Meň deňze gidesim gelýär
Şatlansam ýa ynjadygym.
Kenarynda dyzym epip,
Duýasym gelýär özümiň
Deňizden bir damjadygym.
Meň deňze gidesim gelýär
Duýmak üçin deňizleriň
Bu durmuşa meňzeşligni...
Tolkunlaň ötegçiligne
Kenarlaryň werzişligni.
Meň deňze gidesim gelýär...
Gözelligi duýmak üçin
Ýiti ukyp gerek däl-ä.
Goý, ýüzüp bilmämde näme,
Söýgim bar hemem yhlasym –
Olar meni küreklärler.
Meň deňze gidesim gelýär...
Bakman gomlaň gopbamlygna,
Maýdalyna gidip barýan
Töwekgel gaýygy synlap,
Onuň kenara ýetmegin
Çyn arzuw edesim gelýär.
Meň deňze gidesim gelýär...
Kakamyrat REJEPOW.
Meň deňze gidesim gelýär...
-
yyldyz.
3 years ago
- Salam gowmuñ Nirvana?
-
Nirvana
3 years ago
- Salam Ýyldyz! Alhamdulillah oňat, özüň gowumy?
Gel gideli. Suratdaky deňiziň töwereklerinde ýaşaýan.
-
Nirvana
3 years ago
- Deňiziň tolkunlarynyň sesini diňläp, suwuň çyrpynyp-çyrpynyp akyşyny synlap oturmak, üýtgeşik lezzet.
-
yyldyz.
3 years ago
- howwa, menem şll sesleri deñziñ tolkunlarynyñ kenara urup urup gitmesini goresim gelyagy😋
-
yyldyz.
3 years ago
- Şükür gowy menem, senä owodon yerde ýaşaýan ekeniñ) 😍
-
yyldyz.
3 years ago
- töhmet atmak baradaky blogyñ gowy eken
-
Nirvana
3 years ago
- Ýyldyz.
Görersiň nesip bolsa. Edil şu wagt, şu sagatlar deňziň wagty, gitmek üçin :)
“Meň deňze gidesim gelýär…
Duýasym gelýär özümiň, deňizden bir damjadygym”
-
Nirvana
3 years ago
- Paýhasly kimem bolsa dogry aýdýar, seň göwnüň deňizdenem owadan, arassa.
Kim bilýär, bu deňiz özünde näçe adamlaryň şatlygyny, gaýgysyny saklaýandyr. Deňze diňe bir deňze girip şatlanmak, wagt geçirmek üçin gidiläýenok. Men ýaly ýüregi gysyp, Watanyny küýsäp arzyny aýtmaga gelýänlerem kän. Käte, şoň deňzi ýüzüp geçip bilsem, gözýetimiň aňyrsy Watanymyz diýip özümi ynandyrýardym. Ýöne entegem ýetmedim..
-
yyldyz.
3 years ago
- howwa:) nesip bolsagyz
-
yyldyz.
3 years ago
- Nesip bolsa joragözel, ýene az wagt galdy ýene azajyk..
-
sapalybegenjow000000
3 years ago
- Nirvana salam. Haýsy döwletde okaýaňyz?
-
Mr_arsen.
3 years ago
- Krasnavodam ýapyldy...
yyldyz. 3 years ago- meñem deñize gidesim gelyar
Tolkunlaryñ bat alyşy bilen,
Duýgularymyñ hemmesini
Deñize goýberip, rahatlasym gelýàr..