Hytaýda täze CR450 ýokary tizlikli otlusynyň giň gerimli synag işleri geçirilýär diýip, «Sinhua» habarlar agentligi ýazýar. China State Railway Group Co., Ltd. kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, CR450 otlusynyň nusgalyk modeli, 350 km/sag tizlige ýetýän häzirki CR400 modelinden has çalt bolar. Bu maksada ýetmek üçin, Lokomotiw we ulag serişdeleri ylmy-barlag institutynyň (CARS) inženerleri hemişelik magnitli we suw bilen sowadylýan çekiş ulgamyny kämilleşdirdiler, howa garşylygyny azaltmak üçin wagonlaryň aşaky tizlik ulgamlaryny izolirläp, otlynyň käbir bölekleriniň agramyny ýeňilleşdirdiler.