Astanada adatdan daşary aýazly howa şertleri bilen baglylykda, mekdeplerde birinji synpdan onunjy synpa çenli okuwçylaryň ählisi uzak aralykdan okatmak düzgünine geçirildi diýip, «MIR 24» habar berdi. Gazagystanyň paýtagtynda howanyň temperaturasy -28 gradusa düşdi. Şemalyň tizligi sekuntda 15 metre deň. Bilim edarasynda okuwlaryň ýatyrylman, täze düzgüne geçirilýändigini habar berdiler. Ýagny okuwçylar mugallymlar bilen onlaýn düzgüninde aragatnaşyga çykarlar, öý ýumuşlaryny ýerine ýetirerler. «Sapaklar başga düzgünde geçýär. Sapak 20 minut dowam edýär. Şeýle hem ýumuş berilýär. Olar soňra ýerine ýetirilip, mugallyma ugradylýar. Zoom platformasy arkaly aragatnaşyga girýärler. Biz öý ýumuşlaryny ýerine ýetirmek we ugratmak üçin Kundelik.kz platformasyny peýdalanýarys» diýip, 17-nji mekdep-gimnaziýanyň direktory Nurzat Amangeldi gürrüň berýär. Howa maglumaty gullugy Astanada güýçli aýazlaryň hepdäniň ahyryna çenli dowam etjekdigini çaklaýar.