Apple täze çykjak iPhone 17 Pro we Pro Max modellerine wideoýazgy etmek üçin täze mümkinçilikleri goşar. Bloombergiň žurnalisti Mark Gurmanyň Power On-a beren habarynda bellenilişi ýaly, smartfonlar blogerler we kontentmeýkerler üçin niýetlenen gowulandyrmalary alar. Gurman has jikme-jik maglumatlary aýan etmeýär, emma garaşylyşy ýaly, iPhone 17 Pro we Pro Max smartfonlarynda tetraprizma teleobýektiwi, gowulandyrylan stabilizasiýa we ýokary hilli ses ýazgysy üçin goşmaça mikrofonlar bolar. Häzirki iPhone-lar wideony daşarky SSD-toplaýjylara ýazgy etmekligi goldaýar, emma doly derejeli montaž işleri üçin blogerler faýllary kompýutere geçirmeli bolýar. Mümkin, Apple, blogerler wideolaryny gönüden-göni smartfonyň özünde redaktirläp biler ýaly, "Kamera" goşundysyna redaktirlemek üçin professional gurallary ornaşdyryp biler. Täze funksiýalar barada has giňişleýin maglumatlar soň peýda bolar. Täze modelleriň sentýabr aýynda tanyşyrylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir