Maňa ykbaldan düşen paýyň saýasynda köp adamlaryň durmuşyndan bir bölek almaga mümkinçiligim boldy. Bu diýdigim, ýakynlarymyň (we käte bir sebäp bilen işi düşenleriň) käbir soraglarda ýüz tutmaklary ýa maslahat soramaklary, maňa başgalaryň durmuşyndan bir bölegine bitarap synçy hökmünde analiz etmäge mümkinçilik berýärdi.
Her kimiň durmuşyny analiz etmekden başga işiň ýokmy diýseňiz? Men ýakynlarymyň özüni gowy duýmagyna goşant goşasym gelýändigi ikuçsuz, ýöne gaty ýakyn tanamaýan adamym hem bolsa depressiya, alada, howsalalylyk alamatlaryny görsem el uzadasym gelýär.
Men psiholog däl, hökman maslahat hem berjek bolamok ýa-da hemme ýagdaýda ýaramly maslahat berip bilýändirin hem öýdemok. Ýöne käte adamlary diňe diňlemek hem ýeter. Käte adamlar diňe bir özleriniň eşdilen bolmagyny isleýärler.
Dürli adamlar bilen gürleşmeklik, pikir alyşmaklyk, olaryň dünýä, belli zatlara bolan garaýyşy hakda eşitmeklik, seniň hem adamlar bilen düşünişip bilmeklik ukyplylygyňy ýokarlandyrýar. Bu bolsa häzirki wagtda islendik işde ösmek, ökde bolmak üçin zerur zatlaryň biri bolup durýar.
Ýöne temanyň esasy ýerine geleýin. Men “dertler” analizyndan bir zada göz ýetirdim: adamlaryň 60–70% töweregi öz ýagdaýlaryny özleri kynlaşdyrýarlar. Köp ýagdaýlarda diýen ýaly aňsat çözgüt tapyp bolýarka, adamlar ýagdaýlary dramalaşdyrmagyň ugruna düşýärler. (Belki şeýle has gyzykly bolýan bolmagam ahmal)
Elbetde hemme soraglaryň, meseleleriň, dertleriň çözgüdini özüňden aňsatlaşdyryp bolanok. Çünki durmuşda bize bagly bolmadyk faktorlar hem kän. Ýöne ýenede mümkin boldugyndan durmuşy kynlaşdyrmaga derek aňsatlaşdyrjak bolmak öz elimizdäki saýlawymyz diýip pikir edýärin.
Cypress Anna.
Durmuşy kynlaşdyrmalyň!
-
Nirvana
3 years ago
- Artykmaçlyk edýänleri aýyrmak üçin diýýäňmi?
-
Nirvana
3 years ago
- Meň pikirimçe öz durmuşymyzy özümiz kynlaşdyrýas, başgalary däl.
-
Pegas
3 years ago
- Artykmaçlyk edýän adam ýok aslynda. Bal günüňde bal bolýanlary, kyn günüňde güm bolýanlary aýyrmak üçin.
-
Nirvana
3 years ago
- Hä-ä saýgarmak üçin diýýäň, düşündim.
Dogry, artykmaç adam ýok. Ýöne adam islese-islemese köplenç özüni artykmaç duýýar.
Sen meseläň çözgüdini durmuşy kynlaşdyryp tapýan bolsaň, ol seň saýlawyň.
Temaň asyl beýan edýän zady, dertlerimizi özümiz gözümizde ulaldýas diýjek bolýar.
-
zumerchi
3 years ago
- Pelsepechiler arman!!!!))) Oran manyly...
-
Barbary
3 years ago
- Öňde biri "Uly oňuşuksyzlyklar,kiçi düşünişmezlikden başlaýar" diýipdir, soňky döwrüň ýaşlary bilen düşünişmek kyn, seniň oňa maslahat beresiň gelýär, düşünmeýän zadyny düşündiresiň gelýär,bilmeýän zadyny aýdasyň gelýär olar bolsa seni hiç diňläsi gelenok,eger diňlese özini akmak seni akylly hasap etmeli bolaryn diýip hasap edýärler .
-
Nirvana
3 years ago
- Zumerchi
Salam, bar boluň!
Barbary
Salam, örän dogry belläp geçdiňiz. Siziň diýenleriňiziň janly şaýatlaryny meň girýän 2 sany Türkmen saýtlarymda görýän we şeýle ýagdaýa gynanýan. Internet älemi wirtual bolsa-da, beýle terbiýesizligi, edepsizligi etmekden çekinmeli ýaşlarymyz. Üns berip okaýan welin, her sözden özleriçe many çykaryp, seni özlerine duşman hasaplap başlaýarlar. Özleriniňem bir gün ulaljaklaryny, çagalaryndan ýa-da özlerinden kiçilerden özüniň görkezen hereketlerini görjeklerini bilmeli. “Görkezeniňi görersiň” ýa-da “Ekeniňi orarsyň” ýaly atalar sözi bar. Biz durmuşa näme bersek, durmuşam bize şony berýär.
Ýene bellemek isleýän zadym, häzirki wagtda ululary diňe uly bolany üçin sylamaly, kiçileri, kiçi bolany üçin söýmeli däl-de, hemmämiz ynsan bolanymyz üçin biri-birimize sylag-hormat goýmaly.
Barbary
Meniň pikirimçe, munuň sebäbi jemgyýetiň ahlak we etika gymmatlyklarynyň häzirki döwriň we tehnologiýanyň ösmegi bilen üýtgemegi.
Siz nähili pikir edýäňiz?
-
Barbary
3 years ago
- Nirvana
Meniň pikirimçe, munuň sebäbi jemgyýetiň ahlak we etika gymmatlyklarynyň häzirki döwriň we tehnologiýanyň ösmegi bilen üýtgemegi.
Siz nähili pikir edýäňiz?
Hawa,siziň aýdýan zatlaryňyz esasy sebäpleriň biri. Irki döwürde maşgalada we jemgiýetde agzybirlik güýçli bolupdyr. Sebäbi adamlaň biri-birine bolan zerurlugy bolupdyr. Daşky howuplar we durmuşy dolandyrmak üçin gerek bolan zatlar adamlary jebislikde saklanmaga mejbur edipdir. Häzirki döwürde olar ýaly baglylyk ýok şonuň üçin dogan-dogandan,adam-adamdan bizar diýileni. Üstesine adamlary terbiýeleýän dini we dünýewi eserler, kinolar we beýleki çäreler durmuşy talaby ödemeýärler.
-
Nirvana
3 years ago
- Hawa dogry aýtýaňyz. Irki döwürde sosial gatnaşyklaram güýçli bolupdyr. Häzirki wagtda adamlar maşgalasyna däl-de, telefona baglandylar. Sosial medýadan näme görseler, okasalar özlerini şeýle alyp barýarlar. Sosiallaşmak ýok. Onsaň köpçülikde özlerini nähili alyp barjaklaryny bilenoklar. Adamlar deňhukukly bolmaly diýilse, gidip ene-atasy ýaly adamlar bilen sen dili bilen gürleşýärler. Bu meselede maşgalaňam beren terbiýesi rol oýnaýar.
Pegas 3 years ago- Durmuşy aram-aram kynlaşdyryp duralyň gaýta. Töweregiňdäkilere eýlä-beýlä etmek üçin.