Kaliforniýanyň ýaşaýjysy Kaýçi Sato bir aýdan gowrak wagtyny Ýuwaş ummanda döwlen gaýygynda geçiripdir, ony ahyrynda Gawaý ýarymadasynyň alkymyndan tapdylar diýip, «Hawaii News Now» neşiri habar berdi. 39 ýaşly Sato 7-nji iýulda Kalforniýanyň kenaryndan ýüzüşe çykyp, ýeke özi Ýuwaş ummany geçmekçi bolupdyr. Emma iki hepdeden soňra gaýygynyň bogaldagy döwülýär. Ol motorynyň kömegi bilen yzyna dönmekçi bolupdyr, emma ýangyjy tükenipdir. Deňizçi bir hepdeläp ýeke özüniň akymyň ugruna günorta tarap ýüzendigini gürrüň berdi. Birnäçe gün oýlanandan soňra deňizçi elden ýelken ýasapdyr. Ol şeýdip bir aýlap Gawaý adalaryna tarap ýüzüpdir. Şol arada onuň içimlik suwy hem gutarypdyr. Kaýçi bedreleri deňiz suwundan doldurypdyr we polietilen paketler bilen daňyp, ýygnan suwuny içip oňupdyr. Ol, esasan, süle, suwda tutan balygy we kalmarlary bilen garbanypdyr. Sato suwa we şemala ýüzlenip, olardan hemaýat isländigini, şeýle-de çagaka Kaliforniýadan Gawaý adalaryna çenli bilelikde ýüzen merhum daýysynyň ruhunyň ýanynda bolandygyny gürrüň beripdir. Ahyrsoňy onuň gaýygyny «Pasha Hawaii» kompaniýasynyň golaýdan ýüzüp barýan gämisi görüp, halas edipdir. Häzir Sato Filippinlere ýüzüşe gitmegi, ýöne bu gezek ulurak gaýykda ýüzmegi meýilleşdirýär.