Microsoft IV maliýe çärýeginde arassa girdejisini we girdejisini çaklamalardan ýokarlandyrdy
Microsoft Corp. 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde arassa girdejisini 20%, girdejisini 8,3% ýokarlandyrdy, görkezijileriň ikisi-de analitikleriň çaklanyndan ýokary boldy.
Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, aprel-iýun aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,74 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,23 dollar bile...
Tesla awtoulaglary ýedi ýyllyk möhlet bilen karzyna satyn almagy hödürleýär
Amerikanyň Tesla kompaniýasy müşderilerine ýedi ýyllyk karzyna awtoulag satyn almagy teklip etdi. Bu barada Electrek neşiri habar berýär.
Habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň pikiriçe, 84 aý ýa-da 7 ýyl karz bermek mümkinçiligi korporasiýanyň web sahypasynda peýda boldy. Täze sarp edijiler elektrik awtoulagyny karzyna alyp, onuň doly...
Täze smartfon zarýadynyň kuwwatlylygy boýunça rekord goýar
«Infinix» kompaniýasy özüniň täze «GT 10 Pro» oýun smartfonyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Ol «Nothing Phone 2-ä» meňzeş dizaýna we smartfonlaryň bazaryndaky tiz çalt zarýad almak mümkinçiligine eýe bolar diýip, gazeta.ru «MyDrivers» portalyna salgylanyp habar berýär.
Smartfon 26 Gb operatiw ýada eýe bolar. Onda goşmaça ýadyň bir bölegini...
Russiýada ýerli sport awtoulagy üçin patent alyndy
Russiýaly awtosürüji Roman Rusinow hususy sportkarynyň dizaýny üçin patent aldy. Awtoulagyň senagat maksatly nusgasynyň şekilleri Federal senagat eýeçiligi institutynyň binýadynda çap edildi.
Rusinow patentiň eýesi hökmünde görkezilýär. Awtoulag ösen aerodinamiki aýratynlyga eýedir, onuň üçeginde howa akymy üçin ýörite gurluş we motor bölümi...
Ýewropanyň iň asuda howa menzilleri saýlandy
Awtomobilleri kärendesine bermek hyzmatlaryny hödürleýän StressFreeCarRental kompaniýasy iň asuda howa menzillerini tapmak üçin dünýäniň iň meşhur howa menzilleri barada maglumatlary ýygnady. Bu barada Tengitravel.kz habar berýär.
Hünärmenler ýylyň dowamynda syýahatçylaryň umumy sanyna, şäher merkezinden uzaklygyna, awtoulag duralgasynyň bah...
Xiaomi käbir meşhur smartfonlary, şol sanda käbir Redmi modelleri üçin täzelenmeleri çykarmagyny bes eder
Xiaomi 2020-nji ýylda çykan alty sany meşhur smartfon modeli üçin goldawyň gutarandygyny habar berdi. Bu barada XiaomiUI portaly habar berýär.
Könelişen smartfonlaryň arasynda flagman Xiaomi Mi 10, Mi 10 Pro we Mi 10 Ultra, şeýle hem býujet Redmi Note 9 Pro, Redmi Note 9C we Redmi Note 10 5G bar. Bu enjamlar indi öndürijiden operasiýa ulgamy...
Google Android-iň meşhur nusgasyny goldamagyny bes etdi
Google korporasiýasy «KitKat» ady bilen hem meşhur bolan «Android 4.4» operasion ulgamyny goldamagyny dolulygyna bes edýändigini yglan etdi.
«Android KitKat» ulagmynyň API interfeýsi awgust aýyndan goldanylmagyny gutarnykly bes eder. Şeýle hem «Android 4.4» ulgamynda «Google» hyzmatlarynyň işlemejekdigi bellenilýär.
Munuň sebäbi ozal...
Mitsubishi, Toyota we Ýaponiýanyň kosmos agentligi Aýda hereket etjek enjamyň üstünde işleýär
Ýaponiýanyň Mitsubishi Heavy Industries kompaniýasy Toyota Motor awtoulag konserni bilen Ýaponiýanyň Aerokosmos Gözleg Agentligi (JAXA) tarapyndan amala aşyrylýan pilotirlenýän Aý rowerini işläp düzmek taslamasyna goşular. Bu barada iki korporasiýanyň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.
«Aý kreýseri» diýlip atlandyrylýan taslam...
Apple doly göwrümli Beats Studio Pro nauşniklerini hödürledi
Täze doly göwrümli Beats Studio Pro flagmany, esasan, Studio3 Wireless-iň ýerine geldi: ähli häsiýetnamasy diýen ýaly häzirki ýagdaýlara laýyk täzelendi. Şonuň üçin hem resmi web sahypada iki model deňeşdirilýär.
Mysal üçin, täze 40mm draýwerler iň ýokary ses derejesinde 80% az akustiki ýoýulmany üpjün edýär. Dinamikdäki magnitler 25% güýçle...
Aýdaky ilkinji futbol oýny 2035-nji ýylda geçirilip bilner
Britaniýanyň inženerçilik we tehnologiýa institutynyň alymlary Aýda ilkinji futbol oýny 2035-nji ýylda geçirilip bilner diýip hasaplaýarlar. Şol wagta çenli adamzadyň Aýy eýýäm ol ýerde sport ýaryşyny gurap biler derejede özleşdirip biljekdigine ynanýarlar. Bu barada Daily Mail ýazýar.
