Nurjemal obada arçynlykda işleýärdi. Onuň 4 gyzy 1 ogly bardy. Uly gyzyny durmuşa çykarypdy, iki sanjak agtygy hem bardy. Onuň gelin bolup düşenden bäri onuň erbetlik tarapdan ady çykmady. Her kim olaryň maşgalasyna guwanýardy. Ýoldaşy Şatlyk bolsa kän beýle däldi. Onuň şäherde bir rus gyzy bilen gatnaşygy bardy. Onuň ýeke däldigini Nurjemal bilýärdi. Şonda-da sesini çykaranokdy.
Şatlyk o bolşuna-da gaty gabanjaňdy we gyrpady. Gamçysyndan gan damýan zandyýamanlardandy. Nurjemalyň işleýän ýerinde iki sany gyz bardy. Olar tehnikumy gutaryp, arçynlyga işe täze gelipdiler. Ol gyzlar Nurnemal bilen bile bir kabinetde işleýärdiler. Gyzlar boş wagtlary diňe internetde hat alyşýardylar we Nurjemala gündelik internetden täleýnama okap berýärdiler. Nurjemal hem olar bilen jora bolup gitdi. Bar zat Nurjemalyň wezipesi ulalandan soň başlady.......
Ol gündelik şähere ýygnak üçin gitmeli bolýardy. Ol özüne jora hem tapyndy. Ol bir gün işde wagty nätanyş nomerden jaň geldi:
— Alo
— Bu kimkä?!
— Maňa Ýusup gerekdi
— Bärde Ýusub-a ýok.
— Hä bor, bagyşlaň!
— Şeý diýdi-de telefonuny goýdy. Aradan ýarym sagat geçmänkä ýaňky nomerden ýene jaň geldi:
— Alo
— Diňleýän
— Siz bilen tanyşmak mümkinmi?!
— Men Nurjemal, a siz kim?
— Men Aşyr.
— Bolýa.
— Nurjemal siziň mylaýym sesiňiz bar, siz näçenji ýyl?
— Men 71-nji ýyl, uly aýal, telefonda gepleşip oturmaga wagtym ýok.
— Nurjemal kesä çekmäň, men hem 1967-nji ýyl, ýöne dost hökmünde diýäýdim.
— Siziň maşgalaňyz barmy?
— Bir oglum birem gyzym bar, ol hem durmuşa çykan. Oglum gelni bilen Aşgabatda firmada işleýär, aýalym bolsa 2 ýyl mundan öň aýryldy.
— Waheý, yzy ýarasyn!
— A siziňki nähili?
— Meniň çagalarym, ýoldaşym bar.
— Hä bor, şonda-da iş wagtyň jaň edip habar tutup dursam bolarmy?
— Bolar-la.
— Minnetdar! — şeý diýip, telefony goýdular we şo günden soň bular gepleşigi has hem ýygjamlaşdyryp başladylar. Nurjemal Aşyryň gündelik jaňyna garaşýardy. Onuň özüni üns merkezinde saklaýşyny görüp: “Wah beýle-de aýalçyl ýigit bolar eken” - diýip, pikir edýär.
Nurjemal Aşyr bilen duşuşdy, bile nahar iýdiler.
“Aşyr durmuşdaky ýagdaýy hem gaty alçak, aladaçyl ýigit eken” — diýip, has hem gowy gördi. Aşyr Nurjemala: — Telefonuň köne model — diýip, täze gymmat bahaly telefon alyp berdi. Özi daşary ýurda gatnap söwda edensoň, her gelende üýtgeşik sowgat getirýärdi. Nurjemal onuň bilen saglygyny dikeltmek üçin, «gyzlar bilen gidýän» diýip, ýoldaşyny aldap, Aşyr bilen sanatoriýada, Awazada dynç alyp geldi. Nurjemal Aşyra pylan zat alyp ber diýip geplese, Aşyr ony sagada ýetirmän bitirýärdi.
Şeýdip Nurjemal tutuş durky bilen Aşyra bagly bolup galdy. Bir gün Nurjemal öýde başagaý bolup öýüň aladasy bilen iş edip ýörkä Nurjemalyň sumkasynda telefon jyňňyrdady. Şatlyk aý özi geler-de alaýar-da — diýip,
— Nurjemal — diýip gygyrdy. Nurjemal geldi, jyrlap duran telefony alyp eline berdi, özi hem ýanynda durdy. Nurjemal bialaç telefony açdy:
— Alo ezizim bu nä boluş näçe jaň etdim, wagty bilen almadyňla?! - diýen ses ýanynda duran Şatlyga hem eşdildi.
— Bagyşlaň, ýalňyş düşdüňiz! — diýdi-de telefony goýdy.
Telefon täzeden jyrlady. Şatlyk Nurjemalyň elinden telefony alyp:
— Size ýalňyş düşdüňiz! - diýdä düşünmediňizmi?! — diýýänçä aňyrdaky erkek sesiň — Nurjemal äriň öýdemi? - diýen sözi eşitdi we Nurjemaly eliniň tersi bilen ýelňäp goýberdi. Nurjemal eýläk ýykylyp, togalanyp gitdi.
— Şunça ýyl ýaşaşyp, maňa beren jogabyň şumy? Şu öýde seni göresim gelenok — diýip, saklanyp bilmän, bar güýji bilen urdy. Şatlyk aýalyny urup-urup ýadap Nurjemalyň telefonuny hem alyp öýden çykyp maşynyna mündi-de gitdi.
Nurjemaldan bolsa, ses üýn çykmady egnindäki köýnegini hem çalyşman 1-2 laý eşigini alyp öýden çykyp gaýtdy. Kiçi oglunyň we gyzynyň:
— Eje jan, bizem äkidäý, goýmaý, gitmäý — diýip, köýneginden aslyşyp aglaýany hem Nurjemalyň ýüregine täsir etmedi?!...............
Şatlyk şo bady bilen Garagum kanalynyň kenarynda maşynyny saklady we telefony alyp syrkynlygyň içi bilen suwa has hem golaý bardy. Ulurak ojaryň kölegesine baryp, Nurjemalyň telefonuny dörüp başlady. Ýazyşylan hatlary okap, aýalynyň haçandan bäri özüne ikilik edýänine düşünmän, gözüni bir nokada dikip, ep-esli oturdy.
Nurjemalyň onuň bilen bile düşen suratlaryny görüp, erkeklik namysyna döz gelip bilmedi we telefony eliniň tersi bilen Garagum kanalynyň içine zyňyp goýberdi.........
Maşgala dargady, bar belaň körem şu telefon jaňdan bolupdy.........
26 ýyl bäri gülýaly, agzybirlikde ýaşaşyp gelinýän maşgala bir telefon jaňda dargady.........
Nowça şahsy döredijilik.
Awtordan: Mähriban boýdaşlar! Her bir zadyň kada-kanunu bar.
Durmuş gurduňmy, wepalylyk ýar bolsun!
Redaktordan: Hormatly uýalar, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlar! Durmuşa çynlakaý göz bilen seredeliň, ar-namysymyzy goralyň! Ahlak kompasyňyza kesekiniň eli degmesin! Garagöz çagajyklaryňyzyň geljegi hakynda pikir ediň we olara haýpyňyz gelsin! Sagboluň.
Soňy.
Awtor: Nowça
26 ýyl ýaşaşyp bir telefon jañda maşgalañ dargamagy
-
zumerchi
3 years ago
- Belan korugi telefona gelen jan dal'de, ayalyn akylsyzlygy...!
-
yyldyz.
3 years ago
- okabam goremok dogrysy
-
zumerchi
3 years ago
- Waka bir hili plavno gechmedik, birden beyleki yagdaylara tiz gechen...
-
Tiko
3 years ago
- Nowçaň ,, bolan wakalar "- diýen, kitaby bar.
-
DonMaxx
3 years ago
- bah
-
Mister X
3 years ago
- Yyldyz, okamadyk zadyñy nadip paylashyp bilyañ
Black Wolf 3 years ago- Onragem okapdym oytyan