Aşgabatdaky «Ýüplük dünýäsi» dükany 25% arzanladyşyň yglan edilendigini we täze reňkli ýüplükleriň gelip gowşandygyny habar berdi

Täze ýyl üçin ýakynlaryňyza bir zatlary örmek ýa-da özüňizi owadan täze eşik bilen begendirmek isleýärsiňizmi? Onda Aşgabatdaky «Ýüplük dünýäsi» dükanyna baryp görüň – bu ýer size gaýtalanmajak şahsy stiliňizi döretmäge ylham berer.
Mundan başga-da, şu günler dükanda ýüplükleri 25% arzanladyş bilen satyn alyp bilersiňiz, şeýle hem gelip gowş...

Dowamy »

205 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hindistanda ýumrulan ötükde galan işçiler halas edildi

Hindistanyň demirgazygyndaky Uttarakhand ştatynda ýykylan ötükde galan işçileriň ählisi halas edildi diýip, «Ani» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
«Silkýardaky ötükde galan işçileriň 41-si halas edildi» diýlip, habarda aýdylýar.
Ötük 12-nji noýabrda ýumruldy, 17 günläp onuň içinde gurluşykçylaryň 41-si galdy. Ş...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Mihail Boýarskiý hassahana ýerleşdirildi

RSFSR-niň halk artisti Mihail Boýarskiý hassahana ýerleşdirildi, ol infarkt geçirdi diýip, artistiň ogly Sergeý Boýarskiý «Interfax.ru» habarlar gullugyna beýanat berdi.
«Kakam infarkt geçirdi, özüni oňat duýýar, onuň bilen telefonda gürleşdim, adaty palatada ýatyr. Aladalanýanyňyz üçin sag boluň» diýip, Boýarskiniň ogly habarçylara gürrüň b...

Dowamy »

211 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan bilen Azerbaýjan «Dostluk» ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Azerbaýjan «Dostluk» uglerod ýatagyny bilelikde ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow sişenbe güni sosial ulgamdaky hasabynda ýazdy diýip, «Trend.az» habar berýär.

«Türkmenistana iş saparynyň çäginde SOCAR-yň prezidenti Röwşan Najaf we Ministrler Kabinetini...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Iki ýaşynda okamagy öwrenen gyzjagaz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Iki ýaşly amerikaly gyzjagaz Isla Maknabb (Kentukki ştaty) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, ol uly ýaşly jemgyýetiň ösen akyl derejeli iň ýaş agzasy diýlip yglan edildi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Islanyň kakasynyň gürrüň bermegine görä, ol ýedi aýlykka agzalan zatlaryň kitaplardaky şekillerini görkezmegi başarypdyr. 18 aýlyk...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen Daşky gurşaw meseleleri boýunça köpçüligiň öňünde çykyş etmek boýunça 23-nji halkara bäsleşiginde (23rd Inter College Environmental Public Speaking Competition) Türkmenistana üstünlikli wekilçilik etdi.

Uniwersitetiň Halkara ykdysadyýet we dolandyryş...

Dowamy »

195 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ýewropa Bileleşiginde müňlerçe tonna kofäni ýok etmekçi bolýarlar

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda müňlerçe tonna kofe we kakao ýok edilmegi mümkin diýip, «Habar 24» ýazýar.

Gürrüň tropiki tokaýlaryň bikanun çapylýan ýerlerinde öndürilen önümleri gadagan edýän kanun barada barýar. ÝB şeýle usul bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşýär. Bileleşigiň ambarlarynda häzir 200 müň tonna kofe we 150 müň t...

Dowamy »

192 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatdaky «Älem Sport» sport dükanlarynyň tory işgär gözleýär

«Älem Sport» sport dükanlarynyň tory SMM-menejer hem-de satyn alyş boýunça hünärmen wezipelerine täze boş iş orunlaryny yglan etdi.

Satyn alyş boýunça hünärmen wezipesine ýaşaýan ýeri boýunça Aşgabatda hasaba duran 25 — 35 ýaş aralygyndaky gyzlar çagyrylýar. Aýlyk haky — 2000 manat. Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli.

Iş...

Dowamy »

195 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Pikirsoraşma: Erkekler ýalňyzlygy kyn geçirýärler

Ýalňyzlyk zenanlara garanda, erkekler üçin has agyr düşýär. Bu barada Russiýada geçirilen ýörite pikirsoraşmanyň netijelerinde aýdylýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Zenanlar 10 bal ölçegi boýunça öz ýalňyz durmuşlarynyň amatlylygyna 6,1 bal derejede, erkekler 5 bal derejede baha berdiler, şol bir wagtda erkekleriň we zenanlaryň ýarysyndan...

Dowamy »

206 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasy Ýerine ýetirji wise-prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow 28-nji noýabrda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) täze bellenilen Ýerine ýetirji wise-prezidenti Nobutaka Maekawanyň bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: III möwsümiň III saýlama oýny geçirildi

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň III saýlama oýny geçirildi. «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän III möwsümiň III saýlama oýnuny...

Dowamy »

197 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

5-nji dekabrda Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşyga türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada RF-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň sözlerine salgylanyp, TASS habar be...

Dowamy »

206 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan «Merkezi Aziýada bitewi saglyk» maksatnamasy boýunça sebit maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hökümet wekilleri «Merkezi Aziýada bitewi saglyk» Hereketleriň çarçuwaly maksatnamasyny tassyklamaga bagyşlanan sebitleýin maslahata gatnaşdylar. Maslahat Bütindünýä banky tarapyndan guraldy diýip, «UzDaily.uz» habar berýär.

Bu maksatnama adamlaryň, haýwanlaryň...

Dowamy »

191 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulag arabaglanyşygy boýunça Ähtnama gol çekildi. Resminama ulaglarda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda amatly nyrh şertlerini...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Raşid Meredow Aşgabatda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.

T...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiý...

Dowamy »

196 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

şu gün Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiý...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmen wekiliýeti «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergä gatnaşar

Gyrgyz-Türk Manas uniwersiteti tarapyndan 2023-nji ýylyň 11 — 15-nji dekabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde nakgaşçylyk boýunça «Çingiz Aýtmatow — 95» atly halkara sergi geçiriler.

Halkara sergä Türkmenistandan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Amanmyr...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Bu barada «Watan»...

Dowamy »

195 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi

Şu gün Aşgabadyň «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mediaforuma Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasy...

Dowamy »

210 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago