2024-nji ýylda ýarym şara garamazdan gündiz bilen gijäniň dowamlylygynyň birmeňzeş bolýan wagty – ýazky gije-gündiz deňleşmesi şu gün, 20-nji martda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. Ýazky gije-gündiz deňleşmesiniň kesgitlenen wagty ýok, ýöne häzirki günde alymlar gije-gündiziň deňleşýän wagtyny minutyna çenli takyk kesgitläp bilýärler. 2024-nji ýylda ol 20-nji martda Aşgabat wagty bilen 08:07-de başlady. Gije-gündiziň deňleşýän wagty diýlip Günüň Ýeriň ekwatorynyň üstünde ýerleşýän pursatyna aýdylýar. Ýylda iki gezek, ýazyň we güýzüň başynda Gün şöhleleri ekwatora perpendikulýar düşýär, netijede planetanyň iki ýarym şary-da deň mukdarda ýagtylyk alýar, gündiz bilen gije hem dowamlylygy boýunça birmeňzeş bolýar. Şu günden soň 20-nji iýuna çenli (tomusda günüň gysgalýan wagty) Demirgazyk ýarym şarda gün ýuwaş-ýuwaşdan uzalar, Günorta ýarym şarda bolsa gysgalar. Dünýä medeniýetleriniň köpüsinde ýazky gije-gündiziň deňleşmesi baharyň gelmegi we tebigatyň gyş ukusyndan oýanyp, täzelenmegi bilen baglanyşdyrylýar. Daýhanlar ekiş möwsümine işjeň taýýarlyk görüp başlaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir