3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryny türkmen topragyna gelmegi mynasybetli gutlady. Öz gezeginde, A.Guterriş ýokary derejedäki maslahatyň Türkmenistanda geçirilmeginiň we özüniň oňa gatnaşmagynyň uly mertebedigini belledi. BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty geçirmekde döredip beren şertleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir