Boks boýunça has agyr agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony britaniýaly Entoni Joşuanyň Aleksandr Usik bilen Taýson Fýuriniň arasyndaky söweşde ýeňijiniň garşydaşy bolmak ähtimallygy örän ýokary. Ozal habar berlişi ýaly, Joşua geçen hepdäniň ahyrynda Saud Arabystanynda UFC garyşyk söweş sungatlary ligasynyň ozalky çempiony nigeriýaly Frensis Ngannuny iki raundda ýeňdi. Mundan soň, hünärmenler angliýalynyň dünýäniň absolýut çempiony diýen at ugrunda göreşmek baradaky talaplaryna ýokary baha berdiler. Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) prezidenti Maurisio Suleýman hem hünärmenleriň pikirleri bilen ylalaşýar, ol Joşuanyň Usik bilen Fýuriniň arasyndaky tutluşygyň ýeňijisi bilen söweş üçin 1-nji dalaşgär boljakdygyny yglan etdi. WBA, IBF, WBO we IBO titullaryna eýe bolan Usik hem-de WBC-niň çempiony Fýuri 18-nji maýda Saud Arabystanynda tutluşyk geçirerler. Şertnama laýyklykda, olar üçin rewanş mümkinçiligi hem dörediler. Emma şondan soň dünýäniň absolýut çempiony Joşua bilen duşuşmaly bolar. Britaniýaly boksçy Usik bilen bolan söweşde çempionlyk guşaklaryny ýitirdi, soňra rewanş tutluşygynda hem utuldy. Şeýle-de bolsa, Suleýmanyň pikiriçe, Joşua çempionlyk üçin ýene bir mümkinçilige mynasyp. Ol soňky bir ýylda dört tutluşyk geçirip, hemmesini ýeňdi, şolaryň üçüsini wagtyndan öň tamamlady.