Overwiew Energy startapy ilkinji gezek uçup barýan uçardan energiýany Ýerdäki adaty Gün panellerine simsiz geçirip bildi. Synag geljekde energiýanyň kosmosdan Ýere iberilmeginde uly ädim hasaplanýar. Kompaniýa pes kuwwatly we giň infragyzyl şöhläni ulandy. Şeýle çemeleşme inçe we kuwwatly şöhläni ulanmakdan has howpsuz hasaplanýar. Energiýa adaty Gün panelleri arkaly, şol sanda gijelerine hem kabul edilip bilner, bu bolsa energiýa öndürmekde bökdençlikleriň bolmagyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Geçiriji enjam Cessna uçaryna ýerleşdirildi. 5 müň metr beýiklikde, 280 km/sag çenli tizlikde we gapdaldan öwüsýän güýçli ýelde uçuş wagty şöhle Ýerdäki Gün elektrostansiýasyna gönükdirildi. Enjamlar şöhläniň panellere düşen wagty energiýanyň öndürilişiniň ýokarlanandygyny hasaba aldy, bu bolsa ulgamyň işe ukyplylygyny tassyklady. Taslama DARPA-nyň profil programmalarynyň ýolbaşçysy Pol Jaffe hem goşuldy. Kompaniýa synagda orbita iberilmegi meýilleşdirilýän enjamyň ulanylandygyny habar berýär. Overview Energy häzirki onýyllygyň ahyryna çenli kosmosda megawatt, geljekde bolsa gigawatt derejeli energiýa geçiriji ulgamy ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Platformalary Ýerdäki adaty Gün panellerine energiýa ibermek üçin geostasionar orbitada ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir