S7 Airlines Aşgabat bilen Nowossibirskiň arasynda göni gatnawlary açýar

S7 Airlines awiakompaniýasy Russiýanyň Nowosibirsk şäheri bilen Aşgabadyň arasynda göni uçar gatnawlaryny açýar. Awiakompaniýa täze ugur boýunça biletleriň satuwyna eýýämden başlady.
Gatnawlar 2026-njy ýylyň 31-nji martynda başlar we hepdede bir gezek — sişenbe güni amala aşyrylar.
Gatnawyň tertibi:
Nowosibirsk — Aşgabat: Nowos...

Dowamy »

78 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Amerikaly bir adam lotereýada 1,8 milliard dollardan gowrak utdy, emma bu şonda-da rekord däl

ABŞ-nyň Arkanzas ştatynyň ýaşaýjysy "Powerball" lotereýasynda 1,817 milliard dollar utdy. ABC News teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu ABŞ-nyň lotereýa taryhyndaky ikinji iň uly utuşdyr.
Jekpoty anyklamak mümkinçiligi 292 milliondan bire deňdir. Ýeňiji öz biletini Roždestwo utuşy üçin satyn alypdyr we 4, 25, 31, 52 hem-de 59 sanlaryny sa...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Maradonanyň oýunda urşup ýyrtylan futbolkasy 179 müň dollara satyldy

Diego Maradonanyň 1984-nji ýyldaky Ispaniýa kubogynyň finalynda — "Barselona" we Bilbaonyň "Atletik" toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýyrtylan futbolkasy auksionda 179 müň dollara (23% komissiýasy bilen birlikde) satyldy. Bu barada "Matchday Football Auctions" auksion öýi habar berdi.
FInal duşuşygy Madridiň "Santýago Bernabeu" stadionynda...

Dowamy »

76 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Daşoguzda Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär

Türkmenistanyň demirgazygynda Daşoguz welaýat Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär. Gurulýan binanyň umumy meýdany bir gektardan gowrak diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Binanyň gurluşygyny «Röwşen» hususy kärhanasy alyp barýar. Häzirki wagtda üç gatly binanyň göwresi doly guruldy, ik...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy. Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýa...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Disney Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumynyň» premýerasyny tomsuň ahyryna geçirdi

Walt Disney Pictures studiýasy 2026-2027-nji ýyllar üçin relizleriň senenamasyna gaýtadan seredip, birnäçe uly taslamalaryň çykjak senelerini üýtgetdi diýip, The Hollywood Reporter ýazýar.
Täze tertip boýunça, Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumy» (Созвездие Пса) atly ylmy-fantastik filmi ABŞ-da, ozal meýilleşdirilişi ýaly, 27-nji martda d...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Ispaniýada ýük gämisine dünýäde iň uly "wakuumly" ýelken gurnaldy

Ispaniýanyň portundaky Fluvius Tavy uniwersal ýük gämisine dünýäde iň uly aerodinamik sorujy ýelkeni oturdyldy. Interesting Engineering neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa däp bolan ýelkenli çözgütlerden ýedi esse ýokary göterijilik güýjüni döredýär.
Işläp düzüji bound4blue kompaniýasy gurnama işleriniň tamamlanandygyny yglan etdi. 22 m...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär.
PS Remote Play funksiýasy ulanyja özüniň PS4 ýa-da...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Taryhçylar 1000 ýyllyk Baýýo gobeleniniň gelip çykyşynyň syryny açdylar

Meşhur 70 metrlik Baýýo gobeleni (Bayeux Tapestry) Kentdäki Mukaddes Awgustin abbatlygynda monahlaryň naharlanýan ýerinde diwar bezegi hökmünde ulanylan bolup biler. Bristol uniwersitetiniň taryhçysy Benjamin Pol şeýle netijä geldi, onuň ylmy işi Historical Research žurnalynda çap edildi.
Poluň we onuň talyplarynyň geçiren barlaglaryna görä,...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Täze Zelandiýada önelgesiz hasaplanan seýrek takahe guşlaryndan nesil peýda boldy

Täze Zelandiýadaky goraghanada uçmaýan we ozal önelgesiz hasaplanan seýrek takahe guş jübüdi garaşylmadyk ýagdaýda jüýje çykardy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.
Bendigo atly erkek we Beýtaa atly urkaçy guş iki ýyl ozal goraghana köpelmeýän jübüt hökmünde getirilipdi. 2024-nji ýylda şowsuz höwürtgelemeden soň ekologlar nesliň peý...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

«Gaty geň zatlar» Netflix-iň iň meşhur serialy boldy, ol «Kalmar oýnundan» öňe geçdi

«Gaty geň zatlar» (Очень странные дела) serialy umumy tomaşa sany boýunça Netflix-iň taryhynda iň meşhur taslama boldy. Bäşinji möwsümiň jemleýji bölümleri çykmazdan öň, umumy tomaşa sany 1,2 milliarddan geçdi diýip, Variety habar berýär.
Doganlar Dafferiň taslamasy strimingiň «Kalmar oýny» we «Uensdeý» ýaly meşhur seriallaryndan öňe geçdi....

Dowamy »

87 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Amerikan maýa goýum gaznasy Awstraliýadan Gamilton adasyny 1,2 mlrd dollara satyn alýar

Blackstone amerikan maýa goýum gaznasy Uly Barýer rifiniň düzümine girýän Uitsandeý ulgamynyň iň uly adasyny – Gamilton adasyny satyn alýar. Şertnamanyň resmi mukdary görkezilmeýär, ýöne Awstraliýanyň ABC teleradiokompaniýasy maýa goýum gaznasynyň 1,2 mlrd dollar tölejekdigini habar berýär.
Şertnamany ýapmak üçin adanyň degişli bolan Kwinsle...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady

Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy.
Oýnuň 53-nji minutynda türkmen toparynyň kapita...

Dowamy »

108 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda geçiriljek sergileriň tertibini neşir etdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2026-njy ýylda ýurdumyzda geçiriljek halkara sergileriň tertibini neşir etdi.
10–12 fewral — Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
17–19 mart — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birl...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar

Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi.
67 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Bunýat...

Dowamy »

114 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Londonda Benksiniň stilinde çagalary suratlandyrýan iki meňzeş graffiti peýda boldy

Londonda üç gün aratapawut bilen britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň stilinde ýerine ýetirilen iki graffiti peýda boldy. Bu barada BBC News habar berýär.
Diwar suratlarynyň ikisinde-de ýerde ýatan iki çaga suratlandyrylýar. Olar rezin ädik, palto we gyş şapkasyny geýen bolup, biri barmagy bilen ýokaryk, ähtimal, ýyldyzlary görkezýär.
...

Dowamy »

127 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar

Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly.
Galaxy Wide Fold-yň indiki ýylyň güýzünde tanyşdyr...

Dowamy »

109 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi.
“Realyň” öňki ýyldyzy täze eseri bilen düşen suratyny paýla...

Dowamy »

103 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Günorta Koreýanyň ilkinji hususy raketasy uçurylandan az wagt soň heläkçilige uçrady

23-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen sagat 06:13-de Günorta Koreýanyň Innospace hususy kompaniýasynyň raketasynyň ilkinji orbital uçurylyşy amala aşyryldy. Bu synanyşyk şowsuz tamamlandy: uçurylandan takmynan 30 sekunt soň raketa ýere gaçdy we bortundaky ähli ýük ýitirildi. Raketanyň bortunda koreý we hindi kompaniýalary tarapyndan taýýarlanan bäş s...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Kia K4 hetçbegi baý enjamlar toplumy we 24,9 müň dollardan başlaýan bahasy bilen ABŞ-da satuwa çykýar

Kia kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin täze K4 hetçbeginiň bahalaryny yglan etdi. Satuwlary 2026-njy ýylda başlajak bu model üç sany komplektasiýada hödürlener. Awtoulag özüniň gönüden-göni bäsdeşleriniň birnäçesinden arzan bolmagy bilen bir hatarda, baý enjamlaşdyrylyşy bilen hem tapawutlanýar.
Hetçbegiň K4 EX diýlip atlandyrylýan başlangyç we...

Dowamy »

102 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago