Dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç karýerasynda 416-njy hepdäni ATP-niň reýtinginiň birinji ornunda başlaýar. Bu dogry sekiz ýyla deňdir (ýylda 52 hepdeden 416 hepde). Bu barada championat.com habar berýär. Bu görkeziji boýunça ikinji orny eýeleýän şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer ATP-niň reýtinginiň birinji ornunda 310 hepde boldy (5,9 ýyl). Üçünji orny amerikaly Pit Sampras eýeleýär – 286 hepde (5,5 ýyl). Sanawyň yzyny şular dowam etdirýär: 4. Iwan Lendl (Çehiýa) – 270 hepde (5,2 ýyl); 5. Jimmi Konnors (ABŞ) – 268 hepde (5,1 ýyl); 6. Rafael Nadal (Ispaniýa) – 209 hepde (4 ýyl); 7. Jon Makinroý (ABŞ) – 170 hepde (3,3 ýyl); 8. Býorn Borg (Şwesiýa) – 109 hepde (2,1 ýyl); 9. Andre Agassi (ABŞ) – 101 hepde (1,9 ýyl); 10. Lleýton Hýuitt (Awstraliýa) – 80 hepde (1,5 ýyl).

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir