Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýda BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy
Dubaýda COP-28 Bütindünýä howa maslahatyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — 2-nji dekabrda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowam...
Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaşlar forumyna taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.
Saparynyň barşynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda iş maslahatyny geçirdi.
Işdäaçary göwnejaý hödürlemek üçin birnäçe ideýalar
Hatda iň adaty görünýän işdäaçar hem bezelen görnüşde göwnejaý fantaziýa bilen hödürlenilse baýramçylyk stolunyň täsin bezegine öwrülip biler. Iň halanylýan işdäaçarlary hödürlemegiň birnäçe täsirli usullaryny dykgatyňyza ýetirýäris.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti Eýrana bardy
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekiliýeti öň gol çekilen resminamalaryň çäginde kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Eýrana bardy. Bu barada HHM habar berýär.
Türkmen uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen Oba hojalygy ylymlary we tebigy baýlyklar uniwersitetinde gepleşik geçirdi. Taraplar bilim pudagy...
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyzystanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary netijesinde döwle...
Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Ozal habar berşimiz ýaly, 1-2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy.
Bütindünýä sammiti Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli gü...
Birža söwdalarynda tüýjümek önümlere, nah ýüplüge uly isleg bildirildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt p...
Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawy täzelendi
Dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawyny täzelediler diýip, «Habar 24» ýazýar. Täze sanawda Sýurih we Singapur birinji orny paýlaşdylar. Olardan soň Nýu-Ýork we Ženewa ýerleşdi.
Ilkinji onluga şeýle hem Gonkong, Pariž we Los-Anjeles girdi.
Hünärmenler sanawy düzenlerinde, dünýäniň 170 sany iri şäherinde ýaşaýyş öýleriniň kärendesi, az...
Türkmenistanda hepdäniň ikinji ýarymy ýagyşly bolar
Hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanda ýagyş ýagar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi:
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijeleri...
Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
Braziliýada dowam edýän rekord derejeli guraklykdan millionlarça adam ýitgi çekýär diýip, «Habar 24» ýazýar.
Amazonka derýasynyň 4 sany iň uly akymynyň suwy soňky 50 ýylda iň pes derejede azaldy. Netijede, soýanyň 10 million tonna hasyly howp astynda galýar. Amazonas ştaty iň ýitgi çeken künjekdir. Ol ýerde sentýabrdan bäri adatdan daşary ýa...
Bütindünýa banky 40 milliard dollar bölüp bermekçi
Bütindünýä banky howanyň üýtgemegi bilen bagly göreş taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin her ýyl 40 milliard dollardan gowrak maýa bölüp bermekçi. Bu barada bankyň başlygy Ajaý Banga Dubaýda geçen Howa sammitinde (COP28) habar berdi diýip, «Trend» ýazýar.
Banga bu başlangyjyň 2025-nji ýyldan durmuşa geçiriljekdigini, ilkibaşda maliýeleşdirmek...
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary jemagat hojalygy hyzmatlary üçin e.gov.tm portaly arkaly töleg edip bilerler
Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda «Arkadag şäheriniň onlaýn hyzmatlar portaly» atly ýörite bölüm bar.
Häzirki wagtda web sahypasy arkaly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan elektroenergiýa, tebigy gaz we suw üçin tölegleri kabul edilýär.
«Turkmentelecom»-dan internet we öý telefon hyzm...
«Nebitmaş» DK-da ŞF-20 izolýatorlaryny öndürmek üçin Ýewropanyň öňdebaryjy enjamy gurnaldy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ŞF-20 izolýatorlarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu önümiň öndürilmegine kärhanada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «EСTkema» kompaniýasynyň ýokary derejede berk bolan keramiki toýuny almaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar toplumynyň gurnalmagy ýardam etdi....
Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi
Türkiýäniň Sabançi uniwersitetiniň kliniki psihologlar topary irden goňşularyňa salam bermegiň we nätanyşlar bilen hoşamaý gürleşmegiň adamlary bagtly edýändigini anykladylar. Alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijeleri «Social Psychological and Personality Science (SPPS)» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Barlaglara 60 müň adam g...
Bişkekde Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.
1-2-nji dekabrda bolan maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymla...
Çehiýada haryt otlulary çaknyşdy
Çehiýanyň gündogaryndaky Pardubisk ülkesiniň Çeska-Trşebowa şäherinde iki sany haryt otlusy çaknyşdy. Bu barada «Report.az» habar berdi.
Netijede, bir adam ýaralandy. Wagonlaryň altysy demir ýoldan agdy, ýitgi 150 million kron (7 million dollar töweregi) bahalanýar.
Heläkçilige otlularyň birinji maşinistiniň ünssüzligi sebäp boldy, ol...
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti dekabryň başynda Berlinde iş saparynda bolar
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysyn...
Merriam-Webster sözlügi 2023-nji ýylyň sözüni saýlady
Merriam-Webster kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän Merriam-Webster’s Collegiate Dictionary amerikan düşündirişli sözlügini düzüjiler emeli aňyň ösmegi bilen baglylykda “authentic” (“hakyky”) sypatyny 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýladylar. Bu barada sözlügiň redaktory Piter Sokolowski Associated Press agentligi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip,...
Mark Sukerbergiň gün tertibi: näçede turýar, nähili geýinýär...
Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Mark Sukerberg köp wagtyny işe sarp edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde syýahat etmäge, çagalary bilen güýmenmäge we MMA-nyň pälwanlary bilen türgenleşmäge hem wagt tapýar.
Metanyň baş direktory irden sagat 8 töweregi oýanan badyna derrew telefonyndaky Facebook-y, Messenger-i we WhatsApp-y barlaýar. Düný...
Lew Ýaşin hakyndaky film Italiýada sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy
“Lew Ýaşin. Meniň arzuwymdaky derwezeban” filmi Italiýada geçirilen “Paladino d’Oro Sport Film Festival” atly halkara sport kinosynyň festiwalynda baş baýraga eýe boldy. Filmiň režissýory Wasiliý Çiginskidir diýip, championat.com habar berýär.
Bu festiwala 40 ýurtdan 150-den gowrak film gatnaşdy.
Lew Ýaşin hakyndaky filmiň premýerasy...