Ankarada Türkmenistanda geçen möhüm Hökümet mejlisleriniň jemleri maslahatlaşyldy
14-nji martda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynda ýakynda ýurdumyzda geçirilen möhüm Hökümet mejlisleriniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy habar berdi.
Bu çärä Türki Dünýäsiniň Ýaşlar gaznasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri g...
Aşgabatdaky Hyundai merkezi Palisade we Staria modelleriniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi
Täze ulagyň (ýönekeý gepleşik dilinde aýdylanda “paket maşynyň”) rulunda oturmak duýgusy bu diýseň üýtgeşik duýgy. Zawoddan “ýagy bilen” çykyp gelen ulagyň ysy hem üýtgeşik bolýar. Hyundai kompaniýasynyň Aşgabatdaky resmi distribýutory türkmenistanly awtoulag muşdaklaryny bu üýtgeşik duýgyny başdan geçirmek üçin iň täze modellerini janly görnüşde s...
Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny açdy
13-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
“Lebap” sement zawody 2013-nji ýylyň fewral aýynda Türkmen h...
Türkmenabatda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanylmaga berildi.
Welaýat merkeziniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän, şäheriň ýaşaýjylaryna niýetlenen 2 sany 4 gatly her biri 18 öýli, 1-nji gaty dükanlardan ybarat ähli amatlyklary bolan...
Lebap welaýatynyň ilatyna 190 sany Toyota kysymly täze awtobuslar we mikro awtobuslar gowşuryldy
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň garamagyndaky «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine 28 ýolagça niýetlenen «Toyota Coaster» kysymly awtoulaglaryň 170 sanysy hem-de 13 ýolagça niýetlenen «Toyota Hiace» kysymly awtoulaglar...
BBC: Howanyň üýtgemegi sebäpli ýakyn ýyllarda bananyň gymmatlamagy mümkin
Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýakyn ýyllarda bananyň dünýä nyrhlary ýokarlanyp biler. Bu barada BMG-nyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň Bütindünýä banan forumynyň bilermeni Paskal Lýuwyň sözlerine salgylanýan BBC habar berdi.
Ählumumy maýlama käbir sebitlerde banan ekinleriniň zaýalanmagyna sebäp bolup biler, sebäbi bu miwe temperaturanyň ü...
Kameranyň kömegi bilen gumanoid robota hakyky wagtda telegözegçiligi alyp barmagyň ulgamy döredildi
Karnegi-Mellon uniwersitetiniň (CMU) alymlary adaty RGB kamerasyny ulanyp, gumanoid robota hakyky wagtda telegözegçilik etmegiň ulgamyny hödürlediler.
“Adam-Humanoid” ulgamy operatoryň hereketlerini takyk tanamak we oňa öýkünmek üçin güýçlendiriji okuw algoritmlerini we adam hereketi baradaky maglumatlaryň giň toplumyny ulanýar. Bu adamyň ro...
“Jeýms Uebb” kosmos teleskopy Üçburçluk gallaktikasynda ýyldyzlaryň emele gelişiniň syrlaryny açýar
"Jeýms Uebb" kosmos teleskopy Üçburçluk galaktikasynda, Ýerden 2,73 million ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän NGC 604 ýyldyz emele getirýän sebitiň suratlaryny aldy diýip, Space.com-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär.
Enjamyň iki kamerasy tarapyndan düşürilen üýtgeşik suratlar - ýakyn we orta infragyzyl diapazonda - ozal näbelli bolan kosmik...
Türkmen wekiliýeti Wenanyň Diplomatik Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
12-nji martda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Wenanyň Diplomatik Akademiýasynyň direktory Emil Briks bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň öz oňyn, bitarap syýasaty bilen halkara...
Wenada türkmen-awstriýa işewür hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
12-nji martda türkmen wekiliýeti Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynda bilelikdäki işewürlik duşuşyklaryny geçirdi.
Türkmen wekiliýetiniň Wena şäherine amala aşyran saparyna ýolbaşçylyk eden wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri saparyň çäklerinde Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen "tegelek stol" görnüşinde pikir...
Türkmenistanly talyp GDA-nyň iň gowy ýaş alymy boldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy — 2023» atly taslamanyň ýeňijisi boldy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu çäre Halkara ýaş alymlar assosiasiýasynyň we «БОБЕК» umumymilli hereketiniň goldawy bilen guraldy.
Taslama Türkmen...
Alymlar suw ýetmezçiligi meselesini “tans edýän damjalaryň” kömegi bilen çözmegi teklip edýärler
Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdylla adyndaky Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (KAUST) alymlary ýaglanan tekizlikde ýygnanýan suw damjalarynyň çylşyrymly “tanslary” ýerine ýetirýändigini anykladylar. "Çiriosyň effektine" meňzeş bu hereket gurak sebitlerde atmosferadan suw ýygnamagy çaltlaşdyrmakda ulanylyp bilner.
Adaty gaty tekizlikde jem...
Messi Saud Arabystanynyň Sayyar brendiniň ýüzi boldy
“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Saud Arabystanynyň Sayyar egin-eşik we aksessuar brendiniň täze ilçisi boldy. Bu barada kompaniýanyň X sosial ulgamyndaky habaryna salgylanýan “Snob” habar berýär.
Hyzmatdaşlygyň çäginde futbolçy araplaryň milli erkek eşiklerini geýip wideo düşürildi.
Egin-eşikden başga-da, brend ek...
Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 73 müň dollara ýetdi
Bitkoiniň bahasy 73 müň dollara ýetdi we şeýlelik bilen, taryhyndaky iň ýokary görkezijini täzeledi. Bu 12-nji martda Binance platformasyndaky söwda maglumatlaryndan belli boldy.
Şeýle-de bolsa, ýokarlanandan soň onuň hümmeti biraz pese gaçdy we 72,286 müň dollara geldi.
Soýa derek liçinkalar. Rus alymlary beloklara baý siňek liçinkalaryndan mal iýmini ösdürip ýetişdirmegi teklip etdiler
Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň alymlary ýokary belokly mal iýmini öndürmek üçin azyk galyndylarynda siňek liçinkalaryny ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny döretdiler diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan Hi-Tech ýazýar.
ITMO-nyň Ekotehnologiýalar fakultetiniň gözlegçileri gara siňek liçinkalary üçin olara belok ýygna...
DxOMark Oppo Find X7 Ultra-ny dünýäniň iň gowy kameraly smartfony diýip ykrar etdi
DxOMark barlaghanasynyň hünärmenleri Oppo Find X7 Ultra flagman smartfonynyň kamerasyny synagdan geçirdiler we enjamy kameralaryň sanawynda birinji orunda goýdular.
Synaglaryň netijesinde Oppo Find X7 Ultra 157 utuk toplady we Huawei Mate 60 Pro+ bilen bilelikde iň oňat kameralary bolan smartfonlaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Oppo-nyň...
«A-92» kysymly ýangyja isleg ýokarlanýar
12-nji martda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden az kükürtli ýakyş mazudy we «A-92» kysymly ýangyjy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň habar berşi ýaly, söwdalaşyklaryň barşynda jemi 5 1...
Ilkinji ABŞ – Merkezi Aziýa işewürlik dialogy Almatyda geçiriler
13-nji martdan 15-nji mart aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ABŞ – Merkezi Aziýa (B5+1) görnüşinde ilkinji işewürlik dialogy geçiriler. Forum ykdysady ösüş we ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.
B5+1 forumy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ma...
Jokowiç dünýäniň 123-nji raketkasyndan utulyp, Indian-Uellsdäki ýaryşy terk etdi
Dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç Indian-Uellsde geçirilýän “Masters” tennis ýaryşynyň 1/8 finalyna çykyp bilmedi. Ol üçünji tapgyrda dünýäniň 123-nji raketkasy italiýaly Luka Nardiden 4:6, 6:3, 3:6 hasabynda utuldy. Tennisçileriň duşuşygy dogry 2 sagat 20 minut dowam etdi diýip, championat.com habar berýär.
Indiki raundda Nardi dünýä...
“Oskar-2024”-e 19,5 million tomaşaçy seretdi. 10 ýyl mundan ozal olaryň sany 43 milliondan geçýärdi
Amerikan kinoakademiýasynyň “Oskar-2024” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 19,5 million tomaşaçy tomaşa etdi, bu bolsa geçen ýylkydan 4% köp diýildigidir. Bu soňky dört ýylda iň gowy görkeziji boldy diýip, Variety habar berýär.
Şu ýylky çäre adatdakysyndan bir sagat öň başlandy.
“Oskar 2024” 2021-nji ýyldan bäri gözegçilik edilýän toma...