gezek gyrpyp baky sönjek ýaly bolup durdy. Ol gün hamala kömür bilen işleýän ýalydy.

—Olaryň güni bir eýýäm ýadady, —Gyzjagaz meň entek bermedik soragyma jogap berdi. —Olar şol sebäpden ýokaryk çykaslary gelýär, ýöne ýokarda siz bar, adamzadyň kowmy bar.

—Olar bolanda kim bolýar? —Men soradym.

—Olar bolanda hana şolar bolýar, —Gyzjagaz aşak bir ýerlerik görkezdi.

Aşakda bolsa adama meňzeş aňly düşünjeli jandarlar bardy. Bu ala-garaňkyda olaryň bedeni ýakymsyz bir reňkde bürelendi. Olar bize meňzeýärdiler, ýöne bir bada bizden diýseň tapawutlydylar. Olar iki topara bölünýärdiler, olaryň bir topary diýseň uzyndy we berdaşlydy, hakyky ägirtler ýalydy. Ikinji topar bolsa göýdükdi we bary ýogy bir ýarym meterdi. Ägirtler bu güýdikleri özlerine gul edip alypdylar. Göýdükler bolsa emeli usul bilen ýaradylypdy, ýa-da öz başyna bir tire taýpady, eýýäm saýgarar ýaly däldi. Ägirtler näme üçindir göýdükleri gynamak we kösemek bilen meşgullanýardylar, bu ýerde esasy güýmenje şoldy. Men asmanda asylyp duran ýerimden aşakdaky dünýäň bar gözelligini görüp ýetişdim.

—Olar urşa taýýarlyk görýärler, —gyzjagaz ýenede meň entek bermedik soragyma jogap berdi. —Olaryň esasy bölegi ýokarda, adamzadyň neslini gowşatmak bilen meşgullanýarlar. Haçan adamlar gaýtawul berip bilmejek derejä ýetende, bu jandarlar adamlaryň dünýäsine çykyp, açaçan urşa başlarlar, ine görersiň. Olar adamlary hem gul etmek isleýärler. Eger olarda şeýle isleg bolmadyk bolsa, olar bir wagt adamlaryň barsyny ýok ederdiler.

—A bu kim? —Men aşak seredip sorag berdim.

Aşakda bir ýerde uly şäher gürünýärdi, şäheriň merkezinde bolsa bir uly bina bardy. Binaň içinde bolsa äpet bir jandar otyrdy. Şol jandaryň adatdan daşary ýaramaz pikirleri maňa ýetip durdy, bolmasa men ony saýgaryp hem bilmezdim. Ol jandaryň pikirleri diýseň ýaramazdy, biziň dünýämizde beýle ýaramaz pikirli hiç kimde ýokdy.

—Seň diýýän jandaryň bu ýerde ýerleşýän taýpaň iň wajyplarynyň biri. Bu jandar siziň dünýäňize edilen hüjüme baştutanlyk etmeli.

—Maňa Äjit-Mäjitleri görkez, onsoň bärden gideli, men bu ýerde uzak bolup bilemok, —men talap etdim, sebäbi çyndan hem meni bu ýer diýseň biýnjalyk edýärdi.

Gyzjagaz "bolýa" diýdide meň elimi berk gysdy we daş töwerekde bar zat ýene bulaşdy, hamala kimdir biri bu dünýäni 100 esse çalt saradan ýaly? Meň elim tassana sypýardy, gyzyň elini sypdyrdygym welin, men hä diýmän öz düşegimde peýda bolmalydym. Az salymdan daş töwerek kadaly ýagdaýa geçdi, biz entegem ýeriň aşagyndaky dünýädedik, ýöne ol dünýäň başga bir künjeginde. Bu gezek meň göz öňümde uly bir dag göründi. Ol dag bu dünýäň asmanyna direýärdi we ony hem deşip ýokarlygyna okdyrylýardy. Bu äpet dag biziň Köpetdagymyzdy. Bu dagyň kökleri aşaky dünýä düşýärdi. Ýöne aşaky dünýede çäklenmän, ondan hem aşaky dünýälere geçip gidýärdi. Dünýäler gat gat bolup birek giregiň üstinde durdy. Biziň dünýämiz aşaky dünýäň asmanydy, aşaky dünýä bolsa ondan aşaky dünýäň asmanydy. Daglar bolsa dünýäler birek biregiň üstinden gaçmaz ýaly sütin bolup durdy. Şeýle sütünleriň biriniň eteginde uly bir harby şäher bardy. Şol şähere bir örän ýakyn gelipdik.

—Biziň dagymyz? —Men begenjimi saklap bilmän gygyrdym. Näme üçindir beýle elhenç ýerde öz dagymyzy görmek meň üçin diýseň ýakymlydy, hamala ýat ýurtlarda öz köne tanşyma duşan ýaly.

—Hawa, —diýdi gyzjagaz, indiki söweşjeň şäher siziň Köýten dag diýýän dagyňyzyň eteginde dur.

Köýten dag sözini eşidip men gözlerime zor saldym we alyslardaky Köýten dagy gördüm, dogrydan hem ol dagyň eteginde hem uly harby şäher bar eken.

—Olar näme üçin daglaryň eteginde şäher gurýarlar? —Men soradym.

—Sebäbi daglaryň içindäki gowaklardan adamlaryň dünýäsine çykyp bolýar. Geljekde boljak hüjimleriň barsy, daglaryň jümmişinden alnyp barylar, ine görersiň, —Gyzjagaz ýylgyrdy, emma meň gamgyn bolanymy görüp şol bada goşdy:

—Ýöne sen gorkma, bu söweşde Biz adamzadyň tarapynda bolarys. Biz iň gowy esgerimizi ugradarys, şol esgeriň ýekeje özi urşy siziň bähbidiňize öwürer. Size diňe biz kömek etmeris, aşaky dünýäler hem öz iň gowy esgerini ugradarlar. Bu dünýeden aşakda hem başga dünýäler bar. Ol dünýäleriň hem öz ýaşaýjylary bar.

—Aşakda näçe sany dünýä bar? —Men soradym.

—Aýtjak däl, —gyzjagaz ýylgyrdy. —Sen indiki gezek sorag berip ýat, onsoň men saňa aşaky dünýäleri görkezerin.

—Bolýa, —diýdim men. —Sen maňa Äjit-mäjitleri bir gözkez. Onsoň bu ýerden gideli, bolmasa men özümi örän oňaýsyz duýýan.

Gyzjagaz jogabyň ýerine diňe ýylgyrdy we meň elimi berk gysyp, Köpetdagyň etegindäki şähere ýakynlaşdy. Elbetde Köpetdagyň ýeriň aşagyna düşýän böleginiň etegindäki şähere. Ol harby şäherdi, elbetde bu ýer üçin harby şäherdi. Biziň dünýämizde bolsa beýle şäherler, diýseň samsyk bolup görünjekdi. Bu şäheriň içinde äpet akwarýumlar bardy. Biziň balyk saklaýan akwarýumlarymyza meňzeş äpet aýna gutylar her ýerlerde durdy. Ol gaplaryň boýlary meň ýaşaýan jaýym bilen deňiräk görünýärdi, men bolsa 9 gat jaýda ýaşaýardym. Akwarýumlaryň içi bolsa boş däldi, ýa-da ol ýerde balyjaklar ýokdy. Olaryň barsy, des deň biline çenli nähilidir bir geň jandarlar bilen doldyrlandy. Jandarlar birek biregiň üstindedi, olar birek biregi dişleýärdiler, depeleýärdiler we birek biregi iýýärdiler. Ol jandarlaryň äpet agyzlary we dişleri bardy, ol jandarlar biziň dünýämiziň gurbagalaryny ýadyňa salýardylar. Men şeýle akwariýumlaryň biriniň öňünde säginip oň içindäki jandarlary uly gyzyklanma bilen synladym. Jandarlar akwarýumyň içinde kän bolsalar hem, birek biregi mynjyradyp bilenokdylar. Akwarýumyň iň düýbindäki jandarlar hem entek diridi we öz goňşysyny iýmäge synanşýardy. Jandarlaryň sany azalşýaram welin, olaryň täze partýasyny akwarýumyň ýokarsyndan ýörüte enjamlar dolduryp durdy.

—Äjit-mäjit diýilýän zat şumy? —Men soradym.

—Hawa, —Gyz jogap berdi. —Bu jandarlar bir wagtlar beýle elheç däldi, ýöne bu ýeriň halky bu jandarlary ençeme asyrlaryň dowamynda gynamak bilen şeýle elhenç derejä ýetirdiler. Bu jandarlary azatlyga göýberseň öňünden näme çyksa iýmek bilen bolýarlar.

—Bu jandarlary näme üçin daglaryň eteginde saklaýarlar? —Men soradym, gyzjagaz bolsa oýa batdy, hamala maňa jogap bermek üçin oňaýly sözleri gözleýän ýaly?

—Aşaky dünýä irde giçde adamlaryň dünýäsini basyp almak üçin ýokaryň galmaly. Olar öz günleriniň sönjek günine garaşýarlar, sen olaryň günlerine seret, ol görgüli hä diýmän sönjege meňzeýär. Elbetde olar adamlary tutuşlygyna ýok etmän, olaryň belli bir bölegini diri goýyp, özlerine gul edinmekçi bolýarlar. Bu aşaky dünýäň meýilnamasy. A birden meýilnama amala aşmasa, aşaky dünýä urşda ýeňilip başlasa, olar Adamlaryň dünýäsine şu jandarlary küşgürmekçi bolýarlar. Elbetde şeýle jandarlar adamlaryň dünýäsine çykaýsa, ol ýerde ýekeje janly jemende galmaz. Bu Äjit-mäjitler bar janly zady ýok ederler. Adamlary iň bärkisi biziň iň oňat esgerimiz hem bu peläketlerden gutaryp bilmez. Bary ýogy 40 günden ýer ýüzi bar janly jemendeden saplar. Onsoň Äjit-mäjitler iýere zat, tapman birek biregi iýip başlarlar we öz özlerini ýok ederler. Onsoň aşakdaky dünýäň ýaşaýjylaryna diňe ýokaryk galaýmak galýar.

—Örän oňaýly zat eken, —men goşdym. —Ähli diri zady ýok edýän ýarag we öz işini bitirip bolanyndan soň öz özini ýok edýär.

—Elbetde, —gyz ýene ýylgyrdy. —Bu Äjit-mäjitleri ýeriň aşagyndaky taýpa döretsede, olaryň ýogyna çykmaga bularda güýç kuwwat, ýa-da ýarag ýok. Şol sebäpden bu şäherler örän wajyplyk bilen goralýar. Eger bu peläketler bu ýerde azatlyga çykaýsa, bu dünýäň hem bagty ýatýar.

Men ýenede öz gözlerime zor salyp, öňümde duran akwarýumlary gowja synladym. Görüp otursam her bir akwariýumyň düýbinde, edil akwarýumyň özi ýaly aýnadan ýasal karidor bar eken. Ýöne ol karidorlar bilen akwarýumlaryň aralary ýapyk duran bolmaly, sebäbi karidorlar boşdy. Men karidorlaryň aňarky ujy bilen gyzyklandym. Karidorlaryň barsy, edil owunjak çeşmejikler ýaly bolup, uly bir karidora birikýär we ol karidor Köpetdagyň bir ýerlerinde ýitrim bolýar. Köpetdagyň boýy bolsa, bu ýeriň asmanyna diräp dur. 11000 metr, meň kellämde bir ýerde pikir ýalpyldap gitdi. Bu ýeriň asmanynyň beýikligi laýyk şonça. Bizde welin şol beýiklikde uçarlar uçýardylar. Diýmek şol aýna karidorlaryň içi bilen Äjit-mäjitler biziň dünýämize ugrykdyrylmalyda? —Men oýlandym.

—Diýmek biz nähili bolandada utulýasda? —Men gyzdan soradym. —Biz söweşde ýeňsek, bizi ýeňişiň yz ýanyndan şu peläketler ýok etmeli bolýarmy? Diýmek biz nähili bolandada utulmaly bolýasda?

Men bir tüýsli öýke kineli sorag berdim. Meň ýanynda elimden tutup duran gyz ýöne gyz däldi, ol gyz kim hem bolsada, adamzadyň ykbalyny çözüp biljek tire taýpadan bolan, edil men ýaly bilesi gelji gyzjagazdy. Belki ol gyz hem edil men ýaly bir ýerlerde uklap ýatyrdy, men anyk bilemok.

—Ýok, utulmaly bolaňzok. Siz saýlamaly bolýaňyz, ömrüň ahyryna çenli gul bolup ýaşamalymy, ýa-da ölmelimi. Ölümi saýlan utýar, gul bolmagy saýlan utulýar.

Şeýle sözler bilen gyz meň elimi sypdyrdy we iň soňky gezek öz çaga gülkisi bilen güldi. Men bolsa edil suwyň düýbinden sypdyrylan howa şary ýaly bolup ýokarlygyna okdyryldym. Men 11000 metry göz açyp ýumasy salymda geçdim we gelip öz bedenime pulçap uruldym. Men ukydan oýandym, daş töwerege seretdim, daş töwerek bolsa şol öňki ýagdaýyndady.

Soňy

Aşgabat: 30.04.2021ý.

©Rahman Zulfikarow

Edebiýat, Gözellik. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir