4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady. Forumyň esasy maksatlary: BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek; DÇBÖBD-niň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek; bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmak; Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek hem-de milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetçiliginden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir