29-njy iýunda Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaraly maslahat geçirildi. Täze şäheriň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde köp sanly ýaşaýjylara döwrebap jaýlardan ýokary amatlykly öýleriň açarlary gowşuryldy. Günüň ikinji ýarymynda Arkadag şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Arkadag şäheri — röwşen geljegiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, şäher häkimliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, önümçilik pudaklaryny ösdürmek bilen bagly durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzda iri şähergurluşyk taslamalaryna ägirt uly maýa goýumlary gönükdirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. 50-den gowrak ýerli hususy kärhana Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýar. Şunuň bilen bir hatarda, lukmançylyk klasteriniň gurluşygynda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary iş alyp barýarlar. Maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň halkara ülňülere laýyk gelýändigini bellediler. Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy açyldy. Ol halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän ýerli çig maldan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik sarp edilýän serişdeleri öndürýär. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Çäräniň çäklerinde dürli önümleriň we işläp taýýarlamalaryň sergisi hem guraldy. Myhmanlar şäheriň binagärlik aýratynlyklaryna, onuň infrastrukturasyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalar baradaky maglumatlar, fotosuratlar bilen tanyşdyryldy. Agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy.