Ýeriň çöküşmegi sebäpli, Hytaýyň şäherleriniň ýarysyna golaýyna suw basmak howpy abanýar
Hytaýyň gür ilatly ýerleri, deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we gury ýeriň adatdakysyndan has çalt çökýändigi bilen baglanyşykly çynlakaý howpa duçar bolýar. Alymlar munuň öňi alynmasa, deňiz derejesinden pesde ýerleşýän şäher ýerleriniň mukdarynyň 2120-nji ýyla çenli üç esse artjakdygyny we 128 million adama täsir etjekdigini duýdurýarlar diýip, New...
Alymlar: Düýe süýdi dünýäde iň zerur içgileriň birine öwrüler
Alymlar düýe süýdüniň dünýäde iň meşhur içgileriň birine öwrüljekdigini çaklaýarlar. Bu barada PLOS One žurnalynda geçirilen gözleglere salgylanýan ScienceFocus.com ýazýar.
Düýeleriň Afrika ýurtlarynda öndürilýän süýdüň, takmynan, 8%-ini üpjün edýändigi bellendi. Hünärmenler 2030-njy ýyla çenli dünýäde düýe süýdüniň söwdasynyň 13 milliard d...
Raşid Meredow Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary bilen duşuşdy
24-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň aşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşygyň çäklerinde syýasy-dipl...
Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy müdiri Mihael Harms bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk 24-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada durup geçip, söhb...
Iň uly Auto China 2024 awtosalony açyldy: 117 sany täze model we tas 300-e golaý elektromobil
Şu gün, 25-nji aprelde 18-nji Pekin halkara awtosalony - Auto China 2024 öz işine başlady. Ol 4-nji maýa çenli iki sergi merkezinde dowam eder, bu ýerlerde täze awtoulaglar we awtoulag şaýlary görkeziler. Sergi meýdançalarynyň umumy meýdany 220 müň inedördül metre barabar diýip, ixbt.com habar berýär.
Myhmanlara tanyşmak üçin Hytaýdan, Ýapon...
Parižde dowam edýän TEIF 2024 maýa goýum forumynyň birinji gününiň netijeleri
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkar göçme forumynyň birinji güni üstünlikli geçdi.
Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarynyň ösüşi, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babat...
“Oskaryň” gowşurylyş düzgünlerine üýtgeşmeler girizildi
Amerikan kinoakademiýasy “Oskar” baýragyna üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berdi. 97-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçiriler.
Şeýlelikde, indi “Iň gowy original saundtrek” kategoriýasynda baýragy aýdym-sazy döretmäge gatnaşan birbada üç kompozitor alyp biler. Öň, awtorlar toparyna diňe bir heýkel berilýärdi...
BSGG: immunizasiýa 50 ýylda 150 milliondan gowrak adam janyny halas etdi
Soňky 50 ýylda immunizasiýanyň netijesinde 154 mln töweregi adam jany halas edildi, bu hem dünýäde çaga ölüminiň 40% azalmagyna getirdi. Şeýle maglumatlar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) täze gözleginde berilýär diýip, TASS habar berýär.
“Halas edilen adam ömürleriniň aglaba köplügi – 101 mln – çagalaryň paýyna düşýär” diýip, g...
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşyk GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Moskwadaky edarasynda geçirildi.
Taraplar Arkalaşygyň çäklerinde şu ýylda çäreler...
Samarkandda Zenanlaryň Aziýa forumy geçiriler
2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda Samarkandda (Özbegistan) "Aýallaryň ykdysady, sosial we syýasy hukuklarynyň meselelerine sebitleýin çemeleşme we mümkinçilikleriň giňeldilmegi" temasy boýunça Zenanlaryň Aziýa forumy geçiriler. Bu barada "Dunyo" habarlar agentligi habar berýär.
Foruma Gündogar Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa, Günorta Aziýa we M...
Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi
Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.
Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşg...
China Southern Airlines Aşgabat – Urumçi gatnawlarynyň sanyny hepdede iki gezege çenli artdyrdy
18-nji maýdan başlap Hytaýyň «China Southern Airlines» kompaniýasy Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuş hödürlär. Täze gatnaw şenbe günleri Urumçi — Aşgabat we ýekşenbe günleri Aşgabat — Urumçi ugurlarynda amala aşyrylar.
Häzirki wagtda Urumçi bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar. Urumçide...
Bellingem “Ýylyň öňegidişligi” nominasiýasynda sport “Oskaryny” aldy
Madridiň “Realynyň” angliýaly futbolçysy Jud Bellingem “Ýylyň öňegidişligi” nominasiýasynda Laureus baýragyny aldy.
Bellingem baýrak üçin göreşde kolumbiýaly futbolçy Linda Kaýsedodan we ispaniýaly futbolçy Salma Paralýuelodan, amerikaly tennisçi Kori Gauffdan, britaniýaly ýeňil atletikaçy Joş Kerrden we hytaýly suwda ýüzüji Sin Haýýandan üs...
Nowak Jokowiç Laureus-dan “Ýylyň türgeni” baýragynyň eýesi boldy
Serbiýaly tennisçi, dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç “Ýylyň türgeni” nominasiýasynda sport “Oskary” hökmünde belli bolan abraýly Laureus baýragyny aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy duşenbe güni Madridde geçirildi diýip, RBK habar berýär.
Ýylyň türgeni baýragyna futbolçylar Lionel Messi (2023-nji ýylda laureat boldy) we Erling Holand...
Magtymguly adyndaky TDU Moskwada "Uniwersitetler we geljek" forumyna gatnaşdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň adyndan wekilçilik edip, Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisine hem-de “Uniwersitetler we geljek” atly halkara forumyna gatnaşdy. Forum 17-nji aprelde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň “Intellek...
Amazonyň täze filminde Raýan Gosling Gün ulgamyny terk eder
Amazonyň Prime Video hyzmaty Endi Weýeriň adybir romany esasynda döredilen “Ave Mariýa” taslamasy” atly täze ylmy-fantastiki filmi yglan etdi. Baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirip, ol astronawt bolan mekdep mugallymy Raýland Greýsiň keşbinde oýnar diýip, Hypebeast ýazýar.
Film ýakyn geljekde boljak wakalar barada gürrüň berer. Greýs kosmos...
Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy
23-nji aprelde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berildi.
Taraplar h...
Parižde Türkmenistanyň halkara göçme maýa goýum forumy öz işine başlady
Şu gün Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Şeýle hem döwlet Baştutany forumy ýokary derejede geçirmäge döredilen mümkinçilikler we amatly şertler üçin Fransiýa R...
RF-niň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy
Türkmenistanyň wekiliýeti Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek maksady bilen, geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda saparda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Saparyň maksatnamasynyň başynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orun...
"Al-Aýn" "Al-Hilýaly" geçip, Aziýanyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda "Al-Hilýal" (Saud Arabystany) öz meýdançasynda "Al-Aýn" (BAE) toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi.
Ýer eýeleriniň düzüminde gollary Ruben Neweş we Salem Al-Dawsari geçirdi. Myhman klubdan Erik tapawutlandy.
Klublaryň arasyndaky birinji duşuşyk "Al-Aýnyň" 4:2 hasabynda ýeňşi bile...