Hünärmenler kosmos futbolynyň oýnuň adaty görnüşinden d...
Samsung Galaxy Ring «akylly» ýüzügini işläp başlady
The Elec. ýöriteleşdirilen portalynyň habaryna görä, Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi Galaxy Ring markaly “akylly” ýüzügiň üstünde işläp başlady. Barmaga dakylýan ýüzük görnüşinde ýasalan gajetde Ýaponiýanyň Meiko kompaniýasynyň böleklerini ulanmak meýilleşdirilýär.
"Akylly" ýüzükler eýeleriniň saglygy baradaky maglumatlary ý...
GAR kosmosa iki zenan astronawty iberer
Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Milli kosmos agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Humbulani Mudau GAR-yň iki zenan astronawtyň kosmosa uçuşyny guramagy we olary Halkara kosmos stansivasyna ibermegi meýilleşdirýändigini belledi. Ol bu teklibi «Roskosmosyň» ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Borisow bilen geçirilen duşuşykda öňe sürdi diýip, TASS...
ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen goşundysynyň çykjak wagty mälim edildi
ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen resmi goşundysy eýýäm indiki hepde Google Play-de elýeterli bolar. Bu barada Gazeta.ru GizmoChina neşirine salgylanyp habar berýär.
Ýakyn wagtda ChatGPT-niň Android operasion ulgamynda işleýän goşundysynyň çykjakdygyny çat-botlary işläp düzmäge ýöriteleşen «OpenAI» kompaniýasy özüniň «Twitter-däki» sahypas...
Google täzelikleri ýazmak üçin Genesis neýroulgamyny synagdan geçirýär
Amerikanyň Google korporasiýasy, belli bir mowzuk boýunça maglumat ýygnap we täzelik kontentini döredip bilýän Genesis atly neýroulgamy synagdan geçirýär. Kompaniýa The New York Times, The Washington Post we The Wall Street Journal ýaly birnäçe öňdebaryjy habar beriş serişdelerine algoritmi görkezdi. Bu barada The New York Times neşiri ýazýar.
Twitter abuna ýazylmadyk ulanyjylar üçin şahsy habarlaryň sanyna çäklendirme girizer
Twitter tassyklanmadyk ulanyjylaryň iberip biljek şahsy habarlarynyň sanyna gündelik çäklendirme girizmekçi. The Verge bu barada Twitter goldaw hyzmatynyň neşir eden habaryna salgylanyp ýazýar. Bu çäre platformadaky "spamyň mukdaryny azaltmak" üçin zerurdyr.
Twitter gündelik çäklendirmäniň nähili boljagyny takyk aýtmady. Şol bir wagtyň özünd...
Kia Sportage modeliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan 2024 30th Edition wersiýasyny hödürledi
Köp bazarlarda iň meşhur bolan Kia Sportage krossoweri 30 ýaşady. Munuň hormatyna içerki bazarda Kia Sportage 2024 30th Edition -yň ýörite wersiýasy hödürlenýär.
Tehniki nukdaýnazardan seredilende, ýubileýe bagyşlanan Sportage-iň adaty görnüşden tapawudy ýok, ýöne ähli gapylarda goşa aýnaly penjireler bar, bu salondaky sesiň derejesini ep-es...
Samsung akylly sagady iýmitiň, suwuň we başgalaryň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berer
Samsung akylly sagatlary diňe bir endamyň däl, eýsem dürli obýektleriň temperaturasyny ölçemegi öwrenjege meňzeýär. Kompaniýa bu günki gün sagatlary üçin birnäçe täze programma, şol sanda Thermo Check programma üpjünçiligini hödürledi.
Termo Check sagat eýelerine obýektleriň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, Samsung ula...
Ýewropada elektrikli awtoulaglaryň söwdasy ilkinji gezek dizelli awtoulaglardan öňe geçdi
Ýewropanyň awtoulag öndürijileriniň birleşigi elektrik ulaglarynyň paýynyň rekord derejede 15,1% ýokarlanandygyny habar berdi. Iýun aýynda satylan 1 milliondan gowrak awtoulagdan 158 million töweregi elektrik ulagy boldy.
Taryhda ilkinji gezek iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginde satylan elektrikli awtoulaglaryň sany dizel awtoulaglarynyň satuw...
Samsung, Apple we Xiaomi smartfon bazarynda «dikelişiň ilkinji alamatlaryny görkezýän» öňdebaryjylar boldy
Ýakynda Canalys bazar gözleg gullugy tarapyndan neşir edilen smartfon satuw maglumatlarynyň hasabatynda dünýädäki smartfon bazarynyň 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 11 göterim pese gaçandygy görkezilýär.
Iň soňky maglumatlara görä, Samsung bazar paýy 21 göterim bilen öňdebaryjy ornuny saklady, Apple bolsa 17 göterim paý bilen ikinji ýeri eý...
Mazda 2027-nji ýylda ilkinji elektrik awtoulagyny satuwa çykarar
Ýaponiýanyň Mazda awtoulag öndürijisi 2027-nji ýylda ilkinji elektrik awtoulagyny bazara çykarmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi.
Onuň berýän habaryna görä, 2028-nji ýyldan başlap, Mazda bu görnüşli ulagyň önümçiligini yzygiderli artdyrmak isleýär. Mundan başga-da, kompaniýa Toyota bilen hyzmatdaşlykda elektrik ula